02:33 Hoja Ahmet Ýasawy | |
HOJA AHMET ÝASAWY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ylahy dünýäsinde ymykly orun alan hem döredijiliginde «Ýa yklym eýesi Ahmet Ýasawy, meniň Sahypjemalymny gördüňmi?!», «Hyrka geýen Hoja Ahmet, Seýramdadyr Seýramda» diýmek bilen adyny hormat bilen tutup, tarykaty geçmekde medet dilän Türküstan Şyhy Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetleri ylmy jemgyýetçilik tarapyndan öwrenilmäge doly mynasypdyr. Ahmet Ýasawy özüniň ylahy garaýyşlary–sopuçylyk tarykaty bilen musulman Gündogarynda ymykly yz galdyrmagy başaran tanymal şahsdyr. Onuň özünden soňky edebiýatda nijeme zehinlere ylham çeşmesi bolandygy bellärliklidir. Nusgawy edebiýatymyzda Ahmet Ýasawa zehini daş ýaran şahyrlarymyzyň ýüzlenmekleri, onuň hakykatdan hem edebi akaba – gözbaşlygyndan habar berýär. Hoja Ahmet Ýasawy 1105-nji ýylda Türküstanyň Ýassy obasynda Şyh Ybraýymyň maşgalasynda eneden doglup, 1166-njy ýylda aradan çykýar. Ýedi ýaşda atadan ýetim galan Hoja Ahmet ilki Arslan babadan, soňra Buharada Ýusup Hemedanydan tälim alýar. Ol öz ömrüni tutuşlygyna sopuçylyk ylmyna bagyşlap, bu ugurda «ýasawyçylyk» ( ylmy çeşmelerde „ýasawiýa“) mekdebini esaslandyrýar. Gündogar edebiýatda sopuçylyk edebiýaty barada gürrüň edilende Ahmet Ýasawynyň ady ilkinjileriň hatarynda agzalýar. Çünki öz döwrüniň bu uly alym şahyry diňe bir türkmen edebiýatynyň taryhynda däl, eýsem tutuş musulman Gündogarynda ymykly yz galdyrmagy başarypdyr. Ahmet Ýasawynyň özüne ýeterlik çylşyrymly döredijiligi bar. Ol zamanasynyň din ylmyndan hem sopuçylyk pelsepesinden kemsiz ýüküni tutupdyr. Onuň hikmetleri hakykatdan hem uly paýhas. Paýhasa paýhas, akyla akyl bilen düşünip bolýar. Şahyryň döredijiligine oýlanyşykly hem seresap çemeleşmek gerek. Edebiýat ylmy hut şu meselelerde uly jogapkärçiligi öz boýnuna alýar. Taryh bize gaty köp zady öwredýär. Ylmy derňewiň syýasy galyplar bilen örüşiniň daraldylan sowet ýyllarynda şahyr barada pikiriňi aýtmak kyn boldy. Dogrusy, tankydy pikiriňi aýtmak bolýardy. Emma Ahmet Ýasawynyň dindarlygy üçin oňa islendik meselede ak diýmek gadagandy. Biz diňe Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň guran erkin jemgyýetinde edebi gymmatlyklarymyzyň astyn-üstün taraplary barada adalatly söhbet etmäge mümkinçilik tapdyk. Taryhdan bilşimiz ýaly, Orta Aziýa ülkelerini araplaryň basyp alyp, Yslam dininiň ornaşdyrylmagy bilen sebitde arap dili döwlet diline öwrülýär. Şunlukda ýerli ylym we çeper edebiýat arapça «gürläp» başlaýar. Muňa mysal hökmünde Horezminiň, Farabynyň, Birunynyň ylmy işlerini, Kesäýi Merweziniň, Hysrow Sarahsynyň, Abu Sahyt Mäneliniň, Tahyr Merweziniň, Zamahşarynyň we Mahmyt Kaşgary ýaly onlarça zehinleriň döredijiligini görkezmek bolar. Atlaryny hormat bilen tutýan bu alym-şahyrlarymyz biziň aslymyz, oguz-türkmen ogullarydyr, gerçekleridir. Türkmen topragynyň paýhas miweleridir. Emma olar zamananyň talabyna görä, arap dilinde sözlemeli bolupdyrlar. Ahmet Ýasawynyň zamanasynda Mahmyt Kaşgary tarapyndan «Diwany lugat et türk» - «Türki dilleriň diwany» sözlügi arap dilinde ýazylýar. X asyrdan başlap pars diliniň agalyk ediji dil bolmaklyga dalaş edendigi hem köplere mälimdir. Dogrusy IX-X asyrdan başlap pars dili hatda öňe saýlanyp ugrapdyr. Ylmy işler arap dilinde bolsa, çeper edebiýat pars dilindedi. Ferdöwsiniň „Şanamasy“, Nyzamy Genjewiniň „Hamsasy“ we tutuş şol döwrüň çeper edebiýaty muňa mysaldyr. Şu ýerde soňra XIV asyrda Alyşer Nowaýynyň türkide Nowaýy, pars dilinde Fany lakamda şygyr ýazandygyny ýatlamak nygtasymyz gelýär. Biz ýüzugra Nowaýynyň dilinde oguz türkmen dil birliginiň aýratyn orun alandygyny hem onuň gelejekde türkmen dil bilimi tarapyndan ýörite öwrenilmeginiň zerurdygyny aýdasymyz gelýär. Şunda ylmy derňew işiniň Nowaýynyň eserleriniň asyl nusgasynda alnyp barylmagy derwaýysdyr. Sebäbi Nowaýynyň asyl nusgadaky döredijiligi köne türkmen diline juda ýakyndyr. Elbetde, bu meselede ylmy barlaglary geçirmezden kesgitli bir netijä gelmek kyn. Ýöne Nowaýy türkmen üçin ýat däl, muny şahyryň türkmen halkynyň arasynda hem edebiýatynda ymykly orun almagam, galyberse-de, şahyryň öz döredijiligi hem tassyklaýar. Biz, Nowaýynyň türki dilde (has takygy köne türkmen dilinde) eser döredip başlamagynyň uly täzelik bolandygyny we onuň edebiýat ylmy tarapyndan ykrar edilendigini nygtamak bilen bu hakdaky pikirimizi jemlemekçi. Bellemeli tarapy Ahmet Ýasawy Nowaňýydan has ir türki dilde, has takygy türkmen dilinde hikmet aýdyp ugraýar. Munuň özi şol döwür üçin uly täzelikdi. Ol Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen diline bolan söýgüsidi. Döwrüň men-men diýen söz ussatlaryna türki dilde hem ajap, kämil şygyrlary döredip bolýandygyny subut etmek aňsadam däldi. Bu dogruda Hoja Ahmet Ýasawy şeýle ýazýar. Hoşlamaýdur alymlar biziň aýgan türküni, Ariflardan eşitseň, açar köňül mülküni. Aýat, hadys, manysy türki bolsa muwafyk, Manysyga ýetenler ýerge koýar burkuny. Ahmet Ýasawynyň XII asyrda arap bilen pars diliniň ylmy edebi sahnada agalyk ugrunda özara bäsleşýän döwründe türki sözläp başlamagy, onda-da hikmet aýtmagy tümlükde çakan ýyldyryma çalym edýärdi. Edebi çeper pikirlenmede ýüze çykýan islendik täzeligiň durmuşy esasynyň bolýandygyny edebiýatymyzyň nazaryýeti düşündirýär. Ahmet Ýasawynyň şol zamanada her tarapdan ykrar edilen arap hem pars dilini bir gyrada goýup, türki dilde, has takygy, köne türkmen dilimizde hikmet aýtmagynyň düýp sebäbi bolan durmuşy-taryhy we syýasy esasy bardyr. Taryhy çeşmelereiň habar bermegine görä, 1038-1057-nji ýyllarda Beýik Seljuk türkmenleriniň at-owazasy dünýäni tutýar. Olaryň nesilleri dünýä ýaýrap, Çagry begiň, Togrul begiň, Alp Arslanyň ady her türkmeniň öýünde buýsanç bilen tutulyp, dünýäniň dört künjünde şöhratlanýar. Ine, şu döwürde Türküstan şyhy adyna eýe bolan Hoja Ahmet Ýasawy ýaşady. Edebi diliň, çeper sözüň, hikmetiň, milletiň her bir wekiline düşnükli öz ene dilinde bolmalydygyna ýüregi bilen uýan şahyra zamananyň syýasy şöhraty öz täsirini ýetiripdir. Nygtamak isleýän zadymyz, Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen dilinde şygyr senedini rowaçlandyrmagy şol wagtlarda hut, seljuk türkmen döwletleriniň - nesilşalygynyň gülläp ösmegi bilen baglanyşykly bolup, munuň özi umumy türki dilli ýazuwly edebiýatyň ösüşine uly goşantdyr. Dogry, seljuk türkmen döwletinde pars dili döwlet dili hökmünde ykrar edilipdir. Emma zamanada uly türkmen döwletiniň döremeginiň edebiýatyň diline eden täsirini inkär etmek bolmaýar. Türkmen diline bolan üns, diňe bir halkyň öz içinde bolman, eýsem beýleki halklaryň hem bu dili bilmeklige bolan höwesi artypdyr. Munuň hem sebäbi, eýýäm, şol döwrüň özünde seljuk türkmen döwletiniň binýadynyň berkden tutulmagynyň hem seljuk soltanlarynyň parasatlydygynyň tutuş Gündogarda, has takygy yslam dünýäsinde zamananyň akyldarlary tarapyndan aňylypdyr. Mahmyt Kaşgarly bu barada ygtytbarly maglumatlary galdyrypdyr. Hoja Ahmet Ýasawynyň edebi döredijiliginiň jemgyýetçilik ähmiýetiniň uly bolandygy aýratyn bellänmäge mynasypdyr. Araplar biziň ýaşaýan sebitimize VII-VIII asyrlarda gelen hem bolsa, belli türk alymy Faruk Sümeriň maglumatyna görä “Oguzlar, esasan, IX-X asyrlarda köpçülikleýin musulmançylygy kabul edipdirler.” Bellemeli tarapy Ahmet Ýasawynyň döwründe-de, yslam dini ynanç hökmünde kabul edilen hem bolsa, täze din entek ýerli halkyň aňyna siňmegini dowam etdirýärdi. Muny şol döwrüň uly ýazuw ýadygärligi Gorkut ata kitaby hem tassyklaýar. «Kitaby dädem Gorkutda» Yslam juda solak şöhlelenipdir. Ol, esasan boýlaryň başynda we ahyrynda göze ilýär. Ýogsa alymlaryň tassyklamagyna görä, „Kitaby dädem Gorkut“ eseri eýýäm, VIII-IX asyrlarda kitap görnüşine getirilipdir. Ol asyrlarda yslamyň dini ynanç hökmünde ornaşdyrylandygyna seretmezden, her niçigem bolsa, onda dini öwüşgün juda öçügsidir. Dogry, biz beýle diýmek bilen eserde yslam din garaýyşlary ýok diýdigimiz däldir. Onda din bilen baglanyşykly wakalar boýlaryň belli bir ýerinde getirilýär we ol eseriň bütewi ýordumyndan aýry gelýär. Hatda, şol aýratyn alnan dini wakalary eseriň bitewi ýordumyndan aýraýanymyzda hem onuň mazmunyna hiç bir täsir etmeýär. Munuň özi bu gürrüňini edýän eserimiziň dörän döwründe yslamyň entek halkyň aňyýetine doly siňip ýetişmändiginden habar berýär. Şonuň üçinem, Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň täsiri halkyň arasynda uly bolupdyr. Çünki yslam dini hakynda köpräk bilmek, hatda ony inçeligi bilen öwrenmek islegleri şol wagtky adamlaryň kanuny bilesigelijilik talabydy. Ine, şu isleg musulman Gündogarynda sopuçylygyň giňden ýaýramagyna getiripdir. Ol Türküstanda yslamyň ösmegine üpjün edipdir. Yslamyň dörän ýurdy Arabystan bolsa-da, onuň ylmy Orta Aziýa ýurtlarynda uly ösüşe eýe bolýar. Sopuçylyk ylmynyň emele gelen ýasawyçylyk, nagyşbendeçilik, kubraçylyk ýaly mezhepleri yslamyýetiň ýa-da, sopuçylyk pelsepesiniň ylym merkezleri hökmünde görkezmek bolar. Hoja Ahmet, ine, şu döwürde yslamy ýaýmak, ony ylahy ylym esasynda düşündirmek bilen meşgul bolýar. Hut şol sebäbe görä-de, türkmen hem türki halklaryň arasynda «Medinede Muhammet, Türküstanda Hoja Ahmet» diýlen, atalar sözi kimin ganatly jümle bar. Eýsem-de bolsa, Häme üçin Mekge däl?! Medine!.. Taryhy çeşmelerden bilşimiz ýaly, Muhammet Pygamber birbada garşydaşlary sebäpli Mekgeden Medinä gitmeli-hijret etmeli, göçmeli bolupdy. Muhammet Mustapa Medinedekä Yslamy ýaýmak, düşündirmek we oňa çagyrmak işlerini alyp barypdy. Pygamberimiz Medinedekä dünýäň çar künjüne çapar ýollap täze dine ýeke-täk Biribar Allatagala uýmaga çagyrýardy. Ýokarky jümlede Medine diýilmegi hut şunuň bilen baglanyşykly bolup, ol «Türküstanda Hoja Ahmet» söz düzümiň düýp mazmunyny açýar. Hoja Ahmet Ýasawy Türküstanda dini düşündirmekde öz mekdebini döredipdir. Onuň bu ugurda çeken zähmeti uly bolupdyr. Hut şoňa görä, akyldar Magtymgulynyň tarykatda taglym, magrypetde maglum halypa hormatyny hiç bir zat bilen deňär ýaly däl. Türküstanyň Ahmedi, togsan ýerde söhbeti, Haknyň aňar summaty bir gündäki bäş namaz. Ýa-da: Rüstem dag süýrärdi bir apy bile, Döwlet titreşerdi güýz howpy bile, Hoja Ahmet Ýasawy ýüz sopy bile, Keştesiz derýany şeýle geçdiler. Seljuk türkmen şalyklary döwründe döredijiligi gül-gül güllän Hoja Ahmediň Türküstanda yslamy wagyz etmekde, «ylmy haly», «ylmy kaly», «ylmy leduny» düşündirmekde we ynsanyýeti halallyga, dogruçyllyga, haýyr-sahawata hem rehim-şepagata çagyrmakda bitiren hyzmatlary ýöriteleýin öwrenilmäge mynasypdyr. Edebiýat ylmynda Hoja Ahmet Ýasawy terkidünýä pikirleri ündeýän şahyr hökmünde tanadyldy. Munuň özi şeýle alanyňda dogrudyram. Onuň pygamber ýaşdan soň ýerzeminde ýaşandygy baradaky maglumaty ulama şahyryň öz hikmetleri hem tassyklaýar. Eýa dostlar, gulak salyň aýdygum, Ne sebäpden altmyş üçde ýerge girdim? Magraj üzre hak Mustafa gördi ruhum, Ol sebäpden altmyş üçde ýerge girdim. Hoja Ahmet Ýasawynyň döredijiliginde, bu dünýäniň eşretinden bütinleý ýüz öwürmegi, dünýäni pany – ýok hasaplap, diňe Allanyň yşkynda derwüş jindesinde ýaşamagy ündeýän hikmetlerini näçe diýseň mysal getirip bolar. Ol bu babatda Magtymguly Pyraga-da täsirini ýetiripdir. Emma Hoja Ahmet Ýasawynyň bu pikiri bilen Garaşsyz zamanamyzyň edebiýat ylmy ylalaşyp bilmeýär. Alla uýmak, Biribara söýgi bildirmek üçin halal ýaşamaly. Halal zähmet çekmeli. Allany mukaddeslik saýmaly we ony kalbyňa guýup dünýäde ýagşy yz goýmaly. Biz ýagşy işlerimiziň rowaçlygyna Alladan medet dileýäris. Allanyň öz ýaradan dünýäsini oňa garşy goýmak, ondan ýüz öwürmek nädogrudyr. Bu birinjiden. Ikinjiden, Hoja Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde diňe terkidünýäligiň öňe sürülmeýändigini aýtmalydyrys. Ol halallygy, päkligi, topragy, Watany söýmegi ündeýän birgiden pikirleri öňe sürüpdir. Nebsi, uly bir bela hökmünde düşündiripdir. Sopuçylykda mürit şerigat, tarykat, magrypat, hakykat atly dört etapdan durýan ruhy kämillik ýoly geçip, soň Alla gowuşýar. Bu ylymda iň soňunda adam Allanyň derejesinde beýge göterilýär. Gündogarda Mansur Hallajynyň, Baýezit Bistamynyň, Nesiminiň tarykaty muňa güwädir. Aslynda sopuçylyk ylmy özbaşyna bir taglymat bolup, öz ýaşan döwründe-de, ondan soňam hiç kimiň boýnundan asylmandyr. Ol Alla bilen müridiň arasyndaky ikiçäk ylym bolupdyr. Eýýäm, Magtymgulynyň ruhy ýolbaşça öwrülen eýýamynda ol edebi sahnadan, çeper pikirlenmeden düşmek, ýitmek ýagdaýyndady. Şu meselede aýratyn bellenmeli ýagdaý bar. Bilşimiz ýaly, nusgawy edebiýatymyzda gaty köp şahyrlaryň döredijiliginde sopuçylygyň täsirini görmek bolýar. Meşhur Rumynyň «Mantyk at taýr», Nowaýynyň «Lisan at taýr» eserleri sopuçylyk temada ýazylypdyr. Türkmen nusgalyk edebiýatymyzda Andalybyň, Magtymgulynyň, Gaýybynyň, hatda yşkyň şahyry Mollanepesiň döpedijiliginde-de sopuçylygyň täsirini, oňa bolan meýli görmek bolýar. Olar Gündogarda VII-VIII asyrdan başlap XV asyra çenli aralykda uly meşhurlyga eýe bolan sopuçylyga meýil bildirenem bolsalar, umumyadamzat ruhy gymmatlygyna, şygyr sungatyna ummasyz goşant goşdular. Nygtamak isleýän zadymyz, Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde terkidünýä pikirleri ündeýän goşgular bilen bir hatarda durmuşy ähmiýetli şygyrlar hem bar. Edebi nazaryýetden şygyr gahrymanynyň häsiýetindäki köpöwüşgünlilik kanunalaýyk hadysadyr. Şahyr kalby joşup-daşyp, eselip-peselip durýar. Ol aljyrabam biler. Ykbal öwrümleri dürli ylymlaryň üstündenem elter. Hatda, şol bir şahyr ömür menzillerinde dürli dünýägaraýşy ýörelgede edinip biler. Edil şonuň ýaly ýeke-täk bir dünýägaraýşa uýup, oňa aşa berlip hem biler. Edebiýat ylmynyň wezipesi çäji harpykdan saýlamakdyr. Şygyr setirlerinde gürsüldeýän şahyr ýüregine diň salyp, il-günüň aladasyna ýugrulan owadan kalbly ynsanyň keşbini görüp bilmekdir. Măhriban Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli mirasa täzeden göz aýlamaga, öwrenmäge, bu ugurdan ylmy işlereri alyp barmaga mümkinçilik döretdi. Iň bir zyýanly, terkidünýä şahyr hasaplanan Ahmet Ýasawynyň döredijiliginde hem topraga tagzym, Watana söýgi beslenip, ol hem dini, hem dünýewi mazmunda düşündirilýär. Her döwrüň özüne ýaraşar edebiýaty, şol edebiýatyň şygyr sungatynda belli bir düşünjäni aňlatmak, şahyrana bermek üçin ýygy-ýygydan işleýän pikir aňladyş çeperçilik serişdeleri bardyr. Şol çeperçilik serişdeler şahyryň zehin ummanynda gaýnap, uly mana eýe bolýar. Şeýle hem olar edebi pikirlenmäniň ösüşinde üýtgäp, özgerip durýar we täze görnüşde dowam edýär. Ol şahyryň şygyr sungatyndaky çeperçilik ussatlygyna bagly bolup, zehiniň edebiýat meýdanyndaky ornuny kesgitlemekde esasy ölçegleriň biridir. Edebiýatymyzyň taryhyna ser aýlanymyzda «toprak» sözüniň gaty giň düşünjeleri özünde jemlän şygyr söz serişdesi bolandygyny görýäris. Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde hem «toprak» sözüniň uly many-mazmuna eýedigini görýäris. Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde ynsany «toprak» bolmaga çagyrýan setirler bar: Fany kylgyl şum nefsiňni, fany gitsin, Gyna nefsiň bu dünýäden ýyglap gitsin, Tofrak bolgul, älem seni basyp ötsün, Fany dilde hak zikrini ediň, dostlar. Ýa-da: Ýolbaşyda eziz başym tofrak kylsam ... Başym tofrak, özüm tofrak, jismim tofrak... Ýasawy nebsiňi «fany» etmegi, ýagny, pany - ýok etmegi jany dili bilen maslahat berip, «toprak bolgul, älem seni başyp ötsün» diýip sargaýar we «eziz başyny toprak kylmak» arzuwuny açyk beýan edýär. Eýsem, näme üçin «toprak bolmaly»?! Başga zat däl, toprak!.. Haýsy ylym, ne sebäpden bu sözleri Ýasawynyň agzyna salyp berdikä?! Käbir edebiýatçylar hut şu zeýilli sözleri üçin Türküstan şyhy Ahmet Ýasawyny kötekleme kemini goýmandylar. Terkidünýälikde aýyplapdylar. Indi müň ýarym ýyldan gowrak wagt bäri Yslam hem onyň baş kitaby Gurhan musulman dünýäsini hak-halala, haýyr-sahawata, rehim- şepagata, garaz, ynsanperwer bolmaga, gowulyga çagyryp gelýär. Gel-gel indi Gündogaryň Hoja Ýusup Hemedany, Hoja Ahrar, Abdylhalyk Giždiwany, Bahaweddin Nagyşbendi, Nejimeddin Kubra söýen, Attar, Ýunus Emre, Nesimi, Jamy, Nowaýy, Magtymguly kimin akyl gämisini gulaçlap ýüzen, gojaman taryhyň VI-VIII asyrlarynda döräp, tä XIX asyra deňeç şahyrlarymyzy erkine goýmadyk sopuçylyk – tasawwuf ylmy jemgyýet, adamzat üçin şeýle zyýanly, bahasy ýeke apbasy bolaýmaly?! Onda heý bir guwulykdan nam-nyşan ýokmuka?! Gynansakda, söwet döwründe atlaryny uly hormat bilen tutan şahyrlarymyzy şu ylymdan goramaga çalyşdylar. Şeýdibem, bir giden edebi şahslarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişinde birtaraplylyk, kem-käslilik ýüze çykdy. Türkmen «temeni haltada gizläp bolmaz» diýýär. Ahmet Ýasawynyň hikmetleriniň peýdaly, il-güne bähbitli tarapy barada seslenmäge, şahyr Kemine aýtmyşlaýyn «ýagşysyna ýagşy, ýamanyna ýaman» diýmäge wagt ýetdi. Eýsem-de bolsa, Ahmet Ýasawynyň hikmetlerinde ýygy duş gelýän «toprak» sözi niçiksi mazmuny açmakda ulanyldyka?! Dini kitaplaryň, şol sanda sopuçylyk ylmynyň düşündirişine hem rowaýatda aýdylyşyna görä, gudraty güýçli, hökmürowan Hudaý ilki ody, suwy, ýeri we şemaly ýaradypdyr. Ondan soň Adam Atany ýaradypdyr. Adam alaýhyssalamyň ýaradylyşy barada ençeme diwanlarda, şonuň ýaly hem Abulgazynyň «Şejereýi terakemesinde», Oguznamanyň Gazan nusgasynda gürrüň berilýär. Adam alaýhyssalamyň Allanyň keremi bilen döreýşi baradaky maglumat “Oguznamalarda” beýanyny tapypdyr. Keremli Alla Adamy ýaratmak üçin ýerden toprak almaga ilki Jebraýyly, soňra Mikaýyly iberýär. Emma ýer: «Eý Jebraýyl, Allatagalla gorasyn, ýagny, bu sözüňden pena dileýän, bir gysym topragy menden alma. Beni el Jan (Benijan-A. T.) dek menden hem bir topar dörär. Günäkärlik we gumralyk ýoluna sereder we ýörelge ediner. Şol sebäpli azaba we jebre duçar bolar» diýip, ýer Benijanly gürrüňi ýatladyp toprak almazlygy Jebraýyldan, Mikaýyldan haýyş edýär, lerzana gelýär. Diňe Ezraýyl alaýhyssalam ýeriň ahyna bakmany onuň her ýerinden toprak alýar. Sopuçylyk ylmynyň düşündirişine görä topraga suw bilen palçyk edilip, ondan Adamyň jesedi ýasalýar, şemal bilen herekete getirilip, ot bilen hem tene ýylylyk berilýär. Mundan başga-da, tasawwufda - sopuçylykda toprak Allanyň münewwer nury, suw-diriligi, howa-beýikligi, ot-gazaby diýlip, düşündirilýär. Toprak we suw jennet mülki, şemal we ot dowzah närseleri hökmünde berilýär. Şonuň üçinem toprak bolmak Ýasawynyň hikmetlerinde ýönekeý söz bolman, ol özünde uly syrly manyny saklaýan sözdür. Şahyr dini dünýägaraýşy bilen ynsany toprak bolmaga, ýagny, men-menlik etmezligi, geçirimli bolmagy, kiçigöwün, allalykly, halal, päk, has takygy, jenneti ynsanlar bolmaga çagyrýar. Şu günki günüň okyjysy Ýasawynyň ýerzeminde ýaşan ykbalyny özüne goýup, onuň şu zeýilli kämil ynsan pelsepesini susup almalydyr. Onsaňam, toprak sözüniň manysyna has giňräk mazmunda düşünmek gerek. Toprak näme? Toprak - Ene! Toprak-Watandyr! Toprak göbek ganyň daman ýeridir, zemindir. Ol ynsanyň eklenç hazynasydyr. Türkmen topragy mukaddes saýýar. Çünki ynsan ýaşaýşy topraga baglydyr. Adam ahyrynda-da, topraga duwlanýar. Ene ýeriň goýnundan ýer edinip, oňa siňip gidýär. Bu toprakda mukaddeslige öwrülen ata-babalarymyzyň guburlary ýatyr. Olar topragy keramat saýyp sežde edip,alnyna togap edipdirler. Türkmen üçin onuň mele topragy tamdyrdan çykan mele myssyk çörek kimin keramatlydyr hem mähribandyr. Bu toprakda yhlas bilen kesewini dirtseňem gögerýär. Ahmet Ýasawy topragyň mukaddesligini ylahy ýol bilen düşündirýär. Ony öz aňyýetiniň mümkinçiliginde mukaddesleşdirmäge çalyşdy. Şeýle alanyňda, Ýasawynyň mukaddeslige bolan garaýyşlary öz ýaşan zamanasynda belli bir ähmiýete eýedi. Onsaňam, gadymy ýazuwly edebiýatda toprak sözüniň many örüsi juda giň bolupdyr. l şol bir wagtyň özünde Watan sozüniň manysyny beripdir. Ahmet Ýasawynyň topraga söýgüsi Watan söýgüsidir. Ýeri gelende bellesek, çeper edebiýatda XVIII-XVIII asyrlardan Watan sözi has ýygjam işledilip başlapdyr. Diýmek, türkmen milletimiziň topraga – Watana bolan söýgüsi, mähir-muhabbeti, guwanjy gaty ir döwürlerden bäri dowam edip gelýar. Ol söýgi geçmişde çeper aňyýetde dürli sözleriň ulanylmagy bilen şöhlelendirilipdir. Şeýle hem ol söýgi ýyllar, asyrlar geçdigi saýy ösdürilipdir, mukaddesligi artypdyr. Ol söýgi, ýagny, mukaddes türkmen topragyna tagzym hem mähir-muhabbet Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamynda kämillik etapyna gadam goýdy. Biziň pikirimizçe, Ahmet Ýasawy «toprak bolgul» diýende ynsanlary päk, halal, arassa bolmaklyga, nebsiňden adamçylyk mertebäňi belent goýmaklyga çagyrýar. Çünki diňe şu sypatlar bilen Allanyň hem onuň bendeleriniň söýgüsini gazanyp bolýar. Nygtamak isleýän zadymyz, sopy şahyryň hikmetlerini – paýhas atlandyran şygyrlaryny mazmunyna görä saýhallamak, baha bermek zerur. Eger onuň goşuk görnüşinde ýazan goşgulary hakykatdanam edebi teşneligi gandyrman bolanlygynda, onda ol öz üstünden müň ýyl çemesi wagt aşyryp, biziň günlerimize gelip ýetmezdi. Özi hem bellemeli tarapy Ýasawynyň hikmetleri halkyň dilinden ýazylyp alynypdyr, halkyň hakydasy arkaly biziň günlerimize gelip ýetipdir. Onuň hikmetleriniň öz döwründe ýa-da şahyryň ýaşan zamanyna golaý wagtlarda ýazylan nusgasy ýok. Hikmetler onuň özüniň esaslandyran mekdebiniň şahyrlary we halk köpçüligi tarapyndan agzaky görnüşde ýatdan aýdylypdyr we nesilden nesile geçirilipdir. XIX asyryň ahyrlarynda Ystambul, Kazan hem Daşkent şäherlerinde daş basmada çap edilipdir. Ýeri gelende bellesek, hut şu sebäpli hem Ahmet Ýasawynyň hikmetlerini diliň taryhy nukdaýnazardan öwrenmek netijili hasaplanmaýar. Umuman, Ahmet Ýasawynyň şygyrlarynyň maňzyna aralaşdygyňça onuň hakykatdan hem hikmet keminiň ýokdugyna güwä geçýäris. Şahyryň nebsiňi öldürmek, nebisden azat ýaşamak, alymlar we alymlyk, nadan hem nadanlyk, haýyr-yhsan hakyndaky aýdanlary Garaşsyz zamanamyzyň raýatlaryny, nesillerini hak ýola ugrukdyrmakda, adalatly, halal ýaşamaklyga çagyrmakda ähmiýete eýedir. Şahyr kalbynyň sarsgynlaryny düşündirmek bolsa edebiýat ylmynyň borjudyr. 1992-nji ýylda Ahmet Ýasawynyň hikmetleri «Medinede Muhammet Türküstanda Hoja Ahmet» ady bilen neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. Neşir Anna Öwezow tarapyndan çapa taýýarlanypdyr. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllarynda Ahmet Ýasawynyň eserleriniň okyjylara gowuşmagy üçin aladalanmak sogap iş. Kitapda Ahmet Ýasawynyň jemi 130 şygry ýerleşdirilip, belli bir tertipde belgilenipdir. Neşirde goşgularyň gaýtalanyp berilýän ýerine du\ul[ar. Mysal üçin 22-nji 26-njy sahypalarda tertip belgisi boýunça 11-nji hikmet ýerleşdirilip, ol jemi 32 bentden ybarat. Şu hikmetiň 15, 16, 17, 18, 19 we 32 bentlerini neşiriň 102-103-nji sahypalarynda ýerleşdirilen, jemi alty bentden ybarat bolan 88-nji hikmet doly gaýtalanýar. Şol bir şygyr bentleri bir kitapda hatda ol golýazmada gaýtalanýan hem bolsa, ikinji gezek gaýtalap bermegiň zerurlygy ýok. Şeýle-de, kitapda Süleýman Bakyrganynyň dört sany şygry Ahmet Ýasawynyň adyna berlipdir. Olar 29-30, 34-35, 39-40, 121-123-nji sahypalarda ýerleşdirilen 15, 20, 25 we 100 belgili hikmetlerdir. Ol şygyrlaryň jemleýji bendinde Süleýman öz adyny getiripdir. Garyblykda gul Süleýman özüm melal, Arzu kylar togan ösgen pirim saňa. Ýa-da: Gul Süleýman alla diýip ýörseň mýdam, Rahmat ýagar başyň üzre alad – dowam. we: Gul Süleýman ylym, hikmet aýtagörgül, Bu dünýäden azykyňny alagörgül. Ýüzünji belgili hikmet hakynda aýdanymyzda bolsa, onda Süleýman Bakyrgany halypasy Ahmet Ýasawyny taryplaýar, onuň sopuçylykda ýeten derejesini öz ýanyndan mübärekleýär. On iki müň Rum ili, tä Hindistan müritdir, Türküstanda menzili, şeýh Ahmet Ýasawy. we: Para-para Horasan, sansyz tümen Türküstan, Bablar baby Arslan bab, şyhym Ahmet Ýasawy. Baba Mahyn ol soltan mürid boldy bigüman, Hekim Hoja Süleýman şyhym Ahmet Ýasawy. Süleýman sopy şahyryň, Ýasawa şygyr bagyşlamagynyň öz sebäbi bar. Ahmet Ýasawynyň esaslandyran sopuçylyk mekdebiniň şahyrlarynda öten halypalara ýörite şygyr bagyşlamak we olaryň ruhundan medet dilemek däp bolupdyr. Aslynda sopuçylyk pelsepäniň düşündirişine görä, tarykaty – Alla äkidýän ruhy ylahy kämillik ýoly pirsiz geçmek mümkin däl. Şu ýerde tarykat bazarynda pir gözläp, ser – sepil bolup, ýören Magtymguly ussady göz öňüne getirsek, onda onuň nä derejede wajypdygyna has oňat düşünse bolar. Bu babatda Gul Süleýman Bakyrgany hem halypasynyň ýolundan ýöreýär. Gürrüňini edýän ýygyndymyzdaky 99 belgili hikmetde Ahmet Ýasawy halypasy Arslan Babanynyň kerem-keramatyndan, ussatlygyndan habar berip, halypasyny «resulyň ilçisi» derejesinde wasplaýar. Hak Resulny ilçisi, bablar baby Arslan bab. Talyblarny ýolçusy, bablar baby Arslan bab. ý-da: Şerigatda tükel-tüz, tarykatda akyl uz, Hakykatda gola tüz, bablar baby Arslan bab. Tertip belgisi görkezilen ol şygyrlaryň Süleýman Bakyrganynyň «Bakyrgan kitaby» atly diwanynda ýerleşdirilendigini-de aýtmak gerek. Eýsem, Süleýman Bakyrgany kim bolmaly?! Süleýman Bakyrgany Horezmiň Bakyrgan diýen ýerinde XII asyryň başlarynda doglup, 1186-njy ýylda aradan çykan türkmen şahyrydyr. Ol Ahmet Ýasawydan tälim alypdyr we onuň sopuçylyk şygyr mekdebiniň iň görnükli, tanymal wekili bolup ýetişipdir. Edebiýatymyzyň taryhynda Hekim ata ady bilen meşhurdyr. Süleýman Bakyrgany barada Alyşer Nowaýy «Nesaýimul muhabbet» eserinde şeýle maglumat berýär: «Hekim ata-ady Süleýmandyr-Hoja Ahmet Ýasawynyň mürididir. (şägirdidir-A.T.) Bir gün Hoja nahar bişirmegi buýranda aşpezi odun ýetmeýdur diýip gelipdir. Alar (ol-Hoja Ahmet manysynda A.T.) odun getirmegi tabşyrypdyrlar we ol zaman ýagyn ýagadur eken. Eshablar odun ýygypdyrlar, aşhana gelginçä odunlary öl bolupdyr. Hekim ata ýygan odunlaryny donuna çolap gury getirenler. Hoja hezretleri diýgudirler, eý perzend, hekimana iş kyldyň we alarga bu lakam ondan kalgandur». Ýeri gelende bellesek, Orta Aziýada Ahmet Ýasawynyň sopuçylyk şygyr mekdebi emele gelip, ol ugra gaty köp şahyrlar ýykgyn edipdirler. Olar ybadat edebiýatynyň wekilleri diýlip hem atlandyrylýar. Özlerem köplenç halypasynyň-piriniň hormatyna «Gul Ahmet», «Hoja Ahmet». «Gul Hoja Ahmet» tahalluslaryny götiripdirler. Şol sebäpli, Ahmet Ýasawynyň şygyrlary çapa taýýarlananda juda seresaply hem ünsli bolmak zerur. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde Milli Liderimiziň ýörite Permany esasynda Türküstan Şyhy adyna mynasyp bolan Hoja Ahmet Ýasawynyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp Halkara maslahat geçirmek bellebildi. Munuň özi bu ylahy şahyryň edebi mirasyny öwrenmekde, onuň döredijiliginiň mistiki hem dünýewi mazmunyny has aýdyň ýüze çykarmakda ähmiýetli bolar. Hoja Ahmet Ýasawynyň türkmen edebiýatynyň ösüşindäki ornuny aýdyňlaşdyryar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |