HURMA ROWAÝATY ÝA-DA AMANATYŇ EÝESI
Uly ruhy güýje eýe bolan halatly kişileriň dünýä gelşine, ömür sürşüne keramatly alamatlar, gudratly hadysalar mahsusdyr. Şeýle keramat-gudrat hadysasy beýik aryf, alym-şahyr Hoja Ahmet Ýasawynyň dünýä gelşi bilen hem baglydyr.
Muhammet pygambere Ahmediň doguljagynyň öňünden aýan bolşy bardaky rowaýat Ýasawynyň öz döwründen bäri ençeme kitaplaryň gatlarynda orun alyp gelýär. Şolaryň biri XVI asyrda ýaşap geçen türkmen akyldary Hasan Hoja Nisarynyň (Patyşa Hojanyň ogly) 1566-njy ýylda ýazan «Muzakkiri ahbab» («Dostlar ýatnamasy») atly tezkiresindedir. Nisary özüniň nesil şejeresiniň başynda duran pir Arslan baba hakynda gürrüň beren ýerinde Hoja Ahmet Ýasawy bilen baglanyşykly bir rowaýaty getirýär. Rowaýatyň gysbyrak mazmuny şeýleräk: Bir gezek pygamber sahabalary bilen gazawata gidende, ol ýerde aç galýarlar. Resulallanyň dogalarynyň bereketinden Jebraýyl aleýhyssalam gazawat azygy hökmünde bir tabak hurma getirýär. Şonda tabakdan bir hurma ýere gaçýar. Jebraýyl aleýhyssalam: «Bu hurma birnäçe wagtlardan soň äleme geljek Ahmet Yasawynyň nesibesidir, «Amanaty eýesine gaýtar» aýatynyň mazmunyna görä, ol eýesine gowşurylsyn» diýip buýurýar. Pygamber alaýhyssalam sahabalara garap: «Sizden biriňiz bu buýrugy bitirmegiňiz gerek» diýýende, hiç kimden ses çykmaýar. Şonda Arslan baba «Bu işi öz üstüme alsam» diýýär. Hezreti pygamber hurmany mübärek gollary bilen agzyna salýar we tepperik hurmanyň ýüzünde bir perde peýda bolýar. Pygamber Ahmet Ýaswynyň şekil-şemaýylyny teswirläp, onuň tälimi bilen meşgullanmagy Arslan baba emr edýär...
Rowaýatyň beýany Hasan Nisarynyň tezkiresinde şu ýerde gutarýar. Ýöne başga köne ýazuw çeşmelerinde, käbir agzeki rowaýatlarda ençeme ýyllardan, yagny dört ýüz töweregi ýyldan soň, Arslan baba ýedi ýaşly Ahmedi Seýramda görüp tanaýandygy we salam-aleýikden soň, ýaşajyk Ahmediň pirden amanatyny soraýandygy, ylahy tepperik amanat hurmanyň hak eýesine – Hoja Ahmet Ýasawa gowuşýandygy teswirlenýär. Bu Ýasawynyň öz şygyrlarynda hem beýan edilýär:
Ýedi ýaşda Arslan babam yzlap tapdy,
Hurma berip, perde birle syrym ýapdy...
Bu gürrüňiň rowaýatdygny ýatdan çykarman, onuň mazmuny hakynda käbir pikir-garaýyşlary beýan edeliň. Ilki bellemeli zat, Arslan baba sahaba däl, ýagny pygamber bilen bir döwürde ýaşap, ony gören kişi däl. Arslan baba pygamberden dört ýüz töweregi soň, XI asyrda, Ýasawynyň doglan asyrynda ýaşan adam. Hut şuňa görä, rowaýatdaky wakany hakykat hasaplap bolmaz. Bu ýerde pygamberden Ýasawa çenli birnäçe asyry gysgaldýan zat hyýaly-ruhy, ylahy-gudratly ahwallar. Eýsem, näme üçin Hasan Nisary kitabynda bu hadysanyň döwür-wagt jähetine ylahylyk, ruhulyk öwüşgünini bermän, ony hakykat yaly beýan edýär?! Hatda Nisary rowaýatyň başynda Arslan babany «sahabalaryň seresi, resulallah alaýhy wesalamyň uly sahabalaryndan» diýip tanyşdyrýar. Munuň sebäbi Nisarynyň öz ata-baba şejeresini Muhammet pygambere ýakynlaşdyrjak bolmak islegidir diýip hasaplaýarys. Beýan edilen ol waka haýsydyr bir keramatly kişiniň (Ybraýym şeýhiň (Ýasawynyň kakasy) , Arslan babanyň ýa-da Ýasawynyň hut hut özüniň) ruhy ahwalynda ýa-da ylahy düýşünde bolup geçen bolmaly. Bu ýagdaý keramatly weli kişilere mahsus hadysadyr. Welileriň düýşleri aýratyn mana eýe bolup, ol düýşler ylahy älem, ruhy ahwal bilen baglanyşyklydyr, şonuň üçin olar oraşan, anyk, hakykat bolýan düýşlerdir. Şeýle ylahy düýşlerden beýik pir Nejmeddin Kubranyň Muhammet Mustapany düýşünde görmegi, ondan özüne künýe (lakam, şertli at) bagyşlamagyny soramagy, Hezreti Mustapanyň oňa «Abuljennap» künýesini bermegi baradaky rowaýaty görkezip bolar. Ýa-da bu mesele babatda hezreti Magtymgulynyň «Turgul diýdiler» atly düýş-beýan goşgusyny hem ýatlamak bolar. Piri-mürit Arslan baba-Ýasawy bilen baglanyşykly amanat hurma rowaýaty-da Ýasawynyň pygamberden pataly, pygamberiň ylahy yşaraty bilen Hak ýoluna düşen beýik sopudygyny görkezýär. Beýik sopy özüni pygamberiň ruhy perzendi hasaplapdyr we muny «Hikmetleriniň» ençeme setirlerinde beýan-yşarat edip geçipdir:
Perzendim» diýp, Hak Mustapa kyldy kelam...
Hak Mustapa «perzent» diýdi bize bişek...
Dört ýüz ýyldan soňra bize perzent bolgaý...
Gülruh Nuryýewa,
Magtymguly adyndaky TDU-nyñ türkmen edebiýaty kafedrasynyň uly mugallymy.
Edebi makalalar