23:08 Azerbaýjanda gazanylan üstünlikde yz goýan üç türk ofiseri | |
AZERBAÝJANDA GAZANYLAN ÜSTÜNLIKDE YZ GOÝAN ÜÇ TÜRK OFISERI
Publisistika
Janymyz-jigerimiz bolan Azerbaýjana ilkinji gezek Saglyk ministri Halil Şywgyn bilen bile gidipdik. Şol döwür açlyk-horlugyñ, ýoksullygyñ iñ soñky derejesine ýeten döwrüdi. Häzir "Şehitler hyýabany" diýip tanalýan Baku şäherinde 1918-nji ýylyñ Baku çaknyşyklarynda we "Azatlyk" meýdanynda şehit bolanlaryñ guburlarynyñ ýerleşen ýerinde rus serkerdesiniñ heýkeli bardy. Halk mejlisiniñ öñünde bolsa Leniniñ ullakan heýkeli bardy. Ilki gonamçylykdaky heýkeli bolmadyk ýaly etdiler. "Nobat Leniniñ heýkeline-de ýeter" diýýärdiler. Mitingleriñ geçirilýän şol meýdanyna-da "Azatlyk" adyny berdiler. Ýene bir sapar gidemde Leniniñ heýkeliniñ oturan ýerinde ýeller öwüsýärdi. Azerbaýjanly gardaşlarymyzyñ barsynyñ pikiri-oýy Ermenistanyñ okkupirleýän Garabagyndady. Ýazylýan şygyrlaryñ, aýdylýan aýdymlaryñ barsy Garabag diýip gygyrýardy. Şehitleri-de hiç ýatdan çykarmadylar. Gonamçylyk elmydama diýen ýaly zyýarat edilýän we gül desseleri goýulýan ýerleriñ biridi. ■ JOGAPSYZ GALMALY DÄLDI Azerbaýjanyñ Towuz raýonynda goşun korpusynyñ serkerdesi general-maýor Polat Haşimow, polkownik Ilgar Mirzaýew, iki maýor, iki unter-ofiser we bir rýadowoý geçen iýul aýynda şehit düşdi. Wakanyñ bolan ýeri Gürjüstan-Kars-Azerbaýjan demir ýolunyñ geçýän we Türkiýä girýän energetika geçirijileriñ kesişýän zolagydyr. Ýagny, Garabagdan aýry bir ýerde. Azerbaýjan ofiserleri türk we rus sistemasyna görä taýýarlanýar. Şehit edilen general, polkownik we iki maýor Türkiýede okan harby gullukçylardandy. Olaruñ hemmesi-de "türkleriñ wepaly dosty", ofiserlere we halk köpçüligine özlerini gowy tarapdan görkezen kişilerdi. 2016-njy ýylyn aprel aýynda Talić sebitinde ermeniler bilen bolup geçen ýaragly çaknyşykda görkezen gahrymançylygy mynasybetli harby bölümleriñ birine general-maýor Polat Haşimowyñ ady dakylypdy. Bu gahrymany azerbaýjan döwleti bir öý bilen sylaglady. Polat Haşimow näme edendir öýdýäñiz? Ol özüne berlen öýi watan goragynda şehit düşen ofiseriñ yzynda galan maşgalasyna bagyşlady. Ýeri, nädip onsoñ, bu gahryman serkerdä baş egmejek, hormat goýmajak?!.. Ankara gelip gowşan maglumatlaryñ arasynda bu kast edişligiñ arkasynda Fransiýa bardy. Gazetimiziñ 2020-nji ýylyñ 26-njy iýulyndaky sanynda "Azerbaýjanyñ bu söýgüli serkerdesiniñ haýal edilmän, iñ gysga wagtda ary alynmalydyr. Muña esgerlermizem, halkymyzam sabyrsyzlyk bilen garaşýar" diýipdim. Ermenileriñ täze hüjüminden soñ şol gün ýetip geldi. Azerbaýjanyñ Ýaragly Güýçleri öñküsi ýaly däldi. Gardaşlarymyzyñ ýaragly güýçlerinin täzeden ýaraglanyşynda üç türk serkerdesiniñ çäksiz hyzmaty bardy. ■ ALAN, KOZİNOGLY, GÖKTAŞ Azerbaýjanyñ Ýaragly Güýçleri ýokary hilli taýýarlyga mätäçlik duýýardy. Aýratyn birlikler komandowaniýesiniñ iñ saýlama gullukçylaryndan bolan, atyş tälimlerinde demiñi içiñe gitdirip syn etdirýän serkerdelerinden maýor Kaşif Kozinogly, beýlekisi-de kapitan Lewent Göktaş. 1992-nji ýylda Türkiýäniñ Ýaragly Güýçleriniñ adyndan Azerba6jana on iki adamlyk ýörite birlikler (speznaz) topary ugradyldy. Toparyn serkerdesi Kaşif Kozinoglydy we onuñ kömekçisi Lewent Göktaşdy. Olar esasy etmeli işleri etmek bilen birlikde ýaragly güýçleri türgenleşdirmäge başladylar. 1994-nji ýylda Azerbaýjana başga bir tanymal serkerdämiz gitdi. Ýörite birlikleriñ öñki serkerdesi Engin Altan türgenleşigi koordinirledi, döwrebap, kuwwatly we öz çäklerini gorap biljek goşunyñ kemala gelmeginde olar gijelerini gündiz edip işlediler. Engin Alandyr Kaşif Kozinogly ýaly Lewent Göktaşyñam gahrymançylygy dillere dessandyr. Türk Ýaragly Güýçlerinde "Legendar podpolkownik" (“Efsane Yarbay”) ady bilen tanalan Korkut Ekenden eşdipdim: "Lewent Göktaşy dagda 500 sany PKK-li terrorçynyn arasyna okla, olaryñ arasyndan bitiniñ burny ganaman sag-salamat çykyp biler". Ine, Göktaş şular ýaly gahrymandy. ■ HEMMESI TÜRMÄ GIRDI Görkezen gahrymançylygy dillere dessan bolan serkerdelerden Engin alan "Balýoz derñew prosesi" dildüwşûginde tegelek otuz dokuz aýlap türmede ýatdy. Maýor Kaşif Kozinogly daşary ýurtda gizlin wezipeleriñ birini ýerine ýetirip ýörkä yzyna çagyryldy we "Ergenekon derñew prosesinde" Siliwri türmesine dykyldy. Şol ýerde-de aradan çykdy. Onuñ ölümi bilen baglanşykly şübheli soraglara häzirem jogap tapylanok. Polkownik çininde otstawka giden Lewent Göktaşam "Ergenekon derñew prosesinde" birnäçe ýyllap türmede oturmaly boldy. Emma ol gardaş Azerbaýjanymyzdan, ol ýerde tälim beren ofiserlerinden birem arany üzmedi. Otstawkadaky general-leýtenant Engin Alan "Türk Azerbaýjan! Gazañyz mübärek bolsun. Günortada Arazdan demirgazykda Murow dagyna çenli aralykda fronty garyşma-garyş bilýärin. Strategiki ähmiýetli Murow dagy iñ esasy gözegçilikde saklanmaly ýerdir. Hankendi ýoluny açmak üçin Terterde we Agdamda ermeni okkupasiýasynyn astyndaky ýerler ele geçirilmelidir. Russiýany we Eýrany ünsden düşürmäñ. Ýüregimiñ ýarsy gardaşlarymyñ ýanynda, Alla olary öz penasynda saklasyn" diýipdi... Azerbaýjan ermeni okkupasiýasynyñ astyndaky Fuzuly posýologyny we ýedi obany halas etdi. Ermeniler Azerbaýjan Ýaragly Güýçlerinden alan bu almytyna näderini bilmedi. Azerbaýjan goşuny esasan harby üstünlikleri gazanmagy özüne maksat edindi, ermeniler bolsa raýat maksatly nokatlary eýelemäge synanyşýar. Türk Ýaragly Güýçleriniñ ýolbaşçylarynyñ biri "Russiýa, Angliýa, ABŞ päsgelçilik döretmese, Azerbaýjan Garadag beýlede dursun, Ermenistanyñ özüni-de eýelemäge güýji ýetýär. Artilleriýa güýçlerinden, tanklardan, Türkiýede we Ysraýylda öndürilen hüjüm ediji uçarmansyz istrebitellerden ussatlyk bilen peýdalanylýar" diýipdi. Azerbaýjan goşunyna harby okuw jaýlarynda, bilim beriş ulgamynda, hatda harby lybasda hem Türk Ýaragly Güýçleriniñ düzgünine görä tälim berildi. Hut şonuñ üçinem biz "Iki döwlet - bir millet" diýýäris… Saýgy ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 30.09.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |