BENTLER
Ýazda gyrylara geler damarlar,
Öz ýakan oduna gyzlar ýanarlar,
Ziñkildisi artar çuwalgyzlaryñ ~
Göwreli gelinler agraslanarlar.
* * *
Gyşyñ bolmalymy ~ ýazyñ bolma, dost,
Dalamaly ýerde ~ sazyñ bolma, dost,
Çem gelen adama ýagşylyk edip ~
Soñ ondan goranan özüñ bolma, dost.
* * *
Ýalan ahy-waýdan bez bolan setir,
"Muşakgatdan irdim, ýaz" diýip aglar.
Gyrkylan erkeç dek ýylmanan setir,
"Maña bir çümmüjek duz" diýip aglar.
Derekleñ buýsançly başyn diledim,
Daglaryñ syr saklap, dymşyn diledim.
Hasyla duranda bu gara baglañ ~
Ene ýeri başyn egşin diledim.
* * *
Özüñe nyrh kesme, döwür duýarmyş,
Ýer gozgansa, gara bagyr duýarmyş,
Şahyryñ süññünde galplyk bolsa,
Ony ilden ozal şygyr duýarmyş.
* * *
Öwseler ynanyñ, oñ çyny bardyr,
Ýöne herki zadyñ bir çeni bardyr,
Seni "sen", "sen" diýip, öñe itýäniñ ~
Agzy hatap ýaly "men", "meni" bardyr.
* * *
Yşk bir tutaşansoñ göçjek-göçjekdir,
Ol ýanjak-ýanjakdyr, öçjek-öçjekdir,
"Gök titräp, guş eñrąp, gurt aglasa-da",
Her kim muna bagty synap geçjekdir.
* * *
Aram-aram çyn dostuñy bagyşla,
Soñ bir ýerde kine etjek bolmagyn.
Birem asyllygyñ hatyrasyna ~
Yşka düşüp onda utjak bolmagyn.
* * *
Şol ýazlary bilen çeşme çogup dur,
Şol baharlar bilen nurlar ýagyp dur,
Meniñ serhet bilmez göçgünli köñlüm
Gel-gel indi dört setire sygyp dur...
* * *
Inerler ýeñsesi derlände gyzar,
Atlar ot syçradyp, harlana gyzar,
Nyrh dawasy ýokdur mal edinjegiñ ~
Dellallar hemişe arzanna gyzar.
* * *
Meslik diýilýäniñ bolşy şeýledir:
Kimi ~ kämilleşdir, kimi aýnadar.
Akyllynyñ sürülmedik döwrany ~
Akmaklaryñ dilin-başyn çeýneder.
* * *
Ýürekde şineläp, arzuw doganda,
Düññürdäp zeminiñ ýazy gelýändir.
Şirgazyñky ýaly bagtyñ çüwende,
Beýik Magtymgulyñ özi gelýändir.
* * *
Gam basanda, ýürek şat çyksa ýagşy,
Ile abraý bilen at çyksa ýagşy,
Bedew aty tisgindirip güleñde,
Aglan wagtyñ gözden ot çyksa ýagşy.
* * *
Zeýir-zeýriñ dünýäsinden gorkmaly,
Bir ýalançyñ "bolýasyndan" gorkmaly,
Uýasyny satyp, maşyn münýäniñ ~
Dişleriniñ tyllasyndan gorkmaly.
* * *
Bir şahyr ýigide ýagşylyk edip,
Şonsuny diline çolýana ýanýar.
Men bolsa ömründe ýagşylyk etmän,
Ýagşylyk edenden bolýana ýanýan.
* * *
Dostlugyñy meýde bildirjek bolma,
Samsyklygñy toýda bildirjek bolma,
Alyda köýdürlen ar üçin arlap,
Kimdigiñi öýde bildirjek bolma.
* * *
Mumyýa gaýnap-gaýnap dagdan döräpdir,
Ýañaklaryñ aly çogdan döräpdir,
Goşgy bolsa sokur gözüñ ýaşyndan ~
Hem ganyma urlan tygdan döräpdir.
* * *
Bedewler gider-de, ýolun agladar,
Sonalar uçar-da, kölün agladar,
Hiç kime baş bermän ýören bir bikär ~
Gazabna tutanda ilin agladar.
* * *
Pälwanlar saýlanar güýjüne görä,
Är gaýraty ýürek öjüne görä,
Hyrawadan dag ýasanyñ haýry ýok ~
Harmanyñ hümmeti çäjine görä.
* * *
Gözlerinde öçli ummany gördüm,
Meni iki üzüp, ýalmany gördüm,
Dünýe ýaly azajykdan dadyryp,
Soñ başymda ahyrzamany gördüm.
* * *
Waspyn edip, nama ýazmaly geldi,
Gelinleñ bägüli, azmany geldi,
Ol özüniñ altmyş ýyllyk toýuna ~
On goşguly, segsen arzaly geldi.
* * *
Çaşyranyñ ýa-da goşmañ gerek däl,
Çigşereniñ ýa-da çöşmäñ gerek däl,
Içiniñ garasy doly ýeterlik ~
Oña asyl başga duşman gerek däl.
* * *
Baharlary mawy dumana ýetir,
Peýkamlary sary kemana ýetir,
Ýaş gaýdyşyp, oglanlaryñ ejesi ~
Aşly-nanly Annajemala ýetir.
* * *
Dutaryñ eşegi, perdesi boldy,
Küşdüñ pyýadasy, perzisi boldy,
Bäş-alty başlygyñ başyny iýip,
Soñ iki başlygyñ gürzüsi boldy.
* * *
Ellerinde külterlenen tanap bar,
Haýsy başy gemirmeli ~ düşüner.
Oñ öñünde höltülleşip ýaýaplar,
Dagyñ bir gädigi ýeten kişiler.
* * *
Ýaryñ nämedigni äre öwreder!
Awuñ nämedigni şire öwreder!
Derýalary ters akdyryp jahanda ~
Gezek berseñ, Biribara öwreder.
* * *
Onuñ gözlerinde mesligi gördüm,
Ejize ganymlyk, pesligi gördüm,
Türmä düşüp, gaýdanmyşyn pälinden ~
Hol arada eli tesbili gördüm.
* * *
Yzda galar oturanyñ, düşläniñ,
Şahyrmy sen ~ öz bagyñda bilbil bol.
Bir damja nem ~ dodagynda teşnäniñ,
Kyn pursatda ir ýetişen tümmül bol!
* * *
Atyp-atyp, urup görmän onlukdan,
Owadan-owadan gürläp şamlykdan,
Geçip gitdi bir kitapjyk galdyryp...
Bu gün ýatlamalar iki tomlukdyr.
* * *
Ýigit bolsun ýüñi ýetik,
Awun alsyn ýetip-ýetip,
Gara başyñ daga urma ~
Özgelere gözüñ gidip.
* * *
Gyzyl-gyzyl şapaklar,
On ýedi ýaşly!
Öwýäs. Näme öwmän,
Biz soky daşmy?
* * *
Urulýanlar ~ inerler,
Süsüşýänler goçlar bor.
Partladylýan ~ kemerler,
Depelenýän peşler bor.
* * *
Yklym ýedi çöwrülsin,
Haramyda aman ýok.
Dünýe binamysyñky ~
Namysjaña döwran ýok.
* * *
Iman hakda ýazýalar,
Imansyzlar, ýar, ýar.
Bu dünýäde ýanýalar ~
Günäsizler, ýar, ýar.
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular