23:16

Çagalykdan bir parça

Ýatlamalar
Категория: Ýatlamalar | Просмотров: 447 | Добавил: Ependi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýatlamalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 7
0
1 Yusup  
50
"Dälini taýak düzeder"

"Däli dälini görse..." (gorkar diýen manyda söz bar ýadym däl)

Sagbol Ependi.

0
2 Yusup  
50
Gyş aýlarynda suwa gaçmakdan elhenç zat ýok. Oba durmuşunda, isle çopan bol, isle suwçy. Bu ýagdaýy köp kişiler başyndan geçirip görendir.

0
3 MURGAP  
1401
Edil mende bolup geçipdi şeýle waka. Menden 15 yaş uly bir lal çopan bardy (olam pahyr bolupdyr) ondan hiç kim gorkmany ün menem ony ýuwaş bir lal hokmünde tanaýadym. Gyş eññerede sowugyñ içinde ot ýakjak bolup köze üflap basagay bolup otyrn.Bir yerlerden şol lal gelipdir. Egnime kakdyda beytmel däldigin eli bilen yşarat etdi. Üns bermän hereketim dowam etdim. 2-3 gezek gaytalansoñ taýak bn ýençmäge başlady. dogrym aytsam nadip gaçanymy oye gelenmi bilemok yone 25 ýyldan kop wagt geçse-de sowuk guni tusse gorsem şol lal gozümde dur.

0
4 mango  
651
Ependi kaka. ýörite ýazjak bolsaň kynyrak gerek?
şeýle ilkinji täsirleriň bilen teswir ýazaňda kän tapawutly bolýan eken.
gowy ýatlama bolupdyr.
her obaň dälisi bar, siziňkem ýeser eken.

0
5 Ependi  
284
Ol adam soň-soňlaram o ýerde kän ýyl ýaşady. Ýöne, ýaşadygyça dälilik derejesem şonça ösdi, soňabaka ýüze çykaryp ugrady. Azajyk ekabyr çykan wagtymyz, ýolda gelýärkä tanamadym ony. Aman:
- Dostuň gelýär, seret? - diýip içýakgyç ýylgyrýar. Weteran görnüşli bir adam gelýär öňden, dogrusy, tanamadym. "Uruş weterany dälmi bu, nädip dostum bolsun?" diýän. "Gowja seret, tanarsyň. Özem, Sowet Soýuzynyň gahrymany..." Deňine ýetemizde salamlaşdyk, menem üýtgeşik adam görjek bolýan. Şol bizi paltaly kowalan adam. Sag gözi ýumuk, çep gözi görýär. Horlanypdyr, sakgal-murt honda, kellesinde telpek, egninde kostýum, gyýma balak, botinkada aýagynda, döşem "ordenden" doly. Birgiden arak gapylary tapyşdyryp döşüne ýelmäpdir, egninde bolsa torba. Ol bizi tanamady. Asla tanarlyk häsiýetem galmandyr onda, her gabat geleni öz deňi-duşy ýaly görýär, ýüregi açyk. Biz bilen gadyrly salamlaşdy. "Aýalynyň gözlegine" çykandygyny aýtdy. "Şu şähere barýan ýolmy?" diýip sorady. Onuň barýan ýeri asla tersinedi. Ekerançylyga tarap tutduryp barýardy. "Hawa" diýip sypaýmasaň etjek zadyň ýok, düşündireňde düşünjek gumany ýok. Pakedimizden çörekleri çykaryp ählisini berdik, iýdi oturdy pahyr. Suw içdi. Soňam, birgeňsi bize ýüzlendi:
- Meni bir edara başlyk saýladylar.
- Aý goýa, şowly bolsun!
- Serediň häzir, işgärlemi edişime seret! - diýdi-de, torbasyndan birgiden banşnyý kolamydyr, piwo gapyrjaklary çykaryp örüp ugrady. Açaňda, "pyst" edip açylýan ýuka gapyrjaklar bardyr ol wagt, kimiň ýadynda bolsa. Seteram örüm goýdyda, ähli haýbaty bilen öňündäki "işgärlerine" garaçyny bilen sögüp ugrady. Ortarakda durany öňe çykaryp: düýn sen halka gelýän bir maşyn uny nirä ýok etdiň? Jogap ber? Maňa hemme zady aýtdylar. Seň gözüňi türmeden açaryn. Oňa hojaýynlaňky ýaly, edil öýkünip sögdi welin, bu däli döýkünip äl, akylly adam diýen pikirem kellede aýlanyp gitdi. "Ol haramlyk eden neressäni iki sany gözegçi elinden tutup alyp gidýän boldy soňundan." Garaz, ýygnak baryny etdi şonda, aýyrjagyny işden aýyrdy, ýerine täze kadrlary getirdi, özem söz sözledi. Ýygnagy ýapdym edibem, gapyrjaklary ýene torbasyna saldyda, öz ýoluna rowana boldy. Ol biz bilenem iň soňky gezek hoşlaşyp gitdi. Şondan soň görmedim. Görgülä nebsim agyrsada, etjek alajyň ýok, tebigatyň oňa beren miwesi. Şol sowukda bize eden sütemini birwagt geçirdim, öňki-soňkylarynam geçirdim. Onuň ýene biziň aramyza dolanaryny isledim. Emma, durmuş akymy üýtgäp dur, gelen geçip dur. Ony soňra dälihana alyp gidipdirler diýip eşitdim, soňlugy bilenem ol pahyrdan hiçhili habar-hatyr bolmady.

0
7 mango  
651
Aýalyny gözläp şähere barýan döşi ordenli gahryman.
Işgärlerini torbasyndan çykaryp, öňüne düzüp, ýygnakda ýekän-ýekän hasabat soraýan talapkär, haýbatly başlyk. Birini aýryp, başgasyny belläp, ýene-de işgärlerini torbasyna ýygnap ýoluna rowana bolan gahryman.
Bu üýtgeşik bir hekaýalyk waka.
Original!
(Jenap Baýdeniň kä ýerlerde gözüne görünýän adamlar bilen elleşip ýörüşi ýaly ýokarky waka bolup biläýjek zadam bolsa-da ýene-de çeperleşdirmek üçin gaýrat görkezilen ýaly).
Ýokarky wakany, “ýeke adämyň teatry” diýen ýaly ýekeje adamyň oýnamagynda sahnalaşdyryp boljak eken.
Gaty haladym. Ependi daýa minnetdar.

0
6 yalnyzozi660812  
1367
Менин ядымдан чыкмаз ялы болан вака:-Гечен асыр 80- нжи йылларын ортасында болды.Ол вагт мен озалкы ГДР де гуллук эдип йордум. Гыш гунлеринин биринде бизин батареямыз гезек боюнча нобатдакы гаравулчылыга наряда уградылды. Менин сменам икинжи топара душупди. Ягны биринжи топар сагат 19 дан 21 ченли,икинжи топар 21 ден 23 ченли.3 топарам 23 ден 01 ченли. Шейдип 2 сагат дуруп 4 сагадам дынч болярдык. Сагат 23 де смен чалшып гаравулхана гелемизде ,командир мени казарма ягны яшаян еримизде озлеринин болян канцелярясындан кофе ве окар ялы китап журнал гетирмаге угратды.. Ол вагт алдыгна гар ягярды. Мен казарма гелип писарь эсгери тузурып канцелярядан дийлен затлары алдым. Ызыма гайдып гелйаркам озуминем кофе ичесим гелди. Онсон гаравулхана далде нахархана тарап гайтдым.Нахархана бн гаравулхананын арасы гаты даш хем далди. Нахарханадада шо вагт нарядда оз дивизонмызын ,гоншы батареянын эсгерлери ишлап йордилер. Менем бардымда.. ярты чайнек гайнаг сув алып кофеден атышдырып.. бирки курушга ичдим. Сонам чыкып гайтдым.. Гаравулхана..5-6 соток мейданчада озбашдак отуран.. дашы 2 м бейикликде хаят айланан ховлужыкда ерлешйарди. Эсасы гирелгеси,дервезесинин онундеде бир эсгер хокманы нобатчылык эдйарди. Мен дервеза голайлашамда .. гаравул эсгерин еринде еклугны горуп бирхили болдум.. Дервеза кан голайлашман азажык гарашдым.. эйлак бейлак гезим эдйан часовойы горжек болуп. Дервезе диййаним япык дервезе далде гозенек демирден эдилен дервезеди. ховлынын ичи горунйарди.. Хич ким гозуме илмансон..Хаятын даш гапдалынын бир тарапына бош мейданча машын машын комур душурилип депе болуп дурды.. Шол комур депелерине мунуп ховла келлами узадып серетсем..часовой гар душмейан чола бир бурча чекилип чилим чекип отыр экен. О вагтлар эсгерлере чилим берлерди.Йоне постда чекмек гадаганды. Мен ем гел бир шутка эдейин дийип эгнимден шнелими чыкардымда.. янкынын отуран ерине хаятын дашындан голайлашдым.Голайлап серетсем эдил денине гелипдирин.Шнели гони устуне душер ялы эдип зындым. Янкы бир можук сес эдип чиркин гыгырды.. Ынансаныз.. дорап доглуп бейле сес эшитмандим. Менин горкушым дагы онункыдан пес болмады.Ылгап дервеза тарап гачдым.. Барып ховла гирсем.. ол эсгер титрап саннылдап дур экен.. ичердакилерем бары дашарык чыкыпдыр. Наманин намедиги басым белли болды.. Янкы эсгер язда ойуне гайтмалы огланды.. Мена бейле горкар ойтмандим. Чиркин сеси бн дине мени дал ичердакилерем гаты горкузыпды.р. Хер наме болсада болан зат болан еринде галды. Эсли вагтлап гулшуп гездилер.. Шондан бари гуйчли гар ягса.. илкинжи ядыма душйан зат вака боляр.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]