23:53 Emir Muezzi | |
EMIR MUEZZI
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Seljuk türkmenleriniň Eýranda, Orta we Kiçi Aziýada häkimiýet başyna geçmekleri şol ýurtlaryň taryhynda uly özgerişikleriň ýüze çykmagyna getirýär we täze döwrüň başlangyjy bolýar. Seljuklar Eýranda gaznawylar dinastiýasynyň güýçden düşmekligi zerarly emele gelen ençeme ownuk we aýry-aýry ýerli häkimiýetleri birleşdirip, ýurtda syýasy bitewiligi pugtalandyrýarlar, ummasyz giň territoriýany özlerine boýun egdirýärler. Olar pars dilini resmi döwlet dili hökmünde kabul edýärler. Seljuklar döwründe arap dilinde ýazmaklyk azalýar, diňe käbir döwürde dini kitaplar şu dilde ýazylýar. Bu döwürde medeniýat gülläp ösýär, sungatda, arhitekturada, we edebiýatda uly ösüşler ýüze çykýar. Netijede, bütin dünýäniň taryhynda şöhrat gazanan özboluşly täze medeniýet, ýagny ″Seljuk medeniýeti″ peýda bolýar. Onuň emele gelmeginde we ösmeginde Seljuk türkmenleriniň uly rol oýnandyklary şübhesizdir.Bu medeniýet Eýranyň, Orta Aziýanyň syýasy we jemgyýetçilik taryhynda düýpli täsir galdyrýar. Seljuk medeniýeti soňabaka has giň ýaýrap, Eýranyň, Orta Aziýanyň we Kiçi Aziýanyň çäklerinden daşaryk hem kök urupdyr. Şeýlelikde, Seljuk türkmenleriniň häkimiýeti, olaryň gatnaşmagy we hemaýat bermegi arkaly dörän maddy we medeni ýadygärlikler dünýäniň köp ýerinde tanalyp, özüne mynasyp orun alypdyr. Ylaýta-da bu döwürde dörän pars dilindäki baý edebiýat ýakyn we orta Gündogar halklarynyň edebiýatyna has güýçli täsir edýär. Muhammet Aufy ″Lubabul elbapda″ seljuklar döwrüniň edebiýatyny dört sany edebi topara bölýär: 1. Horasan şahyrlary; 2. Mawerannahr şahyrlary; 3. Yrak şahyrlary; 4. Gazneýn we daglyk şäherleriniň şahyrlary Şu toparlaryň her birinde onlarça şahyr bolýar. Aufy XII asyryň birinji ýarymynda 51 şahyryň we şol asyryň ahyrynda bolsa 54 şahyryň adyny tutup geçýär. Olaryň ýarysyna golaýy Horasanda ýaşap geçen şahyrlardyr. Emma bu şahyrlaryň köpüsiniň döredijiligi entek doly öwrenilenok. Seljuklaryň häkimiýeti uzak wagtlap dowam edýär. Olar XI asyryň ortalaryndan tä XIII asyryň başlaryna çenli, ýagny takmynan iki ýüz ýyl höküm sürýärler. Şoňa görä uzak wagtyň dowamynda we ummasyz giň territoriýada dörän edebiýatyň bize gelip ýeten materiallarynyň birmeňzeş bolup bilmejekdigi öz-özünden düşnüklidir. Seljuklar dinastiýasy we olaryň häkimlik eden döwri barada arap-pars dilerinde onlarça taryhy eserler ýazylypdyr.Pars dilindäki çeşmeleriň iň möhümleri hut seljuklaryň öz düwründe ýazylan eserlerdir. Emma bu eserleriň köpüsi dürli sebäplere görä ýok bolupdyr we biziň günlerimize çenli gelip ýetmändir. Şol döwürden galan az sanly möhüm çeşmeleriň biri Ymam Zahyreddin Nişapurynyň ″Seljuknama″ atly kitabydyr. Pars çeşmeleri bilen bir hatarda rus alymlaryndan W.W.Bartoldyň, Ý.E. Bertelsiň, iňlis alymlaryndan Eduard Braunyň, Nemes gündogary öwrenijilerinden German Etäniň ylmy-barlag işlerinde-de seljuklar hakynda, olaryň hökümdarlyk eden döwründäki jemgyýetiň syýasy, ykdysady, medeni we edebi durmuşy barada ençeme degşirmelere we umumylaşdyryjy netijelere duş gelmek bolýar. Seljuklaryň ylaýtada Aly Arslan bilen Mälik şanyň döwletini edara etmekde uly rol oýnan adam parasatly wezir-Nyzamyl-mülkdir. Mälik şa hut şonuň kömegi bilen patyşa bolýar.Ol esasan harby häkimiýeti öz elinde saklap, içei we daşary syýasata degişli meseleleri çözmegi Nyzamyl mülke tabşyrypdyr. Şol döwürde Nyzamyl-mülk Seljuklar döwletiniň pugtalanmagy, merkezi hökümetiň berkleşmegi ugrunda çalyşýar. Häkimiýet ugrunda bolýan özara çaknyşyklaryň öňüni almaga jan edýär. Onuň syýasy garaýyşlary ″Syýasatnama″ atly syýasy traktatynda doly berlipdir. Bu kitap 50 bapdan ybarat bolup, onda döwlet gurluşynyň prinsipleri, adalat we zulum, patyşalaryň, döwlet işgärleriniň gylyk häsiýetleri, alymlar, ruhanylar, şol döwür döwlet gurluşynda bar bolan kemçilikler we şuňa meňzeş ençeme meseleler baradaky pikirler aýry-aýry baplarda beýan edilýär. Emma wagtyň geçmegi bilen Mälik şa bilen Nyzamyl-mülküň arasyna tow düşýär. Netijede, 1092-nji ýylda Mälik şa Nyzamyl-mülki wezirlikden boşadyp, onuň ýerine Täjil-mülki belleýär. Nyzamyl-mülk 1092-nji ýylyň oktýabr aýynda Täjil mülküň küşgürmegi sebäpli Ebu Tahyr atly adam tarapyndan öldürilýär. Mälik şanyň we Nyzamyl-mülküň ölmegi bilen Seljuklaryň häkimiýeti dargap başlaýar. Birnäçe ýyl dowam eden özara dawalardan soň patyşalyk Soltan Sanjara ýetýär. Onuň döwründe Seljuklar döwleti ýene-de berkleşýär. Şol döwürde ýaşap, Seljuk hökümdarlaryň köşgünde uly şöhrata eýe bolan şahyrlaryň biri Abu Abdylla Muhammet ibn Abdylmälik Muizzidir. Muizziniň ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlar örän az. Ol hakda esasan iki sany iň gadymy çeşmelerde Nyzamy Aruzy Samarkandynyň ″Çahar makalasynda-da″ we Muhammet Aufynyň ″Lubabul-elbap″ atly kitaplarda käbir maglumatlar berilýär. Muizzi köşk şahyry Abdulmälik Burhanynyň oglydyr. Burhany Seljuk häkimleriniň köşgünde uly abraý gazanypdyr. Ol hatda ″Şahyrlar şasy″ diýen hormatly derejä hem mynasyp bolupdyr. Muizzi atasy hakda käbir şygyrlarynda ýatlaýar, şeýle atasynyň bolandygyna guwanýar. Özüni-de onuň şägirdi hasap edýär. Şahyr atasyny gülüstanyň bilbiline, özüni bolsa bilbil çagasyna meňzedip şeýle ýazypdyr: Bilbil ýok bolsa-da gülüstan lälesiniň, Diňläp gör, owazyny bilbiliň balasynyň. Mundan başga-da Muizzi öz atasy hakynda şeýle gürrüň berýär: ″ . . . Meniň atam şahyrlaryň emiri Burhany Mälik şanyň häkimlik eden şäherinde pany dünýäden baky dünýä geçdi we özüniň Men gitdim mundan biçäre, Ýazdym niýet-pyglymy. Hudaýa hem hökümdara, Tabşyrdym men oglumy. Diýip meşhur setirleri arkaly maňa göz-gulak bolmaklygy soltan Mälik şa tabşyrdy. Şondan soň atamyň köşkden alýan aýlygyny we azyk üpjünçiligini meniň adyma geçirdiler we men Mälik şanyň şahyry boldum. Meniň atam güýçli, çalasyn adamdy. Onuň şahyrçylykdan hem yrsgaly bardy. Älem-jahanyň soltany Alp Arslan oňa ynanýardy we boýundy.″ Muizzi ýaşlykda öz atasynyň terbiýesini alýar. Şonuň gözegçiliginde hat-sowat öwrenýär. Soňa-baka ol poeziýanyň gizlin syrlaryny hem çuň özleşdirýär. Şahyryň haýsy ýerden bolandygy barada iki sany maglumat bar. Käbir tezkirelerde ol Samarkantda önüp-ösen diýip görkezilse, başga birnäçesinde Horasanyň Nişapur şäheri hasaplanýar. Muizziniň ýetginjeklik döwri Mälik şanyň köşgünde geçýär. Şol döwürde şahyr bu patyşanyň ýeňişlerine bagyşlap ençeme eserler döredipdir. Şahyr Mälik şa ölenden soň Sanjaryň hyzmatynda bolup, ol bu soltanyň köşgünde-de ″Şahyrlaryň emiri″ diýen derejä mynasyp bolýar. Ol Sanjaryň iň ýakyn adamlarynyň birine öwrülýär. Emma köplenç köşk şahyrlarynda bolşy ýaly, Muizziniň hormaty soňabaka peselýär, dura-bara Soltan Sanjar oňa geregiçe üns bermeýär. Şahyr bu ýagdaýa örän gynanýar we bir kasydasynda: Wasp edip hökümdary, Galdym indi ezýete, Heý-de hormat bolmazmy, Otuz ýylky hyzmata. diýip, öz gynanjyny beýan edýär. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |