00:49 Ýar gelmedimi bu ýere? | |
ÝAR GELMEDIMI BU ÝERE
Goşgular
Mukamdan seri ýadap, Tar gelmedimi bu ýere? Aýt, söwüt, meni idäp, Ýar gelmedimi bu ýere? Eý, adam, dowla düşen, Tur hany bili guşan, Ol Muhammetden düşen, Nur gelmedimi bu ýere? Syrymy ilden gizleý, Derdimi kime sözleý, Namysy gözleý-gözleý, Ar gelmedimi bu ýere? Goraglap ýelden-ykdan, Taňry bar edip ýokdan, Meni asmaga gökden, Dar gelmedimi bu ýere? Ýol tapmadym, tapmadym şan, Bolup munda bir gury san, Kengan ezizi Ýusup jan, Zar gelmedimi bu ýere? Gülemde günde erän, Aglamda meýlis guran, Gara maňlaýa syran, Gar gelmedimi bu ýere? Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |