16:14 Bu nädip boldy / hekaýa | |
BU NÄDIP BOLDY
Hekaýalar
Meň doganym maňa özüniň söýgüli suhangöýlük usulynda hetjiklemäge başlady – ol şeýle geplände halklar ony demini alman diňleýärdiler. - Owalbaşda, laýyk on bäş bitin we ondan iki milliard ýyl mundan ozal Äpet Partlama bolup geçdi we Älem... Men ýazmagymy goýdum. - On bäş milliard ýyl mundan ozal?-diýip men doganymdan haýran galyp soradym. - Örän dogry, -diýip ol ynamly aýtdy-maňa aýanlyk indi. - Men seniň aýanlyklaryňa müňkür bolamok,-diýdim (Has takygy, iň gowusy muny şeýtmäniň gowam. Ol menden üç ýaş kiçi, ýöne men onuň bilen jedelleşmäge synanyşamogam. Dogrusy, onuň bilen beýlekilerem şeýle. Sebäbi onuň bilen jedelleşmek iňňän gymmada düşýär)-Sen näme, on bäş milliard ýyly öz içine alýan tutuş Ýaradylyşyň taryhyny aýdyp bermek isleýärmiň? -Bu meň borjum,-diýip doganym maňa jogap berdi:-Çünki şoň üçin hut şonça wagt gerek boldy. Ine şu ýerde mende hemmesi berçinlenip goýlan,-diýdi-de ol barmagy bilen maňlaýyna kakdy-bu bolsa iň ýokary awtoritetdir! Ýöne, men eýýäm öz galamymy (ýelegimi) goýupdym. - A sen papirusyň (kagyzyň) bahasynyň näçedigini bir bilýäňmi? -diýip men gyzyklandym. - Näme? (Mümkin, oňa çyndanam aýanlyk inýän bolmagy ahmal, ýöne men köplenç kagyzyň bahasy ýaly ownuk zatlaryň şolarda ýokdugyny aňşyrýardym). - Mysal üçin, gel çaklaly, sen ine million ýyldaky hadysalary bir papirusda beýan etmegi başararsyň,-diýip men göwnübirlik bilen dowam edýärdim: -Mundan gelip çykýar, saňa on bäş müň sany dolamaç-sahypa gerek bolar. Özem sen şonça wagtlap diňe gürlemeli bolarsyň. Sen örän bahym sakawlap ugrarsyň. Maňa bolsa şol zatlaryň hemmesini ýazyp çykmak gerek bolar – diýmek meniň barmaklam gopup galar. Ýöne biz şonça papirusy satyn alaýsagam, seň-ä sesiň, meňem gaýratym ýetäýen ýagdaýynda-da, biziň zähmetimizi göçürmäge kimiň gurby çatar? Çünki biziň bu işimizden iň bolmanda azyndan ýüz sany göçürmäni edip bilmesek, biz ondan jinnekçe-de girdeji alyp bilmeris-ä. Meň doganym oýa batdy. - Diýmek, onda maňa öz beýan etmekçi bolýan taryhymy birneme gysgaltsam gowy-da?-diýip ol ahyry sorady. - Özem juda düýplüje gysgaltsaň,-diýip men aýgyt bilen yglan etdim: -eger-de sen seniň çyrşagyň meşhurlykdan peýdalanmagyny isleýän bolsaň. - Onda, eger-de ýüz ýyl bolsa nähili bolar? - Maňa alty gün has gowy ýaraýar. - Tutuş Ýaradylyşy alty güne dykalamak – mümkin däl!-diýip ol elheder aldy. - Ondan köpüne bizde papirus ýok,-diýip men talabediji hümürdedim: -Ýeri, razymy? - Bolýa-da, -diýip meniň doganym uludan demini aldy-da, ýene-de hetjiklemäge başlady: -Owalbaşda... Beh, dogrudanam men alty günjüge sygmalymy, Harun? - Alty gün, Musa, -diýip men pugta tekrarladym. | |
|
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||