03:41 Bozdepe | |
BOZDEPE
Taryhy ýerler
Güneşli ýurdumyzyň iň gündogar nokady bolan Hezretaksar belentliginden günbatara tarap uzap gaýdýan Köýten jülgesi Köýten obasynyň merkezinden ugruny günorta tarap gönükdirýär. Şu ýerde obany iki bölege bölüp akýan Köýten derýasynyň sag kenarynda tebigy belentligiň üstünde Bozdepe arheologiýa ýadygärligi ýerleşýär. Bu ýadygärligiň uzynlygy 80 metr, ini 40 metr, beýikligi 25 metr bolup, gojaman taryhyň iki ýarym müň ýyla golaý wagtynyň syrlaryny özünde gizleýär. Soňky ýyllarda Köýtendag sebitiniň ýadygärlikleri arheologlar tarapyndan çuňňur öwrenilýär. 1960-njy ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň alymlary Sankt-Peterburgyň arheologiýa institutynyň hünärmeni A.M.Mandelştamyň ýolbaşçylygynda Lebap welaýatynyň, şol sanda Köýtendag etrabynyň arheologik ýadygärliklerini öwrenmäge girişýärler. Ylmy topar Amyderýanyň sag kenaryndan tä Köýtendaga çenli aralykda ýerleşýän antik we kuşan döwürlerine degişli ýadygärlikleriň 20-sini hasaba alýar. Arheologlaryň bu ylmy gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, Watanymyzyň gadymy medeniýetiniň taryhyny öwrenmäge degişli baý arheologik gymmatlyklar ýüze çykarylýar. 1966-njy ýylda Türkmenistanyň arheologik kartasyny döretmek maksady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instituty Amyderýa arheologiýa-barlag toparyny düzýär. Topar tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän arheologiýa ýadygärlikleriniň hemmesini hasaba almak we öwrenmek işi amala aşyrylýar. Toparyň agzalary Amyderýanyň sag kenarynda Lebap welaýatynyň Farap etraby bilen Kelif şäherçesiniň arasyndaky ululy-kiçili arheologiýa ýadygärlikleriniň 40-syny öwrenýärler. 1970-nji we ondan soňky ýyllarda Köýtendag sebitine arheologiýa gözleg saparlary ýene-de guralýar. Amyderýa arheologik ylmy-barlag toparlarynyň düzümine arheolog-numizmat alymlar T.Hojanyýazow, W.N.Pilipko, I.S.Masimow, G.Gutlyýew, S.Hemragulyýew dagy tarapyndan Köýtendag etekleriniň taryhyny öwrenmekde örän ähmiýetli işler amala aşyrylýar. Bu ylmy saparlaryň netijesinde, arheologiýa maglumatlarynyň esasynda alym T.Hojanyýazowyň «Çärjew oblastynyň arheologik ýadygärlikleri» atly kitapçasy çap edilýär. Bu kitapça Lebap welaýatynyň arheologiýa ýadygärliklerini öwrenmekde häzir hem möhüm ähmiýete eýedir. Köýtendagyň arheologiýa ýadygärlikleri baradaky maglumatlar W.N.Pilipkonyň «Demirgazyk-Günbatar Baktriýanyň oturymly ýerleri» atly kitabynda hem giňden beýan edilýär. Bu ylmy işde sebitde ýerleşen ýadygärlikleriň sanawy, şeýle hem olardan tapylan teňňelere we beýleki maddy gymmatlyklara häsiýetnama berilýär. Bu işlerde Bozdepe arheologiýa ýadygärliginiň ýaşy Gadymy Baktriýa döwründen mongol-tatar basybalyşlaryna çenli aralyk diýlip kesgitlenýär. Bozdepe Gadymy Baktriýa döwründe irki ýaşaýyş mesgeni bolan bolsa, Kuşan döwründe Köýtendagda ekerançylyga giň gerim berlipdir. Dag-magdan işi ýola goýlupdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegine şert döredilenden soň, merkezi dolandyryş galalarynyň birine öwrülipdir. Onuň belentliginde Beýik Ýüpek ýolunyň gorag garnizony ýerleşip, ýoluň Täze çarwa, Saýat, Köýten, Garagaç obalarynyň üstünden geçýän ýerlerine doly gözegçilik edilýär. Bilşimiz ýaly, Çingiz han Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça çozuş edip, ýoluň ugrundaky kerwensaraýlardyr beýleki medeniýet ojaklaryny ýok edipdir. T.Hojanyýazowyň «Çärjew oblastynyň arheologiýa ýadygärlikleri» atly kitabynda belleýşi ýaly, şol wagt Köýtendagda Monjukdepe-I, Monjukdepe-II, Tylladepe, Küldepe, Handepe, Korgança, Pultapdy depe, Şordepe diýlip atlandyrylýan kerwensaraýlar bilen birlikde Bozdepe hem ýaşamagyny bes edipdir. Elbetde, wagt geçýär. Köýtendag sebiti hem dürli wagtlarda Timurylaryň, Şeýbanylaryň, Astarhanylaryň döwleti ýaly dürli döwletleriň çäginde bolýar. Bu döwletleriň döwründe hem Köýten jülgesinden geçýän kerwen ýoly täzeden dikeldilýär. Şol döwürde hem Bozdepe kerwen ýoluna hyzmat edýän galalaryň biri bolan bolsa gerek. Çünki häzirki döwürde Bozdepäniň üstünde Imam Rabbani ata, oňa golaýda Mürze Bidil ata zyýaratgähleri ýerleşýär. Taryhy maglumatlarda beýan edilişine görä, Ymam Rabbany Ahmet Faruk Sarhandi (käbir kitaplarda Sirhindi) 1563-nji ýylda Hindistanyň Sarhand şäherinde eneden bolup, 1624-nji ýylda aradan çykýar. Ol beýik yslam alymlarynyň 23-nji halkasynda durýan meşhur akyldar hasaplanýar. Aýtmaklaryna görä, Ymam Rabbany Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen Köýten jülgesine gelende, häzir «Kepderhana» diýlip atlandyrylýan jarlak oýuň ýerinde ýerleşen myhmanhanada düşläpdir. Ol gije ýatyrka, «bu ýerde ýatyp bolmaz» diýen pikir bilen derýanyň sag kenaryna — Bozdepedäki myhmanhana geçip ýatypdyr. Şondan soň bolsa Kepderhanadaky myhmanhananyň aşagyndaky ýerasty köw çöküp, bu ýerde oý emele gelipdir. Alymyň bu öňdengörüjiligini bilen halk Bozdepäni alymyň hormatyna Imam Rabbani ata diýip atlandyrypdyr. Soňy bilen bu ýerdäki zyýaratgäh alymyň ady bilen baglanyşypdyr. Köýtendagda Beýik Ýüpek ýoly bilen baglanyşykly başga-da dürli rowaýatlar bar. Bu ýerde bir urugyň adyna «hündi» diýýärler. Öňler Hindistandan gelen kerwenlerde gullar we hyzmatkärler bolar eken. Kerwen düşlände, hojaýynlary myhmanhanalarda dynç alsa, hyzmatkärler öz kerwenleriniň ýanynda bolupdyr. Şondan soň bu urugdan örňänlere «hündi» diýipdirler. Köýtendagyň Saýat obasyndan sähelçejik gündogarda beýik gaýanyň üstünde bir zyýaratgäh bar. Oňa «Mürze Bidil ata» diýýärler. Köýtendaglylar bu öwlüýäni asly çagataý türkilerinden bolan, Hindistanda ýaşap, pars dilinde goşgy ýazan şahyr, alym Abdylhalyk ogly Mürze Abdylkadyr Bidil bilen baglanyşdyrýarlar. Adamlar 1644-1721-nji ýyllarda ýaşap geçen şahyryň bu ýerlerde bolup, görkezen ençeme keramatlary hakynda gürrüň edýärler. Bu gün ol ýerde adamlar ýagşylyk üçin keramat dileýärler. Görşümiz ýaly, Bozdepe arheologiýa ýadygärligi çuňňur öwrenilmegi zerur ýadygärlikleriň biridir. Ol häzir döwlet tarapyndan goralýar. Tölegen ISMANKULOW, Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |