17:26 Bir müň bir arzuw / hekaýa | |
BIR MÜŇ BIR ARZUW
Hekaýalar
—Şu köçeden göni gidersiň, soň sagyňa öwrülersiň, çepiňden üçünji gyzyl gapyly jaý Ji Feňleriň öýleridir — diýip, Ji Feňiň goňşusy salgy berdi. Men işigiň agzynda esli wagt oýurganyp durdum. Ahyrsoňy gapyny kakmaly diýen aýgyda geldim. Gapyny Ji Feňiň ejesi açdy. Ol ak ýüzli, nurana zenandy. Ol mähir bilen menden: — Siz kimi gözleýäňiz? — diýip sorady. — Salam, gelneje! — diýip, men ilki bilen salam berdim. — Men Ji Feňiň partadaşy. Ji Feň syrkawlapdyr diýip eşitdim. Ýagdaýyny soraýyn diýip geldim. — Oňarypsyň balam, gel, geç — diýip, Ji Feňiň ejesi meni içeri saldy. Biz Ji Feňiň otagyna girdik. Görsem, ol ýatan eken. Men: — Wiý, Ji Feň ýatan eken-ä — diýip haýykdym. — Hawa, edil ýaňyja ýatdy — diýip, ejesi sözüni dowam etdi. — Şu çaga hiç derman içirip bolanok-da. Ýogsam bireýýäm gutulardy — diýip, ejesi zeýrendi. — Gelneje, Ji Feňiň derman içmeýänini geň görüp oturmaň. — Düşünmedim, näme üçin geň görmeli däl? — Sebäbi biziň synpymyzda hiç kimem soňky pellä ýetmese, aňsat-aňsat derman içenok. — Düşünmedim, o nämäň soňky pellesimiş? — Jan bokurdaga gelmese diýjek boldum. — Toba diýewer, çagam! Eh-h, men samsyjak diýsänim. Bular ýaly hopukdyryjy sözi aýtmak nämä gerek boldy diýsene. Diýsemem-ä diýdim weli, derhal elim bilen agzymy tutdum. Aýdanyma ökündim. Eger-de öz öýümizde şeýle diýen bolsam, onda ejem meň gulagymy mazalyja towlardy. Aý, nätjek, dilimden sypdy-da. Indikime bek bolaryn... Ji Feňiň ejesi çaý demlemäge gitdi. Ol örän sada zenandy. Meniň we beýleki synpdaşlarymyzyň ejelerinden tapawutlydy. Men ony azara goýmak islämokdym. Şonuň üçin oňa çaý demläp oturmazlygy haýyş etdim. Ýöne ol şonda-da çaý demläp getirdi. Biz bile çaý içip otyrkak ol: — Ji Feň öýe dostlaryny getirenok. Ol okuwda-da garasöýmezmi? — diýip sorady. — Aý, hawa, biraz garasöýmez diýseňem boljak. Ýöne sapaklaryna ýetişig-ä gowy. Oňat bahalar bilen okaýar — diýip, Ji Feňi magtadym. — Sen synpyň ekabyrymy? — diýip, Jiniň ejesi sorady. — Seniň bahalaryňam gowudyr onda. — Ýok, ýok, diýýäniňiz näme — diýip, men ör-gökden geldim. — Meniň bahalarym onçakly öwerlik däl. Ji Feňiňki bilen-ä asla deňär ýalam däl. Ol synpymyzyň iň ökdesi. Ji Feňiň ejesi ýylgyryp meň käsämi çaýdan doldurdy. Biz dymdyk. Ümmüldeşer ýaly zadam ýokdy. Men şonda özüm bilen tanyşdyrmagy makul bildim. — Gelneje, maňa Toň Çu ( Çu (hytaýça — 初) — bir zadyň başlangyjy diýmegi aňladýar. ) diýýärler. Maňa bu ady goýmaklarynyň sebäbi täze ýylyň birinji güni doguldym. Bu bolsa şol ýylyň başlangyjy bolýar. — Gowy adyň bar eken, Toň Çu. Gowy günde-de doglupsyň. Ýylyň birinji güni, muň gabat geläýşini diýsene... Ejesi hem Ji Feň ýaly kän gürlänokdy. Sözi agzyndan çekip almalydy. Görýän welin, eneli-ogluň meňzeş taraplary kän eken. Ji Feňiň ejesi meň ejeme hem meňzemeýärdi. Eger bir synpdaşym biziň öýümize myhmançylyga gelse, onda ejem onuň ýedi arkasyna çenli sorap çykmasa ynjalmaýar. Şoň üçin men olary öýe çagyramok... Biz ýene biraz oturdyk. Ji Feň oýanjaga meňzänokdy. Menem mundan artyk oturmaga utandym. Birdenkä näme üçin gelendigim ýadyma düşdi. Torbamyň içindäki gutlag hatyny Ji Feňiň ejesine berdim. — Gelneje, Ji Feň oýananda şu haty oňa beriň. Onuň sag-aman gutulmagyny arzuw edýän. Basymrak mekdebe dolanyp gelsin. — Bor, arkaýyn bolaý — diýip, ol haty aldy. Ýöne Ji Feňiň ejesi maňa, birhili, geň galyp seretdi. Sebäbi gyz halyma oglana gutlag hatyny beripdim. Men Ji Feňiň ejesi bilen sagbollaşyp, öýe köwlendim. Haty ýörite bukjanyň içine salypdym. Emma bukjanyň agzyny ýelimlemegi unudypdyryn. Birden Ji Feňiň ejesi haty okaýsa, näme etjek diýsene. Okasa okabersin. Maňa-da okany gerek-dä. Bukjanyň içinde hatdan başga-da ýüz ýuan hem bardy. Bu ýüz ýuany maňa irden kakam beripdi. Kakam menden ýüz ýuany näme etjekdigimem soraman, göni gapjygyndan çykaryp berip goýberdi. Men şu wagt iki ýüz soramandygyma ökünýärin. Eger iki ýüz soranam bolsam, üç ýüz soranam bolsam kakam bererdi. Meň kakamyň puly kän. Pul biz üçin mesele dälem bolsa, Ji Feňler üçin örän möhümdi. Özem Ji Feňiň ýarawsyz wagty. Bejergi aljak bolsaň eslije pul gerek ahyryn. Şoň üçin kömek bolsun diýip, azam bolsa ýüz ýuan bermegi makul gördüm. Men Ji Feň bilen bir partada oturýaryn. Ýöne onuň bilen gazet üsti arkaly tanşypdym. Meniň şu wagtam ýadyma düşýär: gazetiň şol günki sanynda Ji Feňiň kakasynyň dünýäden gaýdandygy, ejesi bilen ýaşaýandygy, özem başlangyç mekdebinde oňat bahalar bilen okaýandygy hakynda aýdylýardy. Ji Feň gowy bahalar bilen şäheriň iň gowy orta mekdebine girmäni başarypdy. Onuň zehinliligi bir telekeçiniň göwnünden turupdy. Telekeçi Ji Feňe ýakyndan ýardam berýärdi. Şol telekeçi meň kakamdy. Kakam şol günki gazeti öýe getirip maňa görkezdi. — Seret, bu günki gazetde näme bar. Bir zehinli oglan hakda ýazypdyrlar. Senem şondan görelde al! Bar güýjüň bilen oka! — diýdi. — Biziň Toň Çumuzyň ol oglandan näme kem ýeri barmyş — diýip, ejem maňa arka çykdy. — Toň Çu her bir okuwçydan artyk bolmasa, kem däldir. — Sen hemişe gyzyň arkasyny alýaň — diýip, kakam ejeme käýindi. — Eger biz gyzymyzy häzirden durmuşa taýynlamasak, geljekde hiç zada garaşyp bolmaz. — Kakasy, sen gyzymyza aşa kembaha garaýan bolaýma. Onuň şu okaýşam gowy ahyryn. Özem asylly, agras, meniň diýenimem iki gaýtalatman edýär. Mundan başga näme gerek? Men ejemiň aýdýanlaryndan hoşal bolup ony gujakladym. Kakam hiç zat gürlemedi. Haçan-da ejem bilen biriksek kakam ýeňilýärdi. Ejem bilen aram näçe gowy bolsa-da, kakamy has gowy görýän. Kakam basan ýerinden ot çykýan adam. Maşgalamyzy kakam dolandyrýar. Ejeme bolsa işlemegem gerek däl. Ol öýde rahat ýaşaýar. Öý işlerinem öýdeniçer edýär. Men uly maksatly adam däl. Ýöne ulalsam, ejeme meňzemerin. Gowy görýän işimi edesim gelýär. Näme işdigini entek çözemok. Ýöne özüm pul gazanasym gelýär. Haçan-da orta mekdebe girenimde, Ji Feň bilen partadaş boldum. Ol örän hordy. Ýöne örän ökdedi. Hemme kişi oňa gözügidijilik bilen seredýärdi. Mugallym tekst okatdyranda, onuň sesini gowy görýärdim. Ol mawy ekrandaky alyp baryjylar ýaly gürleýärdi. Men Ji Feňe şol telekeçiniň gyzydygyny aýdamokdym. Aýdybam bilmezdim. Ji Feňiň meniň partadaşymdygynam kakama aýdamokdym. Orta mekdep durmuşym birhili gyzyksyzdy. Munuň sebäbiniň Ji Feň bilen bile oturýandygym üçin bolmagam ahmal. Sebäbi ol az gürleýärdi. Şoň üçin men yzyma öwrülip, ýeňsedäki synpdaşlam bilen gürleşýärdim. Biz gürleşýärkäk Ji Feň bize goşulanokdy. Eşitmedik bolýardy. Degişseňem gülenokdy. Ol örän täsin oglandy. Bir gezek matematika sapagynda men bir meselä düşünmedim. Ji Feňden düşündirmegini haýyş etdim. Ol edil mugallym ýaly gowy edip düşündirdi. — Sag bol, Ji Feň, köp sag bol! Sen bolmadyk bolsaň maňa kim düşündirerdi. Ýene sorag çyksa, senden soraryn-da — diýip, göwün matlabymy syzdyrdym. — Bolýa, arkaýyn soraber — diýip, Ji Feň razylaşdy. Ömrümde Ji Feň ýaly oglana duşmandym. Hut şeýle bolandygy üçinem ony ýakyndan tanasym gelýärdi. Onuň her sözüni, her bir hereketini içgin synlap başladym. Onuň edebiýat sapagyndan okaýşyny halamak bilen çäklenmän, mugallymyň soraglaryna anyk we takyk jogap berişinem gowy görýärdim. Oňa hiç sorag kyn däldi. Näme sorasaň jogaby hemişe taýyndy. Onuň çagalykdan zehinlidigi bildirýärdi. Arakesmede Ji Feň daş çykmaýardy. Ol synpyň penjiresinden howla seredip oňýardy. Menem Ji Feň ýaly arakesmede daş çykman başladym. Synpdaşlarym meni näçe äkitjek bolsalaram gitmeýärdim. Ji Feň ýaly synpda ümsüm oturmagy gowy görýärdim. Ji Feň gürlänokdy. Menem gürlämokdym. Ji Feň juda ýalňyzdy. Men ony azajygam bolsa ýalňyz goýmak islämokdym. Men näme üçin beýle edýändigimem bilemokdym. Bu meniň çagalykdan päk ýürekli bolandygym üçin bolaýmasa. Ejem maňa sadadygym, hemişe adamlara kömek edýändigim üçin käýeýärdi. Bir gezek bäş ýaşymda ejemiň alyp beren eşigini, ikirjiňlenmän goňşymyzyň gyzy Li Şiaowa sowgat beripdim. Ji Feň meň ýüregimde ýer edipdi. Men hemişe oňa ýagşylyk edesim gelýärdi. Beren ýüz ýuanyma ejesiniň Ji Feňe gowy tagamlar iýdirmegini isleýärdim. Ji Feň örän hordy. Bedenterbiýe sapagynda ylganymyzda, ol iň soňky bolup gelipdi. Haçan-da ony ozup geçenimde, tijenmegi haýyş etdim. Ol muňa monça bolup, maňa garap çala ýylgyrdy. Onuň şol mähirli ýylgyryşy ýüregimde söýgi döretdi. Men gündelik ýöredýärdim. Gündeki bolan wakalary gündeligime belleýärdim. Meniň gündeligimde Ji Feňiň ady köp agzalyp başlady. Ji Feňlere baran günüm gündeligimde şeýle ýazypdym: «Men haçan-da Ji Feňleriň öýüne baranymda ol ýatan eken. Onuň basymrak gutulyp, mekdebe dolanyp gelmegini isleýärdim. Ol ýanymda bolmasa, men özümi ýalňyz duýýan...». Güýz gününiň bir ajaýyp säheri. Men tigirli mekdebe barýardym. Mekdep howlusynyň gapysynyň ýanynda Ji Feňe duşdum. Olam tigirlidi. Birine garaşýan ýalydy. Men begenjimden Ji Feňiň ýanyna baryp: — Salam, Ji Feň. Ýagdaýlaň neneň? Indi mekdebe gatnap bilýäň dälmi? — diýip soradym. — Erbet däl — diýip, ol gyryk sesi bilen jogap berdi. — Sen düýn bize gelipsiň öýdýän? — Hawa, seni soramaga bardym. Seň öýüňi tapmak juda kyn eken. Köp kişiden sorap, zordan tapdym. — Geleniň gowy welin, ýöne bu näme? — diýip, ol jübüsinden şol ýüz ýuany çykardy. — Hiç — diýip, men biraz aljyrap başladym. — Ji Feň, göwnüňe hiç zat getirmesene. Ýöne beräýdim. Ji Feň ýüz ýuany meň elime berip: — Köp minnetdar, ýöne gaýdyp maňa pul berme — diýip, mekdebe girip gitdi. Men doňňaradaş bolup şol ýerde galdym. Bu eden işime gynanýardym. Ýöne Ji Feňiň göwnüne degjek bolmandym. Diňe oňa ýagşylyk etjek boldum. Ol uzyn günläp meň bilen gürleşmedi. Menem onuň bilen gürleşmedim. Ol doly gutulmandyr. Arakesmede parta kellesini goýup dynç alýardy. Men onuň bilen gürleşmäge çekinýärdim. Sebäbi meni bagyşlamajakdygy görnüp durdy. Fizika sapagynda hiç kim synagdan gowy baha almady. Mugallym eger-de kim synagy geçmese, öýüne gaýdyp bilmejekdigini aýtdy. Fizikadan ýetişigim pesdi. Kellämi galdyrman synag soraglaryna jogap tapjak bolýardym. Howa garalyp barýardy. Ýagşam çisňäp başlapdy. Güýzde ýagyş ýagsa, howa sowaýardy. Men üşäp başladym. Synag soraglaryna jogap tapyp bilmän umytsyzdym. Şonda Ji Feň dadyma ýetişdi. Ol hiç kime bildirmän, synag kagyzyny maňa göçürmäge berdi. Hiç zat diýmän, gözi bilen ümläp göçürmegimi yşarat etdi. Ol hemme soraglara jogap taýynlapdyr. Men oňa seredip ýylgyrdym. Sesimi çykarman derrewjik göçürdim. Ol göçürýänçäm sabyrsyzlyk bilen garaşdy. Men oňa juda minnetdardym. Asyl, görüp otursam, Ji Feň edil beýle garasöýmezem däl eken. Şondan soň Ji Feňi özüme has ýakyn duýup başladym. Biz gürleşmänem dil tapyşýadyk. Men şular ýaly üýtgeşik duýgyny gowy görýärdim. Içgysgynç mekdep durmuşyma biraz şatlyk goşulypdy. Gündelik ýazmak indi aýrylmaz pişäme öwrüldi. Her gün Ji Feň bilen aramyzda bolup geçýän zatlary, pursatlary ýazýardym. Gündeligimden başga hiç kim meniň ýüregimdäkini bilenokdy. Ji Feňem bilenokdy. Täze ýyl ýetip geldi. Synpymyzyň okuwçylaram baýramçylyk agşamyny gurnamakçydylar. Synp ýolbaşçymyz bize baýramçylyk agşamyna sahna gurnamagy tabşyrdy. Baýramçylyk agşamy ýetip geldi. Hemmämiz mekdepde ýygnanyşdyk. Synpymyz baýramçylyk äheňinde bezelipdi. Stolda dürli-dümen ir-iýmişlerem bardy. Şol gün meň doglan günümdi. Ýöne doglan günümdigi hiç kimiň ýadyna düşmedi. Oglan-gyzlar bile aýdym aýdýardylar. Dört gyz bile «Bir müň bir arzuw» atly aýdymy aýtdylar. Men ol aýdymy gowy görýärdim. Onda şeýle sözler bardy: — Men bir müň birinji arzuwymy edýän, Bagt bir gün maňa-da gülüp bakar. Men näçe garaşmaly bolsa garaşaryn, Bagtly bolmak, bu meniň uly arzuwym. Men bir müň birinji arzuwymy edýän, Bagt bir gün guş kibi, depäme gonar. Asmanda pelpelläp ganat kakaryn, Şonda hiç kim maňa böwet bolup bilmez... Ji Feň gelip ýanymda oturdy. Ýuwaşlyk bilen: — Doglan günüň gutly bolsun! — diýdi. — Sen nireden bilýäň, meň doglan günümdigini? — diýip soradym. — Özüň aýtdyň-a, ýylyň başynda doguldym diýip. — Hä, diýmek, sen şol gün ýatmansyň-da? Ol başyny atyp tassyklady. — Onda näme üçin turup, meň bilen gürleşmediň? — diýip soradym. — Men gyzlar bilen kän gürleşip baramok. Öz öýümde-hä hijem — diýip, Ji Feň jogap berdi. — Daşary çykasym gelýär. Meň bilen gitjekmi? — diýdim. — Bolýa — diýip, Ji Feň meň bilen çykdy. Biz tigrimizi idip köçäň gyrasy bilen öýe barýardyk. Şol agşam asmanda ýyldyzlar patrak ýalydy. Juda ajaýyp agşamdy. — Çaga wagtym ejem bilen ýyldyzlary synlaýardym. Ejem maňa süýnýän ýyldyzlary göreňde arzuw et, şol arzuwyň hökman amala aşar diýerdi. Men bolsa her gezek arzuw etmäge ýetişemokdym, sebäbi näme arzuw etjegimi bilemokdym — diýip, Ji Feň gürrüň berdi. — Näme arzuw etmek isleýäň? — diýip, Ji Feňden soradym. — Bir müň bir arzuw kän bolýa. Maňa birje arzuwym bitse-de ýeterlik. Olam ejem uzak ýaşasa bolýar — diýdi. Soňra: — Toň Çu, sen örän gowy gyz, sen ýaly gyza şu wagta çenli duşmandym — diýip, sözüniň üstüne goşdy. — Ýogsa-da, Ji Feň, beýle kän gürleýänsiň öýtmändim? — diýdim. — Menem gyz bilen beýle kän gürleşerin öýtmändim. Şol gün agşam öýe giç bardym. Derrew ýerime geçip, ýorganyň aşagynda çyra tutup gündeligimi ýazdym. Men Ji Feň bilen şadyýanlykda bile ösüp-ulalmagy arzuw edýärdim. Dynç güni Ji Feň meni öýlerine myhmançylyga çagyrdy. Menem ikirjiňlenmän razylyk berdim. Ji Feňlere baramda, ejesi bazara gidipdir. Biz ikimiz howluda söhbet edip oturdyk. Ji Feň: — Toň Çu, men şu gün saňa bir zat aýtmak üçin çagyrdym — diýdi. — Aýdyber, men seni diňleýän. — Biz ejem ikimiz bu şäherden göçmekçi bolýas. — Düşünmedim, näme üçin? — Biz daýymlaň ýaşaýan şäherine göçüp gitmekçi. Daýymyň ýeke özi ýaşaýar. Ýeke özi içi gysýar. Daýym bize onuň ýanynda bolsak, gowy boljakdygyny aýtdy. Şoň üçin daýym bize göçüp gelmegi tabşyrdy. Hemem ol ýeriň dag howasy ejemiň saglygyna gowy ýarajak — diýdi. Üstümden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Näme diýjegimem bilmedim. Biraz oturyp öýüme gaýtdym. Öýe barýarkam Ji Feňiň göçüp gidýändigi üçin gynanýardym. Gözlerim ýaşdan doldy. Oňa ýaňybir öwrenişipdim weli, ol meni terk edýär... Olar daýylarynyň şäherine göçüp baranlaryndan soň, Ji Feň maňa hat ýazdy, hatynda şeýle diýýärdi: «Toň Çu, men seni gowy görýän. Seni hiç haçan ýatdan çykarmaryn. Biz ýene-de duşarys diýip umyt edýän. Seniň partadaşyň Ji Feň». Men gündeligimi açyp ýygy-ýygydan Ji Feň bilen geçen günlerimi ýatlaýardym. Onuň «Bir müň bir arzuw kän bolýar. Maňa bir arzuwam ýeterlik» diýen sözleri ýadyma düşýärdi. Eger-de bir arzuwymyň hasyl boljagyny bilsedim, onda men Ji Feň bilen ýene bir gezek duşuşmagy islärdim. Duşuşamda gürleşmek hökman däl. Ýüzüne dymyp seretsem bolýar. Rao Şüe Man, hytaý ýazyjysy. Hytaý dilinden terjime eden Sähetmyrat BEGENJOW. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |