07:39 Biwagt solan gül / hekaýa | |
BIWAGT SOLAN GÜL
Hekaýalar
Men: - Adyň näme – diýip soradym. Ol elindäki oýnap duran daşyny bir gapdala oklap: - Weýran – diýdi. - Weýran, Weýran, ne beýle at. Belki sen çaga wagtyňda ýykgynçy bolansyň. Şaý-sepleri ýykyşdyryp döwensiň, şondan hem saňa Weýran ady galandyr – diýdim. Onda ol bir salym dymdy-da: - ýok – diýip sözüniň arasyny ýoldudy-da soňra ýene başlap: Men çagalyk wagtymy takyr ýerde geçirdim; ekilmedik takyrda zat bitmeýär– diýdi. Men: - onda Weýran ady saňa soň dakylan atda – diýdim. Onda ol: - Ýok. Meniň asly adym Welidi. Ýöne soň men özüm ýaly deň-duşlaryň arasynda tüýdük gapdalynda aýdyma gygyrýardym. Bir gije bir toýda gaty köp deň-duşlar bolup ýygnanypdyk. Şonda tüýdük çalyp, aýdym aýtdyk, ol gije biziň sazymyzy diňlemek üçin ýaşy ulular-da ýygnandylar, şolardan çetde oturan bir ýaşuly: - Älhepus weýran aýdýar-ow bu – diýip goýdy; Soň meniň deň-duş oglanlarym, oýnaklap “Weýran” diýip başladylar. Ol soňa baka oýnaklanman çynlakaýlanyp hem tutulyp, bir niçe ýyllaryň içinde ol at ornaşyp, meniň adym “Weýran” bolup galdy. Hat-da Weli adymy özüm hem ýatdan çykardym – diýdi. Soň çörek iýmäge oturdyk, çaý demläp ýanymyza aldyk; Ol gaty açylan ýiti dişleri bilen çörek bilen eti garyp çeýneýärdi. Men: - Sen bu ilsiz-ulussyz ugra nirä barýarsyň? – diýip, soradym. Onda ol agzyndaky eti çeýnäp: - Men bir aýlykçy-günlükçi tutan bolmazmy diýip agnap ýörin –diýip jogap berdi. Men ýene: - Il-ulus bolmadyk ýerde aýlykçy kim tutar – diýdim. Ol şo ýerde özüniň aljyraňňylygyny duýýan ýaly bolup agzyndakyny ýuwutdy-da bir salym hereketsiz dymdy we birden: - Agam, men bir özüni ýitirip aljyran – diýdi. Men oňa çekinmän çörek iýmegi buýurdym. Soň ol ýene çörek iýmegini dowam etdi we başyndan geçen hekaýany hemme wakalary bilen birin-birin aýdyp çykdy. Munuň eden gürrüňini sadalyk bilen ýürekde gat goýulman edilýäni maňa açyk mälim boldy. Ol iň soňunda şeýle aýtdy: - Meni dört tarapdan ölüm howpy gysdy. Men alaçsyz çykmaly boldum. Bu waka il arasyna jar bolandan soň gyzyň hossarlary meni gören ýerlerinde geçmejekdiler , sebäbi mende hossar ýokdy, ikinji tarapdan gyzyň adaglysynyň hossarlary hem şunuň ýaly. Üçünji tarapdan arçynymyz bilen emniýelerimizden-de maňa ýalkawyň ýoklugyny gördüm. Dördünji tarapdan hem meniň enemiň soňky gelen adamsy Küçik batyr hem bu wakany eşitse, meni sylamajakdy – diýdi. Şondan soň ol dymdy. Men ony gamgyn goýman arkaýynlaşdyrmak üçin: - Sen oglum arkaýyn çöregiňi iý, nahar edin. Dünýäde adam saňa ýöräp bilmez we ömründe saňa hiç bir zat edip bilmez ýaly ýer taparyn. Sen suwçeşmäniň boýuna sag-aman gelip ýeteniň bolýar – diýdim. Nahardan çaýdan soň tirkeşip ýola düşdük, we ertesi gün sag-aman mekanymyza ýetişdik. Men oňa: - Ine, şu ýeri seniň boljak ýeriň, bu ýere döw hem sekip bilmez – diýdim. Birinji badlarda men munuň ýeke