11:05 Badalga -3: Aşgabat maslahaty | |
AŞGABAT MASLAHATY
Taryhy proza
Özünden öňki ors serkerdeleri ýaly, Ahalteke ýörüşine ýolbaşçy edilip bellenen gününden başlap, Lazerew hem Ahal serdarlaryna, han-beglerine uruşsyz boýun egmeklerini sorap kä mylaýym, kä biliner-bilinmez haýbatly hatlaryň ençemesini ugradypdy, syalg-serpaý, pul ibermekligi hem ýadyndan çykarmandy. Şol wagt Çekişlerde saý-sebäp bilen orslara ýesir düşen iki sany teke ýigidi saklanýardy. Şolaryň boşadylmagyny haýyş edip bir gün Lazerewiň ýanyna Dykma serdaryň ogly Akberdi han geldi. General bu ýagdaýdan ökdelik bilen peýdalandy. Myhmany güler ýüz hem han ogluna mynasyp derejedäki lezzetler bilen garşylady. Hormat etdi. Haýyşyny uly höwes bilen ýerine ýetirdi. Ors goşunlarynyň Ahal topragyna ýaman niýet bilen barmaýandygyny aňladybilýäýjek sypaýyçylykly sözleriň ählisini ulandy. Şeýle hem onuň özüne elli manat, kakasyna bolsa ýüz manat möçberinde bir aýlyk pyl berdi. Egerde, ors hökümedine gowy gulluk etseler, ülkäni uruşsyz-sögüşsiz boýun egdirmekde ýeterlik kömeklerini gaýgyrmasalar, şol mukdardaky puly kakasy ikisine her aýda iberip durjakdygyny aýtdy. Hoşlaşjak wagty bolsa Dykma serdaryň hut öz adyna hat ýazyp, Akberdi hanyň eline berdi. Akberdi han ýesirleri getirip, öýli-öýlerine tabşyrandan soň, iberilen haty kakasyna gowşurdy. Ine, hut şol hat mynasybetli hem, Köpetdagyň Garagum bilen jähekleşýän ýerinde ýerleşen Aşgabat obasynda, Ahalyň han-begleriniň, ýaşulularynyň, ulamalarynyň, dini hadymlarynyň maslahaty geçirildi. Maslahatda ilk-ä Lazerewiň Dykma serdara ýazan hatynyň mazmuny okaldy. Soňam: «Orslaryň raýatlygyny kabul etmelimi ýa ýok», diýen mesele orta goýuldy. Onda sesleriň köplügi bilen: ors raýatlygyny kabul etmeli däl, gelse-de gaýtawul bermeli», diýen netijä gelindi. Esasy çäre hökmünde bolsa, Ahal ülkesiniň merkezi hasap edilýän Gökdepedäki ätiýaç üçin köpden bäri gurlup ýörlen galanyň gurluşygyny çaltlandyrmak, uzaklaşdyrmanam tamamlamak bellendi. Oňa umumy ýolbaşçylyk etmek bolsa maslahaty alyp baryjy, şol wagt Maryda syrkaw ýatan Nurberdi hanyň ogly Berdimyrat hana we beg tiresindeniň kethudasy Orazmämmet hana tabşyryldy. Maslahatda uruşmaklyga garşy çykanlaram boldy. Hususan-da Orazmämmet han, syçmazlaryň kethudasy, bir wagtlar Hywa hanynyň Ahaldaky dikmesi bolup oturan Hanmämmet atalyk, Dykma serdar we başga-da birnäçe ýaşulylar köpçüligiň ünsüni Akberdi hanyň Çekişlerde bolýan harby taýýarlyk baradaky beren maglumatlaryna, şeýle hem Orsyýediň kuwwaly iň uly dünýä döwletleriniň biridgine çekmek bilen: «Güýç deň däl. Uruşmak bolmaz, halk gyrylar, netijesem puç bolar» diýdiler. Emma olaryň sözi ýer almady. Şondan soň olar iň bolmanda gala girmek baradaky gürrüňiň goýbolsun edilmegini soradylar. «Bala-çagalry, aýal-ebtatlary Mary, Tejen taraplara ugradyp, özümizem arkamyzy Garaguma diräliň-de, gaça uruş edeliň» diýdiler. O tekliplerem ýer almanyndan soň seslerini çykarman oňmaly boldular. Şol maslahata köpden bäri türkmen topragynda köwejekläp ýören iňlis žurnalisti O’ Donowan hem gatnaşdy. Ol her kimiň ýüzüne bir bakyp oturşyna, egerde türkmenler orslar bilen urşa başlasalar, öz hökümedi tarapyndan ýarag kömeginiň ediljekdigini öz ýygralyk häsiýetine görä çekinjeňlik bilen aýtdy. Muňa uruşmaklygyň tarapdary bolup çykyş edenler köp hoşal boldular. Begendiler. «Gördüňizmi-de, gördüňizmi» bolşup, ýerli-ýerden gobsundyşdylar, biri-birlerine çiginleriniň üstünden seredişip baş atyşdylar. Uruşmazlygyň tarapdarlary bolsa, aşak bakyşyp uludan sowuk demlerini aldylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |