00:26 Balyk awunyň syry | |
BALYK AWUNYŇ SYRY
Oýlanmalar
Umumyýaşaýyş jaýynda ýaşaýarkam otagdaşym syrkawlady. Okuwa ýaňy girişen wagtymyz bolany üçin bir-birimize ysnyşmadyk bolsagam syrkawy soramak sogap hem bir ýyl bile ýaşamaly ýoldaşymy begendireýin diýip dükana çykyp üzüm alma limon ýaly tapanja miwelerimden göterinip otaga girenimde otagdaşym gözüni maňa bir aýlady-da göwnübir ýatyberdi. Men getiren zatlarymy özünedir öýtmedik otagdaşyma her miweden birini ýuwup öňüne goýdum. Özüme şunça miwe getirip ýuwup öňüme goýsalar begenjekdim tersine otagdaşym kyn güne galdy. Göwnüm üçin birki bölek almadyr üzüm agzyna atdy-da işdäsi ýoklugyny aýdyp ötünç sorady. Wagt geçip otagdaşymyň miwe iýmegi halamaýandygyny bilemde bolşuma ökündim. "Iýesi gelýän zadyny soraýmaly ekenim" diýdim. Özüňiz çörege bal ýa-da mürepbe çalyp iýmäni halasaňyzam balyk tutanda çeňňege gurçuk ýa-da çekirtge dakyp suwa oklamalydygy barada pikirlenip gördüňizmi?! Bagtyň kesgitmelemesi balyk awunda jemlenen ýaly. Bagtly bolasyňyz gelýärmi onda balyk tutmagy öwreniň! Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |