16:15 Dädem Gorkut wesýet etmiş | |
DÄDEM GORKUT WESÝET ETMIŞ
Edebi makalalar
«Gorkut ata» şadessany türkmen halkynyň ruhy-edebi gymmatlyklarynyň genji-hazynasydyr. Ol halkymyzyň milli mirasynyň ulgamynda aýratyn orun tutýar. Bu şadessan öz zamanynda-da, soňky döwürlerde-de türkmeniň gymmatly ýörelge kitaby bolup geldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu ajaýyp kitap mirasymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde «Kitaby dädem Gorkut» ady bilen täzeden okyjylara ýetirildi. Çünki şadessanyň gatlaryndaky pelsepe gymmatlyklar şu günki bagtyýar jemgyýetimiziň ruhy binýatlardyr. «Gorkut ata» türkmen dünýägaraýşynyň, türkmen pelsepesiniň jemlenen eseridir. «Gorkut atadaky» hekaýatlary döreden ýa-da halk içinden toplap, çeper gymmatlyga öwren Gorkut atanyň özüdir. Ol dana, pelsepeçi alymdyr, öz iline hiç wagt gymmaty gaçmajak pähimleri wesýet edip geçen ozandyr. Adamzadyň taryhy onuň medeniýetli ýaşap başlan döwürlerinden şu wagta çenli örän çylşyrymly ruhy ýollary geçipdir. Dünýä, adam, ýaşaýyş, haýyr we şer ýaly meseleler adamzat aňynyň ösüşinde hemişe möhüm orny eýeläp gelipdir. Şeýle meselelere her bir adamyň, her bir halkyň öz garaýşy, pelsepesi bolupdyr. Dürli ynançlar, dürli dinler, dürli ýörelgeler döräpdir. Adamzada ynsan ruhuny tämizleýän, ony haýyr tarapa ugrukdyrýan, ahlagyny kämilleşdirýän pelsepeler hemişe zerur bolupdyr. Adamlaryň şeýle haýyrly pelsepelere uýmaklary, amal etmekleri netilesinde dünýä, adamzat jemgyýeti gülläp ösüpdir. Jemgyýetde parahatçylyk, adamlaryň arasynda dostluk höküm sürüpdir. Nesilleriň hatyrasyna gurmak, döretmek ýörelgeleri rowaç alypdyr, nesiller dowamat dowam bolupdyr. Gorkut ata adamzat üçin şeýle pelsepeleri, ýörelgeleri döreden, wagyz eden, durmuşa ornaşdyran akyldarlaryň biridir. Ol türkmen halkynyň pelsepewi garaýyşlarynyň kemala gelmeginde we ösüp kämilleşmeginde aýratyn hyzmat bitiren şahsyýetdir. Gorkut ata oguzlaryň ‒ türkmenleriň yslamy meýletin kabul etmeginde hem uly hyzmatlary bitiripdir. Yslamyň ündeýän ahlak ýörelgeleri, ynançlary Oguz han döwründen bäri ýeke taňrylyga eýerip gelýän türkmenleriň dünýägaraýyşlaryna laýyk gelipdir. Hut şonuň üçin hem akyldar Gorkut ata özüniň pelsepelerini yslamyň ýörelgeleri bilen utgaşdyryp beýan edipdir. Adamzadyň ruhy dünýäsi juda çylşyrymly. Oňa düşünmek, täsir etmek aňsat däl. Gorkut ata ýaly akyldarlar adam dünýäsine, onuň ruhuna aralaşyp, oňa täsir edip bilipdirler. Adamlary sözi, parasady, pelsepesi bilen dogry ýola gönükdiripdirler. Gorkut ata halka sözi, sazy bilen täsir eden ozandyr. Beýik ozan öz şahyrana pelsepewi wesýetlerine saz nepesini salyp, gopuzy (gopuz ‒ dutaryň köne ady) bilen saz çalyp, jemagata beýan eýläpdir. Görkut dädemizden biziň günlerimize wesýet bolup gelip ýeten şol sözler durşuna pelsepewi garaýyşlara ýugrulan. Oňa düşünmek, akyldaryň pelsepesiniň düýp mazmunyny açmak üçin «Gorkut ata» şadessanynyň many çuňluklaryna siňmeli. «Gorkut ata» şadessanynda milli pelsepe iki jähetde ýüze çykýar. Birinji, şadessanyň wakalaryna gatnaşýan Gorkut atanyň özi halka boý boýlap, öwüt berýär. Gorkut atanyň hut özüniň aýdan şygyrlarynyň özünde çuňňur pelsepewi pikirler bar. Ikinji, pelsepewi pikirler şadessanyň aýry-aýry boýlarynda (bölümlerinde) beýan edilýän hekaýatlaryň, wakalaryň, hadysalaryň, gahrymanlaryň aýdýan şygyrlarynyň mazmunyndan ýüze çykýar. Eger şadessany Gorkut atanyň döreden eseri hasap etsek, onda eseriň tutuş mazmunyndaky pelsepäni döredijiniň, onuň eýesiniň Gorkut atanyň özüdigi baradaky pikir gelip çykýar. Gorkut ata halkyň ata-baba dowam edip gelýän pelsepesini ösdüren, döwrüniň aýratynlyklaryna görä kämilleşdiren, umumylaşdyran we täze pelsepeleri döreden şahsyýetdir. Onuň öz iline, geljekki nesillere eden wesýetleriniň, hikmetli sözleriniň, tutuş şadessanyň içinden eriş-argaç bolup geçýän pelsepe garaýyşlarynyň umumy mazmuny aşakdaky ugurlardan düzülýär: - Jemgyýetde ahlak, terbiýe, bilim gymmatlyklarynyň derejesini ýokary götermek hakyndaky pelsepe garaýyşlar; - Halkyň bitewiligi, halkyň agzybirligi, halkyň eşretli ýaşaýşy, ajaýyp geljegi hakyndaky pelsepe garaýyşlar; - Watany söýmek, Watanyň mertebesini ýokary götermek, Watany, il-güni goramak we oňa wepalylyk hakyndaky pelsepe garaýyşlar; - Döwletiň, ýurduň berkararlygy, dowamatlylygy, abadanlygy hakynda alada etmek hakyndaky pelsepe garaýyşlar. - Gahrymançylyk, edermenlik, gaýduwsyzlyk, batyrlyk hakyndaky pelsepe garaýyşlar. «Gorkut ata» şadessanynyň gatlaryndaky bu pelsepe ugurlar bir-birinden aýrybaşga zatlar bolman, eýsem olar özara berk baglanyşykly bitewi taglymatdyr. Bu baglanyşygy şeýle pikir ýöretmek bilen göz öňüne getirip bolar: Jemgyýetde ynsan gatnaşyklay kämil, adamlaryň ahlak-terbiýesi, bilim derejesi ýokary bolsa, şol halkyň ruhy baý bolup, ruhy gymmatlyklary döredip bilýän halk bolýar. Ruhy baý halk bolsa, özara oňşuksyzlygyň, dawa-jenjelleriň nämedigine düşünýär, uruşlaryň millete ýetirýän zyýanyny ölçäp bilýär. Agzybirligi baýdak edinen halkyň il-ýurdy abat bolup, Watany gülläp ösýär. Şeýlelikde, ruhy baý, agzybir halkyň ýurdunda Döwlet berkarar, dowamat dowam bolýar. Watany, döwleti, halky goramak üçin kuwwatly goşun gerek. Şol kuwwatly goşuny bolsa, batyr, edermen, gahryman serkerdeler, esgerler düzmeli. Watanyň, döwletiň, halkyň ykbaly esgerleriň batyrlygyna, gaýduwsyzlygyna bagly. Hut şonuň üçin hem «Görkut ata» şadessanynyň mazmuny tutuşlygyna gahrymançylyk, edermenlik, batyrlyk pelsepesine ýugrulan. «Watan öz öýüň bosagasyndan başlanýar» diýen parasatly aýtgy bar. Munuň hakykatlygyna şübhe ýok. Ýöne bu meselä maddy nukdaýnazardan (Watanyň, ýurduň çäkleri, oňa degişli maddy zatlar, ýaşaýan öýüň) garalanda şeýle. Eger-de Watana ruhy jähetden (adamyň kalbyndaky öz Watanyna bolan söýgüsi, Watan mertebesi...) garan pursatyňda «Watan özüňden başlanýar» diýilse-de ýalňyş däldir. Çünki ynsan üçin Watanyň maddy taýdan barlygy, Watanyň mukaddesligi, mertebesi, goraglylygy onuň özüniň ahlak taýdan kämilligine, belent ruhuna baglydyr. Meselem, namart, gorkak, nalajedeýin, haýyn häsiýetli kişiniň düşünjesinde, elbetde, Watan ýokdur. Watan belent ahlakly, ynsanperwer, mert kişileriň ýanynda öz hakyky gymmatlygyna eýe bolýandyr. Hormatly Prezidentimiziň çuň manyly parasatly sözleri bilen aýtsak, «Watany diňe mertler beýgeldýändir». Hut şuňa görä, dädem Gorkudyň wesýet eden zatlarynyň biri-de ilki özüňi düzetmekdir (Magtymguly, ilki özüň düzetgül...), jemgyýetdäki her bir ynsanyň ynsanperwer, halal, mert ýaly ajaýyp ahlak häsiýetlerine eýe bolmagydyr. «Är jomardyn, är näkesin ozan biler» diýip, Görkut atanyň özüniň aýdyşy ýaly, hut akyldaryň özi jemgyýetdäki adamlaryň ýagşysyny-ýamanyny tanap bilipdir we jemagata ahlak-terbiýe gymmatlyklaryny wesýet edipdir. Gorkut atanyň şygyrlarynda dünýä, ýaşaýyş, ynsan, onuň durmuşy we häsiýeti, adamlaryň özara gatnaşyklary, haýyr we şer hakynda örän manyly pelsepeler beýan edilýär. Özi hem olar gysga çeper sözler, meňzetmeler, gapma-garşy goýlan düşünjeler bilen berilýär. Şol pähimleriň köpüsi özüniň many çuňlugy, çeperligi bilen halk nakyllaryna öwrülipdir. Gorkut atanyň «Tekepbirlik eýleýeni Taňry sewmez...» diýen pähimi ynsan häsiýeti hakda bolup, onda tekepbirlik ýaly erbet häsiýetiň Alla tarapyndan halanmaýandygy aýdylýar. Görkut atanyň aýdan bu hikmeti il arasynda nakyla öwrülip galypdyr. «Tekepbiri Taňry söýmez» diýen nakyl Görkut atanyň ynsan häsiýeti hakynda döreden milli pelsepesinden bir mysaldyr. Şu pelsepe bilen manydaş akyldaryň «Köňlün ýuža (ýokary) tutan ärde döwlet olmaz...» diýen sözünde hem ynsan häsiýeti hakynda pikir ýöredilýär. Men-menlik etmek, tekepbir bolup, köňlüňi ýokary tutmak ýaly häsiýetiň ynsany nämä eltýändigi şadessanyň «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýny beýan eder» boýunda güýjüne bäs gelip bilmän ýören batyr, däli ýigit (ol döwürde güýçli batyr ýigitlere «däli» diýlipdir) Domrulyň başdan geçiren wakalarynyň üsti bilen täsirli beýan edilýär. Ajal perişdesi Ezraýyl bilen döwüşmek islän Domrul ondan ýeňlip, amana gelýär. «Kül depejik olmaz», «Gara eşek başyna uýan ursaň, gatyr olmaz», «Esgi panbuk (pamyk) biz olmaz» diýen pähimlerde pes häsiýetli kişileriň ýa-da asly pes zatlaryň hiç wagt mertebä eýe bolup bilmejekdigi baradaky pikir-garaýyşlar öwrümli sözler, täsin deňeşdirmeler bilen beýan edilipdir. «Ýalan söz bu dünýäde olynça olmasa ýeg (gowy)» diýýän Gorkut ata ýalançylyk, aldawçylyk ýaly ýaramaz häsiýetleriň jemgyýetde, dünýäde bütinleý ýok bolmagyny isläpdir. Ýalançylygyň jemgyýetde nähili ýazgarylýandygyny şadessanyň «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder» boýunda aýdyň görmek bolýar. Duşmanlara ýesir düşen Bamsy Beýregiň ýalandan ölüm habaryny getirip, onuň hatynyna öýlenmek islän Ýalançy ogly Ýaltajygyň hilesi açylansoň, haýyny jezalandyrmak üçin jemgyýetň bütin agzalary aýaga galýar. Gorkut ata ynsanyň ajaýyp gylyk-häsiýetleri bolan sahylygy, jomartlygy, elaçyklygy, myhmanparazlygy ündäp: «Är malyna gyýmaýynça, ady çykmaz», «Gonagy gelmeýen gara ewler (öýler) ýykylsa ýeg» diýýär. Ata-ene bilen perzent gatnaşyklay Gorkut atanyň pelsepelerinde aýratyn orun tutýar. Perzendiň döwletli, edepli, terbiýeli bolmagy ata-enäniň göreldesine bagly: «Gyz eneden görmeýinçe, ögüt almaz», «Ogul atadan görmeýinçe, sufra çekmez». Türkmenlerde gadymdan bäri ogul perzende aýratyn ähmiýet berlipdir. Bu mesele şadessanyň bütin dowamynda örän çuňňur mazmunly beýan edilýär: «Ogul atanyň ýeteridir, iki gözüniň biridir», «Döwletli ogul gopsa, ojagynyň közüdir». «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder» boýunda Baýbüre beg ogulsyzlygy üçin aglaýar. Aglamagynyň sebäbi barada şeýle diýýär: « – Han Gazan, nije aglamaýyn, nije bozlamaýyn? Oguldan ortajym ýok, gardaşdan gadyrym ýok. Allatagala meni gargaýubdyr. Begler, täji-tagtym üçin aglaram. Bir gün ola düşem, ölem, ýerimde-ýurdumda kimse galmyýa». Şu sözlerden görnüşi ýaly, ogul perzent atanyň ölende yzyny ýöretjek dowamy, ynsanyň yzynda galan ýurdunyň, ojagynyň, mal-mülküniň eýesi. Bu hakynda Gorkut atanyň ýene bir pähimi bar: «Ata adyny ýöridende döwletli ogul ýeg». Ol zamanlarda ogly bolan kişiniň has mertebelenýändigini şadessanyň «Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder» diýen boýunda hem anyk görmek bolýar. Baýandyr han ýylda bir gezek köp harajat, mal sarp edip, oguz beglerini çagyryp toý berýär. Şonda Baýyndyr han şeýle diýýär: « ‒ Kimiň ki ogly-gyzy ýok, gara otaga gonduryň, gara keçe altyna düşäň, gara goýun ýahnasyndan öňüne geturiň: Iýrse iýsun, iýmezse tursun gitsun ‒ diýmişdi. Ogly olany ak otaga, gyzy olany gyzyl otaga gonduryň. Ogly-gyzy olmaýany Allatagala gargaýypgyr, biz dahy gargaruz, bellu bilsin ‒ diýmiş idi». Jemgyýetde ogul perzende aýratyn orun berilmeginiň sebäbi, şol döwrüň syýasy, sosial, harby ýagdaýlary bilen baglydyr. Öýüňi, il-ýurduňy, Watany goramak üçin batyr urşujy esgerler gerek. Batyr ýigitler ‒ Watanyň galasy, halkyň daýanjy. Hut şonuň üçin hem Gorkut atanyň pähimlerinde erkek oglana aýratyn orun bermek pelsepesi ýöredilýär. Şadessanda Baýbüre beg şeýle diýýär: «Menim dahi oglum olsa, han Baýyndyryň garşusyn alsa-dursa, gulluk eýlese, men dahi baksam, sewinsem-guwansam, güwensem». Bu sözler oguz perzendiniň ykbalynyň döwlet, il-gün bilen baglylygyny görkezýär. Ogluň hana gulluk edip, onuň emrini ýerine ýetirmesi, esger bolup, Watana gulluk etmesi oguz-türkmen jemgyýetinde kabul edilen kanun bolupdyr. Eger ogul perzentden edilen tama çykmasa, onda munuň ýaly ogullara Gorkut ata şeýle diýýär: «Ata adyny ýöritmeýen hoýrad (ýaramaz) ogul ata bilinden ininçe, inmese ýeg. Ene rahmyna (göwre, ýatgy) düşünçe, dogmasa ýeg». Görkut ata eýýamynda çaga doglan wagty oňa at dakmandyrlar. Ogul perzent ýetişip, bir üýtgeşik edermenlik görkezensoň, at alamak hukugyna eýe bolupdyr. Mysal üçin, şadessanda Dirse hanyň ogly on bäş ýaşyna baranda Baýandyr hanyň äpet bugasyny ‒ öküzini ýeňýär. Şonuň üçin Gorkut ata oglanyň atasynyň ýanyna gelip, oglanyň iş bitirendigini, oňa mynasyp tagt, goýun, düýe, at, öý, don bermegini soraýar we şeýle diýýär: « ‒ Baýandyr hanyň ak meýdanynda bu oglan jeň etmişdir, bir buga öldürmiş. Seniň ogluň ady Bugaç olsun. Adyny men werdüm, ýaşyny Alla wersin». Şundan görşümiz ýaly, adam jemgyýetde edermenlik görkezensoň, at almaga hukugy bar diýen pelsepe Gorkut ata zamanasynyň esasy ýörelgesi bolup, ol köpçülik tarapyndan kabul edilipdir. Jemgyýetiň sazlaşykly ösüşine, kämilligine täsir edýän, mertlik-namartlyk meselesi şadessanyň bütin dowamyndan eriş-argaç bolup geçýär. Şadessanda mertlik, mert ýigit hemişe wasp edilýär. Onuň tersine, namartlyk paş edilýär, namart ýigidiň pes häsiýeti, keşbi açylyp görkezilýär. Görkut ata namart ýigit hakda şeýle diýýär: «Sarp (dik, kert, uçut) ýörigen kazylyk ata namard ýigit bine bilmez, bininçe-binmese ýeg», «Çalyp keser uz gylyjy muhannesler (namartlar) çalynça çalmasa ýeg», «Çala bilen ýigide ok-le gylyçdan bir çomak (taýak) ýeg». Namartlaryň nähili erbet işlere ukyplydyklaryny, hatda olaryň ata bilen ogluň arasynda duşmançylyk döredip, ganly çaknyşyga eltip bilýändiklerini şadessanky wakalaryň mazmunyndan görmek bolýar. «Dirse han ogly Bugaç han boýny beýan eder» diýen boýda Bugaç han atasy Dirse handan pata alyp, beglige ýetip, tagt eýesi bolansoň, atasynyň öňki kyrk ýigidi oňa göriplik edýärler. Bugajy atasyna ýamanlap, Dirse hanyň öz ogluny atyp ýaralamak ýaly derejä ýetirýärler. Ine, namartlaryň, namartlygyň jemgyýetde ynsan gatnaşyklaryna, mukaddes ata-ogul gatnaşyklaryna ýetirýän erbet täsiri. Hut şonuň üçinem Gorkut atanyň namartlara garşy pelsepesi örän düýpli hem zabun. Türkmenleriň jemgyýetde aýal-gyzlaryň orny, mertebesi baradaky pelsepe garaýyşlar «Görkut ata» şadessanynda aýratyn mana eýedir. Şadessanyň giriş bölüminde ozanyň ‒ Gorkut atanyň dilinden aýdylan sözlerde jemgyýetdäki aýallaryň sypatlary, häsiýetleri örän aýdyň açylyp görkezilýär: «Ozan aýdar: garylar (aýallar) dört dürlüdir: birisi solduran sopdur, birisi tolduran topdyr, birisi ewiň taýagydyr, birisi nije söýlärseň, baýagydyr». Gorkut ata «ewiň taýagydyr», ýagny «öýüň sütünidir» diýip baha berlen aýallary magtap, olaryň çagalarynyň köpelip, örňäp gitmegini, her kimiň ojagyna şeýle aýalyň gelmegini dileg edýär. Beýleki üç hili erbet häsiýetli aýallardan Allanyň özüniň saklamagyny dileýär. Hatynyň maşgalada ärine ýakyn maslahatçy, ruhy goldawçy bolýandygyny şadessanyň mazmunyndan görmek bolýar. Dirse han Baýyndyr hanyň zyýapatynda ogulsyzlaryň gara otagynda oturyp gelensoň, aýalynyň ýanynda ogulsyzlykdan zeýrenýär. Şonda aýaly ärine ajy doýrup, ýalaňajy geýindirmegi, bergidary bergisinden gutarmagy, mal-harajat çykaryp, toý bermegi maslahat berýär. Dirse han hatynynyň haýyrly maslahatyny berjaý edýär: «Dirse han dişi ähliniň (aýalynyň) sözi-le toý eýledi, hajat diledi...». Köpüň dilegleri, alkyşlary bilen Dirse hanyň ogly bolýar. Halkymyzyň aýal-gyzlar hakyndaky ideal garaýyşlary şadessanda köp sanly aýal-gyzlaryň keşplerniň üsti bilen ýüze çykarylýar. Zenanlaryň öz ýarlaryna wepalylyk häsiýetleri «Gorkut ata» şadessanynyň hemme boýlarynda diýen ýaly beýan edilýär. Mysal üçin, «Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder» boýunda Bamsy Beýrek tussaglykda bolanda ýary Banyçiçek oňa on alty ýyllap garaşýar. «Salar Gazanyň ewi ýagmalandygy boýny beýan eder» boýunda Salyr Gazanyň aýaly Burla hatyn duşmana ýesir düşende gözüniň alnynda ogly Oraza agyr sütem etjek bolanlarynda hem äriniň namysyny, mertebesini goraýar. «Döwhe goja ogly Däli Domrul boýny beýan eder» boýunda Däli Domrulyň aýaly öz ýary üçin janyndan geçmäge razy. «Owşun goja ogly Segrek boýny beýan eder» boýunda gyz ýary Segregi duşmana ýesir düşen agasyny getirmek üçin howply ýola ataranda näçe ýyllap garaşmaly bolsa-da garaşjakdygyny aýdyp, şeýle diýýär: «...Dört ýylda gelmezseň, bäş ýyl, alty ýyl bakam. Alty ýol aýyrdynda çadyr dikem. Gelenden-gidenden habar soram. Haýyr habar geturene at, don berem, kaftanlar geýdurem. Şer habar getirenuň başyn kesem. Erkek siňegi üzerime (üstüme) gondurmaýyn». «Gaňly goja ogly Gantöreli boýny beýan eder» boýunda Seljan hatyn söýgülisi Gantöreli üçin edermenlik görkezýär, täk özi söweşe girip, ony ölümden gutarýar. Şadessanda Watany, il-ýurdy goramagyň mukaddes borçlugy «Salur Gazanyň ewi ýagmalandygy boýny beýan eder» boýunda aýdyň şöhlelenýär. Boýda Salyr Gazanyň we onuň ýigitleriniň ýok wagty duşmanlaryň oguz-türkmen ilini çapyşlary suratlandyrylýar. Il-güni, öýi, bar döwleti talanan, aýaly, ogly, bütin gul-garawaşy ýesir düşen Gazan han duşmanlaryň yzyndan kowýar, mert, edermen ýigitleri bilen söweş edip, oguz ilini, maşgalasyny halas edýär. Şu söweşde Gazan begiň wepaly çopany Garajyk hem gahrymançylyk görkezip, il-güni duşmandan goramagyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. «Besediň Depegözi öldürdigi boýny beýan eder» boýunda Watanyň, il-günüň üstüne howp abananda mert ýigitleriň oňa garşy durşy beýan edilýär. Batyr, edermen ýigit Beset oguz-türkmen ili üçin bela-beter bolup dörän, ençeme oguz ýigitleriniň başyna ýeten Depegozi öldürip, il-halky uly howpdan gutarýar. Gorkut ata: «Ärlikle gardaşyň ganyny aldyň. Galyň oguz beglerini ýükden gutardyň. Alla ýüzüň ak etin, Beset!» diýip, il-gün üçin iş bitiren Besede alkyş edýär. Akyldaryň il-günüň abatlygyna, ýurduň, jemgyýetiň berkararlygyna howp salýan duşman barada wesýet eden pelsepewi sargytlary şeýle: «Garry duşman dost olmaz», «Gara polat uz gylyjy çalmaýynça, gyrym (duşman, garşydaş) dönmez». Gorkut ata Watan gorap, edermenlik görkezen, il-gün üçin beýik işler bitiren oguz beglerine alkyş-doga edende: «Gara daglaryň ýykylmasyn», «Kölgelije gaba agajyň kesilmesin», «Gamyn akan görkli suwuň gurymasyn» diýip, ýurduň parahatlygyny, il-günüň abatlygyny dileg edýär. Ozanyň bu ýerdäki beýan eden «gara daglary», «gaba agajy» (baglar, tokaýlar), «akyp duran görkli suwy» (çeşmeler, derýalar) eziz Watany, il-günüň mesgen-mekanyny aňladýar. Bularyň üsti bilen Gorkut atanyň watançylyk pelsepewi garaýyşlary ýüze çykýar. «...Ozan dili çäwik (çakgan, çalt, ýetişikli) olur» diýlip, şadessanyň özünde aýdylyşy ýaly, beýik ozan Görkut atanyň dogaýy dilinden çykan pähimler asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Gorkut dädemiziň tutuş oguz-türkmen nesillerine eden manydan hem pikirden püre-pür bolan wesýetleri şu günki türkmen ýaşlary üçin ýol-ýörelgedir. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda milli mirasymyzyň genji-hazynasy «Gorkut ata» şadessanymyzyň gadyr-gymmaty has-da beýgelýär. Bu ajaýyp esere sarpa goýlup, dädem Gorkudyň wesýetleri amal edilse, eziz Watanymyzyň ajaýyplyklara tarap has-da özgerjekdigine ynansa bolar. Gülruh NURYÝEWA, Magtymguly adyndaky TDU-nyň uly mugallymy. «Esger» gazeti, 14.01.2016 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |