09:58 Kömege gelenleriñ hemmesi bir däl. Seresap boluñ! | |
KÖMEGE GELENLERIÑ HEMMESI BIR DÄL. SERESAP BOLUÑ!
Publisistika
1999-njy ýylyñ 17-nji awgustynda Deñiz Güýçleri Komandowaniýesinde sagat 04:30-da "Trewoga!" berilip, serkerdelere karargähde bolmak tabşyryldy. Karargähe gelenleriñ birem Deñiz Güýçleriniñ Baş ştabynyñ başlygy polkownik Önder Uýsaldy. Hereket Merkezine gämilerden gelen habarlarda Göljügiñ, doklaryñ, karargähiñ, kazarmalaryñ doly ýykylandygy aýdylýardy. Otagda dürli teleýaýlymlar Göljükden kelam agyz söz açanokdy. Sagat 09:00-a çenli diñe Awjylarda emele gelen ýer titremesiniñ gürrüñi edildi. Teleýaýlymlaryñ biri wertolýot uçuryp, ýer titremesiniñ bolup geçen ýerini howadan alyp görkezýärdi. Habarçy "Göljüge tarap barýar" diýip, yzyndan "Menem göljükli, şol ýere barýar" diýdi. Şundan hem görnüşi ýaly ýer titrände ilkinji nobatda etmeli işleriñ biri-de howadan gözegçilige almak eken. Diýmek, şol wakadan hiçem sapak alynmandyr. • BIRINJI ETMELI IŞ Göljük ýer titremesini başyndan geçiren we heläkçiligiñ bolan ýerine başdan-aýak ýolbaşçylyk eden otstawkadaky polkownik on welaýatymyzda emele gelen ýer titremesi bilen öñki ýer titremeleri bilen deñeşdirip, şeýle diýdi: "Ýer titremesinde dereksiz ýitenler hakdaky habarlarda uly kemçilik göze ilýär. Ýykylan jaýlaryñ, ýaralananlaryñ, aradan çykanlaryñ sany berilýär. Emma betbagtlyga uçranlaryñ umumy sany berilenok. Ýogsam bolmasa bärde birinji etmeli iş: binalaryñ umumy sanyny we şol ýerlerde näçe adam gözleýänimizi bilmeli, şeýdende gözleg-halas ediş toparlary-da nirden näme gözleýänini-gözlemelidigini bilýär. Şu günki ýetilen mümkinçilikleri ulanmak arkaly muny anyklamak kyn zat däl. Sizden haýyş edýän, habar beriş serişdeleri iñ bolmanda şeýle maglumatlary edinsin, jemgyýetçilik hem mundan habarly bolsun, şeýtsek, bolup biläýjek iñ erbet netijeleriñ belli bir derejede öñüni aldygymyz bolardy. Göljükde ýykan-ýumranlygyñ astynda galanlardan ölmän galanlarynyñ üç günden soñ 25%-niñ, dördünji günde 30%-niñ, bäşinji günde 45%-niñ öli ýagdaýda çykarylandygyny men gözüm bilen gördüm. Bu görkezijiler ylmy taýdan anyk kesgitlenen görkezijiler bolmasa-da, ýitgiler we hut öz geçiren barlaglarym netijesinde muny gördüm. Şol wagtky betbagtlyga uçranlaryñ suwy köp gidipdi, şindi gipotermiýa-da ölüme sebäp bolýar". • ORGAN MAFIÝASYNYÑ BARDYGYNY ÝATDAN ÇYKARMAÑ "1999-njy ýylda Sakarýa gidenimde öýleriñ talanandygy hakda arz-şikaýatlar gelip gowuşypdy. Şol wagtyñ Içeri işler ministri Sadetdin Tantan dessine taýýarlygyny görüpdi. Meniñ bilen gürrüñdeş bolan hünärmenleriñ biri "Derrew Ýaragly Güýçler bilen daş-töweregiñ howpsuzlygy üpjün edilmeli. Çünki çaga ogurlygy, ýykylman galan jaýlaryñ talanmagy mümkin. Gelenleriñ niýeti gowudyr öýdýäñiz. "Azyk, geýim-gejim, çadyr, medisina hyzmatyny berip bilemzok" ady bilen gelip, çagalary-da alyp gidýärler. Gelenleriñ aglabasynyñ gowy adamlardygyna şübhämiz ýok. Ýön3 bularyñ arasyna sümülen erbet niýetli adamlaryñam bardygy ýatdan çykarylmasyn. Çünki şeýle zatlar Göljükde bolup geçdi, beýleki welaýatlarymyzda we etraplarymyzda bir bolup geçmesin. Sebite girip-çykýanlar hökman berk gözegçilige alynmaly!" diýip ýatlatdy. Iñ esasy meseleleriñ birem, halas edilen çagalary alan adamlaryñ dogry kesgitlenmegi. Göz öñüne getiriñ: ýer titräpdir, köp adam ýakynlaryny gözläp ýör, hatda başga ýerlerdenem gelýänler bar. Bularyñ arasynda erbet niýetlileriñ hem bolup biljekdigini unutmalyñ. "Çaganyñ hossary men" diýse, onuñ çagany almagyna garşy çykýan ýok. Ýer titränden soñam dereksiz ýiten çagalaryny gözläp ýörenleriñ sany az-uçuk däldi. Aslynda şu babatda aýtmaga zat kän. Hemişe geçmişde bolup geçen zatlardan sapak alynýandyr welin, munuñ şeýdilýänini hiç göremzok. Saýgy ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 10.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |