01:24 Bärde menden başgasy ittihatçy... | |
Monastryň häkimi 1908-nji ýylda Soltan Abdylhamyda ugradan hatynda şeýle sözleri ýazypdy:
Taryhy makalalar
“BÄRDE MENDEN BAŞGASY ITTIHADÇY" Ekrem Bugra EKINJI, 12.03.2014-nji ýyl. Osmanly Döwletinde harby ulgam, ulamalar we döwlet jemgyýetçilik organlary hemişe köşke garşy güýç çeşmesiniň merkezi bolupdyr. Bähbitlerine zyýan ýetdi diýip düşünen wagtlarynda, käte biri, käte ikisi, käte hemmesi birleşip köşk agdarylyşyklaryny gurnamaga çalyşypdyrlar. XVI asyrdan başlap syýasy durmuşymyza ornaşan ýagdaý şeýle hem bolmagynda galýar. Yslam hukugynda hökümdar wagty çäklendirilmezden hemişelik tagta geçýär. Dinini çalyşan, ruhy taýdan näsaglyga uçran ýa-da duýuş organlaryny ýitiren ýagdaýlaryndan başga halatlarda öz islegi bilen tagtdan el çekmese, hiç kimiň ony tagtdan düşürmäge hukugy ýokdur. Emma taryhda dürli syýasy we sosial hadysalar sebäpli kanuny esaslara daýanmazdan hökümdaryň tagtdan indirilen, hatda janyna kast edilen halatlarynyň bolandygy bize mälimdir. Bu agdarylyşyklar ýörite fetwalara esaslanmak bilen birlikde, gönüden-göni käbirleri tarapyndan agdarylyşyga gatnaşanlara berilen bu fetwalaryň kanuna laýyk getirilişi üns bererliklidir. ♣ Köşküň üstüne galdyrylan tagan Osmanly Döwletinde, aýratynam döwlet agalygynyň pese düşüp başlan XVI asyryň ahyrlarynda, döwlet dolandyryşynda öz sözüni ýöredip bilýän üç täsirli gatlak bardy. Bu ulgam Ulamalar toparyndan, Merkezi Apparat we ýerli häkimiýetlerden ybarat wezipeli işgärlerden hem-de harby gullukçylardan düzülen gwardiýadan ybaratdy. Gazanyň üçaýak taganyny ýatladýan bu üç gatlagyň arasynda özara sazlaşygy we deňagramlylygy köşk üpjün edýärdi. Köşk öz şazadalaryny bogup öldürmek we garamagyndaky halklardan wezir ýetişdirmek ýaly usullar arkaly ýurtda aristokrat gatlagyň toparlanmagyna ýol bermändir. Şeýlelik-de ikinji bir agalyk ediji toparyň döremeginiň öňüni alypdyr. Ulamalar ýörite wezipeler arkaly hökümete baglanypdyr. Tarykatlar syýasy we sosial deňagramlylygy bozup biläýjek derejä gelmezligi üçin gözegçilik astynda saklanypdyr. Soltan IV. Myrat ýaly güýçli patyşalaryň höküm süren wagty bütin agalygyň köşküň elinde jemlenen döwri bolupdyr. Muňa garamazdan bu üç topar köşküň ýanynda barlygyny we patyşa agalygyna garşy mümkinçliklerini gorap saklamagy başarypdyrlar. XVII asyrda käbir ylym derejesi pes sopylaryň we ulamalaryň arasynda ýüze çykan “kadyzadalyk” hereketi ilkibaşda oňyn garşylananam bolsa, olaryň alyp barýan işleri iş ýerlerinde, metjitlerde mitingler guramak ýaly syýasy we sosial herekete öwrülip başlansoň hökümet olary jemgyýetçilikden çetleşdirip başlady. Ýygnanyşanlary dagadyp, birnäçesini sürgüne iberdi. Ýanyçarlaryň simwoliki taýdan bagly bolan bekdaşylygyň syýasy we sosial ulgamlardaky täsirlerine hem göz ýumulmady. Ýanyçarlar Ojagynyň (Hökümet gwardiýasy) ýatyrylmagy bilen birlikde bekdaşylyk hem gadagan edildi. Muňa garamazdan Soltan Abdylmejidiň ýumşaklygyndan peýdalanyp gaýtadan janlanan bekdaşylaryň arasyndan Nedim Paşa, Talat Paşa ýaly Baş wezirler hem çykdy. Bu ady agzalan wezirleriň “Jon Türkleri” goldamak maksady bilen merkezi hökümete garşy gizlinlikde iş alyp barandyklary, özlerine garşy gidenleri ýanamalara sezewar edendikleri, öz tarapdarlarynyň bikanun işlerini gizländikleri mälimdir. Soltan II. Mahmud Ýanyçarlar Ojagyny ýatyrmak we ulamalaryň, wezirleriň wezipe ygtyýarlyklaryny çäklendirmek arkaly merkezi agalygy pugtalandyrypdyr. Häkimiýet gönüden-göni köşküň eline geçipdir. Baş Müftini (Şeýhulyslam) we Harby Geňeşçini (Harbiýe Naziri - Goranmak Ministri) ýanyna almak bilen birlikde ulamalar geňeşine we harby wekillige ýolbaşçylyk etmek serenjam beriji organyň ygtyýarlygyna berildi. “Reformalar Kanuny” (“Tanzimat Permany”) Soltan Abdylmejidiň ýaşlygy we ýumşaklygy býurokratlaryň häkimiýeti gaýtadan almagyna sebäp boldy. Harby we döwlet gullukçylar bu agalygy ortadan aýyrmak islän Soltan Abdylezizi tagtdan agdaryp täsirsiz ýagdaýa getirdiler. Ilkibaşda jemgyýetçilik-syýasy işgärler we harby gullukçylar bilen ylalaşykly ýagdaýda bolmaga mejbur bolan Soltan II. Abdylhamyd tagta çykmagyndan iki ýyl soňra köşk agalygyny ele almagy başarypdyr. 1908-nji ýyldaky agdarylyşykdan soňra agalyk 1918-1922-nji ýyllardan başga döwürde býurokratlar bilen ylalaşykly hereket eden harby gullukçylara geçipdir. “Läle Döwrüni” aýylganç öç alynyşyk bilen tamamladan 1730-nji ýylyň gozgalaňynyň emele gelmeginde hökümetiň ykdysady goýumlaryndan zyýan çekýändigini düşünýän Galata bankirleri ýaly maýadar gatlaklaryň, hatda Soltan III. Selimi tagtdan indirilip öldürilmegi bilen soňlanan 1808-nji ýylyň agdarylyşygynda hem Russiýa ýaly daşarky güýçleriň täsiri uly boldy. Çünki 1808-nji ýylyň agdarylyşygyny gurnan Albaniýaly Gabakçy Mustafa Russiýada önüp-ösen professional pitneçidi. Bu iki agdarylyşyk Ýewropadaky öňe gidişlikden has öň senagat öwrülişigine başlan Osmanly Döwletiniň ösüşine hem aýgytly zarba urmak bilen birlikde Ýewropadan elli ýyl yza galynmagyna getirdi. ♣ Köşke aralaşan parallel agalyk Kontrazwedkany kämilleşdirmek we onuň hyzmatlaryndan peýdalanmak, şeýle-de halk köpçüligini merhemeti bilen özüne imrinmek arkaly hökmürowanlygyny birnäçe wagt goramagy başaran Soltan II. Abdylhamydy tagtdan agdarmak maksady bilen ýaşlardan düzülen özbaşdakçy, ýöne dünýäden bihabar idealistler “İttihad we Terakki” guramasyny gurdular we goşunyň içinde öz tarapdarlaryny ýygnap toparlanmaga başladylar. Germaniýa, Angliýa, Fransiýa ýaly döwletler ýörite jansyzlarynyň üsti bilen bu guramany ele almaga çalyşdylar. Wagtyň geçmegi bilen ýurduň içinde parallel ulgam emele geldi. Harby we jemgyýetçilik organlarynyň her gatlagyna täsirini ýetirip biljek bu ulgam Soltan Abdylhamydyň kuwwatly agalygyna we ykjam kontrrazwedkasyna garamazdan ýurduň içinde hereket edýän mason we siýonist guramalaryň kömegi arkaly 1908-nji ýylda agdarylyşyk gurnady. Agdarylyşykdan ozal Makedoniýanyň Monastr şäheriniň häkimi Hyfzy Paşanyň Soltana “Monastrda menden başgasy İttihatçydyr” diýiň hat ýazandygy mälimdir. Ynamdar döwlet adamlarynyň ýakyn garyndaşlarynyň ynam bildirilip döwletiň iň jogapkärli ýeri bolan köşgüň gizlin diwanyna alynmagy, has soňra Ittihadçylaryň hatarynda görünenleriň kätip hökmünde diwana syzmagy emele gelen ýagdaýyň nähili derejede howpludygyny görkezýär. Şol wagtlar metbugat hem jemgyýetçilik pikirini köşke garşy gönükdirip bilýän ähmiýetli güýç bolup durýardy. 1909-njy ýylda Angliýa garşylyklaýyn agdarylyşyk gurnap ýurduň ünsüni Germaniýadan özüne sowmaga çalyşdy. “31-nji mart” hadysasy diýip at berilen bu agdarylyşyk başa barmasa-da, halyflyk syýasatyny özüne iň uly böwet hasap eden iňlis imperial syýasaty Soltan Abdylhamydyň tagty elden gidermeginde uly rol oýnady. Häkimiýet býurokratlar bilen ylalaşykly we Germaniýanyň düýpli täsirine giren ofiserleriň eline geçdi. Ittihadçylar “tertibe salmak” bahanasy bilen harby gullukçylaryň we döwlet gullukçylarynyň hemmesini wezipelerinden çetleşdirdiler. 1920-nji ýylda Ankarada esaslandyrylan hereket Stambul hökümetine garamazdan Anadolyda parallel agalygy emele getirdiler. Döwlet işgärleri, harby gullukçylar, hatda ulamalar Stambuldaky kanuny hökümetiň deregine Ankaradan görkezme alyp başladylar. Stambul hökümeti tarapyndan wezipä bellenen ýerli häkimlere wezipe borçlaryna girişmäge ýol berilmeýärdi, hatda kemsidilip yzyna goýberilerdi. Ankaranyň salgyt ýygnamagy we harby gulluga adam çagyrmagy käbir sebitlerde halkyň nägilelikleriniň ýüze çykmagyna sebäp boldy. Daşarky güýçleriň penjesine düşen Stambul hökümeti bolsa el-aýagy bagly ýagdaýda galmakdan başga alajy bolmady. Ittihadçylardan özüni halas edenler Ankara aralaşdylar. Şeýlelik-de, bu “Täze Ittihadçy” görnüşine giren Ankara hereketi ilki Stambuldan başlap Ittihadçylar tarapyndan ýanalan gatlaklary endişeli ýagdaýa uçratdy. Baş-başdakçylaryň (ejnebiler) Anadolydan çekilmegi bilen Ankaradakylaryň Stambula gelip ýüze çykan ýagdaýa nokat goýmagyna garaşmakdan başga alaçlary galmady. Şo wagtlaryň Aragatnaşyk ministri Refik Halid Karaý öz ýatlamalarynda hut öz başdan geçirmeleri arkaly “parallel agalyk” döwrüni örän janly görnüşde beýan edýär. Döwlet agalygy Ýewropa döwletleriniň hem daşarky syýasatlaryny üýtgetmegi netijesinde güýji gitdigiçe artan we “Gün güýçliňki...” diýlişi ýaly döwletiň täze hojaýyny bolan Ankaranyň gujagyna düşdi. Soňra döwletiň üç taryhy sütüninden bolan Ulamalyk yatyrylyp, onuň binýadynda uniwersitet döredildi. Şol wagtdan bäri ýokary okuw jaýlaryny we metbugat serişdelerini hem öz tarapyna geçiren goşun we býurokratiýanyň hyzmatdaşlygy ýurduň göz görünmeýän we käte görünýän güýji hökmünde “maňlaý deri” bilen gazanan agalygyny dowam etdirmäge çalyşýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |