21:32 Älemgoşar öwüşginli suratlar | |
ÄLEMGOŞAR ÖWÜŞGINLI SURATLAR
Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk sungaty
• Ýazyjy Kowus Omadow bilen suratkeş Hojamuhammet Çüriýewiñ söhbetdeşligi Şeýle bir adamlar bolýar, olar daşyndan synlanyñda, peýwagtyna gezip, işläp ýören ýaly. Olara känbir tutumly işlere baş goşup ýörendir hem öýdeñok. Şekillendiriş sungaty bilen meşgullanýanlaryñ arasynda-da şeýle adamlara gabat gelinýär. Suratkeş Hojamuhammet Çüriýew hem şeýle adamlaryñ hilinden. Ýöne döredijiligi bilen içgin tanşanyñda, onuñ sungat äleminde uly hyjuw bilen gadam urýandygyna göz ýetirýäris. * * * - Hojamuhammet, söhbetimizi bäsleşige beslän eserleriñi dogrusynda başlaýsak? - Bolubilýä, ine şol eserlerimiñ atlary: "Türkmeniñ nesil daragty", "Harmanyña bereket, Beýik Serdarym", "Gökdepe kasamy" hem-de "Alp Arslan Diogeni azat edýär". Şu eserlerimiñ döremegine Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasy, ajaýyp şygyrlae diwanlary sebäp boldy. "Türkmeniñ nesil daragtyny" döretmezden öñ, köp oýlanmaly boldy. Iñ soñunda-da türkmeniñ belli şahslarynyñ keşpleri janlandyrylan bitewi bir eseri döretmeli diýlen netijä geldim. Oguz han atamyzyñ keşbini köküni mäkäm ýere uran daragt hökmünde surata geçirdim. Daragtdan birneme ýokarda Garaşsyz, Baky Bitarap türkmen döwletini esaslandyryjy Saparmyrat Türkmenbaşynyñ ynam bilen bakyp duran merdana keşbini şekillendirdim. Eseriñ ýokarsynda Türkmenistanyñ Gahrymany Gurbansoltan ejäniñ mährem keşbini janlandyrmagu makul bildim. Tutumly işimde Gorkut atanyñ, Görogly begiñ, Alp Arslanyñ we türkmeniñ beýleki meşhur şahslarynyñ başga-da ençemesiniñ, meşhur şahyrlar Baýram hanyñ, Keminäniñ, Mätäjiniñ... suratlaryny ýerleşdirmegim hem eseriñ şowly çykmagyna ýardam etdi. "Harmanyña bereket, Beýik Serdarym" atly eser türkmen topragyndan iki million sekiz ýüz müñ tonnadan köpräk ak bugdaý ýygnalandan soñ döredi. Bu eserimde Saparmyrat Türkmenbaşynyñ il-günümiz bilen bilelikde türkmen saçagynyñ bereketine guwanyp duran pursatyny şekillendirdim. "Gökdepe kasamynda" türkmen gerçeginiñ duz-çörekdir Gurhanyñ ýanynda, aksakgal gojanyñ hem-de galany goraýjylaryñ arasynda gylyjy mañlaýyna goýup, ata Watany soñky demine çenli gorajakdygyna kasam edip duran pursatyny başardygymdan beýan etdim. "Alp Arslan Diogeni azat edýär" atly eserimi synlan her bir adam nämäniñ nämedigine bada-bat göz ýetirse gerek. Eseriñ mazmuny sadadan düşnüklimikä diýýärin. Eserde türkmenlere Rum iliniñ derwezesini açan beýik soltan Alp Arslanyñ ynsanperwerlik edip, ýesir düşen çet ýurtly hökümdary azat edip duran pursatyny görkezdim. - Hojamuhammet, "Köpetdagda ýaz" atly işiñizi synlanymda, bahar-ýazyñ türkmen şygryýetindäki belent waspy ýadyma düşdi... - Näsini aýdýarsyñyz, buça bolanyna görä, Saparmyrat Türkmenbaşynyñ "Geler" şygryndaky: Ýaýlasyna älemgoşar gaçypdyr, Edil ýañy Humaýun guş geçipdir, Gyzyl güller ýürejigin açypdyr, Bulgurynda şerap süzere geler. - diýen bendi-de ýatlaýaly. Daglara ýazyñ gelşini şundan artyk şahyrana söz bilen beýan edip bolmaz. - Ýürekden çykan şeýle eserleriñ hyrydary köp bolýar. Şolaryñ arasynda daşary ýurtly sungat muşdaklarynyñ bardygyny eşitmegem aýratyn täsir galdyrýandyr? - Hawa, hut şeýle. Diñe bir şol işime däl, "Köne oba" atly eserim-de Pereñden gelen myhmanyñ göwnünden turdy. Ol şol işi ýany bilen alyp gitdi. - Munuñ özi sungatyñ üsti bilen türkmen dünýäsiniñ, türkmen dünýäsiniñ, türkmeniñ ynsanperwer ýüreginiñ dünýäni gezmeginde-de çuññur mana eýe bolýandygy bilenem gyzykly bolsa gerek?! - Amerikanyñ Kaliforniýa ştatyndan gelen biri "Bagda" atly eserimi satyn aldy. Başga bir amerikaly çeperçilik ussahanama gelip, "Türkmen gözeli" atly işimi alyp gitdi. Onsoñam, ýeri gelende, ýene-de bir zady aýdaýyn. 2004-nji ýylda işlerimiñ ençemesini sungat eserleriniñ Türkiýede gurlan sergisine ugratdym. Häzir şol eserlerim türk doganlarymyzyñ tagallasy bilen Ýewropa we beýleki ýerlere aýlanýar. Eserlerim Moskwada, Eýranda guralan sergilere hem gatnaşdy. Men bu zatlaryñ ählisine Garaşsyzlygyñ beren bagty diýip düşünýärin. - Saz ony diñlän adama, onda-da döredijilik adamsyna güýç-kuwwat berýär. Işleýän wagtyñyz onuñ zehiniñize täsir edýän ylahy güýjüni duýýarmysyñyz? - Hawa, men eserlerimi köplenç saz diñläp döredýärin. Gapyny ýapaga-da magnitofonyñ ýa-da radionyñ nurbatyna elimi ýetirýärin. Eseriñ mazmunyna, beýan edilýän wakanyñ süññüne gabat gelýän saz işimiñ şowly çykmagyna itergi berýär. - Suratkeş hökmünde halaýan edim-gylymlaryñyz, ýykgyn edýän iş usullaryñyz?! - Köplenç pyýada ýöremegi gowy görýärin. Günüñ dogşyny, ýaşyşyny görmesem, bir zadym kem ýaly. Dynç günleri dagda, çölde bolup, tebigatyñ gözelligini synlamagy endik edinipdirin. Ýolda barýarkam, adamlary içgin synlaýaryn. Bada-bat göwnümden turan kişileriñ keşpleriniñ taslamasyny taýýarlaýaryn. Çeper eserleri ürç edip okaýaryn. Her eseriñ başyna baranymda, bäş-alty sagadymy sarp edýärin. Işde howul-haralyk diýen zat ýek ýigrendigim. Gerek bolsa bir eseriñ üstünde ýyllarboýy işleýärin. Güýz aýlary dürli agaçlaryñ şahadan gaçam ýapraklaryny ýygnaýaryn. Olary guradyp, mazaly synlaýaryn. Mahal-mahal şolaryñ durkuna meñzeş reñkleri ulanýaryn. - Dörediji gözlegde bolýar. Gezelenç edýärkäñiz, syýahatda bolanyñyzda döretjek işleriñiziñ taslamasynyñ tapylýan wagty kän bolýarmy? - Ussat suratkeş bolup, ajaýyp eserleri döretjek bolsañ, mydama il içinde ýa-da uzak bir ýerde saparda bolmaly - diýlen zat ýok. Adam durmuş tejribesini toplap, ýaşy bir çene baranda, hyýaly seýranda deñsiz-taýsyz, ölmez-ýitmez, nusgawy eserleri-de döredip bilýär. Bu iş suratkeşiñ guýmagursak zehinine bagly. - Dörediji adam üçin wagt iñ gymmatly baýlyk. Ony sarpaly tutmanyñ, oturyp işlemegiñ döredýän eserleriñiziñ şowly çykmagyna täsiri barmy? - Dörediji adam üçin wagt iñ gymmatly baýlyk. Ony sarpaly tutmanyñ, oturyp işlemegiñ döredýän eserleriñiziñ şowly çykmagyna täsiri hakda-da aýdaýsañyz? - Şeýle pikirdäki adamlara Saparmyrat Türkmenbaşynyñ Ruhnamasynyñ ikinji kitabyndaky "Adam wagtyñ emrine boýun bolmaly däl-de, tersine, wagty öz hasabyna işletmeli" diýen jümläni ýatladasym gelýär. - Bahar döredijä ylham berýär. Tebigatdaky gözel görnüşi bilen onuñ kalba ýylboýy berýän ýakymy hakda nämeler aýtmak bolar? - Hawa, "asmana deprek kakdyrýan", mylaýym ýelleri bilen janyña aram berýän gülli baharyñ jemalyny görkezýän, älemgoşar öwüşginli suratlarym bu gün-erte bolar. - Goý, baharda beslän arzuwlaryñyz ýeneki ýyllardaky döredijilik üstünlikleriñiziñ gönezligi bolsun! - Sag boluñ, aýdanyñyz gelsin! Söhbetdeş bolan: Kowus OMADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |