16:18 Başdan başla | |
BAŞDAN BAŞLA
Goşgular
Başdan başla, başdan başla başarsaň, Hiç zat bolanok diý, hiç zat bolanok. Çagalygyň ylgap gelýär daşardan, Heniz egnimdäki geýmim solanok. Söýýän diýen sözem ýat maňa, saňa Özümem ynanjak bolup jan çekdim. Meni ýekeje zat gorkuzýar diňe – Tabydyň içinde irkilen şekliň. Bolanok diý, bolanok diý, bu gije Aň dumanly, göýä ak maýaň ýoly. Söýgi hem ýigrenje atylan bije, Mukaddeslik bilen sowaldan doly. Al ganyň adyndan, Aýyň agyndan Başga şygyr ýazmaň taparyn tärin. Bagtyň humaryndan, Hasrat dagyndan Dörän bu goşgudan el göterýärin. [AÝNA ÝALKABOWA, 8-nji synp okuwçysy, Murgap etraby. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |