04:17 Bahar geler | |
BAHAR GELER
Goşgular
![]() Bahar geler dag silleri, Daşlarda heýjan mahaly. Gijäniň argyn ýelleri, Säherde güýjän mahaly. Rakybyň sowuk elleri, Bagrymy myjan mahaly. Owazdan bezän ýazlagy, Ak guşlar irinmez maňa. Gorkunç yşykly gözleri, Albassy sürünmez maňa. Jynlaryň aýak yzlary, Baharda görünmez maňa. Nije baharlar gül açdy, Hem solup gitdi dessine. Durnalar ýat ile göçdi, Hiç gelip bilmän essine. Sergezdan bulutlar geçdi, Köýnegin sykyp üstüme. Bu pasyl gülleriň gaýyp, Soň ýeri guçup ýatmasy. Awara şemalyň taýyp, Saçymy ýaýyp ötmesi. Örtär meni solgun aýyň, Uzakda ýaşyp gitmesi. Bahar gül edip öz ömrün, Meýdana serýän ýaly ol. Hoşlaşýar gözleri nemli, Hasratym görýän ýaly ol. Göwnüme biziň bu ömri, Uzaldyp barýan ýaly ol. Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |