21:54 Bukowskiden sözler | |
KÖÇELERIÑ ŞASY WE YKMANDALYKDAN BAGT GÖZLÄN BUKOWSKIDEN AFORIZMLER
Sözler
- Käte säher bilen ýerimden turamda oýlanýan: besdir indi diýýän, emme ýene şunuñ ýaly özüñi duýan pursatlarymy ýatlap içiñden hümürdeýän... - Adamlary hiç ýigrenjek bolup duramok, olar diñe gözüme görünmeseler özümi has oñat duýýaryn. - Söýgi ýokanç kesel ýaly, hiç wagt oñatlaşdyryp gitdiribermeýän keseldir. - Kimi söýýäniñi bil we goý ol seni öldürsin. - Eger birini söýýän bolsañyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiñiz. - Saña ynanmazlykda kynçylyk çekmegimiñ bir sebäbi bar, olam ýalan sözlemegiñ özüm üçin hiç zat däldigini bilýänim üçin.. - Bir gün irden oýanandygym we hemme zady terk edilen yşkyñ reñkine bulaşyp ýatandygyny görendigim ýadyma düşýär. - Ahlaksyz adamlar köplenç özlerini erkin duýýarlar, emma olaryñ aşa ýigrenji ýa söýgini duýmak ukyby ýokdur. - Dünýäniñ bar meselesi akylly adamlaryñ aladada gezip ýören wagty, akmaklaryñ hondanbärsi bolup ýörmeklerindedir. - Hemmämiz bir gün ölüp gitmeli, hut hemmämiz! Bu duran bir sirk!.. Hemmämiz biri-birimiziñ gadryny biläýjek ýaly, emma hiç bilerli däl. - Ownuk-uşak zatlardan ürküzülip, hiç zat tarapyndan hem iýilip gutarylýarys. - Käbir adamlaryñ däliremeýşine haýran. Olar neneñsi erbet durmuşda ýaşaýarlar, Alla bilsin... - Adamlar gaty geñ: Ownuk-uşak zatlara kelle agyrdýarlar, emma olar şeýdip gül ömürlerini kül edýändiklerini welin duýanoklaram. - Edebiýatsyz durmuşyñ dowzahdan tapawudy ýokdur. - Ruhuñyzy ýitirendigiñizi duýýan bolsañyz, onda häzirem ýitirjek ruhuñyzyñ barlygydyr. - Intellektual adam añsat zady kyn edip aýdar. Sungat adamsy bolsa kyn zady añsatja gürrüñ berer. - Bir gezek okyjylaryñ birinden Şekspiri halamaýandygym we meniñ ýazyp oñarmaýandygym hakynda gahar-gazaba ýugrulan hat gelip gowuşdy. Ýaşlar maña muşdaklyk edip Şekspiri okamazlyklary mümkinmişin we meniñ beýtmäge hakym ýokmuşyn. Gelen hatda şunuñ ýaly zatlar samahyllanyp ýürege-bagra düşülýärdi. Hata jogap bermändim. Emma indi şu setirler bilen jogap berýän: Bar owarra bolsana, alasamsygyñ biri diýsäni. Men asyl Tolstoýam halamasam näme. - Ýaramaz bir zat bolup gecse, unutjak bolup içersiñ, gowy zat bolup geçse gutlamak üçin içersiñ. Hiç zat ýok bolsa-da, heý bir zatlar bolmazmyka diýip içersiñ. - Hudaýyñ nirededigini bilmek isleseñ, alkaşdan sora. - Jynsy gatnaşyk: aýdym aýdyp durkañ ölümiñ syrtyndan basmakdyr. - Krandan damyp duran suwlar, pis osluklar, ýarylan tekerler ~ bularyñ hemmesi kalbyña ölümden has beter gussa berýär.. - Size wagtyny aýryp bilmeýän birine özüñizi bagyşlajak bolup durmañ. - Bilýäñmi näme, Meg, erbet zat bilen bize erbet diýip görkezilenleriñ arasynda tapawut bolmagy mümkin. Jemgyýet bize käbir zatlary erbet görkezip bendileşdirmäge çalyşýar. - Ilkinji goşgularym häzirki ýazýanlarymdan has liriki häsiýete eýedi. Ol goşgularymy halaýaryn, ýöne "Bukowskiniñ ilkinji goşgulary has gowudy" diýenlere goşulamok. Käbirleri bu barada tankydy makalalarynda, käbirleri bolsa özara gürrüñlerde agzap geçipdiler. Häzir okyjylarym men baradaky kararyny gönüden-göni ýakyndan berip bilýär. Häzirki ýazýan goşgularymda gozgajak meseläme has içgin ýönelip özüme ynanýan we ondan çykýan. Owalky we häzirki döredýänlerimiñ tematikasynyñ we many-mazmunynyñ biri-birinden has ýokarda ýa şowsuzdygyna ynanamok. Biri-birinden tapawutly, bar bolany. - Koloradoda üç ýyllyk azyk we içgi bilen üpjün edilen bir gowakda yaşamagy arzuw edýärdim. Syrtymy hem gum bilen süpürjekdim. Hemme zady şunuñ ýaly ujypsyz, bigaýrat we içgysgynç ýaşaýyşa çalyşmagy juda isläpdim.. - Gaçybatga çukurlarynda perişde bolmaz. - Zenan bolan bolsam jelep bolardym.. - Diñe dargursak adamlaryñ içi gysar. - Gideniñde aglarsyñ, aýdymlarda, kinofilmlerde, oña-muña, hemme zada aglar ýörersiñ. Aklyñ başyña aýlanan wagty bolsa, şunuñ yaly biderek zatlara wagtyñy giderip aglandygyña aglarsyñ. - Bu gijeler ýadaw halda işden soñ öýe gelip iýip-içmekden, uklap dynjyñy almakdan we oýanyp ýene-de iş gitmekden başga zada ýaramaýan ýaly.. - Öñler ýazmakdan başga näme etsem artygy bilen ederdim. Indi tersine: ýazýan, ýazýan we diñe ýazýan! - Humar oýnaman utaryn öýtme! - Gyzlar maña uzakdan özüne çekiji görünýärdi, göýä olaryñ lybaslarynda we saçlarynda Gün parlap dogýan ýalydy. Emma olara ýakynlaşyp dodaklarynyñ arasyndan çykýan bolgusyzlyklaryny eşdeniñde, eliñe ýarag alyp ýerastynda bir ýerde gizlenäýesiñ gelýär - Güle gonan kebelek bolanymdan poha gonan siñek bolanymy gowy görýärin. - Biri maña betnyşan görünýändigimi aýdanyndan soñra, kölegäni Güne, garañkylygy ýagtylyga çalyşdym. - Wagt unutdyrmaýar, öwrenişdirýär. - Pul hem edil jynsy gatnaşyk ýalydyr, bolmadygyça has köp özüne çekýär. - Durmuş şeýle içýakgyç zat: dymanyñda gürläñok diýýär, gürläniñde bolsa dymmadyñ diýip gaharlanýar. - Meni tanaýanlañ aýdyşy ýaly biri däl men. Hemişe erbet adamlary, kanuny bozýanlary, bihepbeleri söýdum. Işleri şowuna bolýan we sypaýy geýinen, galstukly kişileri hiç halamok. Umytsyz adamlary, dişleri gädik-gädik, üst-başy sal-sal, hiç zada çykalgasy galmadyk adamlary özüme has ýakyn duýýaryn, diñe şolar meniñ ünsümi çekýär. Olardan ymgyr kän zat öwrenmek mümkin. Joraplary süýnen, makiýažy akan, serhoş we agzy hapa zenanlary gowy görýän. Ýokary derejeli adamlardan beter ahlaksyz adamlar meni has köp özüne çekýär. Alasamsyklaryñ ýanynda janyma aram tapýan, çünki meniñ özüm hakyky alasamsyk. Kanunlary, ahlagy, dini, düzgün-tertibi halamok. Jemgyýetiñ meni özüçe dolandyrmagyny asla islämok. - Adamyñ ruhunyñ derisi ýokdur. - Söýgi ~ hakykatyñ ilkinji şöhlesiniñ garşysynda ýok bolup gitjek duýgudyr. Hakykat bolsa suwsuz-zatsyz iýilýän apelsindir. - Hemmeler dogulanda akylly bolup dogulýar, kemakyl bolubam jaýlanýar. - Häkimiýet hakykatdanam halkyñky bolanda hökümetleriñ geregi ýok. - Batyr adamyñ hyýaly güýji çäklidir. Gorkaklyk ýaramaz ýetişdirilmegiñ netijesidir. - Bolup geçýän şeýle bir zatlary görýäñ welin, adam bolup ýaşamakdan uly masgaraçylyk ýok ýaly bolup görünýär. - Adamlaryñ men hakynda näme pikir edýändiklerine üns bermänem on ýyl ömrümi uzaldandyryn. - Hasrat çekmek üçin alkaş bolmak ýa-da bir zenan tarapyndan terk edilmek gerek däl, emma hasrat çekip alkaş bolmak mümkin. - Ýaş wagtlaryñ üstünlik öz tarapyñda diýip düşünýänsiñ. Dogrusy käte señ tarapyñda hem bolýan wagty bar. Emma hemme zat şowunadyr öýdýän wagtlaryñda hem özüñ duýmazdan seniñ garşyña hereket edýän birtopar hasaplar we kanunlar bardyr. - Bir gije, petiş bir sişenbe gijesi ol aýdylýan alkaşa öwrüliberersiñ. Bir çilim tüsseletmekden, bir bulgur şerap içmekden, suwaglary gopum-gopum bolan diwarlaryñ ýüzünden bir jübüt göz, bir jübüt dodak gözlemekden başga zada ýaramarsyñ. - Saçymy daraýşym ýaly yüzümem darap biläýsedim.. - Bir gaplañy ele salyp ony kapasa salyp bilersiñiz. Emma ony boýun egdirendirin öýdüp pikir etmäñ. - Menem ujypsyz zatlardan bagtly bolup bilerdim, emma munça pohuñ içinden ujypsyz zatlary çykarasym gelenok. - Çyn dostuñ kimligini bilmek isleseñ, türmä girip çykaý. - Hassahanalar sizi hiç bir sebäpsiz öldürmek isleýän ýerlerdir. - Durmuş bilen sungatyñ arasyndaky tapawut: sungatyñ has çydamlylygyndadyr. - Hasrat duýmazlyk duýgularyñ gutarmagy diýmekdir. - Diri gezip ýören bir amerikan alkaşy maña ölüp giden grek hudaýlaryndan has ýakyndyr. - Ajaýyp pikirler we ajaýyp zenanlar hemişilek däldir. - Kadaly durmuşda ýaşamandygymy boýnuma alýan, ýöne maña meñzeşleriñem ýaşap biläýjek bir ýerleri bolmaly ahyryn.. - Dañdan sagat altyda sagadyñ sesine hasanaklap tur, egniñe çala-çula bir zatlar atyşdyr we hajathana girip çyk, ýuwun, dişiñi ýuw, saçyñy dara, özgelere baýlyk gazandyrmak we saña döredilen bu mümkinçiligiñ hatyrasyna minnetdar bolmak üçin nirädir bir ýerlere haýdaşyp barýan köpçüligiñ arasyna siñip git.. - Agajyñ şahasynda oturan guş şahanyñ döwülmeginden gorkmaz. Çünki ol agaja däl-de öz ganatlaryna bil baglaýar. - Biziñ iñ uly ýalñyşlygymyz töweregimizdäki her kimi "adam" hasap etmegimizdedir. - Haýsy gül başga güli "sary reñkde gülläpsiñ" diýip aýyplaýar? Haýsy guş "üýtgeşik uçýañ" diýip başga bir guşuñ öñüne böwet bolýar? Reñkini, dilini bahana edip nijeme adamlar öldürilýär. Ah, adamlar!. Hemme zady tapyp özüni tapyp bilmedikler.. - Eger iki kişiniñ arasynda galsañyz, onda ikinjini saýlañ. Çünki birinjini hakykatdanam söýýän bolsadyñyz, ikinji biri peýda bolmazdy. - Gymmatyny bildigimizçe ýitirýän adamlarymyz bar. - Edil häzir bagtly adamlar uklap ýatyr. Betbagtlara ýalkymly salam! - Iñ uly hasrat başgalar bilen paýlaşmaga bognuñ ysmadyk hasratyñdyr. - Sen ynamdan söz açýañ. Agzyndan bal akýan arynyñam syrtynda iññesi bar.. - Sögünç sözleri köp agzaýarmyşym. Eýse näme edeýin?! Durmuşymy "dula bakdyranlara" bagyşlap goşgy ýazaýynmy dagy?!. - Dymýaryn. Gürlesem düşünmezler. Şonuñ üçin dymyp düşünişilmegini makul bilýärin. - Hasratyñ üstünden gülmek sungat bolsa, men onda juda gymmatly sungat eseridirin. - Ses edip aglaýan aýalyñ gözýaşlary ony aglamaga mejbur eden adamyñ başyna geljek belalaryñ aşagyna basylan möhürdir. - Adamlaryñ seni iñ köp gowy gören wagty, seniñ olaryñ işine has köp ýaran pursatyñdyr. - Betbagt adamlar hemme zatdan doýgun bolýar, olar hiç zat edesleri gelmeýär. - Ah, dostlarym.. Boş adamlar bilen içi doly arzuwlary edip bilmersiñiz. - Gam çekme, oglum! Belki-de, ýitirendirin öýdýän zatlaryñdan halas bolansyñ. - Çarlaklara beren bulkalarym.. Pişijeklere içsin diýip öñünde goýan süýtlerim.. Hem saña beren ähmiýetim.. "Haýwanparazlyk" hut şu bolsa gerek! - Nirede bolmasam, şol ýer gözüme gowy bolup görünýär. - Başyny dik tutup bilýänlere ýitirmek uly urgy däldir. - Syrtyñdan urana gaharlanma, oña ynanyp arkaña geçiren özüñsiñ.. Arkañdan gürläne-de darykma, çünki ony adam ýerinde goýanam ýene özüñ ahyryn! - Halamadyk adamyñ bilen sypaýy gürleşen bolmagy siz medeniýetlilik diýýäñiz. Men bolsa ikiýüzlilik diýip düşünýän. - Kyn günleri ýeke özi aşan, hiç kimiñ ýoklugyny duýmaz. Çarlz BUKOWSKIÝ. Toplan: © Has TÜRKMEN | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |