23:47 Muhamet Gazaly | |
MUHAMMET GAZALY
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Muhammet Gazaly yslam taryhyna degişli kitaplarda birnäçe lakamlar bilen ýatlanylýar; Hüjjetül Isalam-Yslamyň buýsanjy, Zeýnüd-din- Diniñ zynaty el-Gazzal- ýüñ egirijiniñ ogly; Et-Tusy- Tusda dogylanlygy üçin; Eş- Şafi Şafi mezhebinde bolandygy üçin Eş Şafi diyilýär. Muhammet Gazaly hijriniñ 450, miladynyñ 1058 ýylynda Horasanyň Tus şäherinde garyp maşgalada dogulýar. Brokgelmanyñ pikirine görä bolsa, alym 451-nji hijri, miladynyň 1059-njy ýylynda dogylypdyr. Rowaýata görä ol garyp hem ylymsyz kıişiniñ oglydyr. Emma ol ylym adamlaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Gazalynyñ kakasy ylymsyzlygyna garamazdan, öz ogullary Muhammetdir Ahmedi ylymly ynsanlar edip ýetişdirmek üçin aladalanypdyr. Hemişe alymlaryñ wagyzdyr-nesihatlaryna gatnaşypdyr. Onuň öz perzentleri üçin ýagşy doga-dilegler edenligi barada “Yhýa–ulumiddin” atly kitabynda şeýle diýilýär: “Yhlas bilen edilen bu dilegler keremli Hak Tagalla tarapyndan kabul edildi.” Uly ogly Muhammet yslam taryhynyñ alymlarynyn içinde lowurdap duran yyldyzdyr. Ikinji ogly Ahmet Muhammet ýaly meşhur bolmasa-da, birinji topar hasaplanylýan din alymlaryndan ady hormat bilen tutulýan şahsyýetdir. Iki doganlar kämillik ýaşyna ýetmänkäler kakalaryny ýitirýärler. Alymyň kakasy özi ölmänkä, önden bäri tanap yören ildeşleriniñ birine az owlak pul bilen ogullaryna eýe çykmagyny tabşyrypdyr. Ol dostunyñ wesyetini ýerde goyman birnäçe wagt ogullaryna ylym terbiye bermekligini dowan edyär. Emma kakalarynyñ goýup giden puly gutarandan soñ, öz gününi dolamagada güýji ýetmedik dosty oglanlara, özi iýdirip-içirýän, ýaşayyş jay berýän medreselerede “ylymyñyzy dowam etdirin” diýmäge mejbur bolýar. Bu barada öz yatlamalarynda Ymam Gazaly şeyle ýazypdyr: “ Medresä girmekden başky maksadym Allanyñ razylygy üçin ylym almak däldi. Men nähilidir bir ýol bilen güzeranymy dolamalydym. Emma muña garamazdan, keremi güýçli Biribar meni ylymdan paý almaga laýyk hasaplady”. Muhammet Gazalynyn Jürjana gidişi we dolanyp gelişindäki başyndan geçirenleri: Ymam Gazaly talypluk ýyllarynda Fykyhdan Tusda Ahmet ibn Muhammet er-Reganiden sapak alyar. Soñra şol döwüriñ ylym ojaklarynyň biri Jürjan şäherine gidýär. Şol ýerde Ymam Ebu-Nasr El-Yslamyýanyñ talyby bolýar. Soñra Tusa gaýdýar. Gelyärkä başyndan geçiren bir wakasyny onuñ özi şeýle gürrüñ berýär: “Tusdan gelyärkäk garakçylara duşdyk. Olar biziñ ähli zadymyzy elimizden aldylar. Yzlaryndan ylgap menin hemme zadymy alyñ ýöne meniñ ders ýazan depderlerimi yzyna beriñ. Ol siziň hiç işiñize yaramaz diýdim. Şonda Ýolkeserleriň başlygy: “Biz seniň ders ýazan depderleriňi aldyk. Onda, seniň ähli bilýän zatlaryň depderiňde-dä. Diýmek, seniň şu ýagdaýda bizden näme tapawudyň bar? Garakçy maňa ýagşyja ders beripdi. Ony gepleden Allady. Men şondan soň ýazan zatlarymyň ählisini ýat tutmak kararyna geldim” Şondan soñ Ymam Gazaly Nişapura gidip, zamanasynyň iñ uly alymlaryndan Ymamul–Harameýn El-Jüweýniniñ talyby bolýar. Ymamul-Harameýn ýöne il içindäki alymlardan biri däldi. Ymam Gazaly ondan örän kän zatlary öwrenýär. Ol tiz wagtyn içinde ylymyñ dürli ugurlary boýunça öz yoldaşlaryndan saylanmagyn hötdesinden gelýär. Diñ ylyamlary, logika, filosofiýa, edebiýat ýaly ylymlarda öñe gidişleri gazanyp bu ugurdan özbaşdak kitaplar ýazmaga başlaýar. Ymamul-Harameyn ýagny Ymam Gazalynýn mugallymy hijriniñ 478-nji yylynda aradan çykýar. Ýokarda belleýişimiz ýaly, Ymam Gazaly ussady dirikä kitaplar yazyp meşhurlyk gazanypdyr. Ol islese, Harameyiniñ ýanyndan ayrylyp özbaşdak hereket edip hem bilerdi, emma ol beýtmedi. Muny wepasyzlyk hasaplady. Tä ussady aradan çykýança oña hyzmat etdi, onuñ ylmy mejlislerinden ayrylmady. Diñe ussady aradan çykandan soñ, ol ýörite çakylyk boýunça Seljuklylar döwletiniñ baş weziri Nyzamyl-Mülküñ ýanyna gidýär. Şol dowre çenli onuñ ady dillerde dessana öwrülyär. Şol wagtlar Bagdat halypasynyň ady resmi taýdan ýöredilse-de, hökümet seljuklaryň elinedidi we ýurdy Soltan Mälik şa dolandyrýardy. Soltanlygyň baş şäheri Yspyhandy. Soltan ylymly hem adyldy. “Iki döwletiň habarlaryny beýan ediji bossan” atly kitapda ýazylyşyna görä, Soltan Mälik şanyň döwründe medresesiz bir şäher hem bolmandyr. Ylym-bilimiň hak hossary bolan sultan medreseler, ymaratlar, kerwensaraýlar, köprüler gurdurypdyr. Döwletde söwda gatnaşyklary has-da ilerläpdir. Nyzamulmülk ýaş alyma-Muhammet Gazala uly hormat edýär. Muhammet Gazaly Nyzamulmülküñ maslahaty bilen 1095-nji ýylda Bagdatdaky Nyzamiýe medresesine müderisligine bellenilyär şol wagt ol otuz dört ýaşynda eken. Aýdylyşyna görä, şol wagtlar onuň üç ýüzden gowrak şägirdi bolupdyr. Şan-şöhraty arşa galan Gazalyny görmäge, söhbetini diňlemäge dünýäňiň çar künjünden adamlar gelipdirler. Soltan Mälik şanyň we onuň parasatly weziri Nyzamylmülkün ussada garaýşy gaty üýtgeşik bolupdyr. Uly döwlet ähmiýetli meseleler onuň bilen maslahatlaşylypdyr. Wagtyň geçmegi bilen Ymam Gazalynyň kalbynda uly harasatlaryň gopmagy netijesinde anyk bolmadyk sebäplere görä, ol dört ýyldan soñ medresedäki müderrisligini taşlap, sopuçylyk ýoluna düşýär. Aslynda, Gazalynyň bu hereketi biziň alymlarymyzyň pikir edişi ýaly, o diýen garaşylmaýan hereket hem däldir. Orta asyrlarda ýaşan şahsyýetleriň döredijiligine ser salsaň, bu ýagdaý olaryň köpüsiniň ömür taryhynda gabat gelýän hadysadyr. Adam belli bir ýaşa barandan soň, dünýäniň panylygyna has anyk göz ýetirýär. Şonuň netijesinde-de ahyrýet taýýarlygyny güýçlendirýär. Munuň Ymam Gazaly babatda-da şeýledigine şübhelenmese bolar. Onuň medreseden aýraçylygy on bir ýyl dowam edýär. Hijriniň 499-njy Miladynyň 1106-njy ýylynda Nyzamylmülkün ogly Fahrylmülküň çagyrmagy boýunça Ymam Gazaly ýene-de Nyzamyýa medreseside müderrislige başlaýar. Ýöne ol bu gezek medresä alym Gazaly bolup däl-de, sopy Gazaly bolup gelipdi. Onuň medresä dolanmagy dogany Ahmet Gazala ýaramaýar. Onuň illeri takwa bolmaklyga çagyryp, özüniň bolsa dünýäde abraýyny güýçlendimekçi boyandygyny ýazgaryp şu mazmunly betleri ýazýar: Eý, wagyzhon, diliňde dogry ýoly saýladyň, Adamlara janygyp pent-nesihat eýlediň. Ömrümden kasam bolsun, dogry ýola gelmediň, Sözdäki amalyňy berjaý edebilmediň. Ol ýene-de takwalaryň ýolyny tutup, Bagdatdan çykyp Tusa gidyär we şol ýerde sopuçylykdan öz şägirtlerine ders berýär. Soltan Sanjar hem Muhammet Gazaly Soltan Sanjar hem onuň ata-babalary mezhepbaşy Ymam Agzam Ebu-Hanifäniň ýoluny tutupdyrlar we ony hormatlapdyrlar. Soltan Sanjaryň Ymam Agzamy juda hormatlaýandygyny bilýan Muhammet Gazalynyň duşmanlary “alymYhýada Ymam Agzamy ýamanlaýar” diýen şyltagy atýarlar. Muhammet Gazalynyñ Ymam Agzam hakyndaky pikirlerini bilmek üçin huzuryna çagyryar. Muhammet Gazaly Mekgede bolan wagtynda üç zady etmezlige şert edýär. Padyşalaryñ huzuryna barmazlyga, Sowgat almazlyga, Jedel etmezlige. Gazaly permana boyun egmek maksady bilen Maşada çenli gidyär. Şol ýerden parsça Soltan Sanjara hat ugradýar. Sanjaryñ özi şäheriñ daşyna çykyp ymam bilen görüşýär. Onuñ Ymam Agzama bolan garaýyşlaryny diñleýär. Mundan başga-da ymam soltana halkyň hal-yagdaýynyň örän ýaramazdygyny, derdi-belalaryň kynçylyklaryň derdinden ýaňa halkyň boýnunyň inçelip, üzülere gelendigini, soltanyň atlarynyň bolsa, altyn-kümüşden ýaňa boýunlarynyň ýere degýändigini gürrüň berýär. Şondan soñ hem Bagdada gelmäge näçe çakylyklar alsa-da, Ymam Gazaly Bagdada gitmän, Tusda galmagy karar edýär. Muhammet Gazaly Tusda Hijriniň 505-nji Miladynyň 1111-nji ýylynda, elli bäş ýaşynyň içinde Hakyň rahmetine gowuşýar. Brokgelman Gazalynyň ýetmişbäş sany eseriniň bardygy hakynda maglumat berýär. Muhammert Gazalynyň galamyndan çykan eserleriniň iň meşhury onuň “Yhýa ulumiddindir”. Yhýa hakynda “Yslamyñ hemme kitaplary ýok bolup gitse we “Yhýa-ulumiddin” saklanyp galsa, ol ýok bolup giden kitaplaryñ öwezini dolar diyip aydylýar. “Yhýa ulumiddin” dürli döwürlerde birnäçe dillere terjime edildi. Nemes alymy Nans Wuhr 1940-njy ýylda ony nemes diline terjeme edip çapdan çykardy. 1955-hji ýylda bolsa bu kitap G. H. Buskuwýet tarapyndan fransuz dilinde çapdan çykaryldy. G, Wijeri 1021-nji ýylda bu kitaby iňlis dilinde neşir etdi. Kitabyň ýewropa dillerine terjime edilen başga-da birnäçe wariantlary bar. Yhýanyň käbir bölümleri 1980-nji ýylda W. W. Naumkin tarapyndan rus dilinde neşir edildi. Kitap türk alymy Ahmet Serdar ogly tarapyndan türk diline geçirilip, 1974-nji ýylda neşir edildi. Ýeri gelende aýtsak, Yhýanyň köne türki dilde Gazanda we Stambulda birnäçe gezek neşir edilendigini aýtsak, artykmaçlyk etmese gerek. Fykyh we tasawwuf ylymlarynyň pelsepewi meselelerini öz içine alýan “Yhýa ulumiddin” hakynda Yslam alymlarynyň ululary örän ajaýyp pikirleri aýdypdyrlar. Hapyz Zeýneddin Abdyrahym bin Huseýin Yraky Yhýadaky Hadyslary jemläp, iki sany kitap ýazýar. Olaryň birinjisi uly göwrümli eser bolup, yazyjy ony 751/1350-nli ýylda ýazyp tamamlaýar. Soňra 760-njy ýylda “Yhýa kitabyndaky hadyslaryň ygtybarlylygyny kesgitleýji gollanma” diýip atlandyrýan kiçi göwrümli kitabyny ýazýar. Muhammet Gazalynyň şägirtlerinden “Ýyyldyzlar we saýýaralar” atly meşhur eseriň awtory şyh-ymam Abylapbas Aklyşy öz beýtlerinde Yhýanyn bölümlere bölünişini şeýle taryp edipdir. Eý, Abu Hamyt! Bize ylym öreden ussat, Köňlümiziň töründe baky ýer eden ussat. “Yhýa” atly kitabyň kalbymyza jan berdi, Paýhas bilen tümlügi baky nur eden ussat. Ybadatlar, adatlar, çärýegiň ilki bilen, Monjuk düzümi deýin sözün nur eden ussat. Soň üçünji çärýekde ahlak päkligin bozýan, Heläk ediji zatlar hakda sereden ussat. Soň dördüji çärýekde ahlaksyzlyk ýolundan, Halas bolmak babatda pikir ýöreden ussat. Yhýa ulumiddin hakykatdanam 4 jiltden ybarat bolup, her jilt “çärek” diyip atlandyrylýar.Birinji çärýek-ybadatlar; Ikinji çärýek-adatlar; Üçünji çärýek heläk ediji zatlar; Dördünji çärýek halas ediji zatlar baradadyr. Her çärek on sany kitaba bölünýär. Şýlelikde kitaplaryñ jemi kyrk sanydyr. Her kitap pasyllara, pasyllar bolsa baplara bölünýär. Baplar we pasyllar göwrümi boýunça dürlidirler. Muhammet Gazalynň baý hem köptaraply döredijiligi türkmen alymlary tarapyndan öwrenilmäge degişlidir. Onuň ”Ylym barada kitap” atly eseri ”Miras” medeni merkezi tarapyndan türkmen dilinde neşir edildi. Biz Muhammet Gazaly hem onuň döredijiligine degişli maglumatlary ýokarda ady agzalan kitapdan peýdalanadygymyzy nazara alyp, hormatly alymymyz Atamyrat Saryýewe öz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Ýeri gelende, “Ylym baradaky kitap” atly eserde näme hakynda gürrüňýändigi hakynda hem gysgaça durup geçmek artykmaçlyk etmese gerek. Bu kitap ýedi bapdan ybarat bolup, onuň birinji baby Ylmyň, ylym öwretmekligiň we ylym öwrenmekligiň artykmaçlygynyň we bularyň akly hem nakly delilleriniň beýany hakynda gürrüň berýär. Adamyň ýagşysynyň alymlardygy, ylym öwrenmekligiň her bir ynsanyň boýnunda parzdygy nygtalýar. Kitabyň ikinji babynda halanylýan we ýazgarylýan ylymlaryň we olaryň görnüşleri hakynda aýdylyp, parzy aýn ýagny her bir musulmanyň boýmunda duran parz we parzy kifaýa – (köpçuligiň boýnunda duran parz) bolan ylymlar, düňýä we ahyret ylymlarynyň aýratynlygy beýan edilýär. Üçünji bapda köpçüligiň dini ylymlardan diýip hasaplaýan, emma olardan bolmadyk ylymlaryň ýazgarylýan görnüşleriniň we olaryň öwrenilmäge degişli hasaplanylýan mukdarynyň beýany barada maglumat berilýär. Kitabyň dördünji babynda munazaranyň apatlary, jeddelleşmediň sebäpleriniň beýany, bäşinji baby ussadyň we talybyň edepleriniň beýany, altynjy baby ylmyň we alymyň apatlarynyň, dünýä we ahyret alymlarynyň arasyny tapawutlandyrýan alamatlaryň beýany dogrusynda deliller arkaly giňişleýin maglumat berilýär. Ýedinji bapda akyl barada ulamalardyr alymlaryň aýdan pikirleri, akylyň artykmaç taraplarynyň we görňüşleriniň habarlardaky beýany hakynda gürrüň edilýärýär. Umuman aýdanymyzda, ylmyň uly pälwany ajaýyp alym Muhammet Gazaly özüniň ölmez-ýitmez eserlerini diňe bir halka däl-de, eýsem tutuş adamzat nesline miras goýp giden ynsandyr. Ady dünýäniň dört çüňküne ýaň salan bu beýik alymyň eserleriniň geljekde türkmen diline terjimeçiler tarapyndan terjime edilmegine, alymlarymyz tarapyndan hemmetaraplaýyn öwrenilmegine garaşylýar. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |