10:22 Uruş ýyllarynyñ poçtalýony | |
URUŞ ÝYLLARYNYÑ POÇTALÝONY
Goşgular
Söweş meýdanyndan gelýän şol hatlar, Sowukdy, sowukdy buzdan bäş beter. Eliñe alañda şagga der basýar, Yssydy, yssydy közden bäş beter. Dagyñ bölegini göterýän deýin, Ýegşerilýäñ, ýer ýarylsa girmeli. Dözüp bormy aglatmaga Enäni, Ýeri, onsoñ haty nädip bermeli? Soragly seredýän müýnsiz gözleriñ Gowy habarlara umydy bardy. Adam bolup adam öñünde durmak, Şol pursat bar zatdan juda agyrdy. Taşlajak bu käri, Arman, alaç ýok. Işlemeli dünýä abat bor ýaly. Faşistlere nälet okasalar hem, Gözýaşlara özüm sebäpkär ýaly. Rejep ARAZDURDYÝEW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||