10:18 Bapba Gökleň | |
BAPBA GÖKLEÑ
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Bapba Gökleň 1949-njy ýylyň 15-nji ýanwarynda Gyzylarbat şäherinde doguldy. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabatdaky şol wagtky Oba hojalyk institutyna okuwa girýär, emma edebiýata, çeper döredijilige höwesi ony oba hojalygyndan daşlaşdyrýar we metbugata, galamgärlige alyp barýar. Ol alym-zootehnik hünärine eýe bolsa-da, bu ugurda uzak işlemän, şol wagtky «Tokmak» žurnalyna işe geçýär, şundan soň Bapbanyň ilkinji goşgulary, hekaýalary dürli gazet-žurnallarda çap edilip ugraýar. Biraz soňra Bapba Gökleň öz zehinini has-da taplamak maksady bilen, Moskwanyň Maksim Gorkiý adyndaky edebiýat institutyna okuwa girýär. Ol bu ýerde şol döwrüň meşhur ýazyjy-şahyrlary bilen tanyşýar, olardan sapak alýar, rus we dünýä edebiýatynyň naýbaşy nusgalaryny içgin öwrenýär. Bapba Gökleň diňe bir goşgy däl, eýsem, kyssa eserlerini hem ýazýardy. Şolardan gazet-žurnallarda çap edilen nowellalary, şeýle hem «Oýtak» hekaýasy okyjylaryň aýratyn ünsüni çekipdi. Ol terjimeçi hökmünde bir näçe çeper filmleriň türkmen diline geçirilmegine-de gatnaşdy. Ýöne onuň çeper, çuň mazmunly goşgulary il içinde has uly meşhurlyga eýe boldy. Bapba Gökleň 1991-nji ýylyň 21-nji dekabrynda aradan çykdy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |