17:28 Babyş Mämmetýazowyñ «Görogly» şadessanyny öwrenmekdäki hyzmatlary | |
BABYŞ MÄMMETÝAZOWYŇ «GÖROGLY»
Edebiýaty öwreniş
ŞADESSANYNY ÖWRENMEKDÄKI HYZMATLARY Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygider aladasy we tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» şadessany XIX asyrdan bäri daşary ýurtly we türkmen alymlary tarapyndan öwrenilip gelinýär. Türkmenistanda geçen asyryň 30-40-njy ýyllaryndan bäri bu ägirt uly eseri toplamak, neşir etmek we ylmy taýdan öwrenmek boýunça köp sanly işler edildi. Şolaryň netijesinde türkmen folklory öwreniş ylmynda aýratyn görogluşynaslyk pudagy emele geldi. «Görogly» şadessanyny ylmy taýdan öwrenmekde we ony halka ýetirmekde B. Garryýew, A. Gowşudow, N. Aşyrow, B. Ahundow, M. Kösäýew, P. Kiçigulow, B. Weliýew, B. Mämmetýazow, A. Bekmyradow, A. Durdyýewa, A. Baýmyradow, A. Garryýewa we beýleki birnäçe alymlar görnükli işleri bitirdiler. Milli medeniýetimizde we folklorymyzda uly orun eýeleýän bu şadessan boýunça ylmy işleri alyp baran alymlaryň zähmetlerini bahalandyrmak Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ylmynyň öňünde durýan wezipeleriniň biridir. Şu makalada belli görogluşynas alym, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Babyş Mämmetýazowyň (1933-1998) «Görogly» şadessanyny öwrenmekdäki ylmy mirasyna ser salmagy maksat edindik. Geljekki alym 1957-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetini üstünlikli tamamlap, ilki Daşoguz şäherindäki orta mekdepde, soňra şol wagtky Daşoguz pedagogik institutynda mugallym bolup işleýär. 1960-njy njy ýylda Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň aspiranturasyna okuwa girýär. Ol aspiranturada okan ýyllarynda professor Mäti Kösäýewiň ylmy ýolbaşçylygynda «Türkmen halk dessany «Saýatly-Hemra» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär. 1963-nji ýylda dissertsiýany üstünlikli gorap, filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejä eýe bolýar. B. Mämmetýazow soňra ylmy gözleglerden doly bütin ömrüni TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty bilen baglaýar. Ol ömrüniň ahyryna çenli şu institutda ylmy işgär, bölüm müdiri ýaly wezipelerde işleýär. Alymyň türkmen edebiýatyny we folkloryny öwreniş ylymlarynyň ösmegine bagyşlan manyly ömründe neşir edilen monografik işleriniň, ylmy makalalarynyň, edebi synlarynyň, syýasy-jemgyýetçilik temasyndaky makalalarynyň sany 350-den gowrakdyr. Türkmen gahrymançylyk şadessany «Göroglyny» öwrenmek B. Mämmetýazowyň folklory öwreniş ylmynda saýlap alan esasy ugry bolýar. Onuň ylmy işleriniň, ylmy makalalarynyň köpüsi şu ugra degişlidir. Olar türkmen filologiýasynyň şu ugrunda uly goşant hökmünde ykrar edilýär, orta we ýokary okuw mekdeplerinde gollanma hökmünde ulanylýar. Alymyň «Görogly» şadessany boýunça bitiren hyzmatlaryny şu ugurlara bölüp görkezmek bolar: 1. Ilat arasyndan, bagşylardan şadessanyň nusgalaryny toplamak, ýazyp almak; 2. Şadessanyň, onuň nusgalarynyň üstünde ylmy-barlaglary geçirmek, bu ugurda ylmy makalalary, monografiýalary ýazmak; 3. Şadessanyň populýar we ylmy tekstlerini düzmek, çapa taýýarlamak, redaktirlemek we neşir etmek. B. Mämmetýazowyň şadessany ylmy taýdan öwrenmek işi halk arasyndan «Görogludan» dessan aýdýan bagşylary gözläp tapmak we olardan şadessanyň nusgalaryny ýazyp almak bilen utgaşykly bolýar. Ol şu maksat bilen geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan başlap, 90-njy ýyllaryna çenli ýerlerde birnäçe gezek ylmy saparlarda bolup, bagşylardan «Göroglynyň» dürli dessanlaryny, şonuň ýaly-da beýleki halk dessanlaryny, halk döredijilik nusgalaryny irginsizlik bilen ýazyp alýar. Aglaba bölegi «Görogly» şadessanyna degişli bolan alymyň toplan we ýazyp alan şol golýazmalary häzirki wagtda TYA-nyň Milli golýazmalar institutynda aýawly saklanýar. Filologiýa ylymlarynyň doktory Şirinjemal Geldiýewanyň «Mirasgär» atly makalasynda B. Mämmetýazowyň bu ylmy edarada saklanýan golýazma mirasy hakynda degerli maglumatlar berilýär [1]. B. Mämmetýazow Daşoguz welaýatynda ylmy saparlarda bolanda, birnäçe belli bagşylar bilen duşuşyp, olardan «Görogly» şadessanynyň ençeme dessanlaryny ýazyp alýar. 1961-nji ýylda bagşy Kürt Garlyýewden [14.], 1965-nji ýylda Palta Garaýewden [16.], Örä Seýitmädowdan (N. Şükürow bilen), [15.], 1971-nji ýylda Hudaýberdi Çiştelpekowdan (A. Baýmyradow bilen) [21.] şadessanyň «Öwez getiren» dessanynyň dürli nusgalaryny ýazyp alýar. Alym 1965-nji ýylda bagşylar Gurban Öwezowyň [18.] (A. Durdyýewa bilen) we Muhat Gandymowyň aýdan [19.] «Bezirgen» dessanyny hem ýazyp alyp, «Görogly» şadessanynyň golýazmalar baýlygyny artdyrýar. Daşoguzly bagşylaryň aýdan «Harmandäli» dessanynyň birnäçe nusgalary hem alym tarapyndan gola salynýar. Ol bu dessanyň aýry-aýry nusgalaryny 1965-nji ýylda Satlyk Ilekowdan (N. Şükürow bilen) [17.], 1967-nji ýylda Gylyç Ödäýewden (T. Guzuçyýew bilen) [20.] ýazyp alýar. Bu ajaýyp dessanyň ýene bir nusgasy bagşy Ilaman Annaýewiň aýtmagynda 1984-nji ýylda folklorçylar A. Baýmyradow, A. Myradow bilen bilelikde ýazga geçirilýär. [11. 42, 52 s.] B. Mämmetýazowyň Sapargeldi Hudaýberdiýewden ýazyp alnan «Arapdaňan» dessanynda ylmy jemgyýetçilige belli bolmadyk ençeme täze goşgularyň bardygy bellenilmäge mynasypdyr [12.] . Folklory öwreniji alymyň il arasyndan «Görogly» şadessandan toplan köp sanly nusgalarynyň arasynda «Sapar Mährem», «Perizat öýkelän», «Handan batyr» dessanlary-da bar. Alym bu dessanlary Özbegistanyň Horezm uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Saparbaý Rozumbaýew bilen bilelikde Horezmde ýaşaýan türkmenleriň arasyndan ele salýar [13.] . Şeýlelikde, B. Mämmetýazow «Görogly» şadessanynyň ilat arasyndan toplanmagy we ýazylyp alynmagy ýaly iş möhüm işe işjeň gatnaşýar. Alymyň özüniň we onuň beýleki kärdeş ylmy işgärleriniň «Görogly» boýunça toplan baý nusgalary oňa şadessanyň üstünde köptaraplaýyn barlaglar geçirmäge mümkinçilik berýär. Alym şadessanyň nusgalaryny içgin öwrenýär. Geçmişde şadessanyň bu nusgalaryny haýsy bagşylaryň aýdandygyny, olaryň hem kimden öwrenendiklerini, nähili ýerine ýetirendiklerini anyklaýar. Bu ýagdaýyň «Göroglynyň» il arasyna giň ýaýran dessanlar toplumydygyny subut etmäge mümkinçilik berýär. Ýokarda ady tutylan bagşylaryň türkmen bagşyçylyk, dessan aýtmak däplerine uly goşant goşandyklaryna, «Görogly» şadessanynyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly hyzmat bitirendiklerine olardan ýazyp alan nusgalary esasynda has-da doly göz ýetirýär. Şeýle ylmy göz ýetirmeler onuň köp sanly ylmy makalalarynda, esasan «Эпос «Героглы» в репертуре современных ташаузских бахши» [22.], «Ýylanly raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy», [10. 50-92 s.], «Tagta raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy» [9. 66-123 s.], «Görogly» eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy» [7.] ýaly ylmy işlerinde giňden beýan edilýär. Professor B. Mämmetýazow meşhur gahrymançylyk şadessany hakynda ylmy-barlag işleriniň giden bir toplumyny ýazýar. Onuň «Görogly» şadessanyna bagyşlanan makalalarynyň ençemesi gazet-žurnallarda, ylmy ýygyndylarda neşir edilýär. Tbliside, Minskide, Elistada, Aşgabatda, Bişkekde, Kişinyewde geçirlen halkara ylmy maslahatlarynda türkmen gahrymançylyk şadessany «Göroglynyň» ylmy meseleleri boýunça çykyşlar edýär. Öz wagtynda ady tutylan şäherlerde tezisler, makalalar görnüşinde çap edilen şol işler «Göroglynyň» ylmy öwrenilişine esli goşant bolýar. Alymyň «Görogly» şadessany boýunça alyp baran köp ugurly ylmy-barlaglarynyň jemi onuň bäş sany monografiýasynda öz beýanyny tapdy. Olardan «Türkmen halk eposynda prozanyň orny» (A. Durdyýewa bilen awtordaşlykda) [4.] diýen işinde şadessandaky kyssanyň çeperçilik aýratynlyklary barlag edilýär. «Göroglynyň» türkmen nusgasynda beýleki türki halklaryň şadessanlaryndan we dessanlaryndan tapawutlylykda kyssanyň esasy orun eýeleýändigi görkezilýär. «Görogly» eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy» [7.]diýen monografiýada bolsa, şadessanyň žanr we ideýa tematik aýratynlyklary deňeşdirme usulynda seljerme edilýär. Şadessanyň milli özboluşlylygynyň käbir taraplary açylyp görkezilýär. Bagşylar tarapyndan şadessanyň aýdylyş ýagdaýna seredilýär. «Görogly» eposynyň döreýşi hakynda» [5.]atly deňeşdirme usulyndaky işde türkmen gahrymançylyk şadessanynyň döreýşiniň käbir meseleleri we onuň azerbeýjan, özbek, gazak nusgalary bilen genetik baglanyşygy barlag edilýär. «Görogly» şadessanynyň ýordumynyň emele gelmeginde taryhy şertleri, orny öwrenilýär. Awtor köp sanly taryhy wakalary, delilli maglumatlary getirmek bilen, şadessanyň ýordumyna türkmen halkynyň daşky duşmanlara garşy alyp baran gahrymançylykly söweşleriň, taryhy wakalaryň esas bolandygyny tassyklaýar. Bular bilen birlikde dini-mifiki, hyýaly-erteki ýordumlarynyň hem hem şadessanyň ýordumynyň emele gelmeginde we ösmeginde uly orun eýeleýändigi bellenilýär. «Görogly» şadessanynyň ilkinji ýordumlarynyň döreýşi hakynda durulýar, şadessanyň esasynda ýatan hekaýatlaryň üstünde barlag edilýär. Türkmen «Göroglusynyň» ýordumy bilen onuň azerbeýjan, özbek, gazak nusgalarynyň genetik arabaglanyşygy öwrenilýär. Alym şadessanyň çeperçilik meseleleriniň ylmy taýdan barlamaga bagyşlanan ýörite «Görogly» eposynyň poetikasy hakynda» [6.]diýen monografiýasyny hem ýazýar. Onda şadessanyň kyssasynyň, şygryýetiniň, gurluşynyň we ýordumynyň käbir aýratynlyklar görkezilýär. Şadessanyň beýleki türki nusgalary bilen deňeşdirilip, onuň çeperçilik, stilistik özboluşlylygy hakynda durlup geçilýär. Alymyň «Туркменский героический эпос «Гёролы» [23.] atly şadessanyň örän köp meselesini barlaga alynýan monografiýasy hem çap edilýär. Bu iş alymyň «Görogly» şadessany boýunça alyp baran barlaglarynyň we ylmy jemlemeleriniň rus dilli okyjylara ýetirilmeginde ähmiýetli bolýar. B. Mämmetýazowyň« Görogly» şadessanynyň barlaglaryna bagyşlanan düýpli işleri diňe bir türkmen filologiýasynyň görogluşynaslyk pudagynyň ösüşinde mynasyp orun eýelemän, eýsem türkologiýada hem gymmatly barlaglar hasaplanýar. Alym «Görogly» eposy hakyndakyylmy makalalarynyň, ylmy işleriniň esasynda «Türkmen gahrymançylyk eposy «Göroglynyň» poetikasy we häzirki zamanda aýdylyşy» diýen at bilen doktorlyk dissertasiýasyny ýazýar. Ony 1990-njy ýylda Özbegistan Ylymalar akademiýasynyň Dil we edebiýat institutynyň ýöriteleşdirilen geňeşinde üstünlikli goraýar. Alymyň doktorlyk işine resmi opponentler: Gyrgyzystan YA-nyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory R. Z. Kydyrbaýewa, belli özbek alymalary, filologiýa ylymlarynyň doktorlary M. M. Myradow, B. I. Sarymsakow, H. K. Egemow, resmi däl opponentler: Özbegistan YA-nyň habarçy agzasy M. K. Koşjanow, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor J. Ş. Şarypow we beýlekiler ýokary baha berýärler. Onuň ylmy-nazary hem amaly ähmiýetiniň uludygyny, türkologiýa ylmyna mynasyp goşantdygyny deliller bilen belleýärler. Şeýlelikde, B. Mämmetýazow Türkmenistanda folklory öwreniş ylmy boýunça filologiýa ylymlarynyň ilkinji doktory bolýar. B. Mämmetýazow «Görogly» şadessanynyň populýar we ylmy tekstlerini düzmäge, olary çapa taýýarlap neşir etmägehem işjeň gatnaşýar. Ol «Görogly» şadessanynyň täze dessanlar girizilen we giň okyjylar köpçüligine niýetlenen 1990-njy ýyldaky populýar neşirini [2.] alymlar A. Durdyýewa, H. Şamuhammedow we K. Seýitmyradow dagy bilen çapa taýýarlap, okyjylara ýetirýär. Alym «Göroglynyň» bu neşirine girizilen 20 dessandan ««Öwez getiren», «Bezirgen», «Görogly beg we Dawut serdar» «Görogly beg we Balybeg» dessanlarynyň tekstlerini düzýär. Oňa akademik B. Garryýew bilen bilelikde «Görogly» eposy» atly giňişleýin sözbaşy makalasyny ýazýar [2,5-14 s.]. Alym 1996-njy ýyldaky «Göroglynyň» 30 dessanyny öz içine alýan sekiz kitapdan [3.] ybarat türkmen we türk dillerindäki neşiriniň okyjylara, ylmy jemgyýetçilige köp zähmet siňdirýär. Alymlar topary tarapyndan düzülen bu neşir şadessanyň ylmy teksti hasaplanýar we ol alymlaryň arasynda iň bir ähmiýetli neşir hökmünde kabul edilýär. Dessanlaryň tekstleriniň türkmen we türk dillerinde berilmegi şadessany bütin türki halklaryň okap bilmegine, tanyş bolmagyna şert döredýär. «Göroglynyň» öňki neşirlerinden tapawutlanýan şu ylmy tekstiň düzüliş ýörelgeleri şeýle: her bir dessanyň birnäçe golýazmalarynyň arasyndan iň ähtibarlysy, dolusy, çeperçilik taýdan kämili saýlanyp alnyp, şol esasy tekst hökmünde berilýär. Yzyndan bolsa, şol dessanyň her bir golýazmasy barada aýratyn maglumat berilýär. Ondan soň, dessan wakalar esasynda temalara bölünip, golýazmalardaky tapawutlar birin-birin görkezilýär. Şu ýörelge bilen dessanyň ylmy teksti düzülende, okyjy dessanyň hemme golýazma nusgalary bilen tanyş bolup bilýär. Teksti düzüji alymlar dürli bagşylardan ýazylyp alnan şadessanyň köp nusgaly dessanlaryna çemeleşmekde halk döredijiliginiň şunuň ýaly berk talaplaryndan ugur alypdyrlar. B. Mämmetýazow bu ähmiýetli neşiriň ylmy redaktorlaryndan biri bolýar we sekiz sany dessanyň ylmy tekstini düzmäge gatnaşýar. Alym bu neşiriň aýratynlyklary barada «Halk eposynyň ajaýyp nusgasy» diýen makalasyny ýazýar [8.]. Professor B. Mämmetýazowyň «Görogly» şadessanyny öwrenmekdäki hyzmatlary görogluşynaslygyň sahypalarynda mynasyp orna eýedir. Alymyň bu ugurdaky ylmy mirasy «Göroglyny» öwrenijileriň şu günki we geljekki nesli üçin ygtybarly ylmy mekdepdir. EDEBIÝATLAR 1. Geldiýewa Ş. Mirasgär. // «Garagum» žurnaly, 2015, №7. 2. Görogly. Türkmen gahrymançylyk eposy. – Aşgabat: Türkmenistan, 1990. 3. Görogly. Türkmen halk dessany. – Ankara: Bilig, 1, 2, 3, 4, 5, 6, 7, 8-nji kitaplar 1996. 4. Mämmetýazow B., Durdyýewa A. Türkmen halk eposynda prozanyň orny. – Aşgabat: Ylym, 1976. 5. Mämmetýazow B.«Görogly» eposynyň döreýşi hakynda. – Aşgabat: Ylym, 1982. 6. Mämmetýazow B.«Görogly» eposynyň poetikasy hakynda.– Aşgabat: Ylym, 1984. 7. Mämmetýazow B. «Görogly» eposy we onuň häzirki zaman ýagdaýy. – Aşgabat: Ylym, 1979. 8. Mämmetýazow B. Halk eposynyň ajaýyp nusgasy. // «Aşgabat» gazeti, 1997, 28-nji ýanwar. 9. Mämmetýazow B. Tagta raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy. // Türkmen folklory häzirki zamanda.– Aşgabat: Ylym, 1976. 10. Mämmetýazow B. Ýylanly raýonynda türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy. // Türkmen folklorynyň häzirki zaman ýagdaýy.– Aşgabat: Ylym, 1975. 11. Myradow A. Ilaman bagşy hem-de onuň edebi-folklor mirasy.– Aşgabat: Magaryf, 1992. 12. Orazow A. Mämmetjumaýew A. Folklory öwreniji alym. // «Mugallymlar gazeti» gazeti, 1993, 24-njifewral. 13. Orazow A. Türkmen halkynyň ajaýyp eposy. // Görogly. Türkmen halk dessany.1-nji kitap. – Ankara: Bilig, 1996. 14. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy. 960 f belgili bukja. 15. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1044 f belgili bukja. 16. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1050 f belgili bukja. 17. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1051 f belgili bukja. 18. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1052 f belgili bukja. 19. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1074 f belgili bukja. 20. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1115 f belgili bukja. 21. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň gaznasy.1186 f belgili bukja. 22. Мамедязов Б. Эпос «Героглы» в репертуре современных ташаузских бахши. // Известия АН ТССР. Серия общ. наук. 1973, №2. 23. Мамедязов Б. Туркменский героический эпос «Гёроглы». – Ашгабад: Ылым, 1992. ДЕЯТЕЛЬНОСТЬ БАБЫША МАМЕДЯЗОВА ПО ИЗУЧЕНИЮ ЭПОСА «ГЁРОГЛЫ» Известный гёроглывед, доктор филологических наук, профессор Бабыш Мамедязов (1933-1998) сыграл большую роль в изучении эпоса «Гёроглы». Это направление фольклористики стало для него основным. Будучи в научных командировках, он кропотливо записывал из уст бахши – исполнителей эпоса «Гёроглы» разные варианты входящих в него дестанов и глав, тем самым обогатив рукописный фонд образцов данного произведения. Б. Мамедязов написал целый ряд исследований, посвященных туркменскому героическому эпосу «Гёроглы», выступал на международных научных конференциях по различным вопросам, касающимся данного произведения. Проведенная ученым работа нашла свое отражение в пяти монографиях, которые составляют фундамент не только для развития туркменской филологии, туркменского гёроглыведения, но и тюркологии в целом. Защитив докторскую диссертацию по теме «Поэтика и современное исполнение туркменского героического эпоса «Гёроглы», он стал первым доктором филологических наук по фольклористике. Ученый принимает активное участие в издании эпоса «Гёроглы», являясь одним из составителей и редакторовопубликованной в 1990 году популярной, а в 1996 году - научной версии текста эпоса. Научное наследие профессора Б. Мамедязова является надежной школой для сегодняшних и будущих исследователей эпоса «Гёроглы». ACTIVITY OF BABYSH MAMMETYAZOV AT STUDYING OF THE GOROGLY EPOS The famous expert in studying Gorogly, the Doctor of Philology, professorBabyshMammetyazov (1933-1998) has played the big role in studying of Gorogly epos. This direction of folklore became the basic one for him. During scientific business trips, he laboriously wrote down different versions of destans and chapters entering the epos Gorogly heard from its bakhshi-performers, thereby having enriched the hand-written fund of samples of the given work. B.Mammetyazov wrote a variety of the research devoted to the Turkmen heroic epos Gorogly, participated at the international scientific conferences on the various questions concerning the given work. The work done by the scientist found the reflexion in five monographies which make the base not only for development of Turkmen philology, Turkmen Gorogly expert work, but also study of Turkic languages as a whole. Having protected the doctoral thesis on a theme of Poetics and modern performance of the Turkmen heroic epos Gorogly, it became the first Doctor of Philology on study of folklore. The scientistactively participated in publication of the epos Gorogly, being one of composers and editors of the popular version of the text of the epos published in 1990 popular, and the scientific one – in 1996. The scientific heritage of professor B.Mammetyazov is a reliable school for today's and future research of the epos Gorogly. Gülruh NURYÝEWA. Kitapda: «Görogly» şadessany dünýä halklarynyň epik mirasynda (Makalalar ýygyndysy). – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2016. 237-244 sah. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |