13:08 Bagyşla, eje! | |
BAGYŞLA, EJE!
Goşgular
Dirikäm güldürmedim, Öleýinmi ejejan. Barlygym bildirmedim, Oñaýynmy ejejan? Señ mähriñe suwsadym, Bagryña bas ganaýyn. Diýme maña "Gowsy dym!" Derdim aýdyp dynaýyn. Şu güne çen oglyña, Ynam bilen garadyñ. Ynamyñ deregine, Aýt nämäñe ýaradym. Görkezenim dert boldy, Iýdiñ gyşyñ sowguny. Tomus depäñ gaýnady, Ulaltjak diýp oglyñy. Ynha ulaldym eje, Ýigrimbäşiñ dälisi. Bakmak küje, zat küje, Erkegiñ binamysy. Kätelerne şu wagtam, Señ eliñe garaýan. Sowjagymy kakama aýtman sendem soraýan. Haja ugratjak oglyñ, Özünden pul artanok. Sen bolsa meni öwýäñ, Öwgiñ günäm örtenok. Şahyryñ men sen galam, Ýazyp-ýazyp küteltdim. It görse gözi agyrar, Itden beter it etdim. Eden günälem agyr, Günäkäriñ öp eje. Belki Hak bagyşlamaz, Bagyşlaýan ýekeje, Sen Eje! Didaraly ERKÄÝEW. | |
|
√ Garyşmaz / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
√ «Jim» harpy / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Emelsiz kişi / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Perizat / Goşgular - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |