04:47 Baýju noýon | |
TARYHY ŞAHSYÝETLER -11:
Taryhy şahslar
▶ BAÝJU NOÝON Baýju noýonyñ obrazy "Direliş. Ärtogrul" teleserialynyñ baş gahrymanlarynyñ biri hökmünde türkmen tomaşaçylaryñ añyna hemişelik siñdi. Taryhda hakykatdanam ýaşap gecen bu talañçy mongol serkerdesi Anadoly türkmenleriniñ başyna inderen zulumy bilen beýleki mongol serkerdelerinden has öñe saýlanypdyr. Onuñ teleserialdaky keşbini türk aktýory Baryş Bagjy janlandyrdy. • Baýju noýon kim bolupdyr? Taryhçy Öwez Gündogdyýew tarapyndan asly türkmenleriñ alan-as taýpasyndandygy öñe sürülen[1] Jebe noýonyñ ýakyn garyndaşy bolan Baýju noýon 1228-nji ýylda mongol goşunlarynyñ Yspyhan ýörişine gatnaşypdyr. Soñra ol Jormagon noýonyñ Kawkaza eden ýörişlerine-de gatnaşypdyr. 1241-nji ýylda syrkawlan Jormagon noýonyñ ýerine Mugandaky mongol goşunynyñ serkerdesi wezipesine bellenen Baýju noýon türkmenleriñ turzan Baba Yshak gozgalañynyñ netijesinde Anadoly Seljukly döwletiniñ gowşamagyndan peýdalanyp ermenilerden we gürjülerden toplan 30.000 adamlyk goşuna baş bolup Mugandan çykýar. 1242-nji ýylyñ güýzünde Erzurumy gabaw astyna alýar. Erzurumy gysga wagtyñ içinde eýelän Baýju noýon şäheri talap weýran edenden soñ gala diwarlaryny-da doly ýykdyryp Mugana dolanýar. 1243-nji ýylda Kösedag söweşinde Kyýaseddin Keýhysrow II-niñ ýolbaşçylygyndaky seljukly türkmenleriniñ goşunyny ýeñlişe uçradan Baýju noýon haýal etmän boýun egýändigini mälim edenem bolsa, Siwasy girip şäheri talaña salýar. Garşylyk görkezmäge çalyşan Tokat we Kaýseri şäherlerini-de basyp alyp, weýrançylyk üstüne weýrançylyk getirýär. Azerbaýjana dolanyp barýarka-da Erzinjany talap weýran edýär. Onuñ gysga wagtyñ dowamyndaky bu üstünlikleri Anadoly Seljukly türkmen döwletini ýitip ýok bolmagyñ bäri ýanyna getirýär we mongollara garaşly döwlete öwürýär. 1245-nji ýylda Baýju noýon Ahlady we Amidi hem basyp alýar. 1246-njy ýylda täze mongol hökümdary Guýuk han onuñ ýerine Eljigideýi belleýär. Guýuk hanyñ ölüminden soñ 1241-nji ýylda mongol tagtyna oturan Möñke hanyñ hanlygyna garşy çykan Eljigideýi öldüren Baýju noýon ikilenç mongollaryñ Eýrandaky goşunlarynyñ serkerdesi wezipesine bellenipdir. • Anadoly türkmen ýurduny weýran eden noýon Hulagu hanyñ Eýrana we günbatardaky ýurtlara agalyk etmek üçin "Ilhan" ünwany bilen gelmegiden soñra Baýju noýon Mugandaky karargähinden çykyp gaýtadan Anadola girýär. Aksaraýa çenli gelen Baýju noýon bildirilen talaplary ýerine ýetirmekde haýal-ýagallyga ýol berýändiklerini bahanalap seljukly türkmenlerine garşy ikinji gezek söweş teblini urýar. Söweşden bu gezegem ýeñiş bilen çykan noýon 1256-njy ýylda Konýany gabaw astyna alýar. Konýalylaryñ meýletin ýagdaýda gelip ellerindäki altyn-kümüşlerini tabşyrandyklary üçin diñe şäheriñ gala diwarlaryny ýumurmak bilen çäklenip yzyna dolanýar. 1258-nji ýylda Hulagu hanyñ Bagdat ýörişine gatnaşmak üçin çykanda Elbistany basyp alýar. Şol ýyl Düjeýil söweşinde abbasy goşunyny kül-peýekun edýär. Bagdat gabawyna-da gatnaşyp, Hulagu hanyñ şäheri basyp almagyna ýardam edýär. Baýju noýonyñ haçan we nähili ölendigi baradaky maglumatlar az. Bir maglumatda ony Bagdat ýörişine gatnaşmakda haýal-ýagallyga ýol berendigi üçin we yslam halyfy Mustasym Billa bilen gizlinlikde hat alyşandygy sebäpli Hulagu han tarapyndan öldürilendigi aýdylýar. Baýju noýonyñ ady iñ soñky gezek Hulagu hanyñ 1259-njy ýylda Siriýany basyp almak üçin görýän taýýarlygy barada gürrüñ edilende geçýär. __________________________________ [1] Maglumat üçin seret: http://www.kitapcy.ga/news/jebe_noyon/2018-07-02-835 @ Kitapçylar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |