09:50 "Uzadan ýerime ýetenok elim.." | |
"UZADAN ÝERIME ÝETENOK ELIM..."
Goşgular
Uzadan ýerime ýetenok elim, Göwnüm bolsa Kap dagyna çykypdyr. Gelip syrtmak salyp boýnumdan telim, Meni hatalarym dara çekipdir. Arylar bal guýup berdiler bada, Soňam zerzaw edip sokdy neşderin. Ertir bagta ýetip ýylgyrsyň ýa-da, Uzaklardan horkuldyňy eşderin. Bilbil bolup ýetişmedik joşgunym, Gezýärmikä özge bagda käkeläp. Aýdyň ahyr, nirä gitdi ýaşlygym, Meni ýeke taşlap, menden öýkeläp. A mende kine ýok, kalbym bolsa boş, Sähra bahar ýazan wagty halysyn. Arzuw edýän umman gözli Ýaşylbaş, Gelýä seniň gözleriňde galasym. • Buýsanç Kendirikde soňky urbaň bolaýyn, Hiç kes gül ýüzümde görmesin ünji. Ýaşyl düzleriňe gurban bolaýyn, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Tile sena edip, Hakyň birligin, Böwre dünýe maly berenok ynjy. Sabalaryň guradypdyr arlygym, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Ýagmyr ýagdy, gögüň düýbi deşildi, Bahary buşlana berdim söýünji. Toýuň sowdum, ýaslaryňa goşuldym, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Ýol gözledim, köňüllerde ýer etdim, Begençden gözüme düzüldi hünji. Seň üçin ölmejek aýdym döretdim, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Seniň bilen hiç bir ülke deňleşmez, Goýnuňda dünýäniň hazyna-genji. Bizi söýen ejelere meňzeş sen, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Daşa gitsem, didäm saňa zar bolar, Ynan maňa, gidip köňül begenji. Munda seni söýmedikler har bolar, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. Dilegim bar, gel aýdaýyn göwneseň, Ýogsa azar berýär ýürekde sanjy. Soňky günüm gujagyňda ýygna sen, Ata mekan, gözlerimiň guwanjy. * * * Çözmez düwülen baglary, Söýgi her köňüle ýatdyr. Söýgi şu gara daglaryň, Jigerin paralan otdur. Söýgi dyňzap o ýan-bu ýan, Gursagyň ýaryp baradyr. Söýgi emi tapylmaýan, Bagra ýapyşan ýaradyr. Ir säherden hünji dokan, Otlaň ýaňaklary çygdyr. Söýgi Zemin ukudaka, Döşüne çekilen tygdyr. Söýgüni alyp bolmaýar, Ol deňize düşen daşdyr. Söýgi hem ýorup bolmaýan, Hem görüp bolmaýan düýşdür. Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. | |
|
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||