20:22 Çagalar edebiýatynyñ terjimesi | |
ÇAGALAR EDEBIÝATYNYŇ TERJIMESI
Söhbetdeşlik
Milli terjimeçilik sungatymyzyň ösmegi üçin giň şertler bar. Halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesiniň rowaçlyklara beslenmegi bu ugurda-da uly ähmiýet berýär, göwünlerimizi ganatlandyrýar. Halypalardan irginsiz öwrenesiň gelýär. Öwrendigiňçe-de, öwrenmeli zatlaryň kändigine göz ýetirýäň. Olar hakynda okyjylara ýetirmek isleýäň. Döredijiligiň dürli ugurlarynyň terjimeçilikdäki aýratynlyklary barada bilmek ýaşlar üçin has-da täsirli bolar — diýip «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň şu gezekki sanynda çagalar edebiýaty we onuň terjimesi dogrusynda söhbetdeşlik taýýarlamagy makul bildik. Bu babatda döredijilik hem durmuş tejribesi ýetik halypa, merhum şahyr Kasym Nurbadow bilen taýýarlanan iň soňky söhbetdeşligi size ýetirýäris. — Halypa, söhbetdeşligimizi terjimeçilik sungatynda çagalar edebiýaty bilen bagly bitirilen işler hakyndaky gürrüňlerden başlaýsak! — Çagalar edebiýatynda terjime bilen bagly kän işler bitirildi. «Don Kihotyň başdan geçirenleri», «Gulliweriň syýahaty» ýaly irki döwürde edilen terjimelerden başlap, soňky döwürlere çenli bitirilen işleri sanamaga wagt gerek. Türkmen çagalar edebiýatynyň dünýä derejesine ýetmeginde şol terjime eserler her bir döredijilik adamy üçin mekdep bolup hyzmat etdi. Çeper terjimäniň sungat derejesine ýetmeginde terjimeçä köp zatlar bagly. Terjimeçi çeper eseri terjime edýän bolsa, ilkinji nobatda, onuň ýazyjylykdan — goşgy terjime edýän bolsa goşgudan, kyssa terjime edýän bolsa kyssadan başy çykmaly. Özüň goşgudyr kyssa eserleri ýazyp bilýän bolsaň has gowy. Mesele şunuň bilen gutarmaýar. Her bir terjime edýän eseriň, ilkinji nobatda, öz döredijilik dünýäň bilen sazlaşmaly, ol eseriňdäki many-mazmun, söz öwrümleriň ruhy dünýäň bilen gabat gelmeli. «Şuny terjime etmeli» diýleni bilen, islendik eseri terjime edip bilersiň, emma ol döredijilik ruhuňa laýyk gelmeýän eser bolsa, hakyky manysyndaky terjime bolup çykmaýar. Ýöne zehinli şahyryň ýa-da kyssaçynyň aňrybaş bolmadyk eseri hem ussatlyk derejesine ýetirip terjime edip bilýändigini unutmak bolmaz. Şonuň ýaly, aslynda diýseň çeper ýazylan eseriň terjimesi gowşak bolup hem biler. Ol terjimeçiniň ukyp-başarnygyna bagly. Terjimeçilik sungatynyň şular ýaly birtopar inçelikleri bar. — Türkmen edebiýatyna soňky gelen ýaş terjimeçiler, olaryň döredijiligi barada nämeler aýdyp bilersiňiz? — Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde, ylaýta-da, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda dürli dillerden bilim alýan talyplaryň dünýä edebiýatynyň nusgalaryndan edýän terjimeleri soňky döwürde ýygy-ýygydan peýda bolýar. Bu begendirýär. Her bir eseri öz ýazylan dilinden terjime etmek has ygtybarly bolýar. Çünki başga bir dile terjime edilende, onuň ilkibaşdaky görnüşiniň birazajyk hem bolsa üýtgedilmegi bolup bilýän ýagdaý. Ýöne welin şony terjime edýän terjimeçi dünýä edebiýatynyň bir nusgasyny öz diline geçirende, terjimäniň çeperçilik gymmaty taýyndan şol eseriň awtorynyň derejesini saklamagy başarmaly. Ýogsa ol hakyky çeper terjime bolmaýar. Türkmen dilini bileni bilen her bir adamyň goşgy ýa-da beýleki bir çeper eseri ýazyp bilmeýşi ýaly, dil bilýän islendik adam beýleki dilden çeper terjime edip bilmez. Şonuň üçin ýaşlar tarapyndan edilýän şol terjimeleri çeperçilik taýdan syntgylamak, gözden geçirmek üçin terjimeçilik sungatynda köp çorba sowadan ussat terjimeçileriň hyzmatyndan peýdalanmak gowy netije berer. «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň ýaş terjimeçileri ýetişdirmekde alyp barýan işleri hem oňlanylmaga mynasyp. Her gezekki sanynda berilýän terjime eserlerini okap, ýaş terjimeçileriň täze nesliniň kemala gelýändigine ynanmaga umyt döreýär. Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabyndan M. Magtymowyň A. S. Puşkiniň goşgy bilen ýazylan «Altyn horaz hakynda ertekisini» terjime etmegi, elbetde, şeýle ynamy has-da berkidýär. Ýöne öňki aýdyşym ýaly, bular ýaly çeper terjimeler hem ussat terjimeçileriň elinden geçse, has-da gowy bolar. — «Çagalar şahyry» ýa-da «çagalar ýazyjysy» diýilmegine nähili garaýarsyňyz? — «Çagalar şahyry» ýa-da «çagalar ýazyjysy» diýilmegine bolmalysy ýaly garaýarys, okyjylaryň hem oňa şeýleräk manyda garamagyny isleýäris. «Çagalar ýazyjysy» diýilse, ol diňe çagalara hyzmat edýän ýazyjy diýip düşünmeli däl, çagalar ýazyjysyny ata-eneler hem, mugallymlar hem, umuman, her bir uly ýaşdaky adamlar öz ýazyjysy hasap etmeli. Şolaryň eserleri bilen öz çagalaryny terbiýelemeli. Ýeri gelende, ýene bir möhüm zady aýdalyň. Edebiýaty «çagalar edebiýaty», «ulular edebiýaty» diýip bölmek, aslynda, şertleýin düşünjelerden ugur alýar. «Çagalar edebiýaty» diňe çagalar üçindir diýip düşünmek bolmaz. Oňa diňe çagalaryň durmuşy bilen bagly eserler, şeýle hem çagalaryň aňýeter derejesindäki eserler diýip düşünmek bolar. Çagalar üçin goşgularda, hekaýalarda diňe çagalaryň özleri, öz durmuşlary beýan edilmän, eýsem, olarda ulular hakynda hem aýdylýar ahyryn. Şeýle bolsa oňa ululara degişli eser diýmelimi?! Çagalar edebiýatynda çagalar üçin we çagalar hakynda eserler bolup bilýär. Çagalar üçin eserler, köplenç, öwüt-nesihat, didaktiki häsiýetli bolup, olarda çaga eýt, eýtme, beýt, beýtme... diýlip öwüt berilýär. Türkmen çagalar edebiýatymyzyň ilkinji ädimleri, köplenç şu ugurdan gözbaş alsa-da, soň-soňlar, esasan hem, ýetmişinji ýyllardan başlap çagalar edebiýaty, ylaýta-da, onuň şygryýet žanry gönümellikden saplanyp, goşgularda söz öwrümleriniň, many öwüşginleriniň üsti bilen täzeçe pikir ýöredilip başlandy. Olar çagalaryň pikirleniş derejesinde beýan edilse-de, şol eserlerde çagalaryň geň-enaýy häsiýetleri ýüze çykarylmak arkaly, ulularyň hem aýratyn gyzyklanyp okaýan eserlerine öwrüldi. — Çagalar edebiýatynyň aýratynlyklary terjimeçilik işinde nähili tapawutlandyrylmaly? — Haýsydyr bir terjime edilen goşgyny ýa-da poemany okap, ony kimiň terjime edendigini görmezden, şol eseri haýsy şahyryň terjime edendigini bilip bolýan halatlary az bolmaýar. Bu ýagdaý terjimeçi bilen awtoryň bir gulakdan göçýändiginden habar berýär. Bu ýagdaý terjimeçiniň terjimä ikinji derejeli zat hökmünde garamaýanlygyny ýüze çykaryp, ol terjimä hem öz eseriň ýaly garamalydygyny aňladýar. Eseriň terjimesi bilen asyl nusgasynyň bitewüligi şundan ybaratmyka diýýärin. Bu diňe bir çagalar edebiýaty üçin däl, eýsem, umumy edebiýat üçin mahsus bolmaly zatdyr. — Daşary ýurt edebiýatyndan haýsy ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini terjime etdiňiz? — Ýeke-ýeke atlandyryp durjak bolsak köp wagt alar. Dünýä belli çagalar şahyrlarynyň ýüz töwereginiň eserlerini terjime edendirin. Şolaryň arasynda meşhur rus çagalar şahyrlary S.Mihalkowyň, S.Marşagyň, A.Bartonyň, W.Berestowyň, W.Stepanowyň, lak şahyry Nuratdin Ýusupowyň, täjik şahyry Ubaýd Rajabyň, iňlis şahyry Alan Milniň, moldowan şahyry Grigore Wiýerunyň, ýewreý şahyry Owseý Driziň, siriýaly şahyr Süleýman al-Isanyň, kubaly şahyr Mirta Agirräniň, afrikaly şahyr Mariýa Žanna Karonyň, eýranly şahyr Mustafa Rahmandustyň, çuwaş şahyry Mihail Sanieliň, belarus şahyry Iwan Muraweýkonyň, azerbaýjan şahyry Hikmet Ziýanyň, saha (ýakut) şahyry Iwan Migalkiniň, tatar şahyry Şöwket Galiýewiň, gazak şahyry Äkim Yskagyň, özbek şahyry Barot Isroiliň, garagalpak şahyry Halmyrat Saparowyň we beýlekileriň şahyrana eserleri bar. Olaryň köp goşgulary, poemalary, şygyr bilen ýazylan ertekidir matallary dürli ýyllarda neşir edilen «Täsin agaç», «Topragyň ysy», «Çopan Rabadan» ýaly ýygyndylaryň dürli ýyllarda neşir edilen gazet-žurnallaryň üsti bilen ýaş okyjylara ýetirildi. Şu ýerde şuny aýdasym gelýär: şol terjime edilen goşgulary öz döredijilik ruhuma kybap gelýändigi üçin terjime etdim. Ony sen terjime edeýin diýip edeňok, özi terjime edilýär. Bu goşgy ýazaýyn diýip ýazylman, goşgynyň özüniň biygtyýar ýazylyşy ýaly bir zat. Şeýle terjimeler haýsydyr bir buýrma esasynda edilen terjimeden şowly çykýar. Döredijiligi nätanyş şahyryň bir goşgusyny terjime edeniň bilen ozaldan döredijiligi bilen gyzyklanyp ýören şahyryň goşgusyny, poemasyny terjime edeniň deň däl. Terjime etjek eseriň seniň ruhy dünýäň bilen sazlaşykly bolanda terjime edip bolar. — Terjime eden eserleriňiziň awtorlary bilen ýüzbe-ýüz duşuşanlaryňyz barmy? — Rus şahyrlary Sergeý Mihalkow, Walentin Berestow, Ýakow Akim, Sergeý Baranow, Wladimir Stepanow, täjik şahyry Ubaýd Rajab, lak şahyry Nuratdin Ýusupow, gumuk şahyry Bagautdin Ajiýew, ukrain şahyry Anatoliý Kaçan, özbek şahyry Barot Isroil, azerbaýjan şahyry Hikmet Ziýa, gyrgyz şahyry Kiýalbek Urmanbetow, moldowan şahyry Wasile Romançuk, gazak şahyry Äkim Yskak, saha (ýakut) şahyry Iwan Migalkin... bilen bolan ýüzbe-ýüz duşuşyklar, dostluk gatnaşyklary hiç haçan unudylmajak pursatlardyr. Şular ýaly duşuşyklar, söhbetdeşlikler iki tarap üçin hem bähbitli bolup, olar döredijilikde täze-täze gözleglere badalga berýär. — Çagalar edebiýatyna bagyşlanyp dürli ýyllarda geçirilen halkara duşuşyklardan käbir pursatlaryýatlaýsaňyz. — Her ýylyň ýazky dynç alyş möwsüminde geçirilmek däbe öwrülen Halkara çagalar kitap hepdeliklerine segseninji ýyllarda yzygiderli gatnaşdym. Russiýada, Belarusda, Ukrainada, Estoniýada, Litwada, Dagystanda geçirilen şolar ýaly hepdeliklere, köplenç, meşhur çagalar şahyrlary Nury Baýramow, Gurban Çöliýew dagy bilen bile gatnaşmak miýesser etdi. Doganlyk halklaryň çagalarynyň öňünde öz goşgularymyzy okap çykyş ederdik, döredijilik duşuşyklaryny geçirerdik, şeýle duşuşyklaryň hiç biri-de ýatdan çykanok. Şwesiýada, Owganystanda Magtymgulynyň günlerini geçirmäge gatnaşdyk. Şol ýerlerde ýaşaýan türkmenler bilen bolan duşuşyklar, olaryň akyldar şahyrymyzyň döredijiligine bolan gyzyklanmalary, ata Watanlaryna bolan çäksiz söýgüleri baradaky söhbetleri Magtymgulynyň döredijiligine, dogduk Diýaryňa bolan söýgini has-da artdyrýar. — Halypa-şägirtlik mekdebi dogrusynda öz durmuşyňyz bilen bagly gürrüňleriňizi diňlemek hem gyzykly bolardy. — Halypa-şägirtlik meselesiniň çeper döredijilikde aýratyn inçe taraplary bar. Ussaçylyk kärini öwrenjek bolýan ýaş oglana tejribeli ussa öz hünärini öwredip biler. Onuň bilen bile işläp, ýalňyşan ýerinde säwliklerini düzedip, ýola salyp biler. Dutar ýasamakda-da, içmek tikmekde-de, saç bejermekde hem şägirt halypadan köp zatlary öwrenip biler. Emma men şahyr boljak diýip, bir şahyryň ýanyna baranyň bilen, sen onuň hakyky manysyndaky şägirdi bolup bilmersiň. Şahyrçylyga, ilkinji nobatda, elbetde, zehin gerek. Galyberse-de, şahyrçylyk duýgy arkaly, öz-özlügine-de ýüze çykýar. Özüňde şolar ýaly duýgynyň bardygyny syzdyňmy, şony dowam etmeli. Nädip? Eger seni döredijilik öz erkiňe goýmaýan bolsa, onda kitap okamaly, seriňi çeper esere bermeli, döredijilikde-de goşgy ýazmaga ýykgyn etseň, onda-da kitap seniň aýrylmaz hemraň bolmaly, goşguly kitaplary has köpräk okamaly. Özüm barada aýtsam, Mämmet Seýidowyň çagalar goşgulary aýratyn täsir edensoň, şol goşgularda öz aýtjak bolýan zadymy göremsoň, olary okap, olardan öz sesimi eşidemsoň, köplenç, Mämmet aganyň çagalar üçin kitaplaryny elimden aýyrmadym. Şonuň üçin Mämmet Seýidowy halypam diýip çekinmän aýdyp bilýärin. Onuň bilen ilkinji döredijilik gatnaşygymyz şeýle başlandy. Uniwersitetiň soňky kursunda okaýarkam, ýaş ýazyjylaryň maslahatyna ýygyndymy hödürläpdim. Ony Mämmet aga okapdyr hem belliklerini edipdir. Golýazmany häzire çenli şahsy arhiwimde saklaýaryn. Onuň daş ýüzünde Mämmet aganyň owadan haty bilen «Yhlasly dowam etse, şu oglandan çagalar şahyry çykmagy mümkin» diýip, ýazan sözlerini şu günler okasam hem maňa ol halypalyk ýoluny salgy berip dur. Şu zatlary diýmek bilen, şahyrçylykda halypa-şägirtlik diýen zadyň ýönekeý bir zat däldigini aýtjak bolýaryn... Uniwersiteti tamamlap, on ýyllap obamyz Garadepedäki 10-njy orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işledim. Çeper döredijilik gurnaklaryny gurap, okuwçylarymyň edebiýata höwes bildirýänlerini oňa çekdim. Emma olaryň arasyndan hem diňe bu ugra duýgusy dartan okuwçylar saýlandy. Olar häzirem galamlaryny ellerinden goýanoklar. Olardan Ýusup we Seýitmämmet Hydyrowlar, Rejepguly Amangeldiýew, Allanazar Aýnazarow... Ýa men olara aýratyn öwredip, beýlekilere ýüzleý öwretdimmi? Ýok, hemmesine deň derejede düşünje bermäge çalyşdym. Ine, halypa-şägirtlik meselesinde şu ýagdaýa aýratyn dykgatly bolmaly. — Şu ýyl ýurt Garaşsyzlygymyza 30 ýyl dolýar. Söhbedimizi Garaşsyzlyk ýyllary içinde çagalar edebiýatynyň terjimeçiliginde edilen işler hakyndaky gürrüň bilen dowam etsek. — Ýokarda-da aýdyşymyz ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde çagalar edebiýatynyň terjimeçilik ugrunda bitirilen işler aýratyn gürrüň edilmäge mynasyp. Şol işler häzirki okyjylary az begendirmeýär. Ýöne edebiýatyň ömri belli bir çäk bilen ölçelmeýär. Şol terjime eserleriniň geljekki okyjylaryň hem ünsüni özüne çekmegini arzuw edýärin. — Döredijilikde öňde goýan maksatlaryňyz? — «Adam arzuwsyz bolmaz, guş — ganatsyz» diýlişi ýaly, döredijilikde hem arzuw bilen ýaşalýar. Şol arzuwa ýetmek üçin öz öňüňde birnäçe maksatlary goýýaň. Maksadyň — seniň niýetiň. Ilçilikde «Umytly guş Käbä ýetermiş» diýlip aýdylýar. Ýagşy umytda bolsaň, yhlasyň iru-giç myradyňa ýetirýär. Ýurdumyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän täze eserlerim bilen okyjylarymyzy begendirmegi maksat edinýärin. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ildeşlerimiziň her biriniň maksatly menzilleriniň has-da rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin. — Söhbetdeşligimiziň ahyrynda, mümkin bolsa, okyjylary maşgala ýagdaýyňyz bilenem tanyşdyraýsaňyz! — «Gol doly maşgalam bar» diýip başlanýan goşgymda: «Üç oglum bar, üç gyzym, Olar ýitmejek yzym...» diýşim ýaly, bu soraga-da «Ýetmiş» atly goşgymyň soňky setirleri bilen jogap berjek bolaýyn: Perzentlerden diňe gowluklar görüp, Olardan agtyk hem çowluklar görüp, Bu adam şolara gujagyn gerip, Bagt kölün boýlamyş, eşrete batmyş. Esasy zat — bu barlykda ýaşadýan, Ýetmişe ýetseň-de, seni ýaş edýän, Ýanýoldaşyň — gujak gerip, guş edýän, Şoldur ýollaryňa bagt paýyn seçmiş! ...Heý, onsoň garrylyk boljakmy — Ýetmiş?!. — Sag boluň! Galamyňyz ýiti bolsun! Söhbetdeş bolan: Akgül SAPAROWA. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |