22:59 Gadymy edebi nusgalar: Ergenekon | |
ERGENEKON
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türk illerinde Göktürkiň oky ýetmeýän, Göktürkiň goly ýermeýän bir ýerem ýokdy. Göktürkler hökümdardy. Bu ýagdaý bolsa beýleki ähli kowumlara ýaramaýardy. Üstesine-de, olar Göktürkleri halamaýardylar. Olar bir ýere ýygnalyp maslahatlaşypdyrlar hem türklerden öç almaly diýen karara gelipdirler. Olaryň üstüne ýöriş edipdirler. Munuň garşysyna Göktürkler-de çadyrlaryny we sürülerini bir ýere toplapdyrlar. Töweregine-de hendek gazyp berkidipdirler. Duşman gelende-de söweşe girişipdirler. Söweş 10 gün dowam edipdir. Ahyrda Göktürkler üstün çykypdyrlar. Göktürkleriň bu ýeňişine duşman toparlar gaty gaharlanypdyrlar, aw awlaýan ýerlerine toplanyşypdyrlar hem-de özara geňeş edipdirler: “Göktürklere hile gurmasak, biziň işimiziň soňy örän ýaman bolar” diýipdirler. Bu maslahatdan soň, daň agarynça misli bosguna düşen ýaly bolup, derde ýaramaýan mallaryny taşlap, duşmanlar gaçyp başlapdyrlar. Myny gören Göktürkler: “Duşmanlarymyza söweşmäge hal galmady, olar gaçýarlar” diýip pikir edip, olaryň yzlaryna düşüp, kowup başlapdyrlar. Duşmanlar bolsa yzlaryndan ýetip gelýän Göktürkleri gören batlaryna, birden yzlaryna dönükdirler. Göktürkleriň üstlerine gapyllykda dökülipdirler, urşup başlapdyrlar. Duşmanlar üstün çykypdyrlar. Göktürkler ýeňlipdirler. Duşmanlar Göktürkleri urup – ýenjip, öldürip, olary çadyrlaryna çenli kowup gelipdirler. Çadyrlaryny we mallaryny şeýle bir paýhynlap talapdyrlar, hatda ýekesem abat galmandyr. Uly adamlaryň ählisini gylyçdan geçiripdirler, kiçileri bolsa gul edip we olaryň hersini öz öýlerine alyp gidipdirler. Ol zamanlar Göktürkleriň başynda Ilhan han bolup oturypdyr. Ilhanyň-da köp ogullary bolupdyr. Ýöne onuň ogullarynyň ählisi diýen ýaly bu söweşde gyrylypdyr. Ýalňyz Kaýan atly iň kiçi ogly sag – aman galypdyr. Kaýan (Gaýy han) şol ýyl öýlenipdir. Ilhanyň Tokuz (Dokuz oguz) atly-da bir ýegeni bardy. Kaýan bilen Tokuzyň (Gaýy bilen Dokuz oguzyň) ikisi – de duşmana ýesir düşüpdir. Ýöne on gün geçmenkä, olaryň ikisi-de aýallaryny hem ýanlaryna alyp, atlanyp, bir gije duşmanlardan gaçypdyrlar hem ýesirlikden gutulypdyrlar. Olar Göktürkleriň gadym ýurduna gelipdirler. Azaşan han ýowdan gaçyp gaýdyp gelen dört dürli malyň dördüsindenem kän mal toplapdyrlarda ikisi oturyp, geňeş edipdir: “Eger haýsydyr bir ile baraly diýsek, dört tarapymyzdaky illeriň barysy bize ýagy. Eger hiç ýere gitmän ýurdumyzda oturaly diýsek, her bir öten geçen duşmana gabat gelmän oturyp bilmeris. Şonuň üçin iň gowusy, hol oturan daglaryň arasyndan adamyň ýoly düşmeýän, aýagy sekmeýän bir ýeri gözläp tapalyň” diýip, mallaryny sürüp, dagyň içine göçüp gidipdirler. Olar belent daglaryň içine suwuň akýan ugry bilen barypdyrlar. Dagyň üstüne çykyp, onuň arka ýüzüne düşüpdirler. Soňra ol ýerleri oňat aýlanyp görüpdirler. Özleriniň gelen ýolundan özge bu ýere hiç bir ýol ýokdy. Ol hem şeýle bir dar ýoldy, bir düýe ýa-da at örän kynlyk bilen ýörejekdi. Eger aýagyny sähel nädogry basaýsa, para – para bolup gidäýmelidi. Dagyň içindäki jülgäniň giňliginiň çägi ýokdy. Akar suwlar we çeşmeler dürli dümen otlar hem miweli daragtlar, her hili awlar köpdi. Bu ýeri gelip görenlerinden soň, olar Taňra köp şükür edipdirler. Gyşyna mallaryň etini iýipdirlar. Ýazyna süýdüni içipdirler. Bu ülkäniň adyna Ergenekon diýip at goýupdyrlar. Kaýan bilen Tokuz (Gaýy bilen Dokuz han) iksi bu ýerde kän zamanlar ýaşapdyrlar. Olaryň köp çagalary bolupdyr, Kaýanyň çagalary örän kändi. Tokuzyň bolsa çagalary ondan azdy. Kaýanyň öwladyna Kaýat diýipdirler. Tokuzyň öwladyna iki at goýupdyrlar. Birine tokuzlar, beýlekisine durulganlar diýipdirler. Köp zamanlar bu iki kişiniň nebereleri Ergenekonyň içinde ýaşapdyrlar. Uçlary uzapdyr, ýanlary ýaýylypdyr. Her jemagat başga – başga umak bolupdyr we urug adyny göteripdir. Taňry buýursa, bularyň ählisini aýdyp geçmegimiz gerek. Umagyň manysy sungak (süýek - süňk) diýmekdir. Türk halky bir kişiniň aslyny sorasa “Umagyň näme” diýer ekeni. Bu süýegiň näme diýmekdir. Olar dört ýüz ýyldan gowrak wagt Ergenekonyň içinde oturypdyrlar. Mallary hem özleriniň baş sany şeýle bir köpelipdir. Soňabaka olar ol ýere sygmandyrlar. Şonuň üçin, olar bir ýere ýygnanyp, geňeş edipdirler. Şonda olar: “Atalarymyzdan eşidipdik, Ergenekonyň daşynda-da giň ýerler, oňat ýurtlar bolmaly. Gadym zamanda ol ýerler biziň ýurdymyz ekeni. Tatar başlyklaýyn özge iller gelip, biziň urugymyzy gyryp, ýurdumyzy elimizden alan ekeni. Taňra şükür, indi bu eýýamda biziň başymyza olar ýaly agyr ýagdaý düşmez. Duşmandan gorkup, dag içinde gabalyp otyrys. Gowusy, daglaryň arasyndan ýol gözläp tapalyň-da, bu ýerden göçüp gideliň. Ergenekonyň daşynda kim biziň bilen dost bolan bolsa, olar bilen görşeliň, duşman bolsa göreşeliň” diýipdirler. Barçlar sözi makul bilip, çykmaga ýol gözläpdirler, emma amatly ýol tapmandyrlar. Ergenekonyň ilki gelenlerindäki suwuň algyt ugry bolan geçit hem dagyň gaýasy ýykylyp, daş togalanyp tekizlenen ekeni. Ol zamanda bir demirçi ussa : “Bu dagyň bir gaýasynda demir käni bar, ol gaýa ýeke gata meňzeýär. Şol demir gaýany eretsek, ýol bolar” diýipdir. Ol ýere baryp görüpdirler. Demirçiniň aýdan sözlerin makul bilipdirler. Dagyň şol gaýasyna bir gat odun, bir gat kömür üýşürip başlapdyrlar. Dagyň üstüni, aňry ýüzüni we bäri tarapyny şeýdip doldurypdyrlar. Soňra ýetmiň deriden körük ýasap, onuň ýetmiş ýerinde gurupdyrlar. Üýşürilen odunlary hem kömürleri ýakyp başlapdyrlar. Hudaýyň gudraty bilen dagy gyzandan soň, demir gaýa eräp akyberipdir. Dap böwsülipdir. Ýükli düýe geçer ýaly ýol açylypdyr. Şol keramatly ýylyň keramatly aýynyň keramatly gäniniň keramatly sagadynda Göktürkler Ergenekondan çykypdyrlar. Olar şol aýy, şol güni, şol sagady gowy belläp alypdyrlar. Şondan soňraşol keramatly gün Göktürkler üçin uly baýram galypdyr. Her ýyl şol gün gelende, uly toýlar tutulypdyr. Bu toýlarda bir bölek demir alyp, otda gyzdyrypdyrlar. Soňra – da gyzdyrylan demri ilki Göktürküň hany gysaç bilen tutup, sandalyň üstüne goýup, çekiç bilen urupdyr. Ondan soňra beýleki türk begleri, ähli il – ulus ýaňky hereketi gaýtalap, baýramçylyk başlanypdyr. Ergenekondan çykan mahallary Göktürküň hany Kaýan han (Gaýy han) nesilden bolan Börteçine ekeni. Börteçine ähli illere ilçi iberipdir we Ergenekondan çykyp gelendiklerini habar beripdir. Muny birnäçeler gowy görüpdirler, birnäçeler bolsa ýaman görüpdirler. Gowy görenler baş egip, boýun bolupdyrlar, gowy görmän garşy çykanlar bilen söweşipdirler. Göktürkler üstün çykypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |