11:24 Badalga -4: Gala | |
GALA
Taryhy proza
Gaty bir inedördül bolmasa-da, garaz, dörtburçrak şekilli, uzyn tarapyň ýedi ýüz ýigrimi, gysga tarapy bir ýüz kyrk sažehe barabar galanyň diwarlary başda çäkme-çäk bölünip, Ahal ilatynyň dürli taýpalaryna paýlanypdy. Taýpalaram öz aralarynda her on maşgala bir paýdan bölüşipdiler. Galanyň gündogar diwaryny gurmaklyk beg hem-de wekil taýpalarynyň paýyna, oňa görä birneme gysgarak günbatar diwaryny galdyrmak bagşy hem-de daşaýak tireleriniň paýyna, in tarapynyň demirgazyk diwary syçmazlaryň, günbatardan günorta tarap gyýaklap gidip, gündogar diwarynyň günorta burçy bilen çüňk görnüşinde birleşýän beýleki diwary bolsa ýene-de beg taýpasynyň bir özüniň paýyna düşüpdi. Gurluşyk şol tertip boýunça öňem, haýal-ýagalrak hem bolsa, birsyhly dowam edip gelýärdi. Ýöne, düýn-öňňinki Aşgabatda bolup geçen gysga hem aýgytlaýjy maslahatdan soň gurluşygyň bady görnetin güýçlendi. Asyl uly iliň bar ünsi şoňa gönükdirildi. Öňde duran wezipe, ýurduň syýasy hem harby ýagdaýy halka düşündirildi. Ahal obalarynyň ählisinden Gökdepä paý-pyýada, eşekli, atly, düňeli, arabaly gelýänleriň ýa galadan çykyp yzyna gidip barýanlaryň arasy üzülenok. Olaryň kimsi diwarda işläp ýörenlere azyk, suw getirse ýene biri gurluşyk serişdelerini daşaýar, biraz dem bermek üçin işgärler bilen orunlaryny çalyşmaga gelýänlerem bar. Diwar işinde erkeklere kömek berip ýören emzikli gelinleriň bäbeklerini emdirtmäge gatnadyp ýören oral aýallaram, kempirlerem käte bir göze kaklyşyp gidýärler. Ýol-ýodajyklardan göterilýän inçeli-ýogynly tozanjyklar tä iňrik garalýança ýatanok. Şolardan ýaňa gözýetim hemişe gubar baglap dur. Agşamlaryna bolsa gurluşykçylaryň çaý-nahar üçin ýakýan sansyz otjagazlary ýol üstünde howul-hara düşlän agyr goşuny ýada salýar. Uzakly günüň argynlygyndan soň olar birek-biregiň ýanyna barýarlar, derdi-hal aýdyşýarlar, öňde duran güýç taýdan deň bolmadyk uruş, umuman durmuş hem däli dünýä, keç ykbal hem ýowuz duşman barada söhbet edýärler. Şeýdip gün yzyna – gün, aý yzyna aý geçdi. Gurluşyk gitdigiçe gyzyşdy. Şeýle-de bolsa ors goşunlarynyň bu gün-erte Çekişlerden çykyp, Gökdepä bakan rowana boljakdygy baradaky habar gelip ýetende gala barybir gurlup gutarylmandy. Şonda-da, gurluşygy tä, iň soňky güne çenli dowam etdirmeklik karar edildi. Düýbüniň ini bäş sažene, gerişiniňki üç sažene, beýikligi iki ýarym sažene barabar bolan galanyň daşky diwarlarynyň düýbünde soňabaka çuňlugy iki sažene barabar giň garym emele geldi. Ony hüjüm wagty galanyň daş ýüzünde duşmany ilkinji bolup garşylajak mergenler üçin janpena hökmünde ulanmaklyk makul bilindi. Diwarlaryň üstünde hem mergenler üçin amatly bolar ýaly atyşhanalar, bukylar, sekiler, garawulhanalar guruldy. Birnäçe girelgeler, çykalgalar goýuldy. Esasy girelge hökmünde demirgazyk günbatar burçdaky girelgäni has giňden tutdular. Demirgazyk we günbatar tarapdaky girelgeleri ötük hökmünde ulanmak üçin insizräk etdiler. Ilkinji zarbany şol ýerde kabul etmek niýeti bilen, galanyň günbatarynda üç sany kiçeňräk galajyklar hem gurdular. Zerurlyk ýüze çykan wagty goşmaça berkitme hökmünde ulanmak üçin, günbatar çetdäki galajygyň bir betini ir wagtdan bäri işläp duran ullakan harazyň bir gapdalyna ýabşyrdylar. Galajyklaryň diwarlarynyň beýikligem uly galanyň diwarlaryndan belent bolmasa pes däl. Uly galanyňky ýaly olaryňam daşy garym bilen gurşalan. Günbatar çüňkdäki ýeke oturan galajygyň pesräk seňňer arkaly uly gala bilen sepleşýändigini nazara almasaň, galajyklaryň barysy birmeňzeş. Giden bir meýdançany gurşap alan, aýmança şekilli şol seňňer daşyndan seredeniňde mähnet uly agyly ýadyňa salýar. Gala zabt edilen mahaly soldatlar ony hut şeýle diýip hem atlandyrdylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |