14:22 Aýzek Azimowyň welilikleri: Fantast ýazyjyň haýsy çaklamalary amala aşdy? | |
AÝZEK AZIMOWYŇ WELILIKLERI: FANTAST ÝAZYJYŇ HAÝSY ÇAKLAMALARY AMALA AŞDY?
Mistika we fantastika
Meşhur amerikan fantast ýazyjy Aýzek Azimow (Isaak Ýudowiç Azimow) 1920-nji ýylyň 2-nji fewralynda Rus Patyşalygynyň Smolensk guberniýasynyň Petrowiçi obasynda doglupdyr. Dünýä inende oňa Isaak (Ishak) diýen ady dakypdyrlar. Aýzek 3 ýaşyndaka onuň maşgalasy ABŞ-nyň Bruklin şäherine göçüp barýar. Aýzek 5 ýaşynda şol şäherde mekdebe okuwa barýar we 10 synplyk orta mekdebi tamamlandan soň Kolumbiýa uniwersitetiniň Nýu-Ýorkdaky Himiýa fakultetine okuwa girýär. Ol ýerde Aýzek ilki bakalawr we magistr derejelerine mynasyp bolýar. Soňra aspirantura okuwa girýär. Biohimiýa ylymlarynyň doktory diýen derejä mynasyp bolandan soň Aýzek Boston uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetine mugallym bolup işe ýerleşýär. 1958-nji ýylda uniwersitet Aýzege aýlyk zähmet hakyny tölemegini bes edýär. Ýöne bu wagta çenli Aýzegiň ýazyjylyk pişesinden alýan galam haky onuň aýlyk zähmetinden kän artyk ekeni. Aýzek birinji kitabyny 11 ýaşynda ýazyp başlapdyr. Bu kitapda kiçijik şäherde ýaşaýan oglanjyklaň başdan geçirmeleri hakynda gürrüň berilýän ekeni. Onuň ilkinji çap edilen eseri 1939-njy ýylyň 10-njy ýanwarynda “Amazing Stories” žurnalynda ýerleşdirilen “Westanyň ýesirliginde” atly hekaýa bolupdyr. Aýzek Azimowa meşhurlyk getiren ilkinji hekaýasy 1941-nji ýylda “Gijäniň gelmegi” diýen at bilen çap dilipdir. Bu hekaýa, her 2049 ýyldan bir gezek gije gelýän, alty sany ýyldyzdan ybarat ulgamda aýlanýan saýýara hakda ekeni. Bu hekaýany Amerikanyň fantast-ýazyjylarynyň birleşmesi şondan öň ýazylan fantastiki hekaýalaryň içinde iň gowusy diýip ykrar edipdir. Bu hekaýa jemi 20 gezek neşir edilip, iki saparam ekranlaşdyrylypdyr. Özüniň robotlar hakyndaky ilkinji işini A.Azimow “Robbi” diýen hekaýada 1939-njy ýylda ýazyp ugrapdyr. A.Azimowa bütindünýä meşhurlygy bolsa, onuň “Men robot” atly hekaýalar ýygyndysy çap bolandan soň gelipdir. A.Azimowyň ýazýan wakalarynda robotlar hemişe diýen ýaly, adamzady ýok etmägiň kül-külündäki mehaniki zalym enjamlar däl-de, adamlaryň ilkinji ýardamçylary, köp halatda bolsa adamlardan has akylly, adamkärçilikli şahslar hökmünde şekillendirilipdir. A.Azimow özüniň 1942-nji ýylda neşir edilen “Egele gurap aýdym” («Хоровод») atly hekaýasynda robotehnikaň üç kanunyny yglan edýär: 1. Robot adama zyýan edip bilmez ýa-da özüniň hereketsizligi bilen ynsana zeper ýetirilmegine ýol berip bilmez. 2. Robot adamyň berýän ähli buýruklaryna, olaryň Birinji Kanuna garşy gelýän ähli halatlaryndan başga ýagdaýlarda tabyn bolmalydyr. 3. Robot Birinji ýa-da Ikinji Kanuna ters gelmeýän derejede özüniň howpsuzlygy barada alada etmäge borçludyr. 1958-nji ýyldan başlap A.Azimow çeper-fantastiki eserleri ýazmasyny azaldyp, ylmy-köpçülikleýin işleri ýazmaga has ýykgyn edip ugraýar. Onuň şeýle görnüşdäki işleri esasan himiýa, astronomiýa, din öwreniş (teologiýa, ylahyýet) ylymlaryna degişli bolup, ol öz işlerinde galpylmy we yrymçyl dünýägaraýşy tankytlapdyr. 1970-nji ýylda bolsa ýazyjy, galpylmy garaýyşlara garşy çäreleri amala aşyrýan täjirçilik däl gurama bolan, Skeptiki seljermeler komitetini esaslandyryjylaryň biri hökmünde çykyş edýär. Aýzek Azimow 1992-nji ýylyň 6-njy aprelinde aradan çykypdyr. 1984-nji ýylda bolsa Kanadanyň “The Star” neşiri, Jorj Orweliň “1984” atly antiutopiýa-romanynyň täsiri bilen, Aýzek Azimowdan 2019-njy ýylda adamzadyň nähili ýagdaýda boljakdygy hakynda çaklama bermegini haýyş edipdir. “The Star” neşiri bu senäni tötänden saýlap almandyr. J.Orweliň kitaby 1949-njy ýylda, ýagny özünde beýan edilýän wakalardan 35 ýyl ozal ýazylypdyr. Onsoň “The Star” neşiriniň habarçylaram dünýäde ýene-de 35 ýyldan nämeleriň bolup biljekdigini öz döwrüniň meşhur fantastynyň nukdaýnazaryndan bilmek islpädirler. A.Azimowyň şol ýylda, 2019-njy ýylda bolup biljek zatlar hakda ýazan futuristik çaklamalaryndan şu aşakdakylar doly ýa-da bölekleýin amala aşypdyr: 1. Köpçülikleýin kompýuterleşdirmek 1980-nji ýyllarda her öýde diýen ýaly kompýuteriň boljakdygyna, onuň hatda ýaşaýyşyň aglaba köp ugurlarynda hökmany zerurlyga öwrüljekdigine gaty köp adam ynanmasa-da A.Azimow munuň şeýle boljakdygyny ynamly beýan edipdir. Ondan başga-da A.Azimow adamlaryň telefonda birek-biregi diňe eşitmän görübem biljekdigini aýdypdyr. 2.Robotlaşmak A.Azimow geljekde robotlaň gündelik durmuşda-da giňden ulanylyp başlanjakdygyny, mysal üçin aşhana enjamlarynyň özleriniň tagam taýýarlap biljekdiklerini, ulag serişdeleriniň robotlar tarapyndan dolandyrylýan görnüşleriniň oýlanyp tapyljakdygyny aýdypdyr. 3.Käbir hünärleriň ýitmegi A.Azimow kompýuterleşmegiň we robotlaşmagyň netijesinde birtopar hünärleriň ýitip gitjekdigini aýdypdyr. 4.Bilim bermegiň özenini üýtgemegi A.Azimow kompýuter we aragatnaşyk ulgamlarynyň ösmegi bilen bilim beriş ulgamynyň kompýuterleşjekdigini, şeýle mugallym bilen okuwçyň birek-birege ýüzbe-ýüz bolmak zerurlygynyň aradan aýryljakdygyny, belli bir wagtdan soň bolsa mugallymlaryň ornuny kompýuterleriň aljakdygyny aýdypdyr. 5. Daşky gurşawy goramak meseleleriniň çylşyrymlaşmagy A.Azimow adamzadyň öz ýaşaýan saýýarasynda juda jogapkärçiliksiz hem harsal göz bilen garaýandygy sebäpli, daşky gurşawyň has beter hapalanyp, bu çygyrdaky meseleleriň has-da çylşyrymlaşjakdygyny ýazypdyr. Ýöne, şol birwagtda-da A.Azimow adamzadyň bu çygyrdaky meseleleriň aglaba köpüsiniň oňyn çözgüdini tapmagyň hötdesinden geljekdigine-de uly ynam bildiripdir. 6. Ýadro urşunyň bolmajakdygy A.Azimow Ýadro urşy bolmaz diýip umyt edýändigini aýdypdyr. (Awt. Hudaýa şükür, şu wagta çenl-ä ýazyjyň “umydy otdan towusman, tamasam tala daňylman” gelýär :-(.). Indi bolsa A.Azimowyň 1984-nji ýylda ýazan haýsy çaklamalarynyň düýbünden amala aşmandygyny belläliň: 1. Her öýde robotlaň bolmagy Eger-de tozan sorujy robotlary, akylly kofe gaýnadyjy enjamlary we beýleki käbir ownuk-uşak enjamlary nazara almasaň, A.Azimowyň bu çaklamasy heniz amala aşmady. 2. Kosmosyň şowly özleşdirilmegi A.Azimow 2019-njy ýyla çenli adamlar Aýda ýaşalýan beket gurarlar we ol ýerde peýdaly magdanlary gazyp almaga hem-de olardan kosmosy şondan beýläk özleşdirmek üçin zerur bolan serişdeleri öndürmäge başlar diýip hasap edipdir. Şonuň ýaly-da ýazyjy Zeminiň orbitasyna Günüň energiýasyny toplaýan we ony Zeminiň üstüne ýollaýan äpet kosmiki elektrostansiýanyň hem gurnaljakdygyny çaklapdyr. 3. Bütindünýä parahatçylygy A.Azimow 2019-njy ýyla çenli dürli halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk şeýlebir ygtybarly we ösen derejä geçip, öz-özünden bütindünýä hökümeti dörär, şonluk bilen Ýeriň ýüzündäki ähli uruşlar, dartgynlylyklar bes ediler diýip çaklapdyr. 4. Her bir adam üçin özbaşyna psihoterapewt A.Azimow geljekde adamlaň hemmesiniň diýen ýaly psihiatrlaň hasabynda bellikde durjakdygyny aýdypdyr. Çünki ýazyjy, adamlaryň öz durmuşlarynda dürli enjamlaryň, gurallaryň artykmaç köplügi zerarly, psihiki taýdan dürli üýtgeşmelere sezewar boljakdyklaryny, şonuň netijesinde-de psihoterapewtlere birsyhly hem yzygiderli ýüz tutjakdyklaryny çaklapdyr. Çeşmesi: https://ren.tv/longread/959757-sbyvshiesia-predskazaniia-fantasta-aizeka-azimova. 20.08.2022ý. | |
|