20:02

Azerbeýjanly ýazyjylardan gysga hekaýalar

Hekaýalar
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 334 | Добавил: Gurgencli | Теги: Awtorlar kollektiwi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024
Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024
Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024
Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024
Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024
Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024
Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024
Jan / hekaýa - 08.03.2024
Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024
Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024

Teswirleriň ählisi: 7
0
1 yaran_yagmur_9  
1578
Käbir sözleriň ýazylyş düzgünlerini bozup ýazanymyzda dilimize nähili hyýanat edýändigimizi bilemzok.

Öň sözler düşümdir ýöňkeme bilen üýtgände çekimlileri düşürmegiň gümanlyrak, gümürtigräk, ikuçlyrak ýerlerinde düşürmän ýazyp başladylar, bu ýalňyşlyk hasap edilmedi.

Soňabaka bolsa düşürmelidigi görnüp duran, emma munuň üçin birazajyk üns beräýmeli ýerinde hem ("ömür" - "ömri") düşürmek diýen zady goýdular.

Indi metbugatda hem, resmi işlerde hem düşürmän ýazmak düzgün bolup barýar. Bu ýazýanlara bähbitli: grammatikany öwrenmek hökman däl.

Emma grammatikany öwrenmeseň hem göwnüňe güman giden ýerinde "Türkmen diliniň düşündirişli şözlügine" äňedäýmek bolar-a. Ýa düşürmek düýbünden galdymyka? Onda munuň netijesi zyýanly bolar.

Belki, muny ähmiýetsiz bir zat hasap edýändirler? Bu ýerde dile nähili "hyýanat edilýändigine" düşünýän däldirler?

Eger şu wagta çenli düşünmedik bolsalar, men aýdansoňam düşünmezler. Onda-da bir synanyp galaýyn. Mesele esasan şygyrýet bilen baglanyşykly.

Meselem, "ömür", "demir", "jebir", "sabyr" ýaly başga-da harpy düşürilýän ön müňlerçe sözler öňki durkunda galsa (ýagny, olar gerek ýerinde "ömür-ömri" diýip üýtgewli galsa), onda olar gerekli ýerinde öz-özüne deň bolmaga, özüne laýyk gelýän ýeri tutmaga, aýtmak üçin öz ýaýrawyna laýyk güýç talap etmäge, gerek ýerinde bolsa ýaý ýaly "düýrükmäge", "epilmäge", "gysylmaga", ýaýrawy daralany üçin bolsa aýtmak üçin sarp edilmäge endik edilen güýji (energiýany) indiki, özüne ýöňkelýän söze geçirmäge ukyply bolýarlar. Şeýlelikde, gerek ýerinde harpy düşürilip ulanylanda olar çeýe, maýyşgak, gujurly, şygra labyz we owaz berip bilýän sözler bolýarlar. Eger hiç haçan çekimlisi düşmeýän, hemişe süýnmek görnüşde ulanylanda (bu şeýle bolubam barýar), olaryň ägirt köpdügini nazara alsaň, olar şygyrýetde we umuman alnanda diliň "salparmagyna", ysgynsyz we az dinamik bolmagyna getirýär.

Rezinli çaga kemanyny göz öňüne getiriň: rezinler erkin ýagdaýda bolsa, ol gerekli ýerinde süýnüp-gysgalyp, atmak üçin energiýa berer. Emma rezini mydam süýnderip, çekilen ýagdaýda saklasaň, ol özünden güýç öndürip bilmez, salparar ýatar.

Belki, düşündirip bilen däldirin, emma bu şeýle ýagdaý. Öňler düşürilip ýazylýan şözler has känkä dilimiz has maýyşgakdy, kuwwatlydy, "zarňyldar" durardy, şony aýdyp biljek. Indi müňlerçe sözleriň uzyn ýazylyp, "salparyp" ýatandygy üçin dilimiziň hem (aýratynam, şygyrýet dilimiziň) süňňi agralyp barýar. Barysam, aňsadyna bakyp, sözi gysgaltmaýanlaryň ugruna ýykylmakdan.

Sözlerde düşürilip ýazylýan wagty şygyr dilimiziň nähili maýyşgak, süňňüýeňil we gujurly bolandygyndan bir mysal:

"Çok müňni aldady dünýäniň mähri,
Bir güni talh eder agzymny zähri;
Ol Rumy-Haýberiň mühteşem şähri
Alynyň zarbyndan iman getirdi".

"Mähir" sözüni häzir hem gysgaldýarys, "mähiri" diýemzok ahyry" diýmegiňiz mümkin. Emma men tendensiýanyň gürrüňini edýärin. Tendensiýa şeýle dowam etse, "mähiri" hem diýersiňiz. "Ömri" diýmän, "ömüri" diýip ugran bolsaňyz, bu şuňa barar.

0
2 Gurgencli  
324
Köp sagbol agam. Wagtynda öwrenmändiris şol sebäpli indi kösenip ýörüs, ýöne birki ýyl ozalkydan Hudaýa şükür grammatikamy has gowuladym. Jany sagbolsun Serdar aga (@Bagabat) kän zat öwretdi. Indi galan ýalňyşlarymy, kemçiliklerimi siz aýtsaňyz, öwretseňiz sizden öwrenerin agam.

0
3 yaran_yagmur_9  
1578
Men şygyr sözleriniň owazy barada duýgur-ynjyk bolamsoň, öňden toplanan "gygymy" Size pürkäýdim, ýogsam bir harpyň gürrüňi welin...

Howa, "goýberilen ýalňyş näme, beýle hüjüm näme" diýip kyn görmedik bolsaňyz bolýar. Taýagyň astyna Siz düşäýdiňiz, ýöne bu gaty giň ýaýran tendensiýa, meniň pikirimçe zyýanly hem.

Eger Siz ýazyjylyga baş uran bolsaňyz, onda bu grammatiki dürslük meselesi päsgelçilik hem bolup durmazmyka diýýärin, ýazyjylykda bu onunjy ýa ýigriminji bir meseledir-le. Ýazyjylykda esasy talap edilýän zatlar başgadyr, ýöne bu özbaşyna gürrüň.

Men bolsa ýazyjy ýa şahyr däl-de, ýöne dilimizde bolup geçýän gowy we erbet üýtgeşiklere janköýer hökmünde belliklerimi aýdýaryn, aýtmaly zatlar başga-da kän.

Belki makala edip ýazaryn, çünki teswiri Siziň ýaly düşünip kabul etjek başga bolarmy-bolmazmy, meniň bolsa hiç kimi ynjydasym gelenok, aýratynam ýazýan adamyň badyny almagy.

0
4 yaran_yagmur_9  
1578
"Goýberilen ýalňyş nähili, bu hüjüm nähili?" diýip şok bolmadyk bolsaňyz bolýar, inim. Men-ä bu mesele boýunça öňden toplanan "gygymy" Size pürkäýdim. Bu tendensiýany döredýänler sansyz-sajaksyz, taýak astyna düşen Siz bolduňyz.

Umuman, baş uranyňyz yazyjylyk bolsa grammatiki dürslük meselesi düýpli päsgel däldir öýdýän, ol sebäpli zadyňy gowşatmak gerek däl. Beýlekilere, öten-geçenlere ser salyp görseň, bu ýazyjylykda onunjymy-ýigriminji meseledir-le. Ýazyjylykda zerur gerek zatlar başgadyr, ýöne bu aýratyn gürrüň.

Men bu belligi şygyr dilimiziň owazyna ynjyk-duýgur, bu ugurdaky gowy we ýaramaz tendensiýalary görýän janköyer hökmünde ýazdym.

Belki, makala görnüşde ýazmak gerekdir, çünki teswirde aýdylanda beýle giň we düşünip kabul edýän başga boljakmy- bolmajakmy... Men bolsam bilip-bilmän ylaýta-da ýazýan adamyň badyny alasym gelenok.

0
5 yaran_yagmur_9  
1578
Jogap gitmedi öýdüp, täzeden ýazandyryn. Ony ibermän goýup bilmejekdim, "köňül borjym" diýen ýaly. Ýagşy sözi hem, ýaman sözi hem jogapsyz ýerde galdyrasym gelmeýär.

0
6 yaran_yagmur_9  
1578
Howa, Bagabat hem täze söz öwrenende gulagynyň ýanynda tutup owazyny, dişläp-ýalap tagamyny, apteka terezijigine salyp agramyny barlagdan geçirip görmese bolmaýanlardan bolara çemeli :)

Ýazyjy boljak bolsaň, meniň pikirimçe, grammatikany nähili bilseňem, ýazjak diliň leksikasyny - söz baýlygyny welin hökman bilmelimika diýýärin. Käbir žanrlarda bu has möhüm, käbirinde belki esasan many-mazmun bilen alynýandyr.

Emma her nähilem bolsa, ýazyjynyň guraly hiç haçanam galam bolmandy, indem klawiş bilen myşka däl. Ýazyjynyň guraly mydama söz bolupdy, indem şeýle bolarmyka diýýärin. Şol gurala - söze erk etmeli, höküm etmeli, işletmeli.

Ýöne sözem aňryňda pikiriň we duýgyň bolsa işleýär, ýogsam peýdasyz. Pyragy atamyzyň "Dile gelen sözler köňül nagşydyr" diýşi ýaly, sözler içki dünýäňiň beýany bolup durýarlar. Şoňa görä-de adamyň söz baýlygy onuň pikir baýlygynyň alamaty bolup durýar. Hatda iň çeper ýazyjy-şahyra hem ulanmak üçin birnäçe ýüz sany söz gerek. Pikiri we duýgusy baý bolansoň ol beýlekileriňkiden köp bolmadyk şujagaz söz toplumyny müň hili ýol bilen ulanyp, aýratyn dünýäni döredýär, şol sözleri her hili manupirleýär. Howa, bilýän sözi kän, ulanýan fondy çäkli, peýdalanýany hem şol bir 24 harp. Mylly aga, Paganini ýaly ägirtler ýönekeýje saz guramalarynyň iki taryhdan nähili owaz öwüşginlerini almagy başarypdyrlar? Sebäbi, öz hüneriniň üstünde dyngysyz işläpdirler.

Öwüt beremok, çünki bular meniň tejribäm däl, taryhdan bilýän faktlarymy bilşim ýaly aýdýaryn.

0
7 Shapak_A9602  
1502
Gaty manyly hekayalar eken. Okamak üçinem gysgajyk. Aslynda uzyn teswirlerem okamak ýaltandyrýar käte.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]