14:37 "Eý waý! Häkimiýet elden gidýär" gorkusy | |
"EÝ WAÝ! HÄKIMIÝET ELDEN GIDÝÄR" GORKUSY
Publisistika
Nazarbaýew türk dünýäsi üçin möhüm syýasatçy. Ol urlup düşürilen rus uçaryndan soñ bulaşan türk-rus gatnaşyklarynyñ düzelmeginiñem gizlin gahrymanydyr. Putiniñ ýakyn dosty Nazarbaýew Gazagystanyñ aýratyn ornunyñ we çuñ taryhynyñ bardygyny öñe sürüp, syýasy ugruny munuñ bilen baglanyşyklylykda alyp barýardy. Nazarbaýewiñ kirill elipbiýini tapgyrlaýyn terk etmegi we gazak milli syýasatyny öñe tutmagy Russiýanyñ gözünde mesele döretmäge başlady. Kiçi Türküstan şäherini türk dünýäsiniñ medeni şäheri bolmak üçin täzeden guran Nazarbaýew Hoja Ahmet Ýasawynyñ türk dünýäsi üçin ähmiýetine gowy düşünýärdi. Ol özüniñ Hoja Ahmet Ýasawynyñ Türküstandaky kümmetine golaý bir ýerde mazarynyñ bolmagyny arzuw edýärdi. • ULY, ORTA, KIÇI JUZ Wakalaryñ hakyky sebäbi benziniñ bahasynyñ gymmatlany üçin bolan ýaly bolup görünse-de, düýp sebäp Nazarbaýewiñ maşgalasy we onuñ ýakynlarynyñ çakdanaşa baýamagy, parahorlukdyr korrupsiýanyñ gazaklaryñ halys degnasyna degmesidi. Mysal üçin, Gazagystanyñ öñki premýer-ministri Askar Mamin Astananyñ öñki meridi. Onuñ garamagynda meşhur bir oteliñ bardygyny-da bilmeýän ýok. Gazagystanda ýazylmadyk kanun mysaly kasta sistemasy bar. Uly Juz (ýolbaşçy synp), Orta Juz, Kiçi Juz. Häkimler, başlyklar köplenç maşgala ýakyn durýan ýolbaşçy synp - Uly Juzdan. Halk bu artykmaç hukukly dolandyryjy synpdan bimaza bolýardy. Nazarbaýewiñ ýerine Tokaýewi getirmegi Nazarbaýewiñ adyny ulanyp baýaýan gatlakda jaýryklar döretdi. Olar Tokaýewe aýdanlaryny etdirip bilenokdy. Ministrler Kabinetiniñ bu agzalaryna degiljek bolnanda, olar şobada Nazarbaýewiñ ýanyna ylgaýardylar we kömek soraýardylar. Tokaýew Nazarbaýewe örän wepaly adam. Has beteri ol Nazarbaýew hakynda ýazylan bäş kitabyñ awtory. • FETÖ-çylar BILEN ŞÄRIKDEŞ IŞLER Partiýasynyñ başyna Tokaýewi geçirensoñ, Nazarbaýewiñ giýewsinde, ýakynlarynda we premýer-ministrde "Nazarbaýew-ä garrady. Prezidente-de sözümiz ýöränok. Häkimiýet elden gitjek öýdýän" diýen gorky ot aldy. Gazagystanda apparatyñ üýtgejeginiñ gürrüñi hemmeleriñ dilindedi. Emma Dubaýda, Italiýada, Fransiýada mülk eýesi gazak oligarhlar bardy. Tokaýew bu topara kän bir ýüz berip baranokdy. Italiýada şereket açan gazagystanly Şadiýew Gazagystanda ýer üstüne ýer satyn alýardy. Ýurtda gurluşyk işleri gyzgalañly dowam edýär. Bu gurluşyk taslamalaryny gazaklar bergä batyp, kredite girip alýar. Ýerden başlaýan satuwlara döwlet hiç zat diýip bilenok. Emma bu önümçiligi we satuwy gurnaýan firmalaryñ hakyky eýeleriniñ syýasatçylardygyny Gazagystanda hemmeler bilýär. Hatda ýañy işden giden hökümet agzalarynyñ biriniñ Türkiýede FETÖ-çy hökmünde tanalýan bir telekeçi bilen ýygy gatnaşygy haýran galyjylyk bilen syn edilýärdi. Premýer-ministriñ otagynda çaý içýän, gulluk awtoulagyna münýän firmaja ýurt derejesindäki uly işler berlip, şärikdeş işler alnyp barylýardy. Bir tarapda bular ýaly gatnaşyklardan gelýän peýdany paýlaşýan we baýaýan, pul gazanýan gazak şereketiniñ üstüne çöken gatlagyñ Tokaýewe sözi ýöremeýärdi hemem gazak halkynyñ arasyndaky jaýryklary ulaldýardy. • RUSSIÝADAN NÄMÜÇIN GOŞUN ÇAGYRYLDY? Ene dilini bilmeýän, rusça gepleýän gazaklar we edara-kärhanalarda gazak dilinde işlemekde, geplemekde kynçylyk çekýän ruslary-da şu hasaba goşuñ... Bu ýagdaýy gowy bilýän we gowy analizläp başarýan Russiýa özüne ýakyn durýan häzirki Prezidente garşy agdarlyşyga synanşykda Tokaýew kömek bahanasy bilen Orta Aziýada täsirliligini artdyrmagyñ kül-külünde. Ýogsam bolmasa 108 müñ ätiýaçda, 132 müñ goşuny bolan Gazagystanyñ GDA-dan 2-3 müñ esger çagyrmagynyñ sebäbine düşünip bilmersiñiz. Hadysanyñ meseleleri: FETÖ-çydygy belli we Türkiýede bolýan her gohdan aman sypýan telekeçimiziñ Gazagystandaky we Dubaýdaky bulaşyk gatnaşyklarynyñ nämüçin öñi alynmady we Nazarbaýewe bu babatda duýduran bolmady? Nazarbaýewiñ ýegeni we gazak kontrrazwedkasynyñ ikinji adamy Samat Abişiñ tussag astyna alnandygy hakda oppozision metbugatda çykan habarlar ýalana çykaryldy... Ýogsa-da şol habarlar dogrumyka? Gazak kontrrazwedkasynyñ başlygy Karim Masimowyñ tussag edilendigi barada-da habarlar bar. Eger bu habarlar dogry bolup çyksa, kartina aýdyñlaşýar. Nazarbaýewe we onuñ maşgalasyna örän ýakyn durýan Masimow ýurtda guş uçsa habary bolmaly adam. Nazarbaýewe ýakyn durýan köp sanly ýokary düzümdäki ýolbaşçylaryñ we howpsuzlyk gullugynyñ işgärleriniñ häzirem wezipededigini ýatdan çykarmazlyk gerek. • DIKIÝ-PEKER-ÇAKYJY Gazak mafiýasynyñ lideri Arman Dikiý has öñräk Nazarbaýewe nägilelik bildirenleri ýenjýän, gorkuzýan biridi. Näme bolsa boldy, ol birdenem häzir nämüçin demonstrasiýaçylara arka durmaga, goldamaga başlady? Arman Dikini bu wakalara Nazarbaýewiñ töwereginden gün görýän topar sokdumyka? Arman Dikiniñ ýurdumyzdaky guramaçylykly jenaýatçylykly bandanyñ liderligini etmekden gözlenýän we häzirem daşary ýurtda gezip ýören Sedat Peker bilen, Alaattin Çakyjy bilen bile düşen suratlary bar. Ankaradaky FETÖ-çy firmanyñ Gazagystanda bu topar bilen bolan gatnaşyklary nämüçin görmezlige salyndy? "Arman Dikiniñ Pekerdir Çakyjy bilen näme baglanşygy barka? Pekerdir Çakyjy bu gatnaşyklaryñ nämedigini bize düşündirse, şübhesiz, bular barada-da aýdaryn." Netijede "Nazarbaýewiñ ýüpleri dolulygyna Tokaýewiñ eline bermegini islemeýänler" Tokaýewi agdarmaga synanyşdy diýsegem bolar. Käbir sowallaryñ jogaplary berilmezden meselä düşünmek kyn... Saýgy ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 09.01.2022 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |