10:40 Badalga -2: Ýörişe taýýarlyk | |
ÝÖRIŞE TAÝÝARLYK
Taryhy proza
Ýörişiň taýýarlyk nokady hökmünde ýa Krasnowodsk ýa-da Çekişler saýlanyp alynmalydy. Şeýle seredeniňde Krasnowodsk amatlydy. Sebäbi, o kenardan gelen üsti ýükli gämiler bu kenardaky gämi duralgasyna arkaýyn ýüzüp gelip biljekler. Ýükleri düşürmek, daşamak aňsat hem çalt boljak. Gaýdyr-tupanam häli-şindi bolup duranok. Çekişlerde welin Huda gün berse tot-tozan. Ýel. Harasat. Gözüňi açar ýaly däl. Üstesine-de, kenarýaka suwlaryň ýalpaklygy zerarly gämilerem kenardan bäş-alty wýorst uzaklykda labyr taşlamaly boljak. Getirilen ýüklerem şol ýerden türkmen gaýyklaryna ýükläp alyp gaýtmaly. Ýöne, o gaýyklaram kenara bary-ýogy ýarym wýorstdan artyk golaňlap bilmeýärler. Şonuň üçinem, şondan beýläk ýükleri soldatlar ýakyp barýan Günüň aşagynda, çermeklerine çykyp duran suwuň içi bilen , arkalarynda daşamaly. Atlary gämiden gös-göni suwa bökdürmeli we suwuň içi bilen idip gaýtmaly. Gaý-tupan güýjerlän wagty bolsa işi büs-bütin togtatmaly. Bu zatlaryň barysynyň birigip işi haýallatjakdygy we iňňän uly kynçylyklar döretjekdigi görnüp dur. Şeňle-de bolsa, ors komandowanibesi Çekişleri saýlap aldy. Çünki, ýaňky agzalan ähli kynçylyklara garamazdan Çekişlerden Ahala çenli geçilmeli aralygyň suw üpjünçiligi gowy. Suwsuz geçilmeli menziliň iň uzagy Tersakandan Hojagala çenli bolup, o-da bary-ýogy kyrk alty wýorst. Krasnowodskiden ugradylsa welin goşun Gyzylarbada barýança biri ýetmiş, beýlekisi bir ýüz otuz wersit bolan iki sany suwsuz aralygy geçmeli. Bu bolsa ýanar yssynyň içinde uly kynçylyk döretjek. Heläkçilige sezewar edäýmegem ahmal. Ikinjidenem, Çekişler Eýranyň ilatly we mes toprakly welaýatlaryna golaý. Şonuň üçinem, iki taraplaýyn gol çekilen şertnama görä, Eýran tarapyndanam azyk, ot-iým, ulag meselesinde yzygiderli goltgy berlip duruljak. Bary-ýogy on-onbäş öýliden ybarat Çekişler obasyny orslar ilkinji gezek 1871-nji ýylyň dekabrynda, Hywa ýörişi taýýarlanýan döwürde eýeläpdiler. Ony goňşy obalardan düýe satyn almak, toplamak üçin merkezi nokat hem-de harby baza hökmünde ulanypdyrlar. Etrek derýasynyň ugrunda barlag-serenjam işleri geçirilende käte bir geluip, gonup-göçüp gidendiklerini hasaba almasaň, olar şondan soň Çekişlerde görünmediler. Ak patyşanyň Ahalteke ülkesine goşun ugratmak baradaky kararyndan soň welin, general Lomakiniň barlag geçiriji otrýady bu ýerde ymykly ornaşdy. Şondan soň Çekişler ýene-de uly bolmadyk harby berkitmä öwrüldi. Ol ýerde hemişelik garnizon döredildi. Ýöne taýýarlyk işleri welin ofiserleriň göwünleriniň isleýşi ýaly gyzgalaňly gidibermedi. Çünki, ähli zat deňziň, howanyň «keýpine» bagly. Işlän güni üçin iki manat, bökdenen günleri üçin bir manat tölenýän hakyna tutma türkmen gaýykçylary tupan mahalym, hiç bir öwüsginsiz tüp yssy mahalam işläp bilmeýärdiler. Deňizde asudalyk höküm sürüp, ýelkenlere gop berer ýaly sähelçejik şemal öwsen güni welin iş diýseň şagalaňly gidýärdi. Daşalýan ýükler esasan ok-ýaragdan, azyk önümlerinden, ýöriş wagty soldatlara gerek boljak geýim-gejimlerden, gap-gaçlardan we beýleki derwaýyslyklardan, şeýle-de, berkitme üçin derkar bolan tagta, pürs, çüý ýaly gurluşyk serişdelerinden, poçtadan hem-de ýolagçylardan ybarat. Gämiden kenara ýük daşaýan türkmen gaýyklarynyň arasynda bir barkas we «Araks» atly onçakly uly bolmadyk gämi hem bar. O kenardan, ýagny, Bakuwdan ýük getirýän uly gämiler «Kawkaz we Merkuriý» atly gämiçiler jemgyýetine degişli bolup, olar hökümet tarapyndan haklyna tutulan. Şonuň üçinem, işiň haýal-ýagallygy, gämileriň uzak wagtlap ýük basyp durmaklygy, taýýarlygyň uzaga çekdirilmegi döwletiň gaznasyna çak edilişindenem çökderräk düşýärdi. Bu ýagdaý türkmen gaýyklarynyň kenara bökdençsiz baryp bilmegi üçin ýörite gämi duralgasyny döretmekligiň zerurdygyny ýüze çykardy. Hut şeýle hem edildi. Goşun bölümleriniň yzygiderli gelip durmagy, söwdagärleriň peýda bolmagy Çekişleriň ýaýrawyny birneme giňeltdi. Ors, ermeni, söwdagärleriniň çalamydar çatmajyklarda açan dükanjyklary, meýhanalary, fransuz zenany mademauzel Paulina Lallijonyň meýhanasy bolsa ony şäherjige meňzetdi. Durşy bilen nazu-kereşme bolup duran bu zenan ýaşlygynyň sowulandygyna garamazdan göz oýnadyp, gaş kakyp, syrtyny bulap, diliniň çöwjagazy bilen dodagyny ýalap, bir gepläp iki gülüp heleýbazrak ýigitleriň enter-peleklerini öwürýär. Jürlerini dikmänem goýberenok. Käte şäherjige golaý Esenguly obasyndan ýomutlaryň japarbaý tiresine degişli bolan türkmenler gelýärler, her dürli ir-iýmişler, nan, düňe çal, haly satýarlar. Basym köçelerem peýda bolup başlady. Ol köçeleriň iň esasyny, ýagny kenar bilen ugurdaş gidýän berkitmäniň orruk-ortasyndan zowwam geçýän uly köçäni soldatlar özara degişip: «Ahal prospekti» diýip, atlandyrdylar. Berkitmäniň orta gürpünde goşunyň ştaby ýerleşdi. Ştab gara öýlerden ybarat bolup, ýerleşişi boýunça agzy deňze garap duran nala meňzeýär. Şol nalyň ortasynda generalyň stawkasy ýerleşen. Stawkanyň ýeňsesinde garawul wyşkasy dikilen. Onuň depesinde Orsyýediň milli baýdagy pasyrdap dur. Öňündäki meýdançada bolsa soldatlar gije-gündiz nyzama durýarlar. Taýýarlyk işleri welin barybir ilerläberenok. Hökümet tarapyndan berlen möhlet tamamlananda, goşun entek Çekişlerde doly jemlenibem ýetişmändi. Bu iş diňe 1879-njy ýylyň iýun aýynyň ahyrynda tamam boldy. Goşunyň bu gezekki möçberiniň Merkezi Aziýa edilen öňki ýörişlerdäkisinden has uludygyndan çen tutup, soldatlar öz öňlerinde duran wezipäniň hele-müçük däldigini-de, Ahalteke ülkesine edilýän öňki degdim-gaçdymly çapawulçylyklara meňzemeýändigini-de çaklaýardylar. Şeýle-de, olar çöl içinde çokaýynyň bagyna çolaşyp, ygyp-tozup ýören çarwa halky boýun egdirmek üçin dagam şolar ýaly uly goşunyň toplanýandygyna geň galýardylar. Isgender iki şahlynyň aýdyşy ýaly: «Bararys, göreris, ýeňeris baş esen, bagry bitinem gaýdyp geleris», diýýärdiler. Şeýlekin aňsatja ele geljek şöhradyň lezzetli pursatlarynyň basymrak geleri üçin, ýörüşiň başlanaryna howlugýardylar. Taýýarlyk işleriniň henizem haýal-ýagal gidýändigini görüp, darygýardylar. Boş ýatmakdan ýaňa irendiklerini aýdyp jibrinişýärdiler. Bakuwdan uly ofiserleriň biriniň geldigi, gämiden düşerine mähetdel daşyna üýşýärdiler we haçan ýörişe ugraljakdygy barada sorag baryny ýagdyrýardylar. Olary bir zat köşeşdirýärdi we buýsandyrýardy, ýagny, goşuna ýolbaşçy edilip bellenen general Lazerew bir sözünde: «Soldatlary ýörüş üçin gerek bolan zatlaryňnyň ählisi bilen doly üpjün etmän, men Ahaltekä tarap ýekeje ädimem ätmen», diýenmiş. Howanyň ugursyz yssylygy, tozan gatyşykly ýeliň günüň-gününe diýen ýaly çäge owuntyklaryny sowrup durmagy, suwuň sadyrlygy, agzyňa – burnuňa girip, naharyňa-çaýyňa düşüppeteň-bizaryňy çykarýan, günuzyn ýatmaga goýmaýan siňekleriň uçursyz köpdügi, otrýadyň içinde içgeçme keselleriniň döremegine sebäp boldy. Birsydyrgyn durmuş, şol birmeňzeş meýdan, şol birmeňzeş gep-gürrüňler soňabaka soldatlaryň ýüregine düşdi. Iň ýamanam olar ýörişiň goýbolsun edilerinden ätiýaç edip başladylar. 1879-njy ýylyň 1-nji iýulynda goşun başlygy Lazerewiň, «Gyzyl hajyň» wekilleriniň, iki doktoryň, dokuz sany sanitar bölümleriniň Çekişlere gelmegi bilen soldatlaryň peselip barýan ruhlaryna jan berdi. Goşunlary gözden geçiren soň Lazerew fligel-adýutant, polkownik Dolgorukiniň ýolbaşçylygynda pyýada goşunyň üç batalýonyndan, bäş ýüz atlydan ybarat awangardyň gapdalyna iki sany dag tokuny hem goşup ýola ugratdy. Awangardyň wezipesi goşunyň geçüýjek ýerlerindäki güzerleri, ýollary bejermekden, guýulary gazmakdan we dagyň kötel ýerlerindäki iniş-çykyşlary ýörüşe taýýarlamakdan ybaratdy. Generalyň kabul eden kararyna görä, galan goşun iki kolonna bölünip, general-maýor graf Borhuň ýolbaşçylygyndaky pyýada goşunyň dört batalýonyndan: grenaderleriň Leýb-Eriwan polkunyň batalýonyndan, grenaderlaryň gruzin polkunyň batalýonyndan, birleşdirilen atyjylar batalýonyndan, Şirwan polkunyň batalýonyndan şeýle hem 20-nji pyýada artilleriýa brigadasynyň ýarym batareýasyndan we dört sany dag topundan ybarat birinji kolonna 30-njy iýulda, atly goşunyň baştutany general maýor knýaz Witgenşteýniň ýolbaşçylygyndaky dragunlaryň Pereýaslaw polkunyň 2-nji eskadronyndan, kazaklaryň Poltawa polkunyň ýüz atlysyndan, raketa batereýasyndan we Terek kazaklarynyň artilleriýa brigadasynyň ýarym batareýasyndan ybarat ikinji atly goşun kollonnasy bolsa şol günüň ertesi ýagny, 31-nji iýulda ugramaly edildi. Şonuň üçinem: generalyň özi şu ýerde galjakmyşyn, sebäbi, ýagyrnasyna çyban çykanmyşyn, ýarasy ýagşylaşansoň özi kolonnanyň yzyndan ýetjekmişin», diýen «myş-myşlar» dagy soldatlary gynandyrybam durmady. Bar kemi bir ýara bolsa onuň işi haýyr. Esasy zat ýörüşiň başlanmagy. Garaşylan pursatyň gelip ýetenligi. Tekeleriň üstüne ediljek hüjümiň çynyrgadylmagy. Lazerew sagalyp otrýadyň yzyndan ýetýänçä goşuna ýolbaşçylyk etmeklik knýaz Witgenşteýne tabşyryldy. Ýöriş başlandy. Ähli zat öňünden ölçelip-biçilişi ýaly boldy. Ýöne, näme üçindir orslaryň parslardan eden tamalary-ha çykmady. Başda şertleşişleri ýaly ýöriş wagtynda goşuna kömek etmekden geçen, gaýtam ýöriş başlamanka, hiç hili düşündiriş bermezden, ur-tut şertnamalaryny bozdular, karz alan pullaryny yzyna gaýtardylar, üstesine serhetýaka goraglarynam güýçlendirdiler. Ahalteke ýörişine taýýarlyk görýän otrýad bilen aragatnaşyklaryny çürt-kesik kesdiler. Soldatlaryň arasynda ýaýran gürrüňlere görä, şertnamanyň ýerine ýetriilmegine iňlisleriň Tährandaky razwedkasy päsgel beripmişin. Parslaryň ýokarky, gyssanmaç eden hereketlerinden çen tutsaň iňlis razwedkasy dogrudanam işjeň hereket eden bolmaly. Ol megerem, iňlisleriň Ahal topragyna aýak basmak bilen, Eýrana hem howp salyp biljekdigini iňňän degerli deliller bilen parslara düşündiren bolsa gerek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |