22:09 Edebiýatda futuwwatlyk ýörelgeleri we onuñ Andalybyñ döredijiligindäki yzlary | |
EDEBIÝATDA FUTUWWATLYK ÝÖRELGELERI WE ONUŇ ANDALYBYŇ DÖREDIJILIGINDÄKI YZLARY
Edebiýaty öwreniş
Gündogar we türkmen nusgawy edebiýatynyň mazmunynda sopuçylyk taglymaty bilen birlikde, ondan sähel öň dörän we soňra sopuçylyga goşulyp giden futuwwatlyk taglymatynyň ideýa-taglymlaryny görmek bolýar. Edebiýatda futuwwatlyk taglymatynyň ýörelgelerine degişli pursatlary derňemekden, ýüze çykarmakdan öňürti, bu taglymatyň taryhy we mazmuny barada durup geçmek zerurdyr. «Futuwwat» arap sözi bolup, ol «ýaş, juwan, mert kişi» diýen manylary aňladýar. Şoňa görä, «futuwwatlyga» «juwanmertlik» hem diýilýär. «Juwanmert» adalgasyna türkmen nusgawy edebiýatymyzyň sahypalarynda duşmak bolýar. Meselem, Seýitnazar Seýdiniň «Seni ynjytmaýa» diýen şygrynda şeýle setirler bar: Çyn juwanmertligiň asly − Etdijek lebzin ýutmaýa [15. 73 s.]. Bu ýerdäki «juwanmert» sözüne sözlüklerde «... jomart, mert ýigit» diýlip, düşündiriş berlipdir. Hakykatdanam, juwanmerdiň ýa-da mert ýigidiň esasy sypatlarynyň biri edilen lebzi ýuwutmazlykdyr, ähdine wepalylykdyr, dogry sözlülikdir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Döwlet guşy» romanynda mert ýigitleri häsiýetlendirende, milli mirasymyzda, nusgawy edebiýatymyzda ulanylan, soňky döwürlerde ulanyşdan galyşan «juwanmert» sözüni türkmen diliniň taryhyna, many çuňluklaryna beletlik bilen täzeden ganatlandyrp goýberipdir: « − Suhanberdi akga ýaly nazarkerde, juwanmert ýigide dil ýetirendigiňiz üçin» [ 1. 220 s.]. «Jennetiň «Selsebil» diýen çeşmesini ýatladyp duran çeşmäniň boýunda biziň Garyp atly uzyn boýly, juwanmert, janymak aşygymyz çeşmä garap, öz ýaryna intizarlyk bilen garaşyp otyr erdi» [1. 254 s.]. «Hudaýa şükür, Mälikguly dagy juwanmert, iş näçe agyram bolsa, seslerini çykarman nemedip ýörler. Bular bir juwanmertlige ýugrulan bürgütler-dä» [1. 268 s.]. Futuwwatlyk jemgyýetiň adalatsyzlyklary, adam ahlagynyň pese düşmegi bilen ylalaşyp bilmeýän, ýaşaýşy gözelleşdirmek, ynsan mertebesini ýokary göterip, kämil ynsany terbiýelemek isleýän toparlaryň arasynda döräpdir. Özlerini futuwwatlar (juwanmertler ýa-da mert kişiler) diýip atlandyran adamlar öz öňünde goýan maksatlary esasynda birleşipdirler. Olaryň maksatlary ömrüňi adamlaryň hyzmatyna bagyşlamak, ile ýagşylyk etmekden ýadamazlyk, bar zadyňy sahylyk bilen ile, mätäje paýlamak, il-güne, ata-enä, dost-dogana wepaly bolmak, ruhy we ten arassalygyny saklap, ýagşy gylyk-häsiýetlere eýe bolup, iň bir päkize-halal, kämil ynsanlyk mertebesine ýetmek bolupdyr. Futuwwatlygyň taryhy barada ilkinji maglumatlaryň biri horasanly alym Abdyrahman Sulaminiň (wepaty – 1021 ý) «Rysalaýy melamatiýa» kitabynda duş gelýär. Onda futuwwatlygyň ahlak hadysadygy, onuň yslamdan öň we yslamyň dörän döwürlerinde ýüze çykyp başlandygy beýan edilýär [7.]. Muhammet pygamberiň sahabalaryndan Selman Parsa «Futuwwat näme?» diýip, sorag beripdirler. Ol: «Futuwwat – ähli kişä adalatlyk we mürewwet görkezip, öwezine hiç zat talap etmezlikdir, kynçylyklary, kemçilikleri, aýyplary öz üstüňe alyp, adamlara ýagşylyk etmekdir» [6. 8 s.] diýip jogap beripdir. Bu maglumat futuwwatlygyň eýýäm Muhammet pygamber döwründe, yslamyň irki döwürlerinde barlygyny tassyk edýän delildir. Abdylla Ensarynyň (1006-1088) «Mynajat we makamat», Ferideddin Attaryň (1145-1221) «Tezkiretul öwlüýä», Muhammet Awfynyň (1172-1233) «Jowamy ul-hekaýat we lawami ul-rowaýat» ýaly eserlerinde hem futuwwatlyk hakynda maglumatlar berlipdir. XII – XV asyrlaryň dowamynda bolsa, futwwatlyk barada ýörite eserler ýazylyp başlanypdyr. Olardan Ibn Mimaryň «Kitab ul-futuwwat» (XII asyryň başlary), Attaryň «Futuwwatnama» (XII asyr), Nasyrynyň «Futuwwatnama» (XII asyr) we Käşifiniň «Futuwwatnamýy sultany» (XV asyryň ahyry) ýaly eserlerinde bu ýörelgäniň esasy kadalary we şertleri düşündirilipdir. Ynsan mertebesini iň ýokarda goýýan we onuň ahlak kämilligini wagyz edýän futuwwatlyk ýa-da juwanmertlik hereketiniň pikirleri X-XI asyrlardan başlap, sopuçylyk taglymatyna goşulyp ugrapdyr. Futuwwatlygyň akýüreklilik, adamlara ýagşylyk etmek, mätäçlere kömek-ýardam etmek, hiç kime zyýan ýa-da duşmançylyk etmezlik, bar zadyňy il-gün bilen paýlaşmak, myhmanparazlyk, ata-enäniň, dostlaryň, pir-ussadyň mertebesini belent tutmak, halk, Watan üçin janyňy hem aýamazlyk... ýaly talap-ýörelgeleri ruhy taýdan sap ýagdaýda Alla gowuşmaga tarykata giren sopy üçin berk talaba öwrülipdir. Beýik şeýhler Abulhasan bin Hüseýin Sarahsy, Abulhasan Harakany, Abylapbas Gassap, Lukman Sarahsy, Abuseýit Abylhaýyr we beýlekiler öz müridlerini futuwwatlygyň ýörelgeleri bolan mertlik, sahawat, kanagat ruhunda terbiýelemäge çalşypdyrlar. Sebäbi bu ahlak ýörelgeler sopuçylyk pikir-taglymlaryndan aýry bir zat bolman, olar ynsan ruhuny terbiýelemekde sazlaşykly hem bitewi ruhy gymmatlyklardyr. Soňlugy bilen, futuwwatlyk XIII asyrda Nejmeddin Kubranyň esaslandyran sopuçylyk taglymatynyň Kubrawiýa mekdebinde düýpli işlenýär we sopuçylygyň maksada ýetmegiň şerigat, tarykat, magryfat we hakykat ýaly ýollarynyň biri hökmünde emele gelýär «Мы обнаружили, что Наджамуддин Кубра в «Течении Кубрави» кроме «Марифата», «Хакиката» и «Тариката» следовал еще «Футувату». Позжу мы узналы, что Сеид Али Хамадани, который распростонял «Течении Кубрави» в Кашмире тоже следовал «Футувату», соблюдая «Течении Кубрави» [5. 86 s.]. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymaty futuwwatlygyň öz maksatlaryna gabat gelýän ýörelgelerini alypdyr. Futuwwatlygyň mazmuny yslam we sopuçylyk taglymaty bilen dini öwüşgine eýe bolýar. Muňa garamazdan, futuwwatlygyň hem dini, hem ilkibaşky dünýewi mazmuny bütin Gündogar edebiýatynya siňipdir. Edebiýatyň, goý, ol mistiki ýa-da dünýewi edebiýat bolsun, owal-ahyr maksat-wezipesi adamy terbiýelemek, oňa ynsan mertebesini beýgeldýän haýyrly, dogry ýoly salgy bermek, onuň ahlagyny zaýalaýan şerden, beýleki bela-beterlerden goramak, şonuň netijesinde-de adamzat jemgyýetiniň sagdynlyyny, gözelligini gazanmak bolupdyr. Futuwwatlygyň hem maksady şol. Şonuň üçin orta asyr Gündogar edebiýatynda hem, türkmen nusgawy edebýatynda hem futuwwatlygyň ideýa-taglymlaryny görmek bolýar. Türkmen nusgawy edebiýatynyň obrazlar we häsiýetler galereýasynda orta barmak ýaly saýlanyp duran Mert ýigldiň ýa-da Mert kişiniň obrazy we Mertlik häsiýeti tarp ýerden dörän däldir. Ol juwanmert (futuwwat) bilen juwanmertligiň (futuwwatlygyň) gysgaldylan mert we mertlik görnüşleridir. «Mert» diýlende batyr, edermen, daýaw, garadan gaýtmaz ýaly fiziki taýdan güýçli, çydamly manysynda, «mertlige» bolsa batyrlyk, güýçlilik, çydamlylyk manysynda düşünmeli däl. Mert kişi mertlik häsiýetlerini – rehimlilik, pespällik, il-gün üçin janyny hem gaýgyrmaýan, ejize kömek edýän, jomart, sahy, myhmanparaz... ýaly ajaýyp häsiýetleri özünde jemlän adamdyr. Edebiýatymyzda «mert, mertlik» düşünjeleri «är, är ýigit, är kişi, goç ýigit, är ýigit bolmak, är işini bitirmek, mertlik etmek» ýaly düşünjeler bilen manydaşlykda ulanylýar we olar «namart, muhannes, namartlyk» ýaly düşünjelere gapma-garşylykda goýulýar. Eýsem, türkmen edebiýatynda mert kişi ýa-da är ýigit kimdir, mertlik, är işini bitirmek nämedir?! «Dogruçyl oglan» türkmen halk ertekisindäki kerweni talan garakçylara ýakasynyň içinde gizlenip tikilen kyrk tyllasyny çykaryp görkezip, özüne zyýan geljegini bilip dursa-da, aldaman dogrusyny aýdan oglan mertdir [16. 101-102 s.]. «Oguznama» şadessaanynda Oguz han öz goşunyndan garrylary galdyryp, ýörişe ugranda, atasyna gulak asyp, ony sandykda gizläp, ýörişe alyp giden we onuň maslahatlary bilen goşuny kyn ýagdaýlardan alyp çykan, şeýlelikde, atasyna wepalylyk görkezip, onuň mertebesini beýgelden Garasülük we il-gün, goşun üçin haýyrly işleri bitiren ataly-ogul mert kişilerdir [14. 10-14 s.]. «Gorkut ata» şadessanyndaky il-gün üçin, hojaýyny Salar Gazan üçin janyny orta goýmaga taýyn Garajyk çopan mert kişidir [8. 50-57 s.]. «Görogly» şadessanyndaky kyrk eşekli kyrk galandara ýeke sygryny söwüş edip, myhmanparazlyk eden Jygalybeg mert kişidir [3. 6-7 s.]. Ejiz halda ýatan kempire hossarlyk edip, ony galasyna alyp gaýdan Görogly är ýigitdir [4. 154-155 s.]. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde gürrüňi edilýän ata-enäniň öňündäki kyrk borjy amal edýän perzent, ussadyna hormat goýýan şägirt, il-gün üçin köpri, metjit-medrese saldyrmaly, içit gazdyrmaly, garyba-derwüşe, ýetime-mätäje ýardam etmeli barly-barjamly adamlar mert kişilerdir (Azady, «Wagzy-Azat») [2.]. Magtymguly Pyragynyň «Gökje kepderi» poemasyndaky ejizje kepderini iýmekçi bolýan laçyna öz budundan et kesip bermäge häzirlenip, kepderä hossar çykan Aly mert kişidir [10. 21-23 s.]. Umuman, Magtymgulynyň döredijiligine siňňin siňseň, onda futuwwatlygyň mert kişiden edilýän ahlak talaplarynyň, mert ýigidiň ahlak sypatlarynyň, mert kişiniň obrazynyň has çuňňur işlenendigini görmek bolýar. Mysal üçin, özüni il-ýurduň derdine bagyşlamak hakynda − ...Mert çeker täsibin iliň-ýurduň; garyp-biçärelere ýardam etmek hakynda − ...Pakyra-misgine delalat ýagşy; ýetimlere hossarlyk hakynda − ...Ýetimi göreňde güler ýüz bergil // Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil; ata-enäni ynjytmazlyk hakynda − ...Agyrtmagyl ata-bilen enäni; kişi göwnüni ýykmazlyk hakynda − ... Öz köňlüň goýmasaň, dost köňli ynjar, ...Asla adamzada ajy söz urma; dogry sözlemek hakynda − ...Hudany unudyp, ýalan sözländen // Läkin lal oturyp, dyman ýagşydyr; halal iýmek hakynda − ...Garnyňy doýurma haram nygmatdan; myhmanparazlyk hakynda − ...Mert çykar myhmana güler ýüz bilen... we başgalar. Garap geçen käbir edebi eserlerimiziň sahypalaryndaky başlaryny dik tutup, buýsanç bilen ýüzlerini görkezip duran bu mertleriň ýa-da juwanmertleriň her kesiň elinden gelmejek bitiren haýyrly işleri, elbetde, mertlikdir ýa-da başgaça aýtsak, juwanmertlikdir. Mertler we mertlik nusgawy edebiýatymyzyň beýleki wekilleriniň döredijiliklerinde hem esasy orunda duran durnuklaşan obrazdyr we häsiýetdir. Edebiýatymyzdan şeýle mysallary − mertleriň obrazlarynyň, mertlik häsiýetleriniň müňlerçesini tapmak mümkin. XVII-XVIII asyrlaryň sepgidinde ýaşan, döreden, türkmen edebiýatyny dünýä derejesine çykaran akyldar Nurmuhammet Andalybyň döredijiliginde hem futuwwatlyk ýörelgeleriniň yzlaryny görmek bolýar. Köptaraply ylym-bilimleriň eýesi, jemgyýetçilik aňynyň din, filosofiýa, taryh, edebiýat, folklor, dil, däp-dessur ýaly ençeme ugurlaryny özleşdiren ussadyň ynsanyň ruhy-ahlak kämilligini wagyz edýän futuwwatlyk taglymatyna degişli ýazuw çeşmeleri, oňa degişli ýörelgeler bilen hem tanyş boljagy ikuçsyzdyr. Çünki onuň eserlerinde, esasanam, epiki döredijiliginde futuwwatlyk ýörelgeleriniň göni ýa-da gyýtaklaýyn beýan edilişini, mert kişiniň ýa-da juwanmerdiň obrazynyň örän ussatlyk bilen işlenişini görmek bolýar. XV asyr alymy Hüseýin Waiz Käşifi «Futuwwatnamaýy sultany» kitabynda futuwwatlyk taglymatynyň üç basgançagyny görkezýär: «Owwal sahawat, ýagny bar zadyňy hiç kimden gysganmazlyk. Ikinjisi, saplyk, ýagny kalbyňy gahar-gazapdan, göriplikden, men-menlikden... sap saklamak. Üçinjisi, wepalylyk – watana, halka, adamlara wepalylyk, olara hyzmat etmek» [6. 8 s.]. Kämil ynsanyň beýiklik mertebesine ýetmek üçin geçilmeli bu ruhy-ahlak basgançaklarynyň hersine degişli has anyk ahlak talaplaryň, şertleriň giden bir toplumy bolupdyr. Andalybyň eserleriniň mazmunyna ser salsaň, adamy mert kişi edýän şol ahlak sypatlaryň ençemesine duşmak bolýar. «Ýusup-Züleýha» dessanynda Ýusubyň obrazynda mertligiň talap edýän şertleriniň ençemesi diýen ýaly jemlenen. Ýusubyň kalby arassa, päk. Onuň özüne yşk bildiren Züleýha ýakynlaşmagy gabahatlyk saýyp şeýle diýýär: «Seniň köp duzuňy iýdim. Mälik Ryýan öýüge mährem kyldy. Men niçik mundag naşaýiste iş kylgaý men. Beýewar patyşa eşitse, gabahat bolar, menden bu işler hergiz tamag kylma» [13. 10 s.]. Züleýha maksady üçin her zat edip görýär: jilwe näz edip, bezenip-beslense-de, özleriniň suratlary çekilen görülmedik köşk gurdursa-da, töhmet atsa-da, hatda zyndana saldyryp, günde bir mertebe taýaklatsa-da, Ýusup päkligini saklaýar. Doganlary özüne näçe sütem etseler hem, ol ýüreginde gahar-gazap, kine saklanok. Ahyrsoňunda olaryň günälerini geçýär. Ol agalary barda şeýle diýýär: « − Olar jepa kyldylar, biz wepa kylarmyz. Olar hata kyldylar, biz ata kylarmyz» [13. 142 s.]. Ýusubyň mertlik häsiýeti onuň inisi Ibni Ýeminiň sözleri bilen şeýle teswirlenýär: «Hergiz ömründe bir ýalgan söz aýtgan ermes erdi. Bir lukma tapsa, özi aç bolup, bir saýylga berer erdi» [13. 151 s.]. Müsür halkyny ýedi ýylky açlykdan alyp çykyşy hem, Yusubyň il-güne berlen kişidigini, il aladasyny edýän adyl şadygyny görkezýär. Ýusubyň ahyrynda elli ýyldan soň, bütin Müsür halky bilen öz watany Kengana gaýtmagy onuň watana wepalylyk häsiýetini ýüze çykarýar. Ýusubyň kakasy Ýakubyň obrazynda hem mätäjiň möhümini bitirýän mert kişiniň sypatlary bar. Ol Ýusubyň doganlary tarapyndan agyz-burny gan edilip, dişleri syndyrylyp: «Ýusuby iýen şu böri» diýlip, töhmet atylan kenganly böriniň dileg-hajatyny bitirýär. Onuň aw-ýesir bolup düşen byradaryny patyşadan diläp alyp berýär [13. 77 s.]. Şulardan görnüşi ýaly, dessanda Yusubyň we Ýakubyň obrazlarynda mert kişiniň ajaýyp häsiýetleri ýüze çykýar. Bular bolsa, futuwwatlygyň kämil ynsan baradaky ahlak ýörelgelerine laýyk gelýär. Ejize-mätäje kömek etmek ýaly mertlik häsiýetini «Leýli-Mejnun» dessanynda Mejnunyň obrazynda görmek bolýar. Mejnun çölde ahu-efgan çekip ýören wagtynda bir saýadyň (awçynyň) iki ahu beççäniň (jereniň owlaklary) başlaryny kesermen bolup durka, üstünden barýar. «Eý, saýat, bu biçärelerini goýbergin, meniň başymny kesgin» diýip, Mejnun Nowfylyň beren atyny saýada berip, jereniň owlaklaryny azat edýär. Soňra ýene bir saýatdan bir gewezni (suwguny) Nowfylyň beren zatlaryny berip alyp galýar. Mejnun bir kör bendäniň boýnuna ýüp dakyp, bile dilegçiluik edip ýören piri-zala (garry kempire) duşýar. Ondan kör kişini diläp alyp boşadýar, ýerine öz boýnuna ýüp saldyryp, özüni kempiriň ygtyýaryna berýär [11. 74-78 s.]. Mejnunyň bu rehimliligi, ejiz-bendi haýwanlary öz zatlaryny berip ölümden halas etmegi, ýerine özüni pida edip, bir biçäre kör kişini gulçulykdan boşatmagy, elbetde, mert kişiniň işidir. Mert kişiniň obrazynyň, mertlik häsiýetiniň işlenişi «Babaröwşen» dessanynda has aýdyň ýüze çykýar. Çünki dessanyň gahrymany, taryhy şahs Aly ibn Abu Talyp bütin yslam äleminde mertligiň, edermenligiň simwoly hasaplanýar. Dessanda Aly Babaröwşen atly bir garybyň müň tylla bergisini üzmegi boýnuna alýar. Ol Babaröwşeniň: « − Ýa Aly, bir ýerde gömüp goýgan dünýäňiz barmy?» diýen soragyna şeýle jogap berýär: « − Eý, Babaröwşen, bizlerde dünýä ne işlär. Bizlerge dünýä duşmandyr. Bizler hem halaýyklar dek dünýäni dost görsek, bizlerge hem dünýä tapylur. Çünki men dünýäden gaçar men, dünýä hem bizden gaçar» [11. 223 s.]. Mert, halal kişileriň bu dünýäniň mal-baýlygyndan ýüz öwrüp, adamynyň ahlagyny zaýalaýan nebisini öldürip, kalplaryny päkläp, ruhy baýlyk bilen ömür ötürýändikleri bellidir. Bu futuwwatlygyň ýörelgeleriniň biridir. Özüňde mal-baýlyk ýok wagtynda özge biriniň bergisini üzjek bolmak – bu merdiň işi. Alynyň maksady özi kyn ýagdaýa galsa-da, algydary tarapyndan kyn şertler goýlup, agyr, çykgynsyz güne düşen ejiz biçärä kömek etmek. Bu maksadyny amal etmek üçin ol özüniň gul edilip satylmagyna hem razy. Babaröwşene özüni gul edip satdyryp, ony bergisinden dyndaran Aly şähri-Berberiň şasy Mergup şanyň bitirmesi kyn agyr şertlerine döz gelýär. Alyda mertlik sypatlarynyň biri bolan sahylygyň ýüze çykyş pursatyny onuň Mergup şanyň beren kyrk düýe tylla-zerini öz ýurduna gelip, il-güne, garyp-gasarlara paýlamasynda görmek bolýar: «Andan soň hezret Aly kyrk tiwe zerni taksym kylyp, jemg sahabalarga we birniçe binowa biçärelerge we pakyr-u misginlere berdiler» [11. 302 s.]. Görnükli sopy şahyrlar Mansur Hallajyň we Seýit Ymadeddin Nesiminiň pajygaly ykballary dini-mistiki äheňde beýan edilýän «Rysalaýy Nesimi» poemasynda hem futuwwatlyk ýörelgesiniň ýüze çykyşynyň käbir pursatlaryny synlamak mümkin. Şeýh Zunnuny Misri Mansuryň wesýeti bilen onuň külünden bir owuç alyp saklaýar. Deňiz joşup, Müsür şäherini sil alamak howpy döreýär. Patyşa köp leşgeri bilen-de muňa çäresiz bolup, kim sili saklasa, köp mal-mülk berjekdigini aýdyp jar çekdirýär. Şeýh Zunnuny muny eşidip, Mansuryň aýdyşy ýaly, bir owuç küli siliň öňüne basýar. Sil togtaýar. Alarga berdi şah çün maly-bihed, Eger iýse tükenmez niçe mütdet. Bular hem saklamaý köp binowaga, Üleşdirdi niçe misgin-gedaga [12. 125 s.]. Bu setirlerden görnüşi ýaly, şeýh Zunnuny eýe bolan mal mülkünden ýüz öwrüp, ony garyp-gasarlara paýlaýar. Şeýh-sopularyň bu dünýäniň mal-mülkünden ýüz döndermesi futuwwatlykdan gelýän ýörelgedir. Futuwwatlygyň düzgünlerinde mert bolmak üçin adamyň öz beden agzalaryny çäklendirmeli berk talaplary, ten borçlary bolupdyr. Ol borçlar şulardan ybarat eken: 1. Dili gybatdan we ýalan sözlerden saklamak; 2. Gözleri erbet zatlary görmekden saklamak; 3. Gulaklary erbet sözleri eşitmekden saklamak; 4. Elleri haram işlerden saklamak; 5. Aýaklary erbet ýerlere barmakdan, haram zatlary basmakdan saklamak; 6. Agzy haram zatlary iýmekden we teni zynadan saklamak [6. 10 sah.]. Nesiminiň başga beden agzalaryndan däl-de, hut dabanyndan soýulmasy, görlüp oturylsa, gös-göni şol ten borçlary bilen bagly eken. Poemada Nesimini dardan assalar-da ölmeýär, soňra ony ýatyryp derisini soýmakçy bolanlarynda, onuň beden agzalaryna urulan pyçaklar hem kär etmeýär. Ahyry jellatllaryň gynamalaryna mejaly galmadyk Nesimi: Dabanym birle basgan men nejasat, Pyçak kesmäge ol bolmuş kesapat [12. 150 s.]. diýýär. Şundan görnüşi ýaly, ten agzalary haram zatlardan goralmasa, olar soňra adamy her hili bela-beterlerden goramaga ukypsyz boljak eken. «Rysylaýy Nesimi» poemasyndaky şol pursat futuwwatlyk talaplarynyň aňyrsynda uly manylaryň ýatandygyny görkezýär. Futuwwatlygyň sahylyk ýörelgesi «Sagdy-Wakgas» poeamasynda çuňňur işlenipdir. Poemada Muhammet pygamberiň Sagdy Wakgasy iň sahy adam diýip bahalandyrmasy mertleriň şasy – Şahymerdan adyny alan Ala ýokuş degýär. Çünki Aly özüni mertleriň merdi, sahylaryň sahysy hasap edýärdi: − Ýetmiş iki ýola gul diýp başymny, Satdyrdym, akyzyp gözde ýaşymny, Garyplarga berip nan-u aşymny, Iýip-içip hakymga dowa eýledi. Hasan-Hüseýin iki şahzadalarny, Girew berdim jöhitlerge alarny, Sahylyk at üçin kyldym bularny, Meniň barça işim ryýa eýledi [12. 165 s.]. Şonuň üçin Aly Sagdy Wakgasy özüçe barmy-ýokmy, synamak maksady bilen hyzmatkäri Gambary derwüş sypatynda iberip, oglunyň ganyny soradýar. Dilegçi derwüşiň möhümi bitýär. Aly eden işine utançly we ökünçli halda galýar. Oglan Allanyň gudraty, pygamberiň şepagaty bilen direlýär we Sagdy Wakgasa jennet buýrulýar. Dileg salan mätäje mal-zat bermek bir başga, janyňy, onda-da jandan ileri görülýän perzendiň janyny bermek bir başga. Eserde agyr talaby bitiren, görlüp-eşidilmedik sahylyk görkezen Sagdy Wakgas jennete buýrulýar. Dirikä jennete buýrulmak – bu kämil ynsanlyk mertebesine eýe bolan kişidir. Andalyp poemada futuwwatlyk ýörelgesiniň dileg salan kişiden, hatda janyňy hem gysganman, biminnet bolup, razylyk bilen onuň möhümini bitirmek baradaky talabynyň berjaý edilişini edebi-filosofik tärde täsirli beýan edipdir. Gündogar edebiýatynyň bölegi bolan türkmen edebiýaty hemişe Gündogaryň gazanan edebi däplerini we filosofik garaýyşlaryny özleşdirip, kämilleşdirip, ösdürip gelipdir. Türkmen akyldarlary Gündogarda kemala gelen adamzat ähmiýetli edebi-filosofik gymmatlyklary öz eserlerinde mynasyp şöhlelendiripdirler. Şeýle gymmatlyklaryň biri bolan ynsan ahlagynyň arassalygyny baýdak edinen futuwwatlyk taglymatynyň ýörelgeleriniň Andalybyň eserlerindäki beýany hem munuň aýdyň mysallarynyň biridir. ■ EDEBIÝATLAR 1. Berdimuhamedow G. "Döwlet guşy" − Aşgabat: TDNG, 2013. 2. Döwletmämmet Azady. Eserler ýygyndysy. – Bursa, 2012. 3. Görogly. – Ankara: Bilig, 1996, 6-njy kitap. 4. Görogly. – Ankara: Bilig, 1996, 7-njy kitap. 5. Halimow N. Matto G. R. Najm ad-din al-Kubra (rus we iňlis dillerinde, çykan ýeri görkezilmändir). − 2001. 6. Husaýin Waiz Koşifi. Futuwwatnomoi sultoni ýohud jawanmardlik tarikoti. − Toşkent, 1994. 7. Ishakow Ý. Murawwat – barça bermakdur, ýemak ýuk. // «Şark ýulduzy», 1990, №12. 8. Kitaby dädem Gorkut we hekaýaty oguznamaýy Gazan beg we gaýry. − Aşgabat: TMGI, 1997. 9. Komilow N. Tasawwuf. – Toşkent, 1996. 10. Magtymguly. Şygyrlar. Üç tomluk, II tom. – Aşgabat: Türkmenistan, 1994. 11. Nurmuhammet Andalyp. Dessanlar. – Aşgabat: Türkmenistan, 1991. 12. Nurmuhammet Andalyp. Şygyrlar hem poemalar. – Aşgabat: Türkmenistan, 1990. 13. Nurmuhammet Andalyp. Ýusup-Züleýha. – Aşgabat: Ylym, 1987. 14. Oguznama. − Aşgabat, 2001. 15. Seýdi. − Aşgabat: Türkmenistan, 1977. 16. Türkmen halk ertekileri. – Aşgabat: TDNG, 2007. Gülruh NURYÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |