11:50 Bentler | |
• Üýtgetdi
Goşgular
"Üýtgedip gurmagy özüñden başla", Başlyk bu sözlere bolupdy boýun. Stol-kürsüsiniñ ýerin üýtgetdi, A iş dowam edýär öñküsi deýin. • Brigadanyñ bir ýyllyk taryhy Gyşda meýdan işi gowy diýdiler, Ýazda ekiş wagty gowy diýdiler. Tomusda bejergi gowy diýdiler, Gazetde-de öwdüler. Güýzde plany dolup bilmedi, "Howa erbet boldy" diýip öwdüler. • Ar aldy Göriplige düşüp, tutuş bir gije Uklaman kän kagyz garalady ol. Kagyz hem ar aldy - girensoñ güýje, Özün garalany garalady ol. • Derde ýaraýar Abuna bagyş etdi tutuş aýlygyn, Başlyk öwýär "nusga almaly" diýip. Ol welin ýazylan gazetleriniñ Adyny hem doly bilenok, haýyp. Poçtalýon gyz zordan göterip gelýär, Erjelligi bilen agramna bakman. Onuñ welin nakyly bar öz uýýan: Okamak hökman däl, ýazylmak hökman. • Arakhoryñ hyýaly we hakykaty Ganat diýip galgadýany elleri, Onsoñ paşmaýardy uçmak hyýaly. Ýöne çagasyny bagryna basyp, Başyn alyp, "uçup" gitdi aýaly. Rejep ARAZDURDYÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1988 ý. | |
|
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||