19:00 Çagalyk dostuma | |
ÇAGALYK DOSTUMA
Goşgular
Pikirlermi setirlere säpjedip, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Mal bakardyk Şordepede ot ýakyp, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Sowulypdyr çagalygyň bazary, Seret, indi ikimizem balaly. Ýatlamalar biziň ýaşyň kadasy, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Parhy ýok, durmuşda utulsa, utsa, Dost mährine zar ekeni her kes-de. Näm üçindir kalba çökdi çuň gussa, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Herimiziň dulumyzda bir dilber, Indem görüşmäge degenok eller. Gör-le, ikimizem taplapdyr ýyllar, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. “Harplyk” däl ekeni durmuş kitaby, Garaz bar-la güzeranyň bir taby. Berkesin – diýp – dostlugmyzyň nikasy, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Nirde galdy o gaýgysyz günler-eý, Nirde galdy o söýülen güller-eý, Oturyp bir çaýlaşaly gel-gel-eý, Dostum, ýene seni ýadyma saldym. Besdir indi ýyllaň beren jezasy, Gel görşeli, bitsin ýürek yzasy. Çagalygma dolanaýdym. Sebäbi Dostum, ýene seni ýadyma saldym. 19. 05. 2011 ýyl | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||