horlugyna we boluşlaryna rehimim inip kömek edipdim, dura-bara biz edil ataly-ogully ýaly bolduk hat-da men ony özümden önen perzent däldir diýip hem oýlamadym. Men ony awçylyk işine türgen etdim. Onuň oýnagy tüpeň boldy we mergenlikde menden hem geçirdi. Uly ýolbarsy we gaplaňlary awlamaga ýalňyz hem çykyp giderdi. Şunlukda ol maňa uly kömek bolup birniçe ýyl bile ömür sürdük. Ol edil döwletliniň ýeke ogly ýaly gezerdi. Eginbaşdan gyrmyz don agar çäkmen näme geýeýin diýse tapýar we ol käbir wagtlarda obalara, şäherler-de gidip gezip, gerek-ýarak zatlarymyzy alyp gelýärdi. Bir gün Weýran daň bilen turup, ýolbars awlamak üçin turup gidipdir. Şol gün men ýokdum, Kümmede gidipdim, ol aýlanyp şo ýakyndaky tokaýlary gezipdir. Soň bir beýik kötelden inensoň, şo inişiň öňündäki tokaýa barypdyr. Onda bu aýlanyp ýöreýärkä birden bir gyzyň bu tokaýyň içinde iki-baka çapyp ýörüşini görüp, agaçdan agaja bukulyp ýakynlapdyr. Ýogsa seretse, hakykat hem bu bir ýetişen uly gyzdyr. Ol tokaýyň ortasyndaky çeşmäniň başyna gelýär-de, töweregini ýaltaklap bir salym durandan soňra bir ugra çapýar, bu gyzyň çarpyp elewräp ýörşünden, Weýran munuň alaşyp ýören bir adam boldugyny aňlaýar we gyz bir tarapa ugran wagty baryp, şol çeşmäniň boýundaky daşyň üstüne süýnüp we uklan bolup ýatýar bäşataryny hem gapdalynda söýäp goýýar. Gyz bir öwrülip gelende, daşyň üstünde ýatan ýigide gözi düşen wagt bir çekinjek bolýar. Çola we gorkunç tokaýda alaşyp ýöreni üçin adam jynsyna ýakynlaşmaga mejbur bolýar. Ol ýakynlaşan wagty Weýranda oýanyp, çynlakaý gorkan ýaly bolup sarsýar we: - Sen kim, bu ýerlere nädip düşdüň – diýýär. Soň gyz özüniň düşenini hekaýa edip berýär. Bular bir bölek çarwa obasy. Bir gün goýun sürülerini paçlamak üçin hökümet paçmanlary gelipdirler. Paçman türkmen, onuň ýanynda iki ýaragly adamsy bolan, olaryň çarwalar bilen sözleri alaşan. Çarwalar bolsa onuň ýanynyň adamlary bilen üçüsini hem ýenjipdirler, bu ýenjilmekde bijaýrak degen taýakdan olaryň biri ölüpdir, galan ikisi gaçyp gutulypdyr. Çarwalar-da şol wagt bar zatlaryny ýygnaşdyryp, ýola düşüpdirler. Üç gije-gündiz ukusyz ýol ýöräpdirler. Olar gaçakçylaryň Eýrana ugraýan gatnaw ýollary bilen ugrapdyrlar. Ýaş çagalar ýükli ulaglaryň üstüne atylypdyr. Emma özüni oňarýanlar pyýada ýöräpdirler. Bu gyz şo gün daňa golaý şu köteliň öň ýanynda, arçanyň arasynda ýykylyp, uklap galypdyr. Daň ýagtylandan soň gözüni açsa, göçden galanyny bilipdir. Soň ýoly yzarlap şu tokaýa getiripdir-de, şundan çykaryp bilmän başy aýlanyp galypdyr, we edil şol wagt hem Weýrana gabat gelipdir. Weýran gyzyň sözlerini diňländen soň: - Indi näme etsem diýýärsiň – diýip sorapdyr. Gyz biraz ýaýdanyp (ياجانيب) : - Indi näme etjegimi bilmedim. Ýöne sen meni göçümize çenli eltseň, ýada bolmasa gaýralygyna giden hem bolsa yzyma gaýtsam – diýdi. - Seniň hossarlaryň beýläk giden bolsalar yzyňda näme işiň bar – - Yzymda-da bar, başga bir bölekde oturýan kakamyň doganlary bar we daýylarym hem bar – diýdi. Ol ýene sözüniň yzy bilen: - Men häzir ýadaw, gaty horlandym. Hem açlyk, suwsuzlyk hem bir ýanymdan, pyýada aşmaga-da ýarar ýaly bolmadym – diýip, birhili gamly, hamsygýan ýaly ýüzüni aşak saldy. Gyzyň bu sözleri ýürekde gat goýman örän sadalyk bilen aýdanyny Weýran aňlady. Onuň üstesine özüniň geçiren ne günleri-de ýadyna düşüp gitdi. - Beýle bolsa biziň mekanymyza baraly. Çaý-nahar iý, dynjyňy al, gitjek ýoluň bolsa soň meniň atam ýollar ýa-da özüm ýollaryn. Seni bir tarapdaky hossarlaryňa gowşuryp bileris – diýdi. Gyz muňa razy bolup, Weýran bilen tirkeşip, mekana gelipdirler. Weýran gyza çaý-nahar beripdir. Özüniň soramagy bilen gyz bir agşam ol mekanda galyp, ýagşy dynjyny alypdyr. Ertesi gyz: - Sen atam diýýärdiň, hany ataň – diýip sorapdyr we ol şu soragy bilen hemişe öz işi bilen güýmenip, öz ýakynyna ýakynlaşman ýören Weýrana ýakynlaşyp ugrapdyr. Weýran: - Atam üç günlük bir tarapa düýn ugrady, ol ertir, giç galsa biýrgün geler, näme sen gaýtmaga alňasaýarmyň, ýada ýüregiň gysýarmy – diýip soraýar. Onda gyz: - Ýüregim-de gysman durmaýar – diýen jogaby beripdir. - Onuň ýaly bolsa seni alyp gitmek gerek, nähili-de bolsa men özüm alyp gitmeli bolaryn. - Ýokla, ataň gelenden soň hem alyp gitseňiz bolar, ýöne meni şu ýakalara aýlasaň gowyrak bolardy ýüregim açylardy. - Bolýar – diýip Weýran, tüpeňini alyp, gyzy tokaýyň ýakalaryna we jülge boýlaryna aýlap, bir meýdan gezdirip getirdi, soň ikisi çeşmäniň çykyp, ujundan aşak inýän ýerinde, daşyň üstünde durup, köp wagtlap töwerege tomaşa etdiler. - Ataň gelse ol meni ýigrenermi, belki ýigrenmesin – diýip, gyz Weýrandan soraýar. Onda Weýran: - Näme üçin, ol garry ýaşlary gaty söýýär, meniň atam şeýle adam – diýip jogap beripdir. Ümsüm oturan gyz birden: - Çola daglar bilen öwrenişmek kynmy – diýip sorapdyr. Weýran: - Kynlyga düşseň, aňsat – diýip, özüniň şu ýere kynlyk görüp düşendiginden şeýle jogap berýär. Onda gyz: - Edil meniň ýalymy? - Näme üçin, sen kynlyga düşdüňmi? Ýeke göçden galypsyň, başga zat ýok, oňa hem haçan gitseň, ýetirmek meniň boýnuma – diýdi. - Näme bary göçden aýrylyp galmakmy, başga kynlyk bolup bilmezmi? - Bolup biler, emma seniň onyň kynlyk däl. - Mendäki kynlygyň ýeke göçden galmakdygyny nä bilýärsiň – diýip gülümsiredi. Weýran hiç bir zady göwnüne getirmän: - Açyk ýeke şol, başga näme bolup biljek – diýdi. - Belki men dagyň bir böleginiň ýüzünde Hudaýyň ýaradan bir nuryny görýän bolsam, onda meniň hemme dileglerim bitýän bolsa, men hem edil onuň gözüne aşyk bolan bilbil ýaly perwazlap durmaly bolan bolsam,belki mende şeýle bir kynçylyk bar bolsa, ony sen nä bilýärsiň, ine men şonda şu çola daglarda ýeke gezmek kynmy diýip soraýardym senden. Weýran gyz bu sözleri aýdan wagtynda ýene göwnüne özge bir zady getirmän ýeke “munuň gözüne bir zat görnüp göçden galan bolmasyn belki şeýledir, ýa-da bu dälirän bolmasyn diýip oýlady-da: - Onuň ýaly bolsa bilmedim – diýip, gysgajyk jogap berdi. Bu gün agşamy hem geçirdiler. Ertesi ir bilen Weýran bilen gyz ýene suwçeşmäniň gözbaşyna ýuwunmaga gitdiler. Her haýsy bir tarapynda ýuwunyp otyrlarka gyz birden saklanyp: - Weýran, men suw çeşmäniň başyndan ilime gitmesem, siz meni zor bilen kowarmysyňyz? - Näme üçin, kowjak gümanymyz barmy? – - Onuň ýaly bolsa men, ne ol tarapa ne bu tarapa, hiç bir tarapada gitjek däl. Ine, şu çeşmäniň gözbaşynda parlap çykan şu çynaryň saýasynda seleňläp ömrümi ötürjek – diýip, gyz “şu çynary” diýip Weýrany görkezipdir. Weýran gyzyň niýetine şol wagt düşünip, birden gopupdyr we ol: - Ah şeýle diýsene, indi düşündim. Dogrusy seniň hatyraň üçin men iki gün bäri seniň adyňy-da sorap bilmändim. Seniň adyň näme? - diýip sagyndy. Ol öz ýüreginden “belki bu hem Jemal bilen atdaşdyr” diýip oýlapdy. - Adym Jahan, Weýran, meniň düýnki aýdan “Hudaýyň ýaradan nury-da şu daglardyr, ony başga ýerden gözlemek nä gerek – diýdi. Weýran birhili tukatlanan ýaly ýene gaýtalap: - Indi düşündim – diýip-diýmedi-de ýüzüniň ugruna baka gitdi we barandan soň hem Jahana ser salman öz işi bilen güýmendi. Ol şol geplemeýşine dymypdy. Çaýdan-nahardan soň, Jahan goýmandan soň ol onuň bilen ýene çeşmäniň gözbaşyna geldi. Her haýsy bir daşyň üstünde oturdylar. Weýran edil kapasada tutulan hüwi haly ümsüm töweregine göz aýlap oturýar. Epesli dymyşmakdan soň Jahan: - Näme Weýran meniň sözlerim gulagyňa ýakmadymy – diýip, Jahan onuň oturan daşyna ornaşdy. Weýranyň dymyp oturmagyna çydamadyk ýaly bolup: - Özüň “Kowjak gümanymyz barmy” diýip aýtdyň. Indi meni kowsaňyzda gitjek gümanym ýok” – diýdi. Biraz ümsümlikden soň, Weýran turdy-da, edil Jahanyň garşysyndaky daşa ýaplandy we: - Bilýärmiň Jahan näme bar – diýip söze başlady. - Bilemok, bir seni bilýärin – - Bilmeýän bolsaň sen bil – diýip sözüni başlap, Jemalyň wakaly hekaýasyny başdan-aýak gürrüň berdi. Jahan muny pugta pikir berip diňledi we ahyrynda: - Eşitdim, şol şeýdipdir – diýdi. - Eşiden bolsaň, şondan soň men gyzlaryň bary biwepa we iki dilli dönüklerdir diýip, olary hiç göresim gelmeýärdi. Emma tokaýyň içinde seniň gorkup ýörüşiňi göremde, öz gören günüm ýadyma düşüp, saňa şu kömekleri etdim. Indi sen bu şunam özüňe kän görýän bolsaň, men seni tizräk göçüňiziň yzyndan ýetirerin. Jahan, öýlenjek däl, dönükler bilen bile boljak däl. Men müjerret geçjek – diýdi. - Sen gyzlaryň baryny bir aýakdan asýarsyň – - Hawa, asyl şeýledirem – - Eger şeýle bolsa, Jemal seni nähili horluga duçar eden bolsa, senem meni şeýle ikidillilik edip, şeýle horluga duçar edinçäň, men şu ýerden gitjek däl. Şu gün yzymdan atam-enem, doganlarym baryda gelse şu sözümiň yzyny haklamak üçin men olary razy edip yzlaryna gaýtarardym. Ine Weýran, meniň söz şudur – diýip, Jahan hem baryp, Weýranyň ýaplanyp duran daşyna söýenýär. Bu bir daş bölegi edil çeşmäniň gözbaşynyň bir ýanynda dikilen ýalydy. Onuň bir tarapynda Weýran ikinji tarapynda Jahan daşy orta alyp, ýaplanyşyp, her haýsy bir nokada gözlerini dikip, pikire çümüpdirler. Ýarym sagatlyk sessiz-sawsyz ümsümlikden soň Weýran özbaşyna: - Şeýle diýsene – diýip sarnady.. Jahan: - Hawa, şeýle – diýip goýdy. Weýran ýene-de: - Garaz sen ýüregiňi şoňa baglan bolsaň, onda razy bolmaly bolar, emma Jemalyň maňa beren horlugyny men adama däl haýwanlara-da dözüp bilmerin – diýende, Jahan Weýranyň iki elinden çalt tutup: - Şeýlemi Weýran, razymy, şeýle diýsene – diýip, howlukmaç gepleýär. - Bolýar, men razy, galanyny atamyň gelerine goýaly- - Seň özüň? - Men razy! - Onda ataňy-da razy etmegi boýnuňa al Weýran, ony sen razy edersiň ahyryn? - Bolýar, bolýar; onuň gürrüňi ýok. Edil şol günüň öýläni men hem gelip ýetişdim. Weýran ilki bilen bu gyzyň tapylyşy hakynda meni tanyşdyrdy. Ol wagt men: - Asyl onuň azary ýok, ony hossarlaryna gowuşdyrmak kyn däl – diýdim. Sebäbi soňky ylalaşykdan habarsyzdym. Soň Weýran “Ony gowşurmak gerek däl” diýenden soň aňladym. Weýran bolan gürrüňleriň baryny aýdýar. Şol wagt Jahan hem meniň ikinji tarapymda otyrdy. Ol juda açyk göwündi. Bir maşlaga (برماشلاغا) , men ýagşy düşünişenimden soň: Siz ikiňiz-de biri-biriňize razymy? – diýip, gyzyň ýüzüne garadym. Ol: - Sen razy bolsaň biz razy baba – diýip açyk jogap aýtdy. Men özümçe ikisine nika gyýdym. Soň bu iki ýaş bilelikde ömür sürmäge başladylar. Alty aý geçenden soňra biz Jahanyň hossarlarynyň nirede gonandygy hakynda habar tapdyk. Jahan bir görüp gaýtmagy arzuw etdi, köpümizem (tübimizem) gitdik. Onuň hossarlary “Jahan bir eýýäm ýolbarsyň penjesine düşendir-de, ony ýolbars çeýnändir – diýip, ony diri görmekde umytlary-da galman eken. Biz haçan Jahany alyp baranymyzda olar şatlanyşyp toý ýaly etdiler. Jahan özüniň Weýrana duşuşyny we onuň eden hossarçylygyny baryny böri (بؤري?) hekaýa edip we özüniň ony söýüp erkine goýmanyna çenli gürrüň beripdir. Onuň zor edip göçüň yzyndan ýetirjek boluşyna çenli aýdanynda hossarlary haýran galýar we gyzlaryň-da şony etmän, mertlik edip, Weýranyň boýnundan asylyp, şondan aýrylmaýşyna köp razy boldular. Bir hepdeden soň biz gaýdyp geldik, ýene öňki ýaşaýşymyz başlandy. Jahan bilen Weýran şu boluşda ömür sürüp, ýaňy iki ýyldan geçipdi. Jahan göwreli boldy. Bir gün biz awa gitdik. Mekanymyzda Jahan ýeke özi galypdy. Şol gün biz möjekler awlagyna diýip ugrapdyk. Emma keýik awladyk. Öýländir, men şo tokaýyň ilerisindäki baýryň depesinden aşak inen wagtym, tokaýyň ortasynda birden: - Waý – diýen bir çirkin ses çykdy. Sesiň soňy iňňildi boldy. Men çaltlyk bilen ylgadym, görsem bir ýolbars nämede bolsa bir zat edipdir: - Haý kapyr – diýip gygyramda ol haýwan gaçdy. Baryp görsem Jahan. Tiz ýerden gujaklap göterdim, görsem bil oňurgalaryny kül edipdir. Ol haýwan munuň arkasyndan gelip, dişläp zyňypdyr, ikinji üstüne barýarka barýarka meniň gykylygym ony ürküzipdir. Töwerekde bir tüpeň we bir naýza her haýsy bir ýerde ýatyr. Jahan jan ajygyna meniň boýnuma ellerini salyp: - Wah babajan – diýip, ýastaga-da (ýassanyp) birnäçe sözleri aýdyp bildi. Ol öýüň işiginde işini edip oturan. Şol wagt onuň gulagyna bolmasamy, tokaýda: - Wah öldüm, ýetişiň – diýen ses eşidilipdir. Ol bu sesi: “Hökman Weýranyň sesi, ol bir güýçli janawara duşup, haraý soraýar diýip, şol wagty ýüregi gopup, eline naýza we suzan (سوزان) alyp ylgapdyr. Ol şol sesi gözläp, tokaýyň içini aýlanyp ýöreýärkä ýolbarsyň yzyndan gelenini duýman galypdyr. Ol sözüniň ahyrynda: - Weýran dirimi, ony nirede galdyrdyň – diýdi. Şol wagt Weýran arkasyndaky keýikleri göterip, baýyrdan inen wagtynda, bu ýagdaýa gözi düşüp, ýüküni taşlap, Jahany garsa gujaklady we: - Jahan, Jahan – diýip, howlukmaç kellesini yralady. Jahan gözüni açyp: - Wah, Weýran senmi, sen diri barmyň?Seni gözüm bilen görenimden soň diriligiňe ynanýaryn – diýdi. Weýran birhili aljyrap: - Saňa näme boldy – diýende, Jahan: - Meni Hudaý urdy, ýolbars çaldy – diýdi we bir gerinen ýaly etdi-de – wah Weýran – diýip boýnundan asyla näzik gollary, onuň gursagyndan aşaklygyna baka assalyk bilen syrylyp gaýtdy. Onuň alma ýaly ýaňaklarynyň gyrmyzy reňki solan ýaly boldy. Ol gara gözlerini ymykly ýumdy. Onuň dodagyn bölüp, ak ýüzlerine seçelenen gara saçlarynyň tary(ny) ýaňy düşen güýz günleriniň assa şemaly ülpüldedip, Weýranyň gözünden togalanyp inýän dür dänesi ýaly damjalaryň iki sanysy Jahanyň tutulan aý ýaly bolup ýatan ýüzüne düşdi. Men ýeke uly ilim bilen bagyrmadym, ondan başgasy boldum. Iki gözümiň ýaşyny saklap bilmeýärdim. Olar biygtyýar akýardy. Her hili-de bolsa men özüme ygtyýar etdim we Jahanyň üstünde perwaz bolup, özüni ýitirip, Mežnuna meňzeýän Weýranyň elinden tutup, onuň baş ujundan aýyrdym we Jahanyň meýdini göterip ugradym. Ony mekanymyza eltdim we başga zatlary ýygnaşdyrdym. Soň tüpeňimi alyp tokaýyň içini aýlandym we Jahanyň diýýän sesinden eser aňjak boldum, emma yz-toz hem görmedim. Biz irden awa ugranymyzda möjekler awlamaga gidenimizi pikir edip oturan Jahan göwnüne birden göýä tokaýdan ses gelen ýaly eşidendir. Öňki edip oturan gorkuly pikiri hem onuň üstüne bolandyr. Hakykatyna garandan tokaýdan ses gelen hem däldir diýip düşündim. Ýene aýlanyp mekana bardym. Görsem Weýranyň boluşy gaty aljyraňňy. Ol näme işleýänini bilenok. Bir salym oňa-muňa güýmenýän ýaly, birden görseň Jahanyň meýdiniň baş ujunda ony ýüzündäki örtünjesini aýryp, ýüzlerine-ýüzlerini goýup, gözlerinden üznüksiz dökýärdi. Ata GOWŞUDOW. | |
|
√ Ýene haýwanam diýjeksiň... - 05.10.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||