22:13 Başsyz gurjaklar / hekaýa | |
BAŞSYZ GURJAKLAR
Hekaýalar
Zenan näçe gündür göz ýumanokdy. Duz datmady. Göýä, naharlanmagy, ajyganynda nämedir bir zatlar iýmelidigini unudan ýalydy. Kyrk günden bäri ol diňe suw içýärdi. Ýuwdunyp-ýuwdunyp, leblerinden, boýnundan, göwsünden akdyryp, haşlap içýäni diňe suwdy. Gyzjagazy giden gününde, hatda onuň kiçijik, gara gana boýalan jesedini, şol zir-zibilleriň, kir mata-marlyklaryň, zibil üýşmekleriniň arasynda göreninde hem gözlerinden ýeke damja ýaş çykmandy. Şeýle bir uludan uf çekdi welin, bu adatdan daşary uf, aýalyň içiniň çuňluklaryndan adama mahsus bolmadyk arryldy bilen goşulyp geldi-de, bogazyna dykyldy. Aýal ony çykarmak üçin başyny yza atyp yrgyldady, demi yzyna gaýdyp, boguldy, eginleri sandyrady. Ärine seretdi. Äri jenaýat ýerine çekilen lentany gysymlap sandyrap-sandyrap aglaýardy. Aýal saň-gaty boldy. Dodaklary titiredi. Kellesi ýarylaýjak bolup güwwüldedi. Manysyz gözlerinden ýaş çykmady. Gyzjagazynyň ýatan ýerine seretdi. Ol henizem zir-zibilleriň içinde ýatyr, üstüne oklanan ap-ak matanyň aşaky bölegine gan siňip gyzarypdyr, gyzjagazyň aýajyklary iki tarapa açylyp gatap galypdyr, dyzyndan aşagy görnüp durdy. Ejesi "bir taý köwüşi gaçypdyr. Örän gowy görýärdi, aýagyndan çykarman geýýärdi" diýip pyşyrdady. "Ejejan, mekdebe baranymda-da şu köwüşimi geýjek" diýipdi. "Entek mekdebe barmagyňa ýene bir ýyl bar, oňa çenli aýajyklaryň ulalyp bu köwüşiň kiçijik bolup galar, men saňa täzesini, mundanam owadanyny alyp bererin", "Ýok, ejejan, aýaklarym ulalmasyn, şu köwüşim gowy, bular ýaly köwüş hiç kimde ýok" diýipdi gyzjagazym. Zenan sandyrap başyny tutdy. "Dek düýn bolmandymy bu gürrüňlerimiz?" diýdi. Hawa, düýn, edil şu wagtlarda, agşamara gürleşipdik. Ýöne, gün bu günki ýaly ganly däldi. Ýa ganlymydy? Asmany bu günki ýaly gara bulutlar örtüpdimi? Gün näçede dogupdy? Onuň bilen nämeler edipdik? Hawa… onuň uzyn saçlaryny sypap, örüpdim. Özüniň halan ak, uzyn etekli köýnegini geýipdi. Köçede ýöräp barýarka kikir-kikir edip gülüpdi, etegi giň köýnegi parryldap aýlanypdy, hezil edipdi. Soňra… hawa… oýunjak dükanynyň ýanyndan geçipdik. Bu şol ap-ak köýnekli, mele saçly, owadan baş gaply, iň owadan, gymmat baha gurjakdy. Pulumyň ýetmejekdigini bilip, gyzymyň ünsüni başga tarapa sowupdym: – Ýör, saňa buzgaýmak alyp bereýin. Onuň gözleri guwançdan parlapdy. Soňra ýuwaşja pyşyrdapdy: – Ejejan, kakama aýtsak gurjagy alyp berer, hä? – Hawa– diýipdim men – Alyp berer, aýlyk alsyn hökman alyp berer… Gurjajyk… gurjajyk… jansyz gurjajyk… Oý-pikirler, bulam-bujar düýşleriň tupany… Manysyz, gamgyn garaýyşly zenanyň gözünden ýeke damja ýaş çykdy. Tamam… ol ýene doňara daş kimin gatady, buza döndi. * * * Äri uf çekip: – Ýigrimi ýyl berdiler– diýdi. Aýaly ajy ýylgyryp: – Ýigrimi ýyl– diýdi– Hmm, ý-i-g-r-i-m-i ý-y-l ajaýyp! – Içerdäkiler bilen gürleşdim. Sag çykmaýar diýdiler, özünem… Äri üsgürdi, yzyny üzmän çekýän çiliminiň tüssesi bogup üsgülewügi tutdy. Uzak üsgürdi, eginleri sylkynyp-sylkynyp üsgürdi. Aýalyna arkasyny öwürip oturdy. Aýaly: – Bu gün köçä çykjak – diýip egin-eşik gardirobyna tarap ýöneldi. Äri iki aýdyr umuman bosagadan daşary ätlemedik, çöpe dönen aýalyna seredip: – Köçede näme etmekçi bolýaň?– diýdi. Aýaly özüne uly bolup galan köýnegini egnine tutup görüp, dodaklary titiräp: – Şul gelişdimi– diýip ärine garady. Äri sesini sandyradyp: – Gelişdi. Saňa hemme zat gelişýär… ol… olam saňa meňzeýärdi. – Men gitdim. Oňa çaltyrak gurjagyny eltip bermeli! – Çaltyrak dolan! Zenan tussaghananyň daşky gözenekleriniň öňünde durdy. Şol gurjagy gujaklap, ses sedasyz, derwezäniň öňündäki iki harby garawula bakyp durdy. – Men hökman girmeli! – Gadagan! – Men gurjagy hökman bermeli! – Gadagan! Zenan uzakly gije tussaghananyň derwezesiniň öňünde oturdy. Ýanyna äriniň gelip oturanyny hem duýmady. Manysyz nazar taşlady, emma özi juda uzaklardady. Gurjagy mäkäm guçup sandyraýan elleri bilen saçyny sypap, köýnegini dogurlap, düzedişdirýärdi. Ep-esli wagtdan bäri suw görmedik, ýaglanyp giden uzyn saçlary baharyň heniz gyşyň sowugy gitmedik aňzak şemalyna her tarapa uçýardy. Zenan ýene pyşyrdap başlady. Ol üznüksiz gürleýärdi, ýöne ýanyndaky ärine gürleýärmi, ýa gyzy bilen gürleşýärmi, ýa-da öz-özüne gürleýärmi aňlap bolanokdy. – Her gün meniň ýanyma gelýäniňe çäksiz begenýän. Ine, aýdyşyň ýaly şol gurjagy aldym, seretsene, ýüzi, saçlary, köýnegi, köwüşine çenli edil seň özüň, hä?! Senem näme üçindir gurjaga öwrülipsiň. Agşam geleniňde örän gorkdym. Arkaňda dag ýaly üýşüp duran gurjaklar kimiňki? Ýa olaram sen ýaly gyzjagazlarmy? Näme üçin ählisiniň başy ýok? Gaty gorkdym. Örän üşedim? Meni gujakla, ýylyndyr, balajygym! Seniň başyň nirede? Şonuň üçin gürläp bileňokmy? – Men… biz utanýarys! Siziň gözüňize seretmäge, gürlemäge utanýarys… – Hawa… hawa… düşünmedigimi diýsene, başyň bolmansoň agzyňam ýok bolýara. Bu tebigi ýagdaý-a, elbetde, agzyň bolmasa gürläp bilmeýäň. Ýöne, siz utanmaň, hiç-haçan utanmaň. Olar utansyn! Olar jogap bersin! Olaryň kellesi boýnunyň biten ýerinden goparylsyn, jan balam! Men saňa gurjagyňy hökman ýetirerin. Hökman ugradaryn. Zenan her gün tussaghana gelýärdi, hemişeki gepini gaýtalaýardy. – Men gurjagy hökman bermeli! – Gadagan! Äri dyngysyz hereket etdi. Sudiýalar, adwokatlar bilen görüşdi. Gaýtadan apillýasiýa berdi. Tussaghananyň başlygy bilenem görüşdi. Hiç haýsyndan degerli jogap alyp bilmedi. Ömürlik türme jezasyna öwürmegiň mümkin bolaýmagynyň ähtimaldygyny, ýöne ýurtda ölüm jezasynyň heniz dikeldilmejegini aýtdylar. Erkegiň gazaby gozgady. Gyzynyň rehimsizlik bilen öldürilmegi, aýalynyň çekýän dowzahy azaplary kükregine uruldy. Kükregine urup, uf çekdi. Tä höküm okalýança tussaghana gatnady, ondan çykyp gonamçylyga gidýärdi, gyzy öleli bäri aýalynyň gonamçylyga ýeke saparam gelmändigine geň galýardy, ýöne bir tarapdan onuň ýagdaýyna düşünýärdem. Zenan henizem tussaghanaň gapysynyň öňünde, garawullaryň ýanynda otyr, öňki sözlerini gaýtalaýar, hemişeki jogabyny alýar. Bir gün tussaghanaň başlygynyň ýanyna bardy. Aýalyň gözlerine seretdi, dodaklary, elleri sandyrap başlady. – Git! – Ýok! Hökman gurjagy bermeli! – Mümkin däl! Üýtgejek zat ýok! Hiç kim sözüňe gulak asmaýar! – Men gyzyma hökman gurjagy gowşurmaly! Tussaghanaň başlygy gaharlanyp: – Gyzym, bäş ýaşyndady. Ony menden ogurladylar. Men sebäpli… Zir-zibilleriň arasyndan tapdym. Zorlanypdyr, elleri-aýaklary kesilen… On ýyl bäri şol iblis tussaghanamda ýatyr. Her gün görýän. Her gün… git diýdim!– diýdi. – Men gurjagy bersem boldy, gaýdyp gelmerin! – Mümkin däl. Zenan ýolundan dänmedi. Her gün, dyngysyz geliberdi. Özi hem üsti-başy eleşan eşikde, gurjagyňam eşikleri kirläpdi. Tussaghanaň başlygy aýdyşy ýaly hiç zady üýtgedip bilmediler. Höküm yglan etdiler. Günäkär ýigrimi ýyl azatlykdan mahrum edildi. Zenan esli wagt tussaghanaň gapysynda görünmedi. Ýöne, günleriň birinde, ýagynly güýz gününde ýene-de gurjagy bilen peýda boldy. – Gurjagy bermeli! – Gadagan! Garawullaryň ornuny çalyşýan wagty geldi. Garawullar derwezäniň ýanyndan gitdi ýöne ornuna başga biri gelmedi. Uly, mäkäm demir derwezäň bir gyrasy açyk galdy. Zenan bir elinde gurjagy tutup, beýlekisinde uly paltany gysymlap sesizlik bilen derwezeden girdi. Tussaghanaň howlusynda başlygyň garasy göründi-de, görnüşi ýaly ýitirim boldy. Zenan onuň girip giden gapasy tarapa ýöneldi. Tussaghana ses-sedasyz, ýekeje garawulam görünenok, tussaglaryň sesleri, haşşyldap agyr-agyr dem alyşlary eşidilip durdy. Zenan bir giden gapylaryň deňinden geçip ýöräp barýardy. Ana, bir gyrasy sähelçe açyk gapy. Ýuwaşjadan, seresaplylyk bilen gapyny açdy. Tussag, ýürek bulandyrýan nähilidir nejis, pilis we sowuk, porsy ys kükäp duran kameraň bir çünkünde, kirli ýatagyň üstünde arkaýyn uklap ýatyrdy. Zenan oňa golaýlaşdy, gözlerinde dowzahy ot ýalynlady. Paltany ýokary galdyrdy. Elleri sandyr-sandyr sandyrady. Ýüzi bürüşdi. Paltaň tygy öçügsi çyraň şöhlesine ýalpyldady. "Tark" diýen ses çykdy. Palta zenanyň elinden sypyp aýagynyň aşagyna gaçdy. Tussag elheder alyp gözüni açdy. Olar biri-birine bakyp galdylar. Kyrk ýaşly, ak ýüzli adam ukusyrap manysyz nazar taşlady. Zenan hem onuň gözlerine seretdi, paltany gurjagyň ýanyna, krowatyň üstüne goýdy. Otagy terk etdi. Irden tussagyň otagyny gözden geçirmäge geldiler. Palta krowatyň aşagynda ýatyrdy, tussag hiç zat bolmadyk ýaly hor çekip uklaýardy. Ýanynda başsyz ýatan gurjagyň eşikleri ýyrtylyp çykarylandy, her tarapda çaşyp ýatyrdy, gurjagyň bedeni ýenjilip, elsiz-aýaksyz, gözgini ýagdaýda ýatyrdy… – Kastrasiýa![1] Örän gizlin! Operasiýanyň çykdajylaryny özüm çekýän. Gyzyň ene-atasy hem getirilsin. Jeza çäresine bilelikde gatnaşarys. Gizlinlik kepillendirilsin! Bu wagtda zenan gyzynyň gabrynyň ýanynda, ýüzüni topraga basyp zaryn-zaryn aglaýardy… ———————— [1] KASTRASIÝA (kastrasyon)– adamyň jynsy işjeňlik we köpelmek ukybyny yzyna gaýtaryp bolmajak görnüşde ýa-da yzyna gaýtaryp boljak görnüşde soňlandyrmak maksatly geçirilýän lukmançylyk operasiýasy. (2) Biçmek– Erkeklik mäzini kesip aýyrmak. Mastura ABDYREÝIM GYZY. Terjime eden Saparmyrat GÜRGENÇLI | |
|
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |