16:35 Azerbaýjan | |
AZERBAÝJAN
Tutuş bir ýyl bossanyñda ýaýnadym, Gül-gunçalañ serhoş etdi serimi. Saza baý, ýaza baý çarlaklar ýurdy Dähedemläp gezdim bütin ýeriñi. Sumgaitde, Kýurdamirde, Bakuwda, Gördüm badam gabak gözelleriñi. Şemahada, Fizulyda diñledim, Dili süýjüleriñ gazallaryny. Inçe billi gyzlar suwa gelende, Küýzesini suwdan dolduryp berdim. Kyrk çille gazabna tutan mahaly, Bir periñ gözünde bahary gördüm. Kamaty ýaý bolan şahandaz gojañ, Müñ manyly söhbetinden ganmadym. Dag-deräñe, gülli ýaýlalaryña - Ýör - diýseler, çakylykdan galmadym. Üstüñden ýol düşse, salama barsam, Mugamlaryñ ýene diñlenermikä? Zeýnep Hanlarowa* gaşyma gelip, "Söýgi aýdymyna" hiñlenermikä? Kowus OMADOW. ___________________________________ * Zeýnep Hanlarowa Ýahýa gyzy (1936 ý.d) - azerbaýjan sowet aýdymçysy, SSSR-iñ halk artisti. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1987. | |
|
√ Pyşyrdylar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Türkmen sährasynyň nowbahar gyzy / Goşgular - 18.08.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |