18:50 Çarlz Bukowskiden pikirler | |
ÇARLZ BUKOWSKIDEN PIKIRLER
Sözler
Ol ençeme zenanlar bilen başly-barat ýakyn gatnaşykda bolupdyr, kän içipdir, geplände iki sözüniň biri paýyş söz ekeni. Ýene-de... Ol ýazypdyr. Ýiti. Kinaýaly. Çyn. “Men jemgyýetiň özümi özüne görä gaýtadan kesip-biçmegine ýol bermerin” diýip ol, bir gepinde aýdypdyr. Ömrünem şu ýörelgä eýerip ýaşapdyr. Kakabaş. Özdiýenli. Hötjet. Köp zat hakda özpikirli... 1920-nji ýylyň 16-njy awgustynda-ha doguldy. 1994-nji ýylyň 9-njy martynda-da aradan çykdy. 74 ýyl ömründe-de 45 kitap ýazdy – 6 roman, 7 hekaýalar ýygyndysy, 32 sanam goşgular ýygyndysy... • Öz bahaňyzy biliň Men bu dünýäni bütewiligine isledim ýa-da hiç zady. Siz özüňiziň mynasyp bolan ýa-da isleýän zadyňyzdan az zada razy bolmaly dälsiňiz. Gowudan-gowusyna ymtylyň hem-de sizi doly bagtly edýän zatdan başga hiç bir zady kabul etmäň. Soň hemişe ökünip ýörmek üçin, diňe aralyk netijelere boýunalyk bolup, siziň öz maksatlaryňyzdan ýüz öwürmegiňiz hiç hili manysy ýokdur. • Sapy çykýança ýaşaň Ölümiň özi gorkuly däl-de, adamlaň öz ömürlerini ölýänçäler ýaşaýyşlary gorkunç. Paraşýutly bökesiňiz gelýär-de, ýöne muňa hiç aýgyt edip bilmeýäňizmi? Diýmek bökmegiň pursaty ýetdi! Sungatyň taryhy boýunça okuw möwsümini geçesiňiz gelip ölüp barýarsyňyz-da, ýöne onuň öz durmuşyňyzda size gerek boljagyny bilmeýärsiňizmi? Şu günüň özünde okuwlara ýazylyň! Sizde diňe ony gönüden-göni şu wagtda ýaşamak mümkin bolan birje ömür bar. Çenden aşa giç bolýança garaşmak nämä gerek? • Özüňizi söýüň Men – özümde bolan ähli zatdan iň gowy güýmenje. Hiç kes kämil däl, bu hakykat, ýöne şeýle-de muň üçin öz-özüňi gemirmekde-de hiç hili many ýok. Her bir owunjak etmiş üçin özüňizi köteklemäni bes ediň we öz gowşaklyklaryňyza azajygam bolsa eglişik ediň. Bu öz-özüňi kämilleşdirmegiň üstünde işmeli däldigini aňlatmaýar, ýöne her neneňsi ýagdaý bolanda-da, özüňiziň iň uly janköýeri hem hemaýatkäri boluň. • Hasratdan heder etmäň, onsuz siz bagtyň nämedigini duýup bilmersiňiz Siz hakykatdanam ýaşamaga başlamakdan öňünçäsi birnäçe gezek ölmelisiňiz. Yza, gam, gahar, lapykeçlik, howsala – biziň durmuşymyzy zäherleýän we käbir ýagdaýlarda bizi gutarnykly betbagt edýän ýaramaz duýgular. Ýöne siz hiç haçan olaň gapma-garşylygyny bilmezden, durmuşyň bize hödürleýän ýagşy duýgularyna doly möçberde baha kesip bilmersiňiz. Şoň üçinem, haçan-da sizi göwnüçökgünlik eýelände, ýatda saklaň, bahym hemme zat üýtgär we iň garaňky pursatam atyp gelýän daňyň gözelligini has aýdyň görkezer. Çeşmesi: https://tengrinews.kz/mixnews/prostyie-istinyi-ot-charlza-bukovski-300542/. 23.05.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | |||
| |||