19:16 Bolupsyñ | |
BOLUPSYÑ
Goşgular
Ataň aýtdy, tawus guşuň, Başyna ýelek bolupsyň. Gözüň-ä ýanyp dur:muşyn, Özüňem gülek bolupsyň. Käte suwa ýakyşmasaň, Atlara iým döküşmeseň, Taýlar bile böküşmeseň, Sen ony telek bilipsiň. Öýňüzi çekdi-de keşdim, Sowuldym, düşledim, geçdim, Soň meň garyp adym eşidip, Yzymda elek bolupsyň. Tapyp bir ganym usulyn, Ömrüň gül açan pasyly, Perýat saňa, bedasylyň, Aýagna dolak bolupsyň. Agladan belendi-pesi, Bossanda gülüň täzesi, Eý, Çyn şähriniň käsesi, Itlere ýalak bolupsyň. Gaçyp gaýdypsyň gizlenip, Ele düşüpsiň gözlenip, Ýoluma dikip gözleriň, Aglaýyp bulak bolupsyň. Gaýtdym ýanyňa durmadan, Ardym uzak ýol ýörmeden, Barybir seni görmedim, Behiştde melek bolupsyň. Şähribossan GELDIMAMMEDOWA. | |
|
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Şahyryň göwnüne degmäň! / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 31.07.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Ol ki maňa ýary dilnowaz, göründi... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |