03:40 Bir mahallar | |
BIR MAHALLAR
Goşgular
(Güljahanyñ günäsiz ruhuna) Bu aýdymy saña özüm aýdyp berjek ezizim, Ýüregime gam çökende, bolar ýaly teselli. Bir ýerinde zeminiñ Ýyldyzly göge bakyp, Bir mahallar Gapdalymda sen barkañ Diýeridim men bütin älem gözellik. Dañ cigregne biraz üşän bedenim galpyldap tolgunyp çala, Gyryk sesim owazy deý gadymy gargy tüýdügiñ gulagyña ýakmaz belki, halamarsyñ Meñ aýdymym Señ ýadyña salmazmy ol Alysdaky ala daglañ arkasyn. Bir mahallar Sen ony meñzederdiñ hamyna ala barsyñ. Gaýdyp gelmekligi asla, asla mümkin bolmadyk, Ýaşlyk didaryñy gözel keşbiñi Mähriñi Ruhuma has ýakyn duýup rahatlyk gözleýän ýene. Meýdan güllerine haýran, Aý seretse yokardan, Senden baky aýra düşen ýetim ogly men zeminiñ. Geçen ýaşlyk ýyllarmyzyñ duýgulary siñdirilen, Şol aýdymy saña özüm aýdyp berjek men ezizim. Sylapberdi MUHAMOW. Moskwa, 25.12.2022. | |
|
√ Pelek / Goşgular - 12.11.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Soňky sonet / Goşgular - 10.07.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |