10:56 Şygryýet melekleri / makalajyklar toplumy – Şähribossan Geldimämmedowa | |
ŞYGRYÝET MELEKLERI / MAKALAJYKLAP TOPLUMY - ŞÄHRIBOSSAN GELDIMÄMMEDOWA
Şygryýet melekleri
(Bu material Şähribossan Geldimämmedowanyň goşgular ýygyndysynda sözsoňy deregine goýlan awtobiografik maglumatdan alyndy.) Men, 1971-nji ýylyň 4-nji iýunynda Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Kemine obasynda dünýä inipdirin. Maşgalamyzda men üçünji çaga, özem üçünji gyz. Menden soň iki sany oglan bar. “Men doglanymda: “büýem gyz boldy” diýip gynanansyňyz” diýsem, ejem, “Asla gynanmadym, ýöne Marydan bäbekhana gelen barlagçylar” bu çagaň gaty boýy uzyn” diýenler-ä ýadymda” diýip jogap berdi. Men adym meselesinde ejeme kän gezekler: -Göwher, Bibisara, o, gyzlaryň-a gowy atlary goýupsyň. Maňa bolsa ilde ýok ady nireden tapdyň, diýip, nägilelik bildiripdim. Bu ýönelige däldi. Her gezek täze mugallym sapaga gelende: -Seniň adyň Şähribossanmy ýa Mähribossanmy? diýip, žurnaldan adymy geň bolandygy üçin dogry okap bilmezdiler. Bu ýagdaý mende öz adyma bolan ýakymsyz duýgy dörederdi. Soň men ulaldym. Goşgularym bilen halk arasynda tanalyp başlanymdan soň atdaşlarym gaty köpeldi. Şähribossan atly gyzjagazlaryň ene-atalaryndan onlarça hat aldym. Elbetde, bu meni örän begendirýär. Ýeri gelende, öz mähriban ejem hakynda-da ýatlamak artykmaçlyk etmese gerek. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar. Men birnäçe ýyl mundan öň Döwletmämmet Azady adyndaky Dünýä dilleri institutyna duşuşyga bardym. Duşuşykda talyplar maňa şeýle mazmunly hat geçirdiler. “Siziň ýazýan goşgularyňyzy ejeňiz ýazyp berýärmişin. Öýňüzde mamaňyzdan galan bir sandyk bolup, şondan islän goşgyňyzy alyp çap etdirýärmişiňiz. Siz şu meselä nähili garaýarsyňyz?”. Dogrymy aýtsam, bu sowal meň gaharymy getirmedi. Içinde gödegräk ýalňyş bar diýäýmeseň, gürrüňiň jany ýogam däl. Ejem kiçiliginden keselli bolany üçin mekdebe bermändirler. Onuň Hudaý tarapyn zehini bolup, türkmen halk dessanlaryny, “Görogly” eposyny, klassyklarymyzyň goşgularyny ýatdan öwrenipdir. Ejemiň öz gürrüňlerine görä, ol “Göroglynyň” ”Bezirgen” şahasyny, Seýdiniň “Goşapudagym” dessanyny aýdyp, öýlerine gelen aýallary agladar ekeni. Ejem goşgy ýazmaga kiçiliginden başlapdyr. Oba adamlarynyň şatlygyna şatlanyp, olaryň üstünligine goşgy ýazyp göwünlerini awlar ekeni. -Eje, senem goşgularyňy gazet-žurnallara beren bolsaň, belli şahyr bolup giderdiň-diýenimizde, ol nägilelik bilen hüňürdärdi: -Ulugyz onda-munda görnüp ýörse gowy bolmaz-diýip, daýylarym rugsat bermedi. Ol çaga wagty gören düýşüni tä ömrüniň ahyryna çenli gaýtalap gezdi. Düýşünde oňa bir garry baba galam görkezip, “Seniň çöregiň şundandyr” diýipdir. Ejem: -Özüm-ä galam tutup çörek iýmedim, “bu saňa yşarat bolmaly” diýerdi. Kakam pahyr meniň üstünligime hemmelerden beter begenerdi. Bir gün goşgymy alyp aýaldoganymyň öýüne gidipdir. Ol: -Kaka, gazedi başaşak tutupsyň ahyry-diýende: -Aý, nähili bolsa-da, munda meň gyzymyň goşgusy bar-diýip, okap bermegini haýyş edipdir. Kakam bilen baglanyşykly ýene bir wakany ýatlamak meniň üçin has ýakymly. Men uniwersitetiň 3-nji kursunda okap ýörkäm, SSSR Ýazyjylar soýuzynyň agzalygyna kabul edildim. Bu habar biziň öýmüze uly şatlyk getirdi. Kakam gaýdanym-da agzalyk şahadatnamamy goýmagymy haýyş etdi. Pahyr, ýaňky şahadatnamanyň daşyna dolabilen matasyny dolapdyr-da, işdeşlerine görkezmäge äkidipdir. Traktorçylar elläp görjek bolsalar: -Ýok, seredip oňaýyň, ellemäň, elleseňiz eliňiziň ýagy ýokar-diýip elletmändir. Kakam hakynda ýene-de bir ýatlama. Mekdep döwrüm telewideniýede “Gözýetim” atly aýdym-sazly gepleşik ýaýlyma berildi. Gepleşikde çykyş etmek isleýän dörediji ýaşlara öz talantyny görkezmäge mümkinçilik berilýändigi habar berildi. Men redaksiýa hat ýazdym. Aradan kän wagt geçmänkä, žurnalist Kümüş Meläýewadan maňa çakylyk haty geldi. Mekdebimiziň direktoryndan rugsat sorasam: -Kim ol seni telewideňiýä çagyryp ýören?-diýip närazylyk bilen ýüzüme seretdi. Öýe gelip gürrüň berdim welin, kakam gatyrganyp: -Düş öňüme!-diýip, özi meni Aşgabada alyp gaýtdy. Şol gepleşikde okan goşgymy henizem ýatlaýan. Ene-atany kiçijik zat bilen bolsa-da, begendirmek iň uly bagtdyr. Men käteler teleýaýlymlarda, radioda çykyş edesim gelmese-de, şolary begenirmegiň hatyrasyna çykyş ederdim. Sebäbi meniň çykyşlarymyň her biri olaryň başyny göge ýetirýärdi. Meniň ilkinji ýazan goşgymyň ady “Watan hakda oýlanmady”. Şol wagtky etrap gazediniň redaktory Gurbandurdy Gylyjow: -Jigim, goşgyň gowşagrak. Her näme-de bolsa, göwnüň galmasyn, şu gezek çykaraly. Ýöne kämilleşmek üçin gaýrat et,-diýipdi. Meniň çagalykdan gowy görýän şahyrym Kerim Gurbannepesowdy. Men ony ähli şahyrdan eý görýärdim. Şahyryň telewideniýedäki, gazet-žurnallardaky çykyşlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşardym. Bir gün “goşgularymy Kerim aga iberip görsem nähili bolarka?” diýen pikir kelläme geldi. Şahyryň “Ýaşlyk dramasy” maňa örän güýçli täsir edipdi. Şol täsirlenmäniň esasynda Kerim aga bagyşlap ýazan goşgymy iberdim. “Goşgy” diýip iberen zadymyň ne başy bar, ne aýagy. Kapyýasy hiç zady ýok. Goşgynyň nämedigine düşünip başlanymdan soň, “ibermesem boljak ekeni” diýip öz-özüme käýindim ýördüm Kerim Gurbannepesowyň beýleki şahyrlara meňzemeýän ajaýyp häsiýetleriniň biri o-da, şahyr gelen hatlary jogapsyz goýmaýar ekeni. Ine-de günleriň bir güni, 1986-njy ýylyň güýzi, maňa Kerim şahyrdan hat geldi. Hatyň mazmuny şeýledi: “Şähribossan salam! Ýakymly, mähirli hatyň üçin sag bol! Sen ýaňy 8-nji klasda okaýan hem bolsaň, 10-njy klas gyzlaryň pikir ýöredişi ýaly pikir ýöretmegi başarýarsyň. Megerem, sen zehinli gyzsyň. Galanlary ýuwaş-ýuwaşdan gelmeli zatlar. Men saňa okuwyňda goşa-goşa bäşlikler, durmuşyň-da goşa-goşa şatlyklar arzuw edýärin”. Meniň şol günki begenäýşimi diýsene! Meniň şondan soň birneme özümе ynamym artyp başlady. Goşgy hakynda has çynlakaý pikir edip ugradym. Orta mekdebi 1988-nji ýylda tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwerstetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetine okuwa synanyşdym. Okuwa girip bilmänimden soň, obamyzdaky çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Uniwerstetiň ýokardaky agzalan fakultetine 1990-njy ýylda okuwa girdim. Meniň okuwa girmekligim döredijilik dünýäsine aralaşmagym üçin äden iň aýgytly ädimimdi. Talyp döwrümde goşgularym ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň ählisinde diýen ýaly yzly-yzyna çap edilip ugrady. 1993-nji ýylda 50 müň nusgalykda çykan “Enebalyk” atly kitabym şol ýylky çykan iň gowy kitap hökmünde baş baýragy aldy. Mundan başga-da maňa Magtymguly adyndaky ýaşlar baýragyny berdiler. Meniň öňümde iň uly sowal keserip durdy. Okuwy gutaranymdan soň nirä gitmeli? Gazet-žurnallarda işlemegi halamazdym. Häzirem şeýle. Ertirden agşama çenli bir ýerde oturyp işlemek meniň başarjak zadym däldi. Okuwy tamamladym. Uçurymlary işe ugradýan komissiýanyň çakylygyna bardyk. Türkmenistanyň halk artisti Bazar Amanowyň gyzy professor Maral Bazarowna Amanowa şol wagtlar uniwerstetiň okuw işleri boýunça prorektorydy. Ol: -Hormatly adamlar! Şähribossan biziň talantly şahyrymyz. Ony oba ugratsak ýitip gider. Men beýle şahyryň ýitip gitmegini islemeýän. Eger garşy bolmasaňyz, Şähribossany uniwerstetimizde mugallym edip alyp galaýsak nähili bolarka?!-diýip komissiýanyň agzalaryna ýüzlendi. Olar hem razylaşdylar. Şeýlelikde men ýurdumyzda iň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwerstetinde işe başladym. Derýalarda joşgunlardyr-gaýtgynlaryň bolşy ýaly, meniň durmuşymda hem öňe gitmeler yza gaýdyşlar köp boldy. Daşary ýurtlarda geçirilen halkara poeziýa festiwallarynyň birnäçesine gatnaşdym. 1996-njy ýylyň maý aýynda durmuşa çykdym. Adamym uniwerstetiň Daşary ýurt dilleri fakultetiniň arap dili bölümini gutardy. Ol meniň döredijiligim hakynda ýeke-täk aladalanýan adam. Maňa degişli kitaplaryň, gazet-žurnallaryň goragçysy. Men gerek zadymyň nirededigini şondan soraýan. Hojalykdaky ähli ýükler onuň öz boýnuna. Ol meni hiç tarapdan biynjalyk etmeýär. Allahym onuň ömrüni uzak etsin! Hudaýa şükür, bagtly maşgalam bar. 3 gyzym, 1 oglum. Aýşa, Emine, Muhammetosman-Hatyja (ekizler). Hormatly okyjylar! Şu kitapdaky goşgular siziň ýürek taryňyzyň ýekejesini kakyp bilse, men özümi bagtly saýaryn. Size söýgi bilen Şähribossan! DAÝZAMYŇ OGLY Ýyllar gitdi geçip, Pes tutduk pygly. Ýeri, halyň niçik, Daýzamyň ogly?! Nädeýin ýaşyryp, Bagrym garagan. Yzyma düşürip, Gamgyn kölegäm. Gidipdim birmahal, Umytdan düşmän. Geçmiş sähel-mähel, Ýadyma düşýä. Oýnardyk daň bile, Seçerdik nogly. Bileje seň bile, Daýzamyň ogly. Bilýäň, edil ner dek, Başy göge deň. Dymma gara ýer dek, Atam bardy meň. Şu säher ölmüş ol, Sökdi-le bogny. Ýasyna gelmişem, Daýzamyň ogly. Gören agyr ýüküm, Duýmaz keseden. Onda maňa hiç kim, Garaşmasa-da. Ugraýyn ýitirmän, Solumy-sagmy. Hoş, daýzamyň ogly, DAÝZAMYŇ OGLY! Kitaby 2016-njy ýylyň 20-nji dekabrynda elektron görnüşe geçiren Gurban Begnazarowiç Geldiýew. Materialyň alnan çeşmesi: https://kitaphana.net/book/633. 19.10.2021ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||