23:20 Bu hakykatlar bilinmän galmasyn | |
BU HAKYKATLAR BILINMÄN GALMASYN
Publisistika
Prezident Rejep Taýýip Erdoganyñ azerbaýjanly meşhur şahyr Bahtiýar Wahapzadäniñ: "Arazy aýyrdylar, Gum bilen doldurdylar. Men senden aýrylmazdym, Zor bilen aýyrdylar. Aý Laçyn, jan Laçyn, Men saña gurban Laçyn" - diýen goşgy setirlerini okamasyna Eýran nägileligini bildirdi. Iki tarapyñam ilçileri çagyryldy. Daşary işler ministrleri telefon arkaly ýörite jañlaşyp düşünişmeli boldy. * * * SSSR dargamagyñ öñüsyrasyndady. Gorbaçýow kyn ýagdaýdady. ABŞ-na ýakyn durýan adamlardan Turgut Özal "kömek edip biljekdigini" aýtdy. Gorbaçýowyñ çakylygy bilen Özal Russiýa gitdi. Şol resmi saparda Özalyñ ýany bilen gidenleriñ birem onuñ mürzesi Feýzi Işbaşarandy. Ol Özal bilen bile iki günläp Kremlde boldular. Özal türki respublikalaryñ garaşsyzlygyny gazanmak üçin muña amatly taryhy pursat hökmünde garaýardy. Kremlde iki gije-gündiz dowam eden duşuşyklarda Özal bilen Gorbaçýow arasynda möhüm kararlara gol çekdiler. Munuñ ýene bir janly şaýady bolanlaryñ birem Gorbaçýowyñ ýakyn dosty Şaryk Tarady. • ÖZALYÑ TEKLIBI Özalyñ Gorbaçýowa eden teklibi - Türkiýäniñ türki respublikalar bilen gatnaşyklaryñ ýola goýulmagyna ýardam edilmegini we garaşsyzlyklaryny alan ýagdaýlarynda, munuñ öwezine ABŞ-dyr Ýewropa bilen Russiýanyñ özara gatnaşyklarynyñ gowulanmagynda kömek etjekdigi barada söz berdi. Gorbaçýow Özala "Size türki respublikalar bilen gatnaşyklary ýola goýmaga elimden gelen kömegi ederin, sizem Ýewropadyr Amerikanyñ Ukraina edýän basyşlaryny aradan aýyrdyp bilersiñizmi?" diýdi. Özal bu teklibi kabul etdi we ertesi gün Ukraina gitdi. Ukrainler Özaldan Ukrainanyñ SSSR-den nädeñde sessizje bölünip aýrylyp boljagynyñ ýollaryny salgy bererine garaşypdy, Özal bolsa Ukrainanyñ Russiýa bilen bile öñküsindenem has güýçlenjekdiklerini aýtdy. Gorbaçýow Özalyñ Ukrainadaky gepleşiklerinden hoşal boldy. Türki respublikalaryñ içinde iñ çetini Azerbaýjandy. Ruslar Azerbaýjanda iññän güýçli kontrrazwedka we harby bazasyny saklaýardy hem-de ruslaryñ bulary taşlap gidesi gelenokdy. Azerbaýjandan başga türki respublikalaryñ barsy Turgut Özalyñ-Türkiýäniñ ýanynda ýer aldy. Azerbaýjandaky ruslara ýakyn durýan prezidenti Aýaz Muttalibow bolsa muña meýilem etmedi. Onsoñ biziñkileriñ paýyna Ebulfeýz Elçibeýi herekete girizmek galýardy. • ŞAHYR BILEN DUŞUŞYK Ebulfeýz Elçibeyiñ töweregini güýçlendirmek maksady bilen gepleşikleri geçirlip başlandy. Birinji duşuşyk Azerbaýjanyñ meşhur şahyry Bahtiýar Wahapzada bilen boldy. Özalyñ aýaly Semra Özal üçinem Bakuda aýal-gyzlar üçin ýörite duşuşygyñ meýilnamasy düzüldi. Bakunyñ döwlet uniwersitetinde ruslara ýakyn durýan bir zenan dekana "Haýyr-sahawat garşylygynda programma" gurnaldy. Agşamlyk naharda Semra hanym "Şahyr Bahtiýar Wahapzadany görmek isleýärin" diýdi. Ertesi gün Bahtiýar Wahapzadanyñ ýanyna barmaga idin berildi. Wertolýot bolen Bakudan Şekä, ol ýerdenem Bahtiýar Wahapzadanyñ öýüne gidildi. Günortanlyk nahary şahyryñ öýünde iýdiler. Semra hanym öýleden soñ Bakuwa dolandy. Feýzi Işbaşaran bolsa Şekide galdy. Onuñ maksady-da şudy. Agşam hemmeler öýli-öýüne dagansoñ, Wahapzada bilen Feýzi Işbaşaran ikiçäk galdy. • “HAS GIÑ PIKIRLENIÑ” Özalyñ beren görkezmesi boýunça gepleşikler başlapdy. Işbaşaran bu taryhy duşuşygy şeýle gürrüñ berýär: - Bahtiýar şahyra "Meni Özal ugratdy. Siziñ bilen bir meseläni maslahatlaşmasak bolmaýar" diýdim. Ol geñirgenip durmady, gaýtam: "Turgut Özalyñ aýalynyñ ýöriteläp öýüme gelmeginiñ aýratyn manysynyñ bolup biljegini añşyrman durmadym. Aýdyberiñ" diýdi. Men "Şahyr, görüp dursuñyz, SSSR dargap barýar. Gorbaçýow bilen Özalyñ arasy saz" diýdim. Ol: "Hawa, görüp-synlap durun bar zady" diýdi. Men oña: "Beýleki türki respublikalarda kynçylyk çekemzok. Azerbaýjan biziñ üçin juda möhüm, emma prezident Aýaz Muttalibow KGB-niñ sözünden çykanok" diýdim. Bahtiýar Wahapzade düşündi. "Ýeri, men näme edip bilerin?" diýip soranda, "Agam, biz Ebulfeýz bilen gatnaşykda. Meñ hut özüm onuñ bilen duşuşyp ýörün. Siz Azerbaýjan we Türkiýe üçin gerekli adam. Şeki, Genje we beýleki şäherleriñizdäki ýakynlaryñyza habar ýollap bilmermisiñiz? Ebulfeýz beýi goldalyñ" diýdim. Wahapzade "Has giñräk pikirlenseñiz bolmaýarrmy, Azerbaýjan diñe Bakudan, Genjeden, Şekiden ybarat däl. Eýran Azerbaýjany, beýik Türk dünýäsi hakynda pikirleniñ. Biziñ Aýaz Muttalibow bilen meselämiz ýok" diýdi. Düşünşimden ol biziñ peýdamyza hereket ederli däldi, daña çenli uklamadym we ir bilen hoşlaşyp gaýtdym. • “ÝATDAN ÇYKARALYÑ MUNY” Feýzi Işbaşaran möhüm tabşyrygy birkemsiz ýerine ýetirerin we Özala gowy habar bilen dolanaryn öýdüpdi, ýöne bolmady. Şonuñ üçin lapy keçdi. Ertesi gün ol Türkiýä dolandy. Turgut Özala "Şahyr Bahtiýar Wahapzade bilen duşuşugym şowsuz tamamlandy. Biziñ bilen hereket etmejek bolup, ýüpe un serdi. Öñümizdäki mümkinçilige düşünen däldir öýdemok. Türk dünýäsini gurmagyñ hyýalynda bolansoñ, bizi görnetin ret etdi" diýdi. Özal ony diñlänsoñ, sorag berdi, soñundanam "ýatdan çykaralyñ muny" diýip oñdy. Prezident Erdogan Bakuda şahyr Bahtiýar Wahapzadäniñ ýokarda agzalan goşgusyny okady welin, Feýzi Işbaşaran başdan geçiren bu wakasyny ýatlap, maña gürrüñ berdi we “Hiç bir hakykat bilinmän galmasyn” diýdi. Azerbaýjan babatda syýasat ýöredýänleriñem muny bilmeginiñ gerekdigini aýtdy. Saýgy ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 13.12.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |