07:36 Segsen alty ýyl öñki Aýasofýa | |
SEGSEN ALTY ÝYL ÖÑKI AÝASOFÝA
Publisistika
Başkent uniwersitetiniñ aýda bir gezek çykýan “Bütün Dünya” edebi žurnalynyñ her sanynda täsin wakalar taryhy faktlary bilen bile orta atylýar. Professor Mehmet Haberalyñ hojaýynlyk edýän žurnalynyñ häzirki baş redaktory žurnalist agabeýimiz Mete Akýolyñ aradan çykany bäri onuñ ogly Ufuk Akýoldyr. Aýasofýanyñ bir korpusy 1991-nji ýyldan bäri metjit hökmünde ulanylyp gelinýär, bäş wagtyna azana gygyrylýar. Suduñ kararynyñ herekete girmeli möhletine-de garaşman, Aýasofýanyñ muzeý bölegi-de aýryldy we tutuşlaýyn metjide öwrüldi. Suduñ näme karar çykarjagyny bilýän ýaly, haly buýurmasy alty aý öñünden berlipdir, Aýasofýa muzeýe öwrülenden soñ tegelek on ýedi ýyl geçensoñ, munuñ ýalñyş karardygy barada ýazylypdyr. ■ SEGSEN GÜN ÖÑ Jengiz Özakynjynyñ nusgalyk ylmy-barlag işlerinden Aýasofýanyñ nädip muzeýe öwrülişi baradaky bölekleri bilelikde okalyñ: "1453-nji ýylda Fatih Soltan Mämmet tarapyndan metjide öwrülen Aýasofýa sobory 1934-nji ýylyñ 24-nji noýabrynda Atatürk tarapyndan gol çekilen Ministrler Kabinetiniñ Kararnamasy esasynda muzeý öwrüldi. Halk köpçüligi Aýasofýanyñ “bir korpusyny” muzeý etjeklerini kararnamadan segsen gün öñ "Zaman", "Vakit", "Cumhuriyet" gazetleriniñ 1934-nji ýylyñ 4-nji sentýabryndaky sanlaryndan öwrendi. "The Times" gazetiniñ 5-nji sentýabryndaky sanynda-da bu habar çap edildi. Stambul gazetleri Aýasofýa metjidiniñ "diñe bir böleginiñ" muzeý ediljekdigini ýazýan günlerinde Ankarada Atatürküñ "Hakimiyeti Milliye" gazetiniñ 1934-nji ýylyñ 8-nji sentýabryndaky sanynda “Aýasofýa kamilen (tutuşlugyna) muzeýe öwrülýär” habaryny berýärdi. Aýasofýanyñ tutuşlygyna muzeýe öwrülmeginiñ dillere düşen günlerinde uruş döwri ýatakhana-gyşla bolup hyzmat eden we ondan soñ ep-esli wagtlap ýapyk duran "Soltan Ahmet" metjidiniñ-de kitaphana ediljekdigi barada habarlar ýaýrady. Bilim ministri Abidin Özmen 1935-nji ýylyñ 12-nji ýanwarynda eden çykyşynda bular ýaly pikirleriniñ ýokdugyny aýdyp, myş-myşlary ýalana çykardy." ■ TÜRK SERDARLARY Atatürküñ "Hakimiyeti Milliye" gazetiniñ 1934-nji ýylyñ 9-njy sentýabryndaky sanynda Burhan Asaf şulary ýazýar: “… Döwletimiziñ golastyndaky ýerlerde adam elinden çykan eserleriñ, sungat eserleriniñ, taryhy eserleriñ gadry bilindi, olary gözüniñ göreji deýin gorady. Wengeriýanyñ Peşt şäherinde osmanly hammamynyñ gümmezinden başga zat galmady, muña garamazdan Aýasofýa ýaly eserler bu gün häzirem dim-dik aýakda durlar. Aýasofýa hilalyñ (ýarymaýyñ) saýasynda we goragynda muzeýe öwrüldi. Aýasofýa teokratiýa zamanynda türk halkynyñ erkin eradasynyñ islegi netijesinde 1453-nji ýylda metjide öwrüldi. Aýasofýa hut şol türk halkynyñ erkin eradasynyñ islegi bilen dünýewi respublikamyzyñ nyşany hökmünde 1934-nji ýylda muzeý edildi. Bu iki taryhy senäniñ gymmaty türk halky üçin biri-birinden uludyr. Aýasofýany metjit eden türk serdary Fatih Soltan Mämmetdi. Ony muzeýe öwrenem başga bir türk serdary Gazy Mustapa Kemaldyr. "Aýasofýa metjidi" haçly ýörişleriñ öñüne böwet basan türk goşunlarynyñ akymyñ simwolydy. "Aýasofýa muzeýi" bolsa güzergähini wyždan dawalarynyñ üstünde saýlap-seçen täze türk dawasynyñ täze ylym akymyñ siwmolyna öwrüler. Dünýewi Türkiýe nirä ýörejegini bilmän ugruny ýitiren jümle-jahana nusgalyk täze dünýewi forma bermek bilen özüne mahsus hereketlerden birini durmuşa geçirdi.” ■ ON ÝEDI ÝYLDAN SOÑ Aýasofýa 1935-nji ýylyñ 1-nji fewralynda muzeý hökmünde gapylaryny açdy. Atatürk 1935-nji ýylyñ 7-nji ýanwarynda Aýasofýa gelip gördi. Aýasofýanyñ muzeý edilmegine garşy, megerem, ilkinji çykyş on ýedi ýyl geçensoñ boldy. Said Nursynyñ ýoldaşlaryndan Osman Ýüksel Serdengeçti 1947-nji ýylda çap etmäge başlan “Serdengeçti” žurnalynyñ 1952-nji ýylyñ awgust aýyndaky sanynda çykan "Aýasofýa" makalasynda Aýasofýany muzeýe öwrenleri gazaply tankytlady. Käbir syýasy partiýalar, hususanam 1965-nji ýyldan başlap saýlawçy sanyny artdyrmak üçin Aýasofýany gaýtadan metjide öwürme propogandasyny ýöretmäge başladylar. Hatda Aýasofýany muzeý etmek baradaky kararnamanyñ aşagyndaky Atatürküñ golunyñ galpdyny-da öñe sürdüler. Hamana Atatürküñ Aýasofýanyñ diñe bir korpusyny muzeý edip, galan bölegini metjit etmek isländigini aýtdylar. Munuñ bilenem çäklenmediler, muzeý kararnamasynyñ resmi gazetde çap edilmändigi, şonuñ üçinem onuñ kanuny güýjüniñ ýokdugy baradaky ýalan gürrüñleri ýaýratdylar. Bu orta atylanlaryñ düýbünden boş gürrüñlerdigini we ýalandygyny Youtube-däki "Taryhyñ nämälim tarapy" (“Tarihin Bilinmeyen Yüzü”) kanalynda doly püçege çykaryldy, emma şonda-da bularyñ hor-hory ýatarly däl. Suduñ karary bilen segsen alty ýyldan soñ muzeýiñ galan bölegi-de metjide öwrüldi. Atatürküñ adyny milli baýramçylyk senelerimizde-de agzamajak bolup jan edýän Din işleri ministri eli gylyçly, hamala ýeñiş gazanan mysaly metjidi muzeýe öwrenleri "hyýanat etmekde" aýyplady. Elbetde, taryh bulary-da ýazjakdyr. Saýgy ÖZTÜRK. "SÖZCÜ" gazeti, 29.07.2020 ý. Terjime eden: Guwanç MÄMILIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |