23:04 Mahmyt Kaşgarly / dowamy | |
Sözlügiň käbir goşgularyndaky öz görkezen gahrymançylygyň hakynda gürrüň etmek ýagdaýy oguz-orhon ýazgylaryna-da mahsus. Ýokarda getiren goşgymyzyň ruhy oguz-orhon ýazgylaryna juda ýakyndyr. Çünki, runiki ýazgylarda hem ”men” diýip gürlemeklik bar. Megerem, bu häsiýet şol döwrüň ruhuna, şondan hem edebiýatyna mahsus alamat bolmaly. Türkmenlerde öz görkezen gahrymançylygyň hakynda gürrüň etmeklik, baryp ýatan hakykat bolaýanda-da il içinde halanylmaýar. Seniň gahrymançylygyň waspyny başgalar etmeli. Biziň pikirimizçe, ine şu ýagdaýyň hasabyny zamanynyň edebi aňy berk tutupdyr. Şol sebäplem öwünjeňligiň ýaramaz häsiýetdigini ýazgarýan eserler döredilipdir. Muňa ýokarda bellän gyş hem ýaz pasyllarynyň aýdyşygy mysaldyr. Edebi ösüş munazraçylyk däbiniň üsti bilen gahrymanynyň ýaramaz, pes häsiýetini ýazgarypdyr we belli bir derejede öz sagdynlygyny gazanypdyr. Edebi çeper pikirlenmäniň ösüşiniň soňraky asyrlarynda gahrymanyň adamkärçilikli häsiýetiniň olaryň özleri tarapyndan däl-de, başgalar tarapyndan taryplanmagy şunuň üçindir.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Mahmyt Kaşgarlynyň kitabynda söweş wakalary bilen baglanyşykly şygyrlar bir-birin görkezerden örän köp. Şolaryň içinde poeziýanyň elegiýa (agyçylyk) görnüşinde ýazylan şygyrlar hem örän köp duş gelýär. Olarda synply jemgyýetde söweşlerde ölenlere ýakynlary tarapyndan gynanç duýgulary bildirilýär, adamlar gözýaş dökýärler, ýaka ýytýarlar, käbir taýpa başlyklarynyň ady tutulýar, duýgudaşlyk bildirýärler. Uly çaknyşykda ölenleri ýatlap gam-gussany ýatdan çykarmaga çagyrýar. Şu zatlary beýan etmekde dürli-dürli çeperçilik serişdeleri ulanmak arkaly emosional täsirlilik gazanylypdyr. Alp är Toňa oldumy, Esiz ajun kyldymu, Ozlak oçun aldymu, Emdi ýurak ýyrtylur. Batyr, gynanja mynasyp Alp Är Töňňä (Afrasiỳab) öldümi, ýaramaz dünýä galdymy, dünýä ondan öjüni aldymy, indi onuň ölümine ýürekler paralanýar. Bu setirler “Alp” \batyr, gahryman\ sözüniň manysyny düşündirmekden ötri mysal alnypdyr. Bäglar atin argurub, Kazgu ani turgurub, Mänzi ýüzi sargarib, Kurkum aňra turtulup. Afrasyỳabyň ölümine gynanyp aýdýar: Emirler atlaryny ýadadyp geldiler. Gaýgy begleri azdyrdy, ýüzleri zagpyran solandek juda sorardy. Bu setirler “Kurkum” \zagpyran – sary gülli ösümligiň ady\ sözüniň manysyny düşündirmekden ötri alnypdyr. Uluşib äran borlaýu, Ýirtin ýaka urlaýu, Sikrib uni ýutlaýu, Sigtab kozi ortulup. Afrasiỳabyň ölümine gynanç bildirýärler. Ärler \adamlar\ böriler ýaly uwlaşdylar, uwlaşyp \aglaşyp\ ýaka ýyrtdylar. Gamgyn \zaryn\ sesler bilen bagyryşdylar, \gözýaşdan\ adamlaryň gözleri gamaşyp galdy \örtüldi\.1 Ondan başga-da Mahmyt Kaşgarly Alp Är Töňňe bilen Afrasyýabyň bir şahsdygy hakda pikiri öňe sürüpdir. “Diwanda” şeýle sözler bar: ...Tunga. Babyr. Gaplaň jynsyndan bir haýwan, pili öldürýär: asyl manysy şudur... Türkleriň beýik hakany Afrasyýabyň asyl türk ady Tunga Alp Är – “Babyr bilekli, gaýratly adam” diýmekdir. Şeýlelikde Mahmyt Kaşgarly Afrasyýabyň adyny “tunga-babyr” sözi bilen baglanyşdyrýar. Bu hakykata laýyk gelýär, çünki gadymy döwürlerde gahrymanlaryň gaýduwsyz, edermen häsiýetleri ýabany haýwana mahsus alamatlar bilen kesgitlenipdir, Afrasyýap bilen bagly rowaýatlaryň aglabasynyň gahymançylykly häsiýetli bolmagy bilen sözümizi tassyk edýär. Afrasyýap Awestada Traýtaonanyň neberesi, Peşeňiň ogly Franhrasýan. Şanamalarda we pars dili çeşmelerde Afrasyýap pişdady, kyýany, eşkany, sasany şalary we pälwanlary bilen uruş alyp baran Turanyň serkerde şasydyr. Irki orta asyrlarda oguz han bilen baglanyşykly rowaýatlaryň mazmuny Zülkarneýn, Afrasyýap ýaly gahrymanlaryň keşbine siňipdir. “Diwanda” uýgur “halaç, çigil” taýpalarynyň gelip çykyşynyň Zülkarneýniň bilen baglanyşdyrylmagy muny aýdyň görkezýär. Afrasyýap hakda soňra döredilen rowaýatlarda hem “Oguznamalaryň” täsiri açyk duýulýar. Gahrymanyň daş-töweregindäki serkerdeler oguz atlaryny göterýär. Garahanly we seljuk patyşalarynyň “tarym”, “tekin” derejeleri hem gahrymanyň Afrasyýabyň ady bilen baglanyşdyrylypdyr. Afrasyýap Abulkasym Ferdöwsiniň “Şanamasynyň” esasy gahrymanlarynyň biridir. Mahmyt Kaşgarlynyň kitabynda elegiýa – matam goşgularyň ilkinji gadymy nusgalaryny öz beýanyny tapypdyr. Oňa mysal edip Alp är Töňňäniň –Afrasyýabyň ölümine bagyşlanan goşguny görkezmek bolar. Mahmyt Kaşgarly Alp är Töňñäniň gadymy Turanyň şasy Afrasiýabyň türki halklaryň arasynda tutulýan adydygyny belläpdir. Afrasiýabyň Abulkasym Ferdöwsiniň “Şanamasynyň” esasy gahrymanlarynyň biridigini edebiýatçylar habarlydyr. Ylymda “Şanama” Eýran şalarynyň taryhyndan gürrüň berýän eser diýlip ykrar edilipdi. Emma Mahmyt Kaşgarly Afrasiýabyň Alp Är Töňñediginden habar berýär. Oguzlaryň başga bir halkyň şasynyň ölümine matam goşgy döretmejegem düşnüklidir. Eger şeýle bolsa, birinjiden, bu goşgynyň dörän wagty XI asyrdan has aňyrda, has takygy Afrasiýabyň özüniň ýaşan wagtlary bolmaly. Ýöne halk ony öz hakydasyndan goýman gelipdir. Şeýdibem, bu ajy hakykat halk döredijiliginde orun alypdyr. Şu ýerde ýene bir ýagdaýy ýüz ugra belläp geçmekçi. Ferdöwsiniň “Şanamasynyň” ilkinji müň bendini Dakyky ýazýar. (Şu ýerde Ferdöwsiniň “Şanamasyna” çenli dört sany “Şanama” eserleriň bolandygyny-da bellemek gerek). Emma ol öz guly tarapyndan pyçaklanyp öldürilýär. Onuň öldürilmeginiň sebäbi hakynda şu wagta çenli hiç hili düşündiriş ýokdy. Emma “Şanamanyň” aşaky setirleri onuň ölüminiň dini ynanç bilen baglanyşdyrmaga esas berýär: Dakyky çar hyslat bergüzide äst, Be giti äz hemä how-u-zişti. Lebi ýakut reň-u-nalaýy çäň, Meýi hun reň-u kişi Zarduhişti. Manysy: Dakyky dört häsiýeti saýlandyr, Dünýäň ähli erbet-gowulyklaryndan. Ýakut reňkli leb bilen çeň sazynyň sesini, Gan reňkli şerap bilen Zaratuştraň dini. Mysal getiren bentlerimizden görnüşi ýaly, Dakyky yşky, aýdym-saz, meýi hem Zaratuştranyň dinini saýlapdyr. Meý-şerabyň haram saýylan yslam dünýäsinde, iň beterem, Zaratuştranyň otparazçylyk dinine ýykgyn etmegi onuň ölümine sebäp bolupdyr. Bu maglumatlar Dakykynyň erkin pikirli bolandygyna hem güwä geçip biler. Araplar biziñ ülkelerimize VII asyrda gelen hem bolsa, yslamy köpçülikleỳin kabul etmeklik IX-X asyrlarda amala aşỳar. Sowatsyz adama serediniñde ylymly adamyñ dünỳäsinde ruhy öwrülişigiñ bolup geçmegi üçin belli bir wagtyñ gerekdigini hem hasaba almalydyr. Dakykynyñ ỳokarda bellän dört närsä göwün bermeginiñ sebäbini Merkezi Aziỳa halklarynyñ arasynda uzak wagtlap dowam eden otparazçylyk dininiñ medeniỳetinden gözlemeli. Belli pars-täjik şahyry Rudaky hem gadymy Eỳranda şatlyk çeşmesi hökmünde söỳgini, sazy hem şeraby görkezipdir. Emma ol zamanañ talabyna görä, onuñ dördünjisi hakynda dil ỳarmadyk bolara çemeli. Ỳogsa, Eỳranyñ taryhynda otparazçylyk dininiñ aladasy düỳpden edilipdir. Taryhda miladynyñ IV asyrynda Rim döwlet agalygynyñ çäklerinde hristian dinine döwlet dini derejesi berlipdir. Sasany döwletiniñ parasatly patyşasy Şapur II (309-379 ỳỳ.) bu syỳasy çäräni öz döwletinde ỳola goỳỳar. Ol otparaz dininiñ ruhanylaryny, alymlaryny toplap, otparzçylyk dininiñ mukaddes ỳazgylarynda duş gelỳän ähli sesleri ỳazyp beỳan etmäge ukyply elipbiỳi döretmegi we onuñ bilen “Awestany” göçürmegi tabşyrỳar. Bu wezipe tiz hem üstünlikli amal edilipdir. Şeỳdibem, “Awestanyñ” elipbiỳi döräpdir. Bellemeli tarapy Dakyky otparazçylyk dininiñ taryhyny we onuñ mazmunyny, “Awesta” kitabyny oñat özleşdiren we onuñ täsirine düşen bolmaly. Eỳsem Dakyky kim bolupdyr? Bu soraga şu wagta çenli anyk maglumat tapmak kyn. Onuñ hakyky ady Abu Alydyr. Oña Abu Mansur hem diỳlipdir. Ol Ahmet Dakykynyñ ogludyr. Dakyky lakamy pars dilindäki “dakyk” sözünden bolup, türkmen diline terjime edeniñde “takyk, anyk, hakyky” many berỳär. Çeşmelerde onuñ takmynan, 320-330-nji hijri kamary senesinde dünỳä inendigi barada aỳdylỳar. Ol bir maglumata görä, Balhda (Owganystan), ỳene bir maglumata görä, Towusda (Eỳran), başga bir maglumatda bolsa Samarkantda doglan hasaplanỳar. Ỳöne onuñ doglan ỳeri Balh bomagy mümkin. Sebäbi onuñ “Şanamasynda” Aryỳananyñ patyşasy Guştasp, Turanyñ patyşasy Arjasp hem Zaratuştra hem onuñ dini, ataşkadalarañ açylyşy hakynda gürrüñ berilỳär. Turanyñ patyşasy Arjaspyñ Afrasiỳabyñ doganydygy aỳdylỳar. Maglumata görä, Arjasp, Afrasiỳap hem Zarer –bular üç dogan bolupdyr. Zareriñ gahrymançylygy “Ỳadygärnama” (Zareriñ ỳadygärligi) eserinde beỳan edilỳär. Çeşmelerde hem “Şanamanyñ” özünde aỳdylyşyna görä, Abylkasym Ferdöwsi Dakykyny halamandyr. Ol otparaz hökmünde ỳigrenilipdir. Käbir maglumarlarda Dakykynyñ Ferdöwsüden öñ, irräk ỳaşandygy aỳdylỳar. Bilşimiz ỳaly, Ferdöwsi 329-330-nji hijri ỳyllarynda, milady senesi boỳunça 929-930-nji ỳyllarda dogulỳar. Ol 35-40 ỳaşlarynda “Şanamany” ỳazmaga girişỳär. Eger biz Ferdöwsiniñ doglan ỳylyny aỳdaly 930-nji diỳip ỳyly alỳarys. Ol “Şanamany” ỳazmaga girişen 40 ỳaşyny goşsak biz 970-nji ỳyly alỳarys. Ol ỳyllarda samanlylaryñ hökümdarlygy dowam edipdir. Soltan Mahmyt Gaznawy 1030-nji ỳylda inçe keselden aradan çykypdyr. Ferdöwsi “Şanamany” döretmek üçin 35 ỳyl ömrüni sarp edipdir. Ol eserini gutardym edip, ony Soltan Mahmyt Gaznala sowgat edipdir. Şunda kanuny sorag döreỳär. Eger Ferdöwsi öz eserini türkmen soltanynyñ ata-babalarynyñ taryhyndan söhbet açylmaỳan bolsa, onda ony Soltana sowgat eltermidi?! Elbetde ỳok. Şu ỳerde Soltanyñ wada edilen puly birbada bermese-de, soñra eden işine ökünendigini-de bellemegimiz gerek. Nygtamakçy bolỳan pikirimiz, Ferdöwsiniñ “Şanamasynda” diñe Eỳran şalaryñ taryhy beỳan edilmän, turanlylaryñ – türki halklaryñ, şol sanda türkmen halkynyñ geçmişde ỳaşan şalarynyñ taryhy çeper ỳazgy edilỳär. Munuñ ỳekeje delili hökmünde Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde Alp Är Töññe barasyndaky maglumaty görkezip bolar. Şu nukdaỳnazardan Mahmyt Kaşgarlynyñ “Türki dilleriñ diwany” atly sözlügi taryhy, şeỳle-de, etnografik gymmata eỳedir. Diliñ dürsỳazuwynyñ şygryñ çeperçiligine ỳiti täsir edỳändigini nazarda tutup, alym R.Rejebowyñ sözlükde sözleriñ ỳazylyşy hakyndaky pikirini okyjy bilen paỳlaşmakçy: “Mahmyt Kaşgarlynyñ diwany arap elipbiỳsi bilen ỳazylypdyr. Arap elipbiỳinde bolsa “p, ç, g, ž” harplary şol wagt hem bolmandyr, şu wagt hem ỳokdur. Bu harplaryñ ỳoklugy arap dilinde şeỳle sesleri öz içine alỳan sözleriñ bolmanlygy hem ỳoklugy bilen düşündirilỳär. Türki dillerinde bolsa şeỳle sesleri öz içine alỳan sözler näçe diỳseñ şol wagt hem bolupdyr, şu wagt hem bar. Netijede, olaryñ ỳazuw ỳadygärliklerinde “p, ç, g, ž” harply sesler şöhlelenip bilmändir. Olar bu we beỳle sesleri olara ỳakyn beỳleki sesler añladypdyrlar...Meselem, “gün, bilge, tapuwçy, gel, git, getir, gelgil” ỳaly sözler hemişe “kün, köz, bilke, tapuwçy, kel, kit, ketir, kelgil” görnüşinde ỳazylỳar. Hakykat, şol döwür türki dillerinde şu ỳokarky ỳagdaỳyñ iki warianty-da ỳörgünli bolupdyr”1. Şeỳle ỳagdaỳyñ goşgulardaky belli-belli sözleri asyl nusgadan daşlaşdyrmagyñ netijesinde, onuñ milli öwüşgininiñ pese gaçmagyna, şonuñ bilen hem çeperçiliginiñ gowşamagyna getirjekdigi düşnüklidir. Edebiỳatçy alym R.Rejebow ady agzalan kitabynyñ 192-nji sahypasynda diwanyndaky goşgularyñ sözlük ỳazylan wagtyndakydan has öñki döwre degişlidigi sebäpli, onuñ diliniñ pikiri doly hem çuñ mazmunly hemmetaraply beỳan ederden ejizdigini belläpdir. Alym şeỳle pikire gelmeginiñ sebäbini goşgudaky sözlemleriñ gurluşy taỳyndan haỳsy hem bolsa bir agzasynyñ ỳokdugy bilen düşündirip, aşaky bendi mysal hökmünde getiripdir: Küji teñi tokuşty, Oguş kohum okuşty, Çerik tapa ỳakyşty, Birge kelip, öç ötär. Manysy: “Ol adam öz güỳjüniñ ỳetdigiçe söweşdi, ol dogan-garyndaşlaryny çagyryp, olary goşun tarapa alyp bardy, ỳakynlaşdyrdy. Indi olaryñ hemmesi birigip duşmandan öç isleỳärler” . Alym şygryñ manysyny düşündirende “ol” çalyşmasyny ulanyp, sözlemi eỳesi bilen berỳär. Ỳöne biz bu anyk mysal babatda başgaçarak pikir edỳäris. Türkmen dilinde doly däl sözlemler ylmy taỳdan öwrenildi. Şygyrda hem her bir sözlemiñ ähli agzalarynyñ doly getirilmegi hökman däl bolup, ol poetik formadyr. Ỳokarda mysal alnan bentde “tokuşty, okuşty, ỳakyşty” ỳaly sözlerde öten zaman işliginiñ üçünji ỳöñkemede gelmegi sözlemiñ eỳesiniñ “ol” at çalyşmasydygyny öz-özünden mälim edip dur. Diỳmek, bu sözlem, biziñ pikirimizçe, eỳesi daşynda mälim bolan sözlemdir. Bolmanda, hem kapyỳalaryñ olluk ỳöñkemede getirilmegi, onuñ eỳesini gözläp ỳurt aşmaly däldigini habar berip dur. Şonuñ üçin ỳerde diliñ ejizligini görmeỳäris. Çeper edebiỳat ỳyl geçdigi saỳy kämilleşmek bilen. Ol uzak ỳyllaryñ dowamynda mazmun hem çeperçilik babatda baỳlaşypdyr. XVIII-XIX asyr nusgalyk edebiỳatymyzda millilik has hem ösüpdir. Ol çeperçilik babatynda-da täze belentliklere galypdyr. Nusgalyk şahyrlarymyzyñ döredijiliginde goşuk şygyr görnüşi ỳene-de esasy orna geçipdir. Goşugy edebi dolanşykda täzeden işjeñ ulanmaklyk Magtymguly Pyragy tarapyndan amal edilipdir. Ussat Magtymguly goşugy edebi dolanşyga girizmek bilen çeper pikirlenmede uly öwrülişik geçiripdir. Magtumgulynyñ bu täzeçilligi döwürdeş hem özünden soñky ỳaşan şahyrlary tarapyndan goldanylypdyr. Biziñ bilşimiz ỳaly, beỳik Magtymgula çenli Gündogar, şol sanda türkmen edebiỳatynda ỳörgünli şygyr žanry bolup gazal hyzmat edipdir. Emma gazalyñ aruz sistemasy-kadasy milli ruhy, döwrüñ meselelerini açmakda oñaỳsyzdygy, dardygy üçin sillabiki bogun ölçegli goşuk görnüşine geçilipdir. Bu mesele ylmy işlerde doly öwrenildi. Ỳöne şu ỳerde biz başga bir meselä ünsi çekesimiz gelỳär. Orta asyrlaryñ bütin dowamynda gazal žanry –goşgy düzüliş kadasy esasy orunda bolup gelipdir. Ỳagny, edebiỳatyñ baş şygyr görnüşi bolup hyzmat edipdir. Gündogaryñ görnükli söz ussatlary öz eserlerini gazalda ỳazypdyrlar. Ol şu uzak döwrüñ dowamynda özüniñ tutuş çeperçilik sistemasyny işläp düzüpdir. Şu meselede gahrymanyñ çeper keşbini we häsiỳetini açmak üçin ulanylỳan çeperçilik serişdelere aỳratyn orun degişlidir. Ol edebiỳat ylmynda liriki detallar hem diỳlip atlandyrylypdy. Olar hakyndaky edebi söhbetler söỳgi temasynda döredilen eserler bilen baglanyşykly has ỳiti ỳüze çykypdy. Gazalyñ özüniñ döreden, ösdüren hem kämilleşdiren baỳ şygyr çeperçilik serişdeleri bar. Ol örän köpdür. Gazal aslynda romantiki idealy edebiỳatyñ şygyr žanry bolany üçin bu meselede hiç bir çäklendirmesiz döredilipdir. Aslynda romantika köñül arzuwy bilen iş salyşỳan çeper stildir, orta asyr Gündogar edebiỳatynyñ döredijilik usulynyñ-stiliniñ romantizmdigi ylmy delillendirildi. Edebiỳatymyzyñ taryhynda X-XV asyrlar romantizmiñ “altyn asyry” hökmünde bahalandyryldy. Romatizmde gahryman idealdyr. Onuñ mekany köñüldir. Şonuñ ỳaly-da ol juda arzuwçyldyr. Tersine realizmde gahryman realdyr. Real gahrymanyñ jemgyỳetde tiplerini – özüne meñzeşlerini tapmak mümkin. Realizmde tipleşdirme bolsa, romantizmde umumylaşdyrma bardyr. Nygtamakçy bolỳan pikirimiz, orta asyr romantizminiñ gazal žanrynda işledilen çeperçilik serişdeler XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda goşukda hem işledilipdir. Çünki, bu asyrlarda ideal gahryman gazaldan goşuga geçỳär. Döwrüñ edebiỳatynda real gahrymanly goşuklar bilen bir hatarda ideal gahrymanly goşuklar döreỳär. Has takygy harby-gahrymançylyk hem watançylyk temadaky goşuklara esasan real gahryman mahsus bolsa, yşky temadaky we kasydaçylyk däbe eỳerelip döredilen goşgularda ideal gahryman bardyr. Munuñ özi edebi ösüşde arassa realizmiñ ỳokdygyny, onuñ diñe sosial-durmuşy lirikada ỳüze çykandygyny, emma, söỳgi şygryỳetinde romantizmiñ ỳaşaỳandygyny, dowam edỳändigini görkezỳär. Oña mysal edip Mollanepesiñ döredijiligini, Keminäniñ we ähli nusgalyk şahyrlaryñ yşky lirikasyny we söỳgi temasyndaky dessanlarymyzy görkezip bolar. Indi esasy gürrüñimize dolanalyñ. Biziñ añlaỳşymyza görä, romantizm çeper keşp hem häsiỳet açmakdaky ulanylan çeperçilik serişdeleri diñe bir gazalda döremändir. Gazal arap edebiỳatynyñ şygyr görnüşleriniñ biridir. Türkmen halkynyñ romantiki duỳgulanmalary: köñül ỳüwürtmesi, arzuwçyllygy, umtyt-islegi, haỳalbentligi, şahyryna duỳguçyllygy onuñ özüniñ döreden goşuk goşgy görnüşinde şineläpdir. Belli bir ösüş ỳoluny geçipdir. Şu ỳerde bir zady aỳratyn bellemek gerek. Magtymguly goşugy saỳlap alanynda onuñ döwrüñ meselelerini açmakda oñaỳlydygyndan, has takygy, onuñ aruz kadasynyñ ỳokdugyndan şonuñ üçinem gahrymanyñ özüni juda erkin duỳỳandygyndan, diỳesi gelen zadyny arkaỳyn diỳip bilỳändiginden ugur alypdyr. Mollanepes romantik hem bolsa gazala gitmändir. Näme üçin?! Sebäbi, Mollanepese hem romantik yşky duỳgyny açmakda goşugyñ amatlydygyna düşünipdir. Hawa, hut şonuñ üçinem ol ussady Magtymgulynyñ geçiren şygyr reformasyny iki elläp goldapdyr. Özem şunda onuñ romantiki duỳgy bilen milli duỳgynyñ bir ỳere sygyşỳandygynyñ amaly nusgasyny görkezendigini tekrarlap aỳdasymyz gelỳär. Tekrarlamamyz ỳöne ỳerden däl. Edebiỳat ylmymyzda alymlarymyzyñ bir bölegi “romantiki duỳgy bilen milli duỳgy bir ỳere sygyşmaỳar” diỳen pikiri goldapdyrlar. Görşümiz ỳaly, XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda romantik mazmunly goşuklar döreỳär. Gyzykly hem ylmy ähmiỳetli ỳeri, onuñ ideỳa-çeperçilik köklerini türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlügindäki goşuk goşgy görnüşinde görüp bolỳandygydyr. Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde ỳerleşdirilen goşuklarda romantiki arzuwçyllygyñ alamatlary bar. XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda goşuk goşgy düzüliş görnüşinde döredilen şygyrlarda ulanylan çeperçilik serişdeleriñ köpüsi Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde gabat gelỳär. Emma ol çeperçilik serişdeler gazal žanrynda işledilen bolup, kämilligiñ ỳokary derejesine ỳetirilipdir. Biz bu hakykaty, elbetde, inkär edip bilmeris. Ỳöne “Diwany lugat-et türk” sözlügindäki goşgulardaky çeper dünỳägaraỳyş, duỳguçyllyk we ulanylan çeperçilik serişdeler romantik häsiỳetler bilen tapawutlanỳar. Edebiỳaty öwreniş ylmynda XVIII-XIX asyr klassyky edebiỳatymyzda ỳörgünli işledilen çeper keşp hem häsiỳet açmakdaky çeperçilik serişdeleriñ köklerini orta asyr gazalçylyk edebiỳatynda endik bolupdy. Emma Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde ỳerleşdirilen 300 töweregi goşgy bentlerine siññitli nazar aỳlasañ, milli şygyr sungatymyzyñ gadymy çeperçilik serişdelerine duş gelmek bolỳar. Bellemeli tarapy, orta asyr gazalçylyk edebiỳatynda işjeñ ulanylan şol çeperçilik serişdelere Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde duşmak bolỳar. Ine, olaryñ käbirleri: “tolun aỳyn ỳüzi” –dolan aỳyñ ỳüzi, “ulas göz” –humar göz, “ỳolgu bolmak” –pida bolmak, “alsykar ögün” –aklyñ talanmak, “bulnamak” -ỳesir etmek, “gözüm ỳarugy” –gözüm röwşeni, “söwük” –söỳgüli, “köñlüm añar kaỳnyỳu” –köñlüm onuñ üçin gaỳnamagy, “köñlüm için örtedi” –köñlüm örtenmegi, “akar közüm uş teñiz” –gözüm deñiz ỳaly suw akdyrỳar, “koỳgaşmak” –gujaklaşmak, “kyzyl ỳüz”, “sargarmak” we ş.m. Biziñ pikirimizçe, bu sözler adaty bir sözler bolman, gadymy oguz-türkmen şygryỳetiniñ şahyrana şygyr çepeçilik serişdeleri bolup, ol gezeginde türki dilli gazalyñ çeperçilik babatda baỳlaşmagyna oñaỳly täsir edipdir. Şu ỳokarda mysal alnan çeperçilik serişdeler orta asyr gazalçylyk edebiỳatynda işjeñ ulanylypdyr. Edil şonuñ ỳaly, XVIII-XIX asyr türkmen klassyky şahyrlarymyzyñ dilinde hem gabat gelip, olar çeper keşbiñ portretini şahyrana çekmekde we häsiỳetde açmakda ulanylỳar. Biz bu ỳerde deñeşdirmek üçin mysal getirip oturmakçy däl. Edebi üşükli her kime ol öz-özünden düşnüklidir. Indi ỳokarda görkezilen sözleriñ goşgy bentlerindäki añladỳan manysy hakynda gürrüñ edeliñ. Ronamtizmiñ nazaryỳetine görä, eger ol ỳa-da beỳleki şahyrana zehin köñlüne “gidip”, özüni köñli bilen “geñeşip” başlaỳan bolsa, onda ideal- romantika ỳykgyn edip başlamagydyr diỳip düşündirilỳär. Şu ỳagdaỳ XIX asyr nusgalyk şahyrymyz Mollanepesde has güỳçlidir. Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlügindäki goşgy bentlerinde belli bir derejede “köñlüm” diỳỳän gahryman bar. Elbetde, ỳekeje bendiñ mysalynda meseläni çözdüm edip bolmaz. Asla-ha mümkinmi beri. Ỳöne biz sözlükdäki goşgulary diñe bir halk döredijiligi eserleri hökmünde kabul etmeỳäris. Olaryñ bolmanda ỳazuwly edebiỳatdan agzeki edebi nusga öwrülenine gaty bir köp wagt geçmändir. Onsoñam ỳekeje bir bent bolaỳanda-da, şol bendiñ özüne ỳetesi sỳužeti – wakasy, çeperçilik alamatlary bolỳar. Hut dört setirde gahrymanyñ dünỳäsi açylỳar. Bolmasa ol şygyr däl. Onuñ bent bolmagy üçin esasy şahyrana talaplar saklanmaly. Şo-da bize käbir netijelere gelmäge mümkinçilik berỳär. Geliñ, Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginden käbir goşgy bentleri okalyñ: Bulnar meni ulas göz, Kara meñiz, kuyzyl ỳüz, Andan tamar tükel tüz, Bulnap ỳene ol kaçar. Manysy: Bu ỳerde söỳgüli gyz wasp edilỳär we şeỳle diỳilỳär: “Ol humar göz meni ỳesir etdi, ol gara meñiz, gyzyl ỳüz meni ỳesir etdi. Ondan tükel gözellik damỳar, ol meni ỳesir edip özi gaçỳar”1. Goşgy bendindäki “bulnamak” sözüniñ ỳesir etmek, “ulas gözüñ” humar, süzük göz, “tiz” sözüniñ gözellik, görk manysynyñ bardygyny bellemek gerek. Bulnamak işligi bulnatmak, ỳagny, bizar etmek, azar bermek manysynda häzir hem ulanylyp ỳör. Bendiñ beỳan edỳän wakasynyñ gazalyñ sỳužetine juda golaỳdygyny aỳtmalydyr. Magşugyñ aşygyny ỳesir etmegi, örtemegi, ỳaryñ çensiz gözelligi we onuñ waspy, emma aşygyñ çäresizdigi, ỳardan rehim-şepagata garaşỳandygy we ş.m. adatça gazalyñ wakasynyñ esasyny düzỳär. Şeỳle häsiỳetli mysallary sözlükden ỳene getirmek mümkin: Özik meni komytty, Sakynç maña ỳumutty, Köñlüm añar emitti, Ỳüzüm meniñ sargarur. Bu bentde hem aşyk “söỳgi meni gamlandyrdy, tolgundyrdy, gozgalaña saldy, köñlüm oña ymtyldy, yşykdan ỳüzlerim saraldy” diỳip çekỳän hasratyny beỳan edỳär. Eỳsem, şu mysal getiren bendimiziñ wakasy bilen gazal beỳtleriniñ däpleşen wakalarynyñ arasynda nähili meñzeşligi görüp bolỳar?! Birinjiden, gazalda gahryman ỳekelikde ỳaşaỳar. Ol magşuk bilen baglanyşykly hasratyny ỳalñyzlykda beỳan edỳär. Edil şeỳle häsiỳet okan bentlerimize-de mahsus. Ikinjiden, gazal sỳužetinde aşyk gahryman mydama hasratda, oña yşk gussasy ezỳet berỳär. Biziñ mysal getiren goşgularymyzda-da gahrymanyñ şu derdi bar. Üçünjiden, gazalda magşugyñ mertebesi juda belentdir. Aşyk ỳara tagzym edỳär. Magşuk aşygyny görmediksireỳär, hamala özüni ulumsy alyp barỳar. Aşygyny yşk oduna ỳakmakdan lezzet alỳar. Hakykatda, bu gazalyñ utanjañ gyzydyr. Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlügindäki goşgularda hem şuña meñzeş sỳužetli bentler bar: Awlap meni koỳmañyz, Aỳyk aỳyp kaỳmañyz, Akar közüm üs teñiz, Tegre ỳere kuş uçar. Bende aşyk gahryman söỳgülisine ỳüzlenỳär. Ol aỳdỳar: “Meni beỳle awlap (jilwe berip) goỳmañ, owal ant içip, söz berip, wada edip, indi sözüñizden dänmäñ, gözüm deñiz ỳaly suw akdyrỳar, degresinde guşlar”. Ỳagny, gözden akan ỳaş deñiz bolupdyr, degresinde bolsa guşlar uçuşyp ỳör. Bellemeli tarapy, şeỳle häsiỳetli suratlandyrma hem sypatlandyrma diñe romantizme mahsusdyr. Şonuñ üçin biz sözlükdäki goşgularyñ arasynda romantiki häsiỳetli bentleriñ bardygyny nygtamak isleỳäris. Gündogar edebiỳaty öwreniş ylmynda romantizm ilki araplarda ỳa-da mawrlarda dörän bolmaly diỳlip aỳdylỳar. Onuñ ỳüze çykan senesi miladynyñ III-IV asyrlary hasaplanỳar. Eger biz türkmen edebiỳatynyñ taryhynda Muhammet Horezminiñ asyrynyñ ylmy Galkynyşlaryny göz öñünde tutsak hem ol döwürde türkmenleriñ arap diliniñ üsti bilen dünỳä medeniỳetine goşulşanyny hasaba alsak, onda romantizmiñ hat-da, çeper usul hökmünde oỳanmagyna şertleriñ bolandygyny doly göz öñüne getirip bileris. Munuñ üçin arap-pars dilli türkmen edebiỳatyny öwrenmek zerur. Ỳeri gelende bellesek, VIII-IX-X asyrlarda onlarça türkmen şahyrlary özleriniñ eserlerini arap-pars dillerinde ỳazypdyrlar. Edebiỳat ylmyna olaryñ atlary öñräkden bäri mälimdir. Ỳeri gelende bellesek, Mahmyt Kaşgarly sözlükde dürli şygyr görnüşlerinden peỳdalanypdyr. Alymyñ “Türki dilleriñ diwany” sözlügindäki edebi nusgalaryñ diñe bir XI asyra däl eỳsem, VIII-IX asyrlardaky goşgy düzülişiniñ özboluşlylygyny derñemekde hem ygtybarly çeşme bolup hyzmat edỳär. Zehinli edebiỳatçy alym Ahmet Mämmedow makalasynda beỳik oguz dilçisi Mahmyt Kaşgarlynyñ bu “Diwanynyñ ” türki edebiỳatdaky deñeşdirme derñewini geçiripdir. Ol sözlükde nakyllar, atalar sözleri, goşgy bölekleri bilen bir hatarda rowaỳatlaryñ, hekaỳalaryñ hem orun alandygyny nygtapdyr: Mälim bolşy ỳaly, orta asyr döwürlerinde ỳaşa, dürli ugurdan işlän alymlar eserlerinde halk paỳhasyna, beỳik kişileriñ ady bilen aỳdylỳan hikmetlere, il içindäki rowaỳat-legendalara mümkingadar ỳygy-ỳygydan ỳüzlenipdirler. Beỳik oguz dilçisi Mahmyt Kaşgarly eserinde ol ỳa beỳleki sözüñ manysyny öz sözleri bilen düşündirmekden ötri goşgulardan, rubagy böleklerinden, mesnewilerden hem ỳerlikli peỳdalanỳar. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” sözlügindäki şygyr bölekleriniň nakyllarynyň we atalar sözleriniň, esasan türkmen halkyna degişlidigini ýene bir fakt aýdyň görkezýär. Bu şygyr bölekleri gadymy türkmen goşuk formasynda bolup, olar esasan hem dörtlemelerden ybaratdyr. Bu dörtlemelerde birinji üç setiri kapyýalaşýar emma dördünji setirler boş gelýärler ýa-da özara kapyýalaşyk şygry, şygyr bölegini soňlaýar. Kyş ýaýgaru süwlenür, Är at meniň ýawryýür, Igler eme sewriýür, Et, ýin taky bekreşür. Bu goşgy setirlerinde gyş bilen tomsuň aýdylyşy suratlandyrylýar. Bu şygyr bölegi gadymy türkmen goşuk formasynda, ýedi bogunly ölçegde ýazylypdyr. Alymyň sözlügindäki şygyrlaryň köpüsi şu bentde, şu ölçegde ýazylypdyr. Diwandaky goşgy bölekleriň bir bitewi goşgudan alnanmy, ýa-da olaryň şol bölek görnüşinde halk arasynda boldumyka? Bu soraga jogap bermek, ony takyklap aýtmak gaty kyn. Bir topar şygyr bölekleriniň soňky setirleri “uçraşur”, “müňreşür”, “eňreşür” ýaly sözler bilen soňlanýar. Şu ýagdaýda garanyňda bu şygyr bentleri bir uly goşgudan alnan ýaly bolup görünýär. Onda ol uly goşgularyň şol wagtky türkmen poeziýasynda bolandygyny aýtmak boljak. Eger bu goşgy bölekleri, şol bölekliginde halkyň arasynda ýaşan bolsa, onda şol zaman peoziýasynda uly, dowamly goşgularyň az bolandygyny bellemek mümkindir. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” diwanyndaky şygyr bölekleri özleriniň mazmuny, ideýasy boýunça şol wagtdaky halkyň ýaşaýyş durmuşy, pikir ediş tärleri bilen baglanyşykly bolupdyr. Olarda adamlaryň, söweşijileriň gahrymançylygy, uruş, ýesiriň ýagdaýy, galyň töläp, ýesiri boşatmak, yşk we söýgi, gözeliň görki, aýralyk, tebigat, gyş we ýaz paslynyň aýratynlyklary, dünýä hakdaky şol döwür adamsynyň sadaja düşünjeleri we şuňa m. taraplar görkezilýär. Alymyň sözlüginde yşky-liriki temada ýazylan şygyr böleklerine-de duş gelmek bolýar. Köňlüm aňar kaýnyýu, Içten aňar oýnyýu. Keldi maňa boýnyýu, Oýnap meni argarur. Bu şygyr böleginde aşyk öz söýgülisi hakynda sözleýär: Köňlüm onuň üçin gaýnaýar, içerde onuň bilen ýaýnan wagtymda. Ulumsylyk bilen ol meniň ýanyma geldi, ýagny agras we dabaraly görnüşde. Ol meni oýnady we ýadatdy. Mälim bolşy ýaly, türkmen edebiýatynyň akyldar wekilleri arap-pars dillerini kämil derejede bilmekleri olaryň Ýakyn we Orta Gündogar halklaryň baý ylmy we edebi mirasy bilen ýakyndan tanyşmaklaryna şert döredipdir. Şonuň üçin olar özlerinden öň ýaşap geçen meşhur alymlary, şahyrdyr ýazyjylaryň miras goýup giden gyzylyň gyryndysyna barabar ýadygärliklerini okap, döredijilikli özleşdirip, olaryň şireli suwy bilen özleriniň ylham baglaryny suwarypdyrlar. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” sözlügindäki nakyllardyr, goşgy bentlerinde, elebiýatlardyr muşagyralarynda gozgalan watançylyk, harby-gahrymançylyk, mertlik-namartlyk, dost-duşmany tanamak, goňşuçylyk, bedew ata sarpa goýmak, öwüt-nesihat, gylyk-häsiýet ýaly onlarça meseleleriň türkmen edebiýatynyň soňky wekilleriniň eserleriniň mazmunyna siňenligi bellidir. Sözlükde getirilýän Alp Är Tunganyň ölümine bagyşlanan elegiýa (agy) aýdymy bu eseri türkmen edebiýatynyň gadymy çeşmeleriniň biri bolan Orhon-Ýeniseý (VII) ýazgylary we Ýusup Has Hajyp Balasugunlynyň “Kutadgu bilek” poemasy bilen gönüden-göni baglanyşdyrýar, çünki bu eserlerde-de şol gahrymanyň edermenlikleri wasp edilýär. Üwleşip eren börüleýu, Ýyrtan ýaka ortaýu. Sykryp üni ýurlaýu. Sygtap gözi örtülür . Bu setirlerde Afrasyýabyň ölümine gynanyp batyrlaryň, adamlaryň, esgerleriň aglaýşy görkezilýär we şeýle diýilýär: Esgerler, adamlar böri ýaly üwleşýärler, orlaşyp ýaka ýyrtýarlar, bagşy ýaly, bagşynyň sesi ýaly sygyryp ses edýärler, aglaşyp, ýaş bilen gözleri örtülýär. Bu mysal alnan agy bentlerinde merhumyň häsiýetleri hakda agzalmaýar. Agy bentlerine gahrymanyň häsiýetleri, ile eden ýagşylyklary hakda agzalýar. Agylarda merhumyň gowy häsiýetleri ýatlanylýar, emma erbet häsiýetleri bar bolsa agzalmaýar. Çünki merhumy diňe ýagşylykda ýatlamak türki halklaryň ählisine-de mahsusdyr. Aşakdaky mysal alynjak agy bentleri ähli tarapdan häzirki halk döredijiliginde gabat gelýän bentleri ýatladyp dur. Ärdi aşyn tatyrgaan, Ýaawlak ýagyk gaçyrgan. Ograk süwsün kaýtargan, Basty ölüm ahtaru. Bu bentde jomart, şahy, ile-güne ýaran, il-günden aşyny aýamaýan bu är ýigidi ölümiň agtaryp tapanlygy barada ýatlanylýar. Agy bentleriniň dowamynda onuň şeýle bir batyr, ýagyny gaýtarýan är bolanlygy barada aýdylýar. Emma ajal okunyň ony alyp gidenligi, onuň ähli begleriniň reňkleriniň zagrypan dek soralanlygy hakda gynanç bilen söhbet açylýar: Ýagy odun öçürgen, Töýdin any göçürgen, Işler üzüp geçirgen, Tegdi oky öldürüw. Begler atyn algurup, Kazgy any turgurup, Meňzi, ýüzi sargaryp, Kürküm aňar türtüler. Şu mysal alnan bentleriň haýsydyr bir şahyryň elegiýasy bolmagy hem ahmal, emma olaryň halk arasynda ýygnalanlygy, başly-barat ýagdaýda gaýtalanyp gelýänligi, many-mazmuny halk döredijiligindäki agylary ýatladýar. Tebdu maňa elindi, Emgek görü ölündi, Kylmyşynda ilendi, Tutgun bolup ol katar. Bu şygyr gahrymançylyk temasynda yazylan, bu setirlerde duşmanyň düşen güni beýan edilýär. Duşman maňa ýesir düşdi, emgek görüp öler boldy, ol öz eden işi üçin käýindi. Özüni ýazgardy, ýesir bolup, ýagny ýesirlikde ol indi gaty günleri, agyr günleri başdan geçirýär. Özün ögnüp orylady, Ýyrak ýirik karylady, Atyg kemşäp arylady, Owyt bolup töbüw agdy . Bu şygyrda Mahmyt Kaşgarly öz döwrüni, şol döwürdäki durmuşyň ýagdaýyny, söweş meýdanyny, söweş meýdanyndaky mert, edermen ýigitleriň söweşip duran pursatyny suratlandyrýar. Bu şygyrda şeýle diýilýär: “Ol özüni ögüp, ulumsylandy, uzak ýeri garyşlaýan ýaly gabaryp, meniň üstüme geldi. Ol atymy sürüp azm urdy, emma ýeňlip, utanyp, depäniň üstüne çykyp gitdi, gaçdy”. Tokuş içre uruş tym, Ulug birle garyştym. Tüküz atyň ýaryştym, Aýdym imdi al Ufar . Bu bentde-de söweş meýdanyndaky söweş pursaty suratlandyrylýar. Manysy: “Söweş içinde ururdym, duşmanyň tire başlady, ulusy bilen garyşyp uruşdym, maňlaýy ak atym bilen onuň bilen ýaryşdym, ýagny söweşdim, ok atdym”. Alp erenni ozurdym, Boýnyn anyň kazyrdym, Altun, kümüş ýüzürdim, Süwsi kalyn, kim utar, öter . Bu ýerde bir söweş suratlandyrylýar we şeýle diýilýär: “Duşmanyň batyr esgerlerini dargatdym, olaryň başlygyny boýun etdim, onuň boýnuny egdirdim, hazynasyndan altyn-kümüşlerini ýükledim, onuň goşunynyň köplüginden ýaňa adam arasyndan ötüp geçip biler ýaly däldi”. Mahmyt Kaşgarly öz eserinde mysal getirýän her bir tymsalyny durmuşy wakalardan kesip alypdyr. Olary gerekli ýerlerinde ulanyp, milli ruhda, milli äheňde beripdir. Bu bolsa eseriň mazmunyny güýçlendirýär, täsirliligini artdyrýar. Hut şonuň üçin bolsa gerek, alym häli-şindi öz mysallarynda halk edebiýatyna ýüzlenipdir. Olarda halkyň agysy, heýdüsi, aýtgylary, alkyşlary hatda irki döwürlere mahsus bolan oguz dessanlary bilen bagly bölekler hem eseriň içinde ýerleşdirilipdir. Olardan biri-de Turan hökümdary Alp Är Tunganyň aradan çykmagy bilen bagly wakany beýan edýän agy häsiýetli şygyr eseriň içinde mysal hökmünde dürli ýerlerde, dürli ýagdaýlarda alnypdyr. Begler atyn argurup, Kazgy any turguryp, Meňzi, ýüzi sargaryp, Kürküm aňar türtüler. Bu setirlerde Afrasyýabyň ölümine aglanýar we şeýle diýilýär: “Onuň ýasyny tutup, begler atlaryny ýordular, ýadatdylar, gaýgy olary horlady, olaryň meňzi, ýüzi sargardy, olaryň ýüzlerine zagryran çalynan ýaly boldy”. “Alp Är Töňňäniň ölümine agy” mersiýesi dokuz bentli bu mersiýedäki Al Är Töňňä miladydan öň VI asyrlaryň begler begi Afrasyýabdyr. Şygyrda onuň gaýduwsyzlygy, ölümine uly iliň, hanyň, begiň, alymyň gynanjy, oňa ýas baglanyşy berlipdir. Sözlükdäki şygyrlaryň dili aradan müň ýyl geçendigine garamazdan, häzirki wagtda hem türkmen okyjysyna düşnüklidir. Munuň esasy sebäbi hem Mahmyt Kaşgarlynyň olary türkmenleriň arasynda ýazyp alandygy bilen baglanyşyklydyr. Ýagy otun öçürgen. Toýdin any göçürgen, Işler üzüp geçirgen. Tegdi oky öldürüw . Bu goşgy setirlerinde hem söweş meýdanynda wepat bolanyň gahrymançylygy wasp edilýär: “Ol ýagy oduny öçürgen bir ärdi, olary, ýagny ýagyny şäherinden-lägerinden, gonalgalaryndan kowup göçürerdi, köp işler bitirip, ömrüni geçirerdi, zamanadan oňa bir öldüriji ok degdi”. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” eserinde meşhur adamlary agy we ýörite goşgulary aýdyp, soňky ýoluna ugratmak däbi Günorta Sibiriň, Merkezi Aziýanyň we Ural-Powolžýäniň türki halklarynyň halk döredijiliginde hem bolup, olar gadymy ýazuw ýadygärliklerinde öz beýanyny tapypdyr. Agy žanrynyň mysalyna Kültegine bagyşlanan Uly Orhon ýazgylarynda hem gabat gelmek bolýar. Ýandy erinç ogragy, Keldi berüw tygragy. Özi koýy ogragy, Alplar kamug kirkeşür . Bu goşgy setirlerinde söweş meýdanynda söweşen duşmanyň ýagdaýy suratlandyrylýar we şeýle diýilýär: “Ol duşman öz niýetinden dänen ýaly bolýar. Sebäbi, onuň ilçisi biziň ýanymyza geldi. Onuň özi bolsa, dere içinde Batyrlar tamam söweş üçin sap çekişýärler, tirkeşýärler”. Mahmyt Kaşgarly “Diwanynda” söweş wakalaryny görkezýän şygyrlaryň kyrkdan gowragyny mysal getiripdir. Şolarda belli bir taryhy waka hakda gürrüň berilmese-de, şol döwrüň talaňçylyk, halky ezmek, mal toplamak, baýlygyňy köpeltmek, harby hünär, gahrymançylyk, gorkaklyk weş.m. birnäçe döwrüň wakalaryndan mysal getirilipdir. Ýagy bökden ozuklady, Körüp süwne azyklady. Ölüm any konuklady, Agyz içre agy saldy . Bu bentde hem şol döwrüň ýagdaýy, halkyň nähili galagoply, kyn durmuşda ýaşanlygy wasp edilýär: “Ýagy, duşman özüni begden üstün saýdy, ozgur hasap etdi, emma begiň goşunyny görüp çaşdy, özüni ýitirdi. Ölüm oňa gonak myhman bolup düşdi we agzynyň işine zäher sagdy”. Alym sözlüginde söweş meýdanyndaky bedewleriniň hem waspyny ýetirýär: Kuzruk katug tügdümiz, Taňryk üküş ögdügimiz. Kemşäp atyg tegdimiz, Aldap ýene kaçtymyz . Bu şygyr böleginde atlaryň söweş meýdanynda bitiren hyzmatyny, olaryň edermenligi wasp edilýär we şeýle diýilýär: “Atlarymyzyň guýrugyny gaty düwdük, taňryny köp öwdük, haýdap atlarymyzy depdik, sürdük, duşmany aldap gaçdyk, öwrülip ýeňiş gazanmak üçin”. Ýügürdi kebel at, Çakyldy kyzyl ot, Köýürdi urut ot Saçrap anyn örtenür . Bu setirlerde-de söweş meýdanyndaky atlar wasp edilip, şeýle diýilýär: “Ýüwrük at çapdy. Gyzyl ot çakylan dek boldy, aýaklaryndan, toýnaklaryndan gyzyl ot çykdy, gury otlary köýdürdi, ol ot saçrap ol gury otlary örteýär, ýakýar”. Tygraklanyp segretti. Ären aýyn ýürürtti, Bizni kamug eňitti. Andag süwge kim ýeter . Bu şygyrda söweşiň gidip duran pursaty, atlaryň söweş meýdanyndaky tutýan orny we bir batyr ýigit wasp edilýär. Onda şeýle diýilýär: “Ol batyrlanyp at saldy, atyny segredip topuldy. Esgerlerini we atlaryny bize tarap ýügürtdi, bizi bütinleý aňňaltdy. Beýle goşuny kim ýetip biler, kim barabar, kim deň bolup biler, kim onuň garşysyna durup biler”. Şygyrdyr nakyllardan başga bu kitapda rowaýatlara hem giň ýol berlipdir. Rowaýat we legendalaryň üsti bilen toponimiki atlaryň birnäçesi XI asyrdan biziň günümize gelip ýetipdir. Kitapdaky rowaýatlar hem tematiki taýdan dürli-dürli bolup, birnäçesi hem ýer, ýurt atlarynyň gelip çykyşlary baradadyr. Zülkarneýn baradaky rowaýat bolsa aýratyn ylmy derňewi talap edýär. “Sözlükde” getirilỳän rowaỳatlar hem diỳseñ özüne çekijidir we olar kitabyñ gymmatyny hasam ỳokarlandyrỳar. Olaryñ arasynda roan kiçijik rowaỳatlaram, mockery ultra rowayatlaram bar. Köp ỳaşan adam Zülkarneỳn Çine gelip ỳetende türkiler hany uruşmak üçin ỳaş ỳigitlerden ybarat bir topar esgeri (onuñ garşysyna) ỳollady. Wezir şaha (garap) aỳtdy: “Siz bütinleỳ ỳaşlary çykardyñyz, aslynda welin öge ỳaşly, uruş işlerinde tejribeli adamlary göndürmek gerekdi – deỳinde, sözüni tejribeli, uly ỳaşly manysynda ulandy. Muny şa dogry tapdy we uly ỳaşly kişileri söweşe ugratdy. Olar gije Zülkarneỳiñ alynky esgerlerine hüjüm kyldylar we ỳeñiş gazandylar. Türk esgerlerinden biri Zülkarneýniñ esgerilerinden birini gylyç bilen urup, çatalbasyna çenli çapyp ikä böldi. Ölen esgeriñ bilguşagynda altynly halta bardy. Halta gylyç degdi we ony böwüsdi. Ondan gana boỳalan altynlar ỳere döküldi. Ertesi ir säher wagty türk esgerleri gana bulaşyp ỳatan altynlary görüp, biri-birlerine “bu näme” diỳişdiler, soñundanam ganly altyn – “altyn gan” diỳip aỳdyşdylar. Bu ỳerdäki uly dag şeỳle hem atlandyrylỳar. Uỳgurlaryñ golaỳyndaky bu etrapda ençeme sähraỳy türkler ỳaşaỳardylar. Şondan soñ Zülkarneỳn türk şasy bilen gatnaşygy ỳola goỳdy.” Eserde gabat gelỳän rowaỳatlar we goşgular (köplenç) Isgender Zülkarneỳne, taryhy gahryman bolan Afrasyỳaba bagyşlanandyr. Munuñ şeỳle bolmagy düşnüklidir. Bu iki şahs Gündogaryñ ylmy jemgyỳetçiliginde häli bu güne çenli jedelli pikirleri döredip gelỳän gahrymanlardyr. Olar awtorly we awtorsyz (halk tarapyndan) ỳazylỳan, aỳdylỳan çeper nusgalaryñ özeninde goỳlupdyr. Emma, awtor “Sözlügine” diñe şolar baradaky rowaỳatlary alyp, şonuñ bilenem çäklenipdir diỳmek ỳalñyşlykdyr. “Diwany lugat-et türkde” haỳsydyr bir başga temalardaky rowaỳatlardanam üzündiler alynỳar. Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” kitaby orta asyrlar we XVII-XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzyñ mazmun hem çeperçilik babatda ösmegine oñyn täsir edỳär. Çünki edebiỳatda rowaçlanan dürli çeperçilik däpleriñ öz gözbaşyny Mahmyt Kaşgarlynyñ “Sözlüginden” alyp gaỳdỳar diỳsek dogry bolar. Elbetde, bu pikire dogry düşunmek gerek. Mahmyt Kaşgarly dil öwreniji, ol halklaryñ arasyndan edebi mirasymyzy toplan alym. Şonuñ üçin sözlükde gabat gelỳän dürli edebi nusgalaryñ Mahmyt Kaşgarly tarapyndan döredilmän, eỳsem, onuñ şol döwrüñ edebiỳatyna degişlidigini hasaba almak zerurdyr. Sözlükdäki edebi nusgalaryñ bolsa IX-X asyrlarda edebiỳatymyzda ỳörgünli bolan nusgadygyny aỳratyn tekrarlasymyz gelỳär. Diỳmek, Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlügindäki edebi nusgalar, olardaky edebi žanr özboluşlylyk, dürli däpler, şygyr görnüşleri VIII-IX asyrlardaky edebi çeper pikirlenmäniñ ösüşiniñ umumy ỳagdaỳyny göz öñüne getirmäge mümkinçilik berỳär. Biz hut Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginiñ üsti bilen şol döwrüñ edebiỳatynyñ ösüşini kesgitläp bilỳäris. Hut şu nukdaỳnazardan sözlük bahasyna ỳetip bolmajak edebi çeşmedir. Biz XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda goşugyñ işjeñ ulanylanlygyny bilỳäris, Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlüginde-de goşuklara gabat gelinỳär bu birinjiden. Ikinjiden, mesnewi žanry orta asyr edebiỳatynda-da, XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda-da giñden ỳaỳrapdyr. Onuñ ilkinji çeşmesiniñ edebiỳatçy alym Ahmet Mämmedowyñ hem adalatly belleỳşi ỳaly, bu sözlükde gabat gelmegi bellärliklidir. Edebiỳatdaky munazaraçylyk däbi aỳratyn edebi seljermäni talap edỳän ugurdyr. Ylmy jemgyỳetçilikde bu däbiñ arap-pars edebiỳatyndan aralaşandygy hakynda aỳdylỳardy. Görüp, otursak bu ỳakynlyk juda çäkli bolup, ol onuñ atlandyrylyşynda has ỳiti ỳüze çykypdyr. Mazmun bolsa oguz edebiỳatynda aỳdyşygyny öñdenem bar eken. Muña mysal edip sözlükdäki “gyş” bilen “ỳazyñ” görkezmek bolar. Umuman, biz hut şu sözlügiñ üsti bilen orta asyr we XVIII-XIX asyr edebiỳatymyzda ỳörgünli bolan dürli edebi žanrlaryñ hem däpleriñ oguz türkmen köklerini tapỳarys. Bu bolsa edebi mirasymyzyñ milli esaslarda ösendigini kesgitlemekde ähmiỳetlidir. Milli mirasymyz orta asyrlarda-da edebiỳatymyzyñ oguz türkmen köklerine arka diräpdir. Elbetde, biz beỳle diỳmek bilen edebi ösüşimize arap-pars edebiỳatynyñ eden täsirini inkär etmeỳäris. Çünki, edebiỳat täsirsiz oñmaỳar. Onuñ ösüşi diñe bir içki baỳlaşmanyñ hasabyna hem bolup geçmeỳär. Edebiỳatyñ ösmeginde dünỳä halklarynyñ edebiỳatynyñ özara täsiriniñ ähmiỳeti uludyr. Biziñ nygtamak islän pikirimiz, hut şeỳledir hem ỳöne biziñ edebi ösüşmizi üpjün eden içki şertleriñ, mümkinçilikleriñ ornuny kesgitlemegimiz hökmandyr, onuñ ähmiỳeti uludyr. Bu meselede Mahmyt Kaşgarlynyñ sözlügi ygtybarly çeşmedir. Türki dialektleriniň baý maglumatlaryny ýygnan Mahmyt Kaşgarlynyň bu eserde aýry-aýry türki sözleriň gelip çykyşyny, olaryň dürli taýpalarda ulanylyşyny, ululy-kiçili üýtgeşmelere sezewar bolşuny subut etmekden ötri, öz ylmy derňewinde halk döredijiliginiň eserlerinden mysallar getiripdir. Şolaryň uly bir bölegi mysal hökmünde alnan rowaýatlar, şygyrlar we nakyllardyr. Nakyllar gözbaşyny örän gadymdan alýar. Onuň çeşmesi jemgyýetçiligiň ösüşi bilen baglylykda, adamlaryň durmuş, ýaşaýyş, gatnaşyk, urp-adat, terbiýe, synçylyk we şuňa meňzeş tejribesinden gelip çykýar. “Türki dilleriň diwany” kitabynda 290-dan gowrak atalar sözünden, nakyllardan mysal getirilipdir. Şol nakyllar XI asyrdan has öň döräp, on asyryň geçmegi bilen dilden-dile geçip, häzirki döwrüň janly gepleşiginde dürli üýtgeşmelere sezewar bolan görnüşleri duş gelýär. Ol üýtgeşmeler olaryň many-mazmunyna täsir etmändir. Mähmyt Kaşgarlynyň kitabyndaky nakyllar many taýdan ençeme toparlara bölünýär. Olar: Il-ýurt, dostluk, agzybirlik, dost-duşman, ýagşylyk hakynda; Maşgala, bala-çaga, ata-ene, garyndaş gatnaşyklary barada; Durmuş tejribeleri netijesinde dörän ýiti pikirler, bilimli bolmak, edeplilik goňşuçylyk, myhmansöýerlik, ýagşylyk etmek barada; Zähmet bilen bagly, zähmet arkaly terbiýe, bir işe yhlasly ýapyşmak, çydamlylyk, men-menlik etmezlik öz zähmetiniň netijesinde guwanmak we ş.m. hakynda; Çarwaçylyk, goňşuçylyk, namartlyk, ar-namys, ejizlik, gybatkeşlik, alyş-beriş, işeňňirlik, ynsaplylyk, maksatlylyk we başgalar; social meseleler, feodalçylyk döwri barada. Nakyllardan başga bu kitapda rowaýatlara hem giň ýol berlipdir. Rowaýat we legendalaryň üsti bilen toponimiki atlaryň birnäçesi XI asyrdan biziň günümize gelip ýetipdir. Kitapdaky rowaýatlar hem tematiki taýdan dürli-dürli bolup, olaryň birnäçesi hem ýer-ýurt atlarynyň gelip çykyşlary baradadyr. Zülkarneýn baradaky rowaýat bolsa aýratyn ylmy derňewi talap edýär. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügi türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Şol ruhy gymmatlyklaryň biri hem Mahmyt Kaşgarlynyň sözlüginde duş gelýän nakyllar we atalar sözüdir. Alymlaryň bellemeklerine görä, alymyň bu sözlüginde 300-e golaý nakyllardyr atalar sözi duş gelýär. Ol nakyllar bolsa oguz-türkmen nakyllarynyň gelip çykyşyny we taryhy köklerini öwrenmekde ýeke-täk gymmatly çeşme bolup hyzmat edýär. Nakyllar forma taýyndan örän gysga bolup, many, tarapdan giň düşünjäni wakalar giňişleýin düşündirilmelidir. Nakyllar birden döreýän zat bolmandyr. Olar adamyň durmuş wakalarynyň esasynda wagtyň geçmegi bilen kem-kemden ýüze çykypdyrlar. Her bir söz nakyl bolup duranok. Ine şu aýdylanlar hem Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki nakyllarda öz beýanyny tapypdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň sözlügindäki duş gelýän nakyllaryň köpüsi gadymy oguz-türkmen dilinde bolup, olar her bir okyja düşnükli däldir. Mysal üçin: “Erdem başy tyl” (Ylym başy dil), “Alp üỳrik ýazyrtma, ykylaşarkasyn ýagyrtma” (Batyr äri ynjytma, bedew aty ýagyr etme), “Endik üme öwligini agyrlar” (tomsyk myhman öý eýesine hödür eder) we ş.m. Munuň özi oguz-türkmen nakyllardyr atalar sözüniň döreýiş taryhynyň köklerini has gadymy döwürlerden alyp gaýdýandygyny döwürlerden bäri dowam edip gelýän nakyllardyr atalar sözüniň wagtyň geçmegi bilen timarlaşýandygyny, kämilleşýändigini-de görmek bolýar. Mysal üçin, Abylgazynyň “Şejireýi terakime” (“Türkmenleriň nesil daragty”) atly kitabynda duş gelýän “Bir kynga iki kylyç sygmaz”, “Bir ýurtga iki töre sygmaz” diýen ýaly nakyllaryň bolsa diňe bir fonetik özgertmä sezewar bolup, edil häzirki döwürde ulanylýan nakyllara çalymdaşdygyny hem görmek bolýar. Edil şonuň ýaly, nakyllara Mahmyt Kaşgarlynyň hut öz sözlüginde hem duş gelmek bolýar. Olaryň käbiri diňe bir fonetiki özgertmä sezewar bolupdyr diýäýmeseň, edil häzirki zaman türkmen dilindäki nakyllardyr atalar sözüne meňzeş bolupdyr. Esasy zat bolsa, şol nakyllardaky sözüň manysy hem şol durşuna üýtgemän saklanypdyr. Sebäbi ýazaryň hut özi halkyň arasynda bolup, ol halk döredijiligini toplapdyr. Mysal üçin, “Suw bermesi ke süýt ber”, “Közegüw uzyn bolsa elik köýmes”, “Karra karrysyn kim biler, kişi alasyn kim biler”, “Balyk suwda, közi taştyn”, “Taý atatsa at tynur, ogul är ýese ata tynur” we ş.m. Umuman, Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” atly bu sözlügi bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdyr. Şeýlelikde, Mahmyt Kaşgarlynyň edebi çeşmeleriň ýörgünli bir görnüşini ýeke hatar ýa-da kapiýalaşýan goşa hatarly halk nakyllaryny tutuş sözlügiň süňňüne seçelendirip goýberipdir. Mysal üçin, “Zaman öter, kişi duýmaz, ynsan balasy baky bolmaz”, “Ýakymly söz saçak ýazar”, “Dag-daga gowuşmaz, kişi-kişige gowuşar”, “Arslan arlasa at aýagy çolaşar”, “Ýer basruki dag, buun baýruki beg” (Ýer agyrlygy dag bilen, il agyrlygy beg bilen) ýaly nakyllar şu günki günüň akyjylary üçin-de düşnüklidir. “Muş ýakruga tegişmes, aýur”, “Kişi neňi ýaraşmaz” (Pişik myhdan asylly ýaga ýetip bilmän, “Aý, kişi maly-la bu” diýer), “Ikki bugra igeşür, otra kögekün ýençilur” (“Iki bugra urşar – arasynda gögeýin heläk bolar”, “Iki at depişer arasynda eşek öler”) diýen nakyllar türkmenleriň arasynda häli-häzirlerem az-owlak üýtgän şekilde ýörgünli bolup gelýän nakyllardyr. Emma, alymyň käbir ulanan nakyllary belli bir düşündirişleri talap edýär. Mysal üçin, “Eşek aýur başym bolsa, sündiride suw içgeýmen” (“Eşek başym aman bolsa, deňizdenem suw içerin” diýermişin), “Tuzuň birle uruş, utun biri terişma” (“Mylakatly adam bilen sözleş (jedelleş), ol senden ýeňiler (ýa-da düşünişer), hyrsyz adam bilen sözleşme, ol seni ýeňer (ýa-da ýeňilenini boýun almaz), “Garga garasyny kim bilur, kişi alasyny kim bilur” (“Garganyň garadygy onuň reňkinden görünýär, kişiniň ýeregini welin bilýän ýok”, “Haýwan alasy daşymda, ynsan alasy içinde”), “Ýazydaky süwlin ezergeli, ewdäki takagu yçgynma” (Ýazydaky sülgüne eýerip, öýdäki towugy ýitirme), “Bulgak öküş bolsa, kaçan bilgin ýeter” (“Halkda bulagaýlyk köpelse, pitne dörese, akyl kemeler we dogry ýoly tapyp bilmez, bihuda sözler köpelip gitse, agyz gurar, jaý epiler”) ýaly nakyllar gadymy nakyllardyr we şol sebäpli-de, olar düşündirilişe mätäçdirler. Käbir halatlarda sözlügiň ol ýa beýleki nakylyň başga bir halkyň, (aýratynam arap halkynyň) arasynda aýdylýan ol ýa-da beýleki nakyla, hikmete atalar sözüne meňzedýändigini hem ýüzugra ýatlaýar. Şonuň ýaly hem ol nakyllaryň käbiriniň etimologiýasyna-döreýşine dahylly pikirleri-de orta atýar. Şeýle ýagdaýlar sözlükde telim ýerde sataşýar, ýöne welin biz, känbir ýaýratmazdan, olaryň her birine, degişli bir mysal getirmek bilen çäklenýäris. Awtor “Tegri” sözüni düşündirilende, “Tiliň tergige (desterhan, saçak) tegir” diýen nakylyň manysynyň arap halkynyň “Kişi öz gylygyny diýe bilmez, aýan eder” diýen nakylyna dogry gelýändigini belleýär. “Diýmek ýakymly söz saçak ýazlar” diýen nakyl diňe bir gelen myhmanyň ýakymlylygyny, açyk köňülligini aňlatman, eýsem öý eýesiniň-de nähili gylyk-häsiýetli adamdygyny-da äşgärleýär. Mahmyt Kaşgarly sözlüginde nakyllaryň 300-e golaýyndan peýdalanylypdyr. Olaryň içinde häzirki hem türki halklaryň arasynda ulanylýan nakyllara sözme-söz dogry gelýänleri-de az däl. Öz wagtynda A. Annanurowyň nakyllar barada, S. Ahallynyň “Diwany lugat-et türk” eseri barada ýazan dissertasion işlerinde ýatlanýar. Mahmyt Kaşgarly sözleri düşündirende halk arasynda giňden ýaýran nakyllara, goşgulara (ähtimal olaryň ürç edilip aýdylan aýdymlar bolmagy-da mümkin), tanymal taryhy we folklor gahrymanlara ýüzlenipdir. Şeýle edebi-çeper çeşmeler bolsa onuň “Sözlüginiň” ähmiýetini artdyrypdyr, umumy mazmunyny güýçlendiripdir, oňa saldamlylyk, çynlakaýlyk beripdir. Alymyň “Diwany lugat-et türk” sözlüginiň dörän wagtyndan bäri müň ýyla ýakyn wagt geçen hem bolsa, ol häzirem ýaşap ýör. Diýmek, onuň içindäki sözleriň ýaşyny birnäçe müňýyllyklar bilen hasaplamak bolar. Çünki, sözüň kemala gelmegi we milli häsiýete eýe bolmagy üçin uzak taryhy döwür derwaýys. Söz taryhy hadysadyr. Şeýle bolsa sözleriň belli bir galyplara girip, nakyllara öwrülmeginiň “algoritmi-de” ýene müňýyllyklara çenli uzap gider. Atalar sözi parasat hazynasy bolmak bilen bir wagtda, milletiň dil we şiwe aýratynlygy, urp-adaty, milli häsiýeti, ýaşaýyş şertleri, goňşuçylyk gatnaşyklary, dini ynançlary, mahlasy, tutuş terjimehaly bolup durýar. Diýmek, ol halkyň atalar sözüni öwrenmek oña belet bolmakdyr. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” eserinde orun alan nakyllaryň hemmesi diýen ýaly häzir türkmenlerde gabat gelýär. Emma olaryň köpüsiniň şekilleri taryhy özgerişlere sezewar bolupdyr. Alymyň sözlügindäki duş gelýän nakyllary häzirki zamandaky şekilleri bilen deňeşdirmegi we degişli netijeleri çykarmagy göz öňünde tutýarys. Olar häzirki aýdylyşyndan az-kem tapawutlanýar diýmeseň, ähli türkmen halky üçin düşnüklidir. Meselem, “Kurug ýygaç egilmes, kurmyş kiriş tügülmez” görnüşinde aýtmaly bolardyk. Ýene bir mysal, “Suw içirmesge suýt ber” bu häzirki dilde “Suw içirmeýäne süýt ber” görnüşinde aýdylýar. Munuň manysy “Ýamanlyk edene ýagşylyk et” diýildigidir. Bu getirilen mysallar, birinji tarapdan, Mahmyt Kaşgarlynyň diliniň türkmen dildigine güwä geçse, ikinji tarapdan, diliň kök sözleriniň, sözlem gurluşlarynyň örän durnuklydygyna şaýatlyk edýär. Gündogaryň beýik şahyrlary şol sanda Magtymguly we beýleki türkmen klassyklary bolsa, belli derejede Mahmyt Kaşgarlydan habarly bolupdyrlar, täsirlenipdirler. Alym S. Mutallibow kitabyň özbekçe neşirine ýazan sözbaşysynda “Diwanda” mysal ornunda getirilen edebi parçalar gadymy edebi žanrlaryň nemunasy sypatynda folklor we edebiýat taryhy üçin möhümdir” diýip belleýär. Hut şeýle pikiri türkmen alymlary-da goldaýar. Şeýle möhüm ähmiýetli kitabyň üstünde ymykly işlemek, ol barada düýpli ylmy garaýyşlary jemgyýetçilige ýetirmek möhüm meseledir. Eserde gabat gelýän rowaýatlar we goşgular (köplenç) Isgender Zülkarneýna, taryhy gahryman bolan Afrasyýaba bagyşlanandyr. Munuň şeýle bolmagy düşnüklidir. Bu iki şahs Gündogaryň ylmy jemgyýetçiliginde häli bu güne çenli jedelli pikirleri döredip gelýän gahrymanlardyr. Olar awtory belli we näbelli (halk tarapyndan) ýazylýan, aýdylýan çeper nusgalaryň özeninde goýupdyr. Emma, awtor “Sözlügine” diňe şolar baradaky rowaýatlary alyp, şonuň bilenem çäklenipdir diýmek ýalňyşlykdyr. “Diwanu lugat-it türkde” haýsydyr bir başga temalardaky rowaýatlardanam üzündiler alynýar. Mahmyt Kaşgarlynyň “Diwany lugat-et türk” eserinde halk döredijiliginiň görnüşleri bolan ynançlar, dilegler we agylara hem duşmak bolýar. Gadymy sözlüklerden biri bolan “Diwany lugat-et türk” sözlüginiň düzüjisi Mahmyt Kaşgarly bu sözlügi hijri ýyl hasabynyň 468-nji ýylynda, ýagny, 1072-nji milady ýylynda ýazyp tamamlapdyr. Elbetde, bu sene barada alymlaryň arasynda çekişme bardygyny-da ýatlap geçeliň. Häzir geçmiş edebiýatyny öwrenmäge giñ mümkinçilik bar. Türkmenistanda XI asyrda ỳaşap geçen türkmen alymy Mahmyt Kaşgarlynyñ “Diwany lugat-et türk” sözlügine bagyşlanyp geçirilen Halkara Maslahat edebi mirasymyzyñ öwrenilişinde uly ähmiỳete eỳe boldy. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |