23:44 Ýusup Balasagunly | |
ÝUSUP BALASAGUNLY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(1015-1018 – XI asyryň ahyrlary) Türkmen halky taryhda diňe türki halklaryň arasynda däl, ondan has uzaklarda tanalýan şahyrlaryň eserlerini miras galdyryp giden halk bolupdyr. Şol şahyrlar özleriniň eserleri bilen türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyrypdyrlar. Şol eserler üstünden näçe asyr geçendigine garamazdan halkyň ýüreginde ýaşap gelýär. Şeýle eserleriň biri hem XI asyryň turki dildäki gyzykly edebi ýädygärlikleriň biri Ýusup Balasagunlynyň “Gut etgu bilig”, ýagny “Bagt getiriji bilim” poemasy bolypdyr. Şahyryň haçan doglandygy barada anyk maglumat ýok. Ýöne, şahyryň: Men elli ýaşadym, indi garradym, Ak guw boldum, ozal gara gargadym diýen setirlerinde, bu eseri ýazyp gutaranynda elli ýaşyna ýetendigini aýdýar. Şu hasapdan çen tutulsa, onuň doglan senesi 1015-1018-nji ýyllara gabat gelýär. Şahyr bu poemany 1069-1070-nji ýylda Kaşgaryň hökümdary garahanid Bogra hana bagyşlap düzüpdir. Ýusup bu poemasy üçin handan Has-Hajyp derejesini alypdyr. Ol görnükli alym we Has Hajyplyk derejesine mynasyp bolan şahyr bolupdyr. Näbelli awtor tarapyndan ýazylan ýazgyda şeýle diýilýär: «Bu kitabyň we ondaky şygyrlaryň awtory—Balasagunda doglan okuwly-bilimli adam. Ol bu kitaby Kaşgarda ýazyp gutarypdyr we ony Gündogaryň hökümdaryna — hana sowgat edipdir. Awtoryň bu hyzmatyna Bogra han hem hormat goýupdyr we oňa Has-Hajyp diýen ýokary ady bagyşlapdyr». Ol (“Gut etgu bilig”) hytaý danalarynyň eserlerinden alnan şygyrlar we mysallar bilen bezelipdir” diýip, ýazýar we “Bu kitaby okan we onuň manysyna düşünen her bir adam özüni ozalky bolşundan has gowy duýar. Bogra hanyň dilinde, ýagny türki dilde gepleýän şol ýerde—Gündogar Türküstanyň ähli ýerinde şu eserden ajaýyp kitabyň henize çenli döredilmändigini hytaý alymlary bir agyzdan ykrar edýärler” diýip, bu kitabyň ýokary ähmiýetini belleýär. “Gut etgu bilig” eserinde dürli häsiýetlerden söz açylýar, bu eserde akyldar özüniň ahlak we edebi garaýyşlaryny, taryh, ylym,edebiýat, etnografiýa we beýleki ugurlar boýunça giňişleýin we gymmatly maglumatlary berýär. Bu eserde nähili häsiýetleriň ynsançylykdan daşlaşdyrýandygy barada, hanlaryň, wezirleriň, goşunbaşylaryň, hyzmatkärleriň nähili häsiýetli bolmalydygy baradaky soraglara jogap tapyp bolýar. Ýusup Balasagunlynyň “Gut etgu bilig” eseri 73 bapdan durýar. Şolardan 11 baby Hudaýa, pygambere, dört çaryýara bagyşlanan waspnamalardyr. On iki babynda Gündogdy atly hökümdaryň tarypy edilip, onuň bilen baglanyşykly wakalar beýan edilýär. Galan baplarda, esasan, dil edebi, bilimli bolmagyň peýdasy barada gürrüň edilip, jemgyýetçilik –syýasy meseleler barada hem durulyp geçilýär. Ýusup Has Hajybyň “Gut etgu bilig” eseri XI asyrdan bäri birnäçe ýurtlara, şalyklara hyzmat edip gelipdir. Ol söýlüp okalmak bilen haýsy ýurtda bolsa bolsun, özüni ykrar etdirip bilipdir. Şonuň üçin Çynlylar bu kitaby özleriçe “Ebedil mülk” diýip, atlandyrsalar, Maçynlylar bu kitaby “Aýnul-memleke” diýip, atlandyrypdyrlar, Maşryklylar “Zynatul-umera”, Eýranlylar “Şahname-e turki”, diýseler başga birnäçe ýerde ”Pand- name- ýe- muluk” ýaly atlary beripdirler. Ýusup Balasagunlynyň özi bu kitap barada şeýle diýýär: Elik köz tutar köp kitab sözleri, Iki gün aýunda iter işleri, Bu meşrik ilinde katug türk-u çin. Muni teg kitab ýok aýunda adin Eseriň başy däp bolşy ýaly, Gündogarda iri göwrümli eserler ýazylanda ilki bilen, Hudaýy, Muhammet pygamberi we ilkinji dört halypany (çaryýarlary) — Abubekri, Omary, Osmany hem-de Alyny taryplaýan mynajat—giriş bilen başlanýar. Kitabyň aýratyn baby Kaşgaryň hökümdary - Bogra hany taryplamaga bagyşlanypdyr. Soňra Ýusup Has-Hajyp ýedi bapda akyl-paýhas, bilim we oňat işler hakda öz pikirini beýan edipdir. Awtoryň sözüni gös-göni özünde jemleýän bu baplardan soň kitabyň baş gahrymanlary ýüze çykýarlar. Ol gahrymanlar dört—patyşa Gündogmuş ilek, wezir Aýdoldy, onuň ogly Uktýolmyş, soňky ikisiniň garyndaşy Uktormyş. Emma bu adamlaryň janly obrazy däl-de, dört sany janlandyrylan düşünje—ideýa. Ola¬ryň birinjisi adalatlylygy, ikinjisi döwleti janlandyrýar, üçünjisi akyl-paýhasy nazarda tutýar, dördünjisi durnukly, sabyrly bolmak ideýasyny aňladýar. Bu gahrymanlar ahlak, durmuş, parasatlylyk we döwleti dolandyrmak täri boýunça özara giňden gürrüň, edýärler. Ýusup Has-Hajyp bu eserinde, beýleki meseleler bilen birlikde, öz döwrüniň ýaşaýyş durmuşyna degişli köp meseläni goýupdyr. Mysal üçin, ol hökümdary açykdan-açyk taryplap, şol bir wagtyň, özünde onuň raýatlarynyň arasyndaky aragatnaşygy görkezmek ýaly meseleleri hem gozgapdyr. Ýusup Has-Hajybyň pikirine görä, ýurduň hökümdary öz raýatlarynyň oňat durmuşy barada aladalanmaly, keseki duşmanlaryň, kast etmeklerinden olary gorap saklamaly we adalatly kanunlar çykarmaly, raýatlar hem şol kanunlara tabyn bolmaly we salgytlary öz wagtynda tölemeli, awtor şular bilen baglylykda adalatly şa mahsus bolan häsiýetler hakda hem aýdypdyr. Ol kanunylygy adalatlylygyň, we ýagşylygyň, şerti diýip hasap edipdir. Mysal üçin , Ýusup Balasagunlynyň hökümdara nesihat hökmünde aýdan beýtleri şeýle başlanýar: Hökümdar:- Alym, meniň tebigatymy Güneşe maňzedip bu zatlary diýdi: -Güneşe seret, kiçelmez, elmydama dolup durar: Ýagtylygy hem şol bir durşuna durar. -Ikinjiden, Güneş dogar we bu dünýäni ýagtyldar; Onuň şöhlesi bütin halka ýeter, ýöne özünden kemelmez. Bu ýerde şahyr hökümdary hiç wagt şöhlesi egsilmejek güneşe meňzedýär, hökümdar güneş bolup halkyny çoýmaly, diýýär. Ýeri gelende aýtsak, Magtymgulynyň goşgy setirlerinde hem şu pikirler öňe sürülýär. Häkim bolsaň, halky gün kibi çoýgul, Akarda suw, ýa öserde ýel bolgul! Poemada akyl-paýhasy nazarda tutýan Uktýolmyş hökümdar öz borjuny ýadyndan çykaranda, tagtda sütemkär oturanda, patyşa açgöz bolanda we öz halkyny talanda, adalatsyzlyk we jebir-sütem ýüze çykýar diýip aýdylýar. Şahyryň döredijiliginde dünýä baradaky garaýyşlar hem öz beýanyny tapýar. Şol garaýyşlarynda dünýäni wepasyz, dönük, onuň berýän şatlygynyň kararsyzdygy barada aýdýar: Dönük dünýä wepasyzdyr, şatlygy kararsyzdyr: Name beren bolsa, ýene-de gaýdyp alar. Çyplak dogan ynsan çyplak gider: Ýene goýlup gidiljek bolsa: Dünýä malyny toplamak nämä ýarar. Şahyr ýene bir setirlerinde dünýä barada ajaýyp pelsepewi pikirlerini beýan edýär, şeýle setirleriň üsti bilen şahyr okyjyny gowulyga çagyrýar. Dirilik ölüm üçindir diýmek bilen, ýaşan döwrüňde ömrüňi bihal geçirmezligi üňdeýär. Dirilige ynanma düýş deýin geçer gider: Amanat bagta guwanma-guş kimin uçar gider Bilersiň ki, dirilik ölüm üçindir, Ölüm häzir dur: ol diňe wagtyna garaşýar: Bir gapy açyldy- dünýä gapysy, ýene bir gapy açylar: O gapy ölüm gapysy we her kes o ýere girer. “Bagt getiriji bilim” kitabynda alymlary sylamalydygy, hormatlamalydygy, olary diňläp, aýdýan zatlaryndan many almalydygy barada aýdylýar. Dana kişiler bar, bilimli, alym, Olaryň ylymy ýagtyldar ýoluň. Olary hormatla, sözüne ynan, Az diýme, köp diýme, olardan öwren. Olardyr dogryny , egrini oňlan, Ölçerip hem seçip, göni ýol saýlan. Olaryň biliminden al ýetdik paýyň, Olary sylagla, ýetir serpaýyn. Alymlary sylamak baradaky pikirler Ýusup Balasagunlydan has soňky asyrlarda ýaşap geçen şahyrlaryň döredijiliginde hem öz beýanyny tapypdyr. Döwletmämmet Azady “Wagzy-Azat” eseriniň bir babyny ylyma we alymlara bagyşlan bolsa, Magtymgulynyň goşgy setirlerinde alymlar barada şeýle diýilýär: Alymlara uýsaň , açylar gözüň Jahyllara uýsaň kör dek bolar sen. Ýusup Has-Hajyp döwleti dolandyrmak—edara etmek üçin harby güýjüň ähmiýeti hakdaky meseläni hem ünsden düşürmändir. Söweşde leşgerbaşynyň özüni nähili alyp barmalydygy barada aýdypdyr. Duşmana garşy hüjüm etmek we ordanyň hereketini edara edibilmek üçin leşgerbaşynyň şu häsiýetlere eýe bolmagy gerekdir; Söweşde onuň ýüregi arslan ýüregi ýaly we döwüşende bilegi gaplaň kibi bolmalydyr; Ol doňuz ýaly topulyjy, gurt kibi güýçli, aýy ýaly asylyşly we ýaban (keýik) ýaly ýyndam bolmaly. şonuň bilen birlikde-de, gyzyl tilki ýaly hilegär; erkek düýe ýäly, öç alyjy bolmalydyr. Özüni içýan ýaly sak tutmaly; Gözüni dag gargasy ýaly uzaklara aýlamaly; Arslan kibi özüni beýik tutmaly; Baýguş kibi gijeleri ukusyz geçirmeli. Batyr ýigit leşger gorse gorkmaz, arslan bolar; at oýnadyp, duşmany öldürer ýa uruşyp öler. Poemanyň zähmetkeş köpçüligine bagyşlanan baplary bir meňzeş häsiýetde ýazylypdyr. Awtor ekerançylar, hünärmenler, çopanlar hakda aýdanynda, köplenç, şol bir söz¬leri ulanypdyr. Şu ýerde awtoryň esasy pikiri şeýle sözlerde jemlenipdir: bu adamlaryň ählisi “güzerana hemaýat etmek” üçin gerek. Olar “jemgyýete gerekli iýmiti taýarýarlaýandyklary” üçin peýdaly. Poemanyň, awtory täjirleriň-söwdagärleriň durmuş ýörelgesini suratlandyrmak bilen, juda geň galdyrýar: Togardyn batarga ýorüb tezginur, Tilemiş tileking sana keldurur. Satygçy ýok erse azun kezçugu, Kagan kergaý erdinç kara kyş içi? Hytaý arkysy kesse arkiş togu, Kaýun, kelgaý erdi tuman tu agi... ? Şahyryň pikirine görä, hökümdar söwdanyň giňelmegine kömek bermeli, keseki ýurtly täjirler bilen onat gatnaşyk etmeli, “çünki täjirler hökümdaryň hormat bilen tutulýan adynyň şöhratyny alys ýurtlarda-da ýaýradýarlar ahyryn”, diýmek bilen, hökümdaryň täjirlere gowy gatnaşykda bolmagy, onuň at-abraýyny täjirleriň dünýä ýaýýandygy üçin gerek diýýär. Bu bolsa şahyryň birtaraplaýyn pikir, garaýşyny aňladýar. Şeýlelikde, Ýusup Has-Hajybyň her bir meselä hökümdaryň, onuň bähbidiniň nukdaýnazaryndan garandygyny aňlamaklyk kyn däl. Bu meýil “şahyrlar bilen gatnaşmak hakda” diýen bapda hem aňladylýar. “Özüniň şöhratyny galdyryp biljek şu gatlagy söýmegi” şahyr hökümdara maslahat berýär: Basa keldi şair bez söz tirgiçy, Kişig okkuçiler ýima ýirgiçu. Kylyçda ýitigreg bularnyng tili, Ýöne kylda ýingçe bu hatyr ýoly. Batyg ýingçe sözler ukaýyn tise, Bulardyn eşit söz ukulgaý basa. Tenizge kirur körse konglun tukel, Guhar, ýinçi, ýakut çykarur mesel. Olar ögseler ögdi ilke baryr, Kaly sökseler aty artab kalyr. Usa edgu tutgil bularny kadaş, Bularnyng tilinge ilinme adaş. Kaly edgu ogdi tilise özüng, Bularny sewindir kesildi sözüng. Negu kolsa birgil bulaga tukel, Bularnyng tilinden özüng satgyn al. Şu setirlerden görnüşi ýaly awtor şahyrlara häsiýetlendirme berýär. Olaryň diliniň gylyçdan ýitidigini, ýöne bu käriň kynçylygyny gyldan inçe hatarly ýol bilen deňeýär. Şonuň üçin hem, hökümdara şahyrlara seresaply çemeleşmegi maslahat berýär. “Gut etgu biligiň” baplarynda – gürrüňlerinde durmuşyň käbir meseleleri hem şöhlelendirilipdir. Ýusup Balasagunly olaryň birinde aýallary seçip almakda nähili pikire eýermelidigini gürrüň berýär. Poemanyň iki baby myhmanparazlygyň we tanymal şahslaryň myhmançylykda özlerini nähili alyp barmalydygynyň kadasyny düşündirmeklige bagyşlanypdyr. Iň soňky baplar awtoryň ahlak, din we döwleti dolandyrmak meseleleri boýunça esasy pikirini gysgaça jemleýärler. Şahyryň özünden soňky nesle nesihatlary hem bar: Ogluma diýdigim sözlerim - altyn, Oglum her sözümden manylar alsyn. Saňa sözledim men sözüm, eý ogul, Saňa berdim pendi özüm eý ogul. Menden saňa altyn, kümüş galandan, Hoş söz galsa, ýagşyrakdyr ol ondan. Kümüşümden bersem, her dem azalar, Sözümi ulansaň kümüş gazanar. Poema “Kitabyň awtory Ýusup Has-Hajyp özüne nesihat berýär” (“Kitab idisi Ýusup Hass-Hajib özünke pend berur”) diýen bap bilen gutarýar. Ol bapda ýene-de akyl-paýhas taryp edilýär. “Gut etgu bilig” poemasy özüniň gurluş we tematik aýratynlygy boýunça Gündogar we Günbatar edebiýatynda giňden ýaýran didaktik eserleriň görnüşine girýär. Şuňa meňzeş kitaplaryň arap, grek, parsy, hytaý dillerinde duş gelýändigini poema sözbaşy ýazan näbelli awtor nygtap görkezipdir. Didaktik eserler sasanidler döwründe ýüze çykyp başlapdyrlar. Parsy dilde şu hili eserleriň biri XI asyrda ýazylypdyr. Bu “Kabusnama” atlandyrylan meşhur eserdir. “Gut etgu bilig” eserinde onuň däpleri tebigy dowam etdirilýär. “Gut etgu bilig” eseri özünden soňky türki dildäki edebiýatyň ösmegine mynasyp täsirini yetiripdir. Bu kitap türki dilde gürleýän ilatyň bilimli gatlagynyn arasynda ägirt uly üstünlik bilen ginden peýdalanypdyr. Öz işlerini parsy dilde ýazan orta asyr taryhyçysy Muhammet Hinduşa (XIV asyr) Çingiz hanyň görkezmesi boýunça XIII asyrda döredilen kitabyň adynyň hem “Gut etgu bilig”bolandygyny habar berýär. 1909-njy ýylda arheolglar Saraýjykdan (Uralda) bir küýze tanypdyrlar. Ol küýzäniň ýüzünde poemanyň şygyrlaryndan ýazylypdyr. Şu maglumat hem bu kitabyň “Gut etgu biligiň”) türki dilde gürleýän halklaryň arasynda meşhur bolanlygyny we giňden ýaýranlygyny subut edýär. Sözler miras galsyn nesilden-nesle, Ol mirasyň nepi zyýat ýüz esse. Ine, şahyryň şeýle ajaýyp setirlerinde aýdyşy ýaly, onuň altyna gaplaýmaly akyl-paýhasa ýugurlan “Gut etgu bilig” eseri hem üstünden näçe asyr geçendigine garamazdan türkmen halkynyň arasynda uly söýgi we gyzyklanma bilen okalyp we öwrenilip gelinýär. Bu bolsa üstünden näçe asyr geçendigine seretmezden hakyky talantlary halkyň ýadyndan çykarmaýanlygynyň subutnamasydyr. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |