18:57 "Köýtendagda Isgenderiñ yzy bar" | |
«KÖÝTENDAGDA ISGENDERIŇ YZY BAR»
Taryhy ýerler
Güneşli Diýarymyzyň iň belent gerşi bolan Aýrybaba gerşiniň golaýynda, Köýtendagyň çür depesinde Hoja Isfat ata zyýaratgähi ýerleşýär. Zyýaratgähiň gapdalynda, dagyň depesinde suwdan doly guýynyň golaýynda adam yzyna meňzeş yzyň bolmagy «Gudrat görseň, daglara bar» diýleni-dä» diýdirýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda bu hakda şeýle belleýär: «Dag ülkesine syýahatçylyk ugrunyň «Ertekilerdäki Köýtendag» diýlip atlandyrylmagy hem tötänleýin däldir». Il arasynda aýdylyşyna görä, Hoja Isfat ata uzak ýyllar mukaddes Käbä hyzmat edip, Alla wepalylygy isfat — subut bolan ýagşyzadalaryň biri bolupdyr. Şonuň üçinem halk arasynda: «Bu ýere üç gezek zyýarat eden adamyň hajy kabul bolarmyş» diýlen gürrüň bar. «Meşhur serkerde Isgender Zülkarneýn Köýtendaga gelende, bu ýerde onuň aýak yzy galypdyr» diýip rowaýat edýärler. Akademik M.Ý.Masson «Aşaky Kaşkaderýa welaýatlarynda paýtagt şäherler» atly kitabynda meşhur serkerde Aleksandr Makedonskiniň — Isgender Zülkarneýniň Amyderýanyň Kelif geçelgesini peýdalanandygyny ýazýar. Alymyň ýazmagyna görä, Isgender Zülkarneýn biziň eýýamymyzdan öňki 329-njy ýylda pars topragyna aralaşanda, Ahemini patyşasy Dariý III tarapyndan Baktriýa häkim bellenen Bess öz patyşasyny öldürip, özüni Dariý III diýip yglan edýär we Kelif geçelgesinden geçip, Kaşkaderýa ýerlerine gaçýar. Mundan habarly Isgender Bessi yzarlap, uly goşun bilen Kelif geçelgesine gelýär we Amyderýadan geçip, 30 müň adamly goşuny Bessiň yzyndan ugradyp, özi Kelifde galýar. Bessi tutup getirýärler we oňa Isgenderiň buýrugy bilen demirgazyk Baktriýada bir galada jeza berilýär. Käbir maglumatlara esaslansaň, şol galanyň häzirki Kerki etrabyndaky Mürzebeg gala bolaýmagy mümkin diýen pikire gelýärsiň. Mürzerbeg gala Amyderýanyň Kelif we Zemm geçelgeleriniň arasynda ýerleşip, ol geçelgelerden 30-40 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu galany öwrenen alymlar Mürzebeg galanyň ýaşyny gadymy Baktriýa döwründen mongol-tatar basybalyşlaryna çenli döwür diýip kesgitläpdirler. Häzirki döwürde ýedi gektardan hem köp ýeri tutup ýatan Mürzebeg galadan 1985-nji ýylda tapylan, häzir etrabyň 12-nji orta mekdebiniň muzeýinde saklanylýan, ellin medeniýetine degişli ýaş ýigidiň heýkeli bu ýerde grekleriň uzak wagt saklanandygyny tassyklaýar. Heýkeliň Köýtendagyň hek daşyndan ýasalmagy onuň hut şu ýerde ýasalandygyndan habar berýär. Akademik M.Ý.Masson agzalan kitabynda Isgenderiň biziň eýýamymyzdan öňki 327-nji ýyla çenli iki ýyl Badahşana we Hindistana ýörişine Kelifde taýýarlyk görendigini ýazýar. Netijede, Kelif şol döwürde harby we ykdysady taýdan ähmiýetli merkezleriň birine öwrülýär. Rus alymy W.W.Bartoldyň pikirine görä, Kelif yslama çenli döwürde dini merkezleriň biri bolupdyr. Bu ýerde Isgender Zülkarneýniň ady bilen bagly birnäçe jaýlar, ybadathanalar gurlupdyr. Gadymy döwürde «Isgender Zülkarneýn ähli baýlygy bilen Kelifde jaýlanypdyr» diýlen gürrüň hem ýaýrapdyr. W.W.Bartold bu rowaýata ynanan Sasany patyşasy Anuşirwanyň Kelifde uzak wagtlap netijesiz hazyna gözlegini geçirendigini ýazýar. Taryhçy Ş.S.Kamaliddinow «Arap ýazuw çeşmelerinde lX—Xlll asyryň başlarynda günorta Sogdynyň we Toharystanyň taryhy geografiýasy» atly işinde X asyrda Kelifiň çep kenar Amyderýa böleginde «Zül-Karneýn» metjidi, sag kenar Amyderýa böleginde bolsa «Zül-Kifl» metjidi bolup, olaryň arasynyň geçelge bilen üpjün edilendigini belleýär. Geçen asyryň 80-nji ýyllarynda Köýtendag etrabynyň 5-nji orta mekdebiniň baýry taryh mugallymy Işgurban Baýnazarowyň Kelifiň golaýynda täze açylan ekin meýdanlaryndan makedon goşunynyň esgeriniň tuwulgasyny tapmagy Isgenderiň goşunlarynyň bu ýerde bolandygyndan habar berýär. Köýtendaglylaryň arasynda Aleksandr Makedonskiý ýatlanylýan rowaýatlar az däl. Görşümiz ýaly, Isgender Zülkarneýniň yzlary diňe Köýtendagda däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzda hem görünýär. Ol gadymy halkymyzyň müdimi hakydasynyň keşbini janlandyrýar. Tölegen ISMANKULOW, Köýtendag etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň ýokary derejeli taryh mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |