MAŞGALA BINÝADYNYŇ KÖKLERI
● Ol «Gorkut ata» şadessanynda aýdyň şöhlelenýär
Türkmen halkynyň milli mirasynyň ulgamynda «Gorkut ata» şadessany aýratyn orun tutýar. Milli gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan we ony has-da rowaçlandyrmak üçin bimöçber işleri amala aşyrýan Arkadag Prezidentimiz bu eseriň gymmaty barada şeýle diýýär: «Gorkut ata» şadessany oguz türkmenleriniň taryhyň gatbar-gatbar tylla kökenine düzülen gadymy durmuş pelsepesini, dil baýlygyny özünde jemlemek bilen bir hatarda türkmen halk döredijiliginiň dünýäniň milli mirasyna goşan edebi gymmatlygy hökmünde ykrar edilen ajaýyp edebi ýadygärlikdir». (Berdimuhamedow Gurbanguly. Sözi şerbet, şygry zynat. // Şu kitapda: Kitaby dädem Gorkut. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015, 8 sah.).
Şadessanda jemgyýetiň aýrylmaz bölegi hem daýanjy bolup durýan maşgala mukaddesligi, är-aýal, ata-ene we perzent gatnaşyklary, çaga terbiýesi hakynda gymmatly maglumatlar şöhlelenýär. Gadym oguz türkmen durmuşynyň aýnasy bolan bu eserde toý, nika, maşgala däp-dessurlary aýdyň beýan edilýär. Bulardan türkmenleriň maşgala binýadynyň kökleriniň gadymdan gelýän berk ahlak kada-düzgünlerine esaslanýar.
Oguz türkmen ilinde maşgala gurmagyň asyrlardan bäri ýaşap gelýän we ebedi hormat goýlan ynsanperwer ýörelgeleri bolupdyr. Maşgala gurmaklyk, öýlenmek ýigit bilen gyzyň bir-birine bolan söýgüsi, ata-enäniň razylygy we olaryň ak patasy esasynda amala aşyrylypdyr. Ata-eneler perzentleriniň özlerine baky hemra boljak ýanýoldaş saýlamak isleglerine garşy bolman, olara ruhy we maddy kömek beripdirler. Bu meselede ýigit bilen gyzyň pikir-isleglerine hormat goýlupdyr. Ýaş ýigit gelinlik saýlanda onuň her bir jähetden öz häsiýetine, duýgy-düşünjesine, başarjaňlyk ukyplaryna laýyk gelmegi şert bolupdyr. Muny şadessandaky ýaş ýigitleriň biri Ganturaliniň özüniň gelinlik üçin saýlamakçy bolýan gyzy hakynda atasyna aýdýan şu sözlerinden görmek bolýar: «Baba, men ýerimden turmadan, ol turmuş ola, Men Garagoç atyma binmeden, ol binmiş ola...» Onda atasy şeýle diýýär: «Ogul, gyz görmek senden, mal-ryzk wermek menden».
Öýlenmek isleýän ýaş ýigit saýlan gyzynyň öňünde özüniň maşgala gurmaga taýýarlygyny subut etmeli bolupdyr. Bu ýolda agyr, uly synaglardan geçipdir, özüniň gujur-gaýratyny, kesp-kär eýesidigini görkezipdir. Duş geläýjek kynçylyklary mal-baýlyga, ene-ata ýardamyna arkalanyp däl-de, diňe özüniň güýji, gaýraty, işi, islegi bilen çözüp bilýändigini görkezipdir. Şadessanyň soňky wakalaryndan görnüşine görä, Ganturali özüniň beýik ruhy, ahlagy bilen şeýle talap-synaglardan geçip, maksadyna ýetýär we öz saýlan gyzy bilen maşgala gurýar.
Maşgalanyň ata-enäniň we oglan-gyzyň razyçylygy bilen gurulýandygyny Baýbüre ogly Bamsy Beýrek bilen Baýbijan gyzy Banyçiçegiň durmuşlaryndan hem görmek bolýar. Oguz begleriniň dilegi bilen Alladan ogul isleýän Baýbüre, gyz arzuwlaýan Baýbijan dilegleri kabul bolsa, dünýä injek perzentlerini adagly etjekdikleri yglan edýärler. Dilegler kabul bolup, perzentler dünýä inýärler. Atalaryň eden şertlerine görä, iki çaga sallançakda wagty adagly edilýär. Bamsy Beýrek bilen Banyçiçek kemala gelensoňlar, bir-birlerini halaýarlar, göwün berýärler. On alty ýyl aýralykdan soň, toý edip, bir-birine gowuşýarlar.
Oguz türkmen gyzlary jemgyýetde azat, erkin ýaşapdyrlar, öz ykballaryny özleri çözmek hukuklaryna eýe bolupdyrlar. Maşgala gurmakçy bolanlarynda öz söýen ýigtlerine durmuşa çykypdyrlar. Gyzlar özlerine ömürlik ýoldaş saýlanlarynda saýlan ýigitlerini synagdan geçiripdirler. Olaryň häsiýetlerine, hünärlerine belet bolupdyrlar. Banyçiçek özüniň köňül syrdaşy edip seçen ýigidiniň aslyny ýagşy tanaýandygyna, özüniň adaglysydygyna garamazdan, Beýregi zerur bolan synaglardan geçirýär. Özüni Beýrege tanatman, at çapmakda, ok atmakda we göreş tutmakda ýaryşmagy teklip edýär. Beýrek bu synaglarda üstün gelenden soň, oňa özüne tanadýar.
Oguz türkmen ilinde maşgalanyň baş sütüni bolan enäniň hakyna Taňrynyň haky hökmünde garalypdyr. Taňrynyň ýaradyjy bolşy ýaly, ene-de ýaradyjydyr, döredijidir, ol dünýä perzent indirýär, oňa janyndan jan berýär. Perzent enesiniň halal hem mukaddes süýdünden emip, ene-atasyna, öýüne, il-ýurduna wepadar ynsan bolup ýetişýär. Mukaddes ene süýdi kähalatlarda perzendiň ölüm pursatynda hem onuň dadyna ýetişýär. Görmez gözleri açýar, agyr ýaralary bitirýär, dertlere derman, agyry-ynja şypa bolýar. Munuň şeýledigini şadessanda Bugajyň ýoldaşlarynyň hyýanaty netijesinde agyr ýaralanmagy bilen bagly wakalarda görmek bolýar. Onuň ýaralaryna dag çiçegi (güli) bilen enesiniň süýdi em bolýar. Bu ýerde enäniň öz perzendine bolan söýgüsiniň näderejede uludygy görkezilýär, hatda ogluny halas etmäge zerurlyk ýüze çykanda, onuň süýtsiz göwsüne hem süýt inýär. Şonuň üçin-de şadessanda «Ene haky – Taňry haky» diýen ýörelgä eýerilipdir. Enä mukaddeslik hökmünde garalypdyr. Onuň maşgaladaky, jemgyýetdäki orny belentde bolupdyr. Perzent enesine şeýle sözler bilen hormat edýär, söýgi bildirýär: «Ak südün emdigim kadunym ene, Ak burçaklu yzzatlu janym ene».
Çaganyň dünýä inmegi maşgalada iň uly hem begençli hadysadyr. Çaga maşgalany ulaldýar we ony has-da berkidýär. Maşgalany jemgyýet bilen mäkäm baglanyşdyrýan hem çaga bolup durýar. Şadessanda oguz türkmen begleriniň mejlisinde hanlar hany Baýyndyr han ogly bolanlaryň ak, gyzy bolanlaryň gyzyl, ogly-gyzy bolmadyklaryň gara otagda oturmaklary barada görkezme berýär. Munuň özi maşgalada çaga öndürmegiň, terbiýeläp hem ösdürip ýetişdirmegiň döwletiň, jemgyýetiň möhüm meselesi bolup durandygyny görkezýär.
Ata maşgalada beýik hormat eýesi bolupdyr, ol maşgalynyň daýanjy, öýüň tagty hökmünde görlüpdir. Ony sylamak, hormatlamak, adyny, mertebesini belent tutmak, maşgalanyň hemme agzalary üçin borç bolupdyr. Atanyň ýüzüne gelmek, oňa hormatsyzlyk etmek agyr günä hasaplanypdyr. Şadessanda Oroz atasy Gazan begi hormatlap şeýle diýýär: «Baba ogul gazanur at üçin, Ogul-da gylyç guşanur baba gaýraty üçin, Menim-de başym gurban bolsun seniň üçin».
Ýetginjek ýaşyna ýeten oglan perzendiň fiziki we estetiki terbiýesini, esasan, ata öz üstüne alypdyr. Ogul perzende ok atmak, gylyç urmak ýaly harby tälimleri öwretmek bilen birlikde, oňa ruhy-intelektual terbiýe hem berlipdir. Kemala gelip barýan çagada Watana, il-güne söýgi duýgulary kemala getirilipdir. Ýigit egsilmez ruhy baýlygyň eýesi bolmalydyr, onuň gylyç tutýan berdaşly elleri gopuzy (dutaryň köne ady) hem saýradyp bilmelidir diýen ýörelgeden ugur alnypdyr.
Perzendiň döwletli, edepli, terbiýeli bolmagy ilkinji nobatda ata-enäniň göreldesine baglydyr. Bu barada şadessanda şeýle diýilýär: «Gyz eneden görmeýinçe, ögüt almaz», «Ogul atadan görmeýinçe, sufra çekmez». Eger ogul perzentden edilen tama çykmasa, onda munuň ýaly ogullar şeýle sözler bilen näletlenipdir: «Ata adyny ýöritmeýen hoýrad ogul, Ata bilinden ininçe, inmese ýeg. Ene rahmyna düşünçe, togmasa ýeg». Jemgyýetde atanyň sözi ogul üçin kanun bolupdyr. Muny şadessandaky: «Ol zamanda ogul ata sözün iki eýlemezdi. Iki eýlese, oglany kabul eýlemezlerdi» diýlen sözler hem tassyklaýar.
Oguz türkmen ýigidi üçin namys, gaýrat ilkinji nobatda öz maşgalasyna bolan gatnaşykdan başlanypdyr. Ýigidiň mertebesi maşgalasynyň adyny, hak-hukugyny, namysyny goraýyş başarnygy bilen ölçelipdir. Bu jähetden şadessanda Gazan beg bütin oguz türkmen beglerine nusga bolýar. Ol maşgala mukaddesligine her bir zatdan owal namys meselesi, ärlik gaýratynyň baş şerti hökmünde garaýar. Gazan beg öýi, ýurdy, bütin maşgalasy, enesi, aýaly, ogly duşmanlar tarapyndan ýesir edilip äkidilende, mal-döwleti üçin däl, ikinji nobatda maşgalasy üçin gazaba münýär we ony halas etmek, namysyny goramak üçin gaýnap joşýar.
Maşgalanyň berk, sagdyn hem-de kämil bolmagy üçin zenana uly orun degişlidir. Şadessanyň giriş bölüminde Gorkut ata akylly, halal, edenli, zähmetsöýer aýallary «öýüň sütüni» diýip bahalandyrýar. Şeýle aýallaryň çagalarynyň köpelip, örňäp gitmegini, her kimiň ojagyna şeýle aýalyň gelmegini dileg edýär.
Oguz türkmen maşgalasynda är-aýal gatnaşyklary bozulmaz ýoldaşlyga, ruhy birlige esaslanypdyr. Ol şahsyýete, ynsan mertebesine hormat hem söýgi esasynda gurlupdyr we är-aýal ömürleriniň ahyrlaryna çenli bir-birlerine wepaly bolup galypdyrlar. Aýal äriniň iň ýakyn dosty-ýoldaşy, hemdemi, köňül syrdaşy, agyr günlerde hemaýatkäri, maslahatçysy bolupdyr. Şadessanda hatynyň ärine ýakyn maslahatçy, ruhy goldawçy bolup durýandygyny Dirse hanyň maşgalasynyň mysalynda görmek bolýar. Dirse han ogulsyzlygy sebäpli ruhy çökgünlige düşen halatynda aýaly onuň ruhuny göterýär. Dirse han aýalynyň maslahaty bilen mal-harajat çykaryp, toý berýär, ajy doýrup, ýalaňajy geýindirýär, bergidary bergisinden gutarýar. Şeýlelikde, köpüň dilegleri, alkyşlary bilen Dirse hanyň ogly bolýar. Bu maşgalanyň berkligi üçin aýalyň bitirýän hyzmatlaryna degişli bir mysaldyr.
Şadessanda aýallar ýanýoldaşlary tarapyndan çuňňur hormat, egsilmez söýgi bilen gurşalypdyr. Oguz türkmen begleri aýallaryny: «Bärü gelgil başym bahty, ewim tahty, Ewden çykub ýöreýende selwi boýlum, Topugynda sarma-şanda gara saçlum. Gurulu ýaýa beňzär, çatma gaşlum, Goşa badam sygmaýan tar agyzlum, Güz almasyna beňzär, al ýaňaklum» diýip söýgüläpdir. Bu şahyrana sözlerde, bir tarapdan, türkmen zenanynyň görk-görmeginiň, owadan keşbiniň waspy şöhlelense, ikinji tarapdan, erkek kişiniň söwer ýaryna bolan söýgi duýgulary öz beýanyny tapýar. Aýaly bolsa ärine: «...başym bahty, öýüm ewüm tahty, Han babamyň güýegüsi, Katyn enemiň sewgisi, Atam-enem werdigi, Göz açuban gördügim, Köňül werüp sewdigim» diýip ýüzlenýär.
Oguz türkmen ilinde erkek kişiniň nikaly aýalyna «halal» diýlipdir. Adamsy hem aýalyny «halalym» diýip atlandyrypdyr. Muny Däli Domrulyň, Kazylyk Gojanyň öz aýallaryna: «Ýat gyzy halalym war», «Ala gözlü görklü halalym» diýmelerinden görmek bolýar. Umuman, şadessanda är-aýala hem «halal» diýlýändigine duşmak bolýar. Mysal üçin, Däli Domrul bilen onuň aýaly babatda: «Ol iki halala ýüz kyrk ýyl ömür werdim – diýdi» diýilýär. Bular oguz türkmen jemgyýetinde maşgala, aýala mukadesslik hökmünde garalandygyny görkezýär.
Ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň eýeleri bolan oguz türkmen zenanlary şadessanda wepalylygyň nusgalary hökmünde çykyş edýärler. Olardaky bu hususyýetler äriň maşgalanyň namysyny goramakdan, ähdi-peýmana wepaly bolup galmakdan daşa çykyp, sözüň asyl manysynda gahrymançylyk derejesine ýetýär. Muny Däli Domrulyň aýalynyň mysalynda görmek bolýar. Ezraýyl bilen döwüşmek islän, ondan döwi pes gelip, janyny bermeli bolan Däli Dorul başdan geçenlerini aýalyna aýdyp berýär, ähli mal-baýlygyny oňa bagyşlaýar. «Gözüň kimi tutar ise, Köňlüň kimi söwer ise, Sen oňa wargyl, Iki oglanjygy öksüz gomagyl» diýýär. Muny eşiden aýaly gaharlanyp, oguz türkmen zenanyna mahsus bolan gahrymanlyk nusgasyny görkezip, ärine şeýle diýýär: «Garşu ýatan gara taglary, Senden soňra men neýlärem, Ýaýlar olsam, meniň görüm olsun. Sowuk-sowuk suwlaryň içer olsam, Menüň ganym olsun. Altun-akjaň harjaýur olsam, Menüň kepenim olsun. Tewle-tewle şabaz atuň biner olsam, Menim tabyudym olsun. Senden soňra bir ýigidi, Söwüp warsam, bile ýatsam, Ala ýylan bolub meni soksun. ...Meniň janym, seniň janyňa gurban olsun» diýýär. Şöhratly zenanyň bu pidakärligi, dünýä malyndan, baýlyk-döwletden öz ýaryna bolan söýgi-muhabbeti üstün tutmasy, ýaýdanmazdan äriniň ýerine ölüme gitmäge, şirin janyndan geçmäge razy bolmagy Allanyň rehimine sebäp bolýar. Bu aýalyň är ýolundaky wepadarlygy üçin Alla olara merhemet görkezip, öňki hökümini gaýtaryp, Däli Domrula-da, onuň aýalyna-da uzak ömür bagyş edýär.
Seljan hanymyň hereketlerinde hem gyzlaryň öz ýaryna wepalylyk häsiýetleri ýüze çykýar. Ol söýgülisi Ganturali bilen oguz iline gelýärkäler, ýolda bularyň üstüne duşmanlar çozýar. Ganturaliniň ýaralananyny, agyr ýagdaýa düşenini gören Seljan döze bilmän, ýaraglanyp, gahrymançylyk görkezip, duşmanlardan üstün çykýar we haldan düşen Ganturalini ata mündürip alyp gaýdýar. Bu sahna Seljan hanymyň ruhy hem gahrymanlyk jähetden kämilligini görkezýär. Oguz türkmen gyzlary, gelinleri diňe maşgala, çaga-perzent aladasy bilen bolup ýören öý bikeleri däl-de, şol bir wagtda ärlerini, öýlerini, ýurtlaryny duşmanlardan gorap bilýän batyr, edermen zenanlar hökmünde hereket edýärler.
Zenanlaryň öz ýarlaryna wepalylyk häsiýetleri, maşgala namysyny goraýyşlary «Gorkut ata» şadessanynyň hemme boýlarynda diýen ýaly beýan edilýär. Bamsy Beýrek tussaglykda bolanda ýary Banyçiçek oňa on alty ýyllap garaşýar. Burla hatyn duşmana ýesir düşende gözüniň alnynda ogly Oroza agyr sütem etjek bolanlarynda hem maşgalasynyň namysyny, äri Salyr Gazanyň mertebesini goraýar. Segregiň adagly gyzy öz ýaryny duşmana ýesir düşen agasyny getirmek üçin howply ýola ataranda näçe ýyllap garaşmaly bolsa-da garaşjakdygyny aýdýan sözleri has-da täsirlidir. Şadessanyň dürli boýlaryndan getirilen bu mysallar türkmen zenanlarynyň söwer ýaryň mertebesine, maşgala namysyna bolan mukaddes garaýyşlaryna degişli nusga alarlyk sahypalardyr. Oguz türkmen zenanlary jemgyýetiň ykbaly bilen bagly işlerde ärleri, ogullary, erkek doganlary bilen birlikde at münüp, ýarag dakynyp, söweş meýdanynda duşmanlara garşylyk görkezipdirler, il-ýurduny, maşgalasyny gorapdyrlar. Olar maşgala ojagyny, äriniň mertebesini, namysyny her zatdan ýokary tutan, aslynyň, nesliniň mertebesini goramagy başaran tämiz ahlagyň eýeleridir, namyslylygyň, gaýratlylygyň janly nusgalarydyr.
«Görkut ata» şadessanyndaky maşgala binýadynyň berkligine degişli gürrüňi edilen sahnalar oguz türkmenlerinde maşgala gatnaşyklarynyň mal-baýlyk däl-de, ynsanlaryň ruhy meýillerine daýanýandygyny, duýgy-düşünjeler we gujur-gaýrat jähetden bir-birine laýyk bolan ýaşlaryň arasynda söýgi, hormat, ruhy ýakynlyk esasynda gurlup, kemal tapýandygyny görkezýär. Şadessandaky maşgala hakdaky oňyn garaýyşlar, oguz türkmen ýigitleriniň we zenanlarynyň ajaýyp ahlak sypatlary Bagtyýarlyk döwrümiz üçin nusga alarlyk gymmatly mirasdyr.
Gülruh NURYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy.
BELLIK: Şadessandan alnan mysallar, sözlemler we adam atlarynyň ýazylyşy şu kitapdan alyndy:
«Kitaby dädem Gorkut. – Aşgabat: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015.
Pedagogika we edep-terbiýe