18:41 Bedewiñ bendiwany | |
BEDEWIÑ BENDIWANY
Ýatlamalar
Türkmeniñ belli kinorežissýory, artist Baba Annanow bedew atlaryñ janköýeridi. Gyz gylykly, gamyşgulak bedewler onuñ durmuşynyñ bezegi bolupdy. Şonuñ üçin bolsa gerek, çapyp barýan bedewiñ üstünde ýaly, mydama özüni ruhubelent, hyjuwly duýýardy. Ol bedew gözelliginiñ bendiwanydy. ...Bir gün üç-dört oglan bolup, Babalaryñ gapdalyndaky gumaksy ýol bilen mekdepden öýe gaýdyp gelýärdik. Şol mahal kolhozyñ oý ýerde ýerleşýän athanasynyñ deñine ýetiberenimizde, bedewleriñ hokranmasy, Babanyñ göçgünli sesi eşidildi. Haýdaşyp, bardyk. Nirden gelendigini-hä bilemizok weli, edil şol pursat ýerden çykan ýaly bolup, Mergen aga-da peýda boldy. Baba athananyñ içindäki ýalpyldysy gözüñ ýagyny iýip barýan, melemtil bedewi tutjak bolup, gara başyna gaýdy. Gojalyga el berip ugran Mergen aga ýaşyna gelişmeýän çalasyn hereket bilen athana girdi. Eli uýanly Babany gabsalap ugrady. Bedewi kowalap ýören Babanyñ özi atdan öñ ele düşdi. Mergen aga ýañy jahyllyk ýeli çalyp ugran ýigdekçä: - Bu nä boluş, at janawerlere azar berip ýörmekden başga işiñ ýokmy seniñ? - diýdi. Gapyllykda üstüni basdyran Baba müýnürgedi, onuñ jogabynda ötünç alamatlary duýuldy: - Aý, şu aty çapdyryp göräýjekdim-dä, Mergen aga. Ol soñky sözüne düzediş girizýän ýaly, dodagyny müñküldedip, ýene-de dillendi: - Hawa, seýis aga, şeýdäýjekdim-dä. Mergen aga gaharyna bäs gelip bilmedi. - Ýagşy-da bir iş etjek ekeniñ, näme indi athana saña kylanyñy kylybermeli ýer boldumy? Ýaş ýetginjek Baba ötünç sorady: - Bagyşla, Mergen aga, indikide beýtmen. - "Beýtmen, beýtmen", öñem-ä birki gezek eşidipdim men senden şu gepi, ýöne kakañ kakañ aşnasy bolamsoñ, agañ Selimi içgin tanamsoñ geçirimlilik edipdim. Şu sapar weli... Ýaşuly seýia öñki hörpüni gowşatman, ýangynly gürledi: - Şu sapar temmiñi alman sypmajagyñ çyndyr. Baba delmuryp, alaçsyz töweregine garanjaklady. Onuñ ýañky tutjak bolup ýören tez bedewi duran ýerinde gymyldaman özüni eý görýän ýigdekçä dözmeýän ýaly, çalaja hokrandy. Nähilidir bir düşnüksiz duýgy seýsi gurşap aldy. Gaýtadan aty synlady. Bedewiñ balkyldap duran owadan gözlerinde mähir-muhabbetden başga zady görmedi. Şol gözler bedewe bendiwan ýigdekçäni bagyşla diýýän ýalydy. Mergen aga köşeşse-de, syr bildirmän, ýene-de Baba nazaryny saldy: - Ýeri bolýa, men şu gezeklikçe-de seniñ günäñi geçeýin. Ýöne senem dagy-duwara at diýen zadyñ golaýyna barmajakdygyña söz ber. Bedewe bendiwan Babanyñ duýgur ýüregi ýaşuly seýsiñ soñky düşen ahwalatyny bada-bat duýan borly. Ol ýeserlik bilen gözlerini oýnadyp: - Mergen aga, men dagy-duwara şu athana gelmejekdigime söz berýän. Ýöne at diýen zady weli, görmän, oñup bilmerin - diýdi. Ýaşuly seýis birbada näme diýjegini bilmedi. Soñ çalarak ýylgyrdy-da, matlabyny ýañzytdy. - Görýän weli, sen maña eýgertjek däl-ow. Beýle bolsa, mahaly-bimahaly diýmän athana gelip, seýislenen bedewlerimizi bimaza edip durmasañ bolar-la... Dogrudan-da, Baba Annanow öz aýdyşy ýaly, soñ-soñlaram bedewi görmän oñup bilmedi. Men onuñ obamyzyñ çetinde bedewleri segredip ýörenine köp gezek gabat geldim. Dürli filmlere surata düşende-de, bedew onuñ iñ ýakyn dosty bolupdy. Ol çapyksuwar deýin sungatyñ menzillerini bedewli geçipdi. Baba soñabaka çeper döredijiligiñ dürli ugurlary bilen-de meşgullanyp başlapdy. Onuñ türkmen bedewi bilen baglanyşykly eserleri bada-bat okyjylaryñ ünsüni özüne çekip, olaryñ kalbyna ornapdy. Kowus OMADOW, "Edebiýat we sungat". | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